Isanyň sözleri bagtly bolmaga nädip kömek edýär
«Isa... daga çykdy... şägirtleri Onuň ýanyna geldiler. Ol... olara ders berdi» (MAT. 5:1, 2).
1, 2. a) Isa Dagdaky wagzyny haçan aýtdy b) Isa sözüni nädip başlady?
BIZIŇ eramyzyň 31-nji ýyly. Isa Jeliledäki wagyz syýahatyny goýup, Iýerusalime pasha baýramyna gidýär (Ýahýa 5:1). Ol Jelilä gaýdyp gelenden soň, 12 resuly saýlamak üçin Hudaýdan görkezme sorap, bütin gije doga edýär. Ertesi Isanyň ýanyna märeke ýygnanýar we ol ençeme syrkawy sagaldýar. Ol şägirtleri hem başga adamlar bilen dagyň eňňidine çykýar we ol ýerde oturyp, öwretmäge başlaýar (Mat. 4:23—5:2; Luka 6:12—19).
2 Isa Dagdaky wagzynda Hudaý bilen gowy gatnaşygyň bagtly edýändigini görkezdi (Matta 5:1—12-nji aýatlary okaň). Bagt — ýaşaýyşdan hoşallyk, kanagatly durmuş we şatlykly ýagdaýdyr. Isa bagtly bolmagyň dokuz sebäbini aýdýar, bu mesihçileriň näme üçin bagtlydygyny görkezýär. Isanyň bagt baradaky aýdan sözlerine takmynan iki müň ýyl geçse-de, ol şu günlerem gymmatly. Geliň, indi onuň aýdan sözlerine jikme-jik seredeliň.
«Ruhy garyplar»
3. Ruhy garyplar diýmek nämäni aňladýar?
3 «Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gökleriň Patyşalygy olaryňkydyr» (Mat. 5:3). «Ruhy garyplar» ruhy taýdan garyplygyna we Hudaýyň merhemetine mätäçligine düşünýär.
4, 5. a) Ruhy garyplar näme üçin bagtly? b) Biz ruhy zerurlyklarymyzy nädip kanagatlandyryp bileris?
4 «Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gökleriň Patyşalygy olaryňkydyr». Isanyň ilkinji şägirtleri ony Mesih hökmünde kabul edeni üçin, olar Hudaýyň Gökdäki Patyşalygynda höküm sürmäge mümkinçilik aldylar (Luka 22:28—30). Biz Isa bilen gökde hökümdarlyk etmek ýa-da Hudaýyň Patyşalygynyň hökümdarlygy astynda ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşamaga umyt etmegimize garamazdan, ruhy taýdan garyplygymyza we Hudaýa baglydygymyza düşünsek, bagtly bolarys.
5 Adamlaryň köpüsi ruhy taýdan garyplygyna düşünmeýär, çünki olar iman etmeýär we ruhy zatlary gymmat saýmaýar (2 Sel. 3:1, 2; Ýew. 12:16). Biz ruhy zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmak üçin Mukaddes Ýazgylary erjellik bilen öwrenmeli, şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşmaly we ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli barmaly (Mat. 28:19, 20; Ýew. 10:23—25).
«Ýaslylar bagtlydyr»
6. «Ýaslylar» kim we olar näme üçin «bagtly»?
6 «Ýaslylar bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler» (Mat. 5:4). «Ýaslylar» — bu «ruhy garyplar». Olar durmuşyndan närazy bolup ýas tutmaýar. Olar özleriniň günälidiginden we ynsan bikämilligi zerarly dörän şertlerden ýas tutýarlar. Näme üçin şeýle ýaslylar «bagtly»? Olar Hudaýa we Isa iman edýärler we Ýehowa bilen gowy gatnaşykdan teselli tapýarlar (Ýahýa 3:36).
7. Biz Şeýtanyň dünýäsine nähili garamaly?
7 Biziň her birimiz özümize şeýle soraglar bermeli: «Men Şeýtanyň dünýäsinde giňden ýaýran adalatsyzlyk sebäpli ýas tutýarynmy? Men zalym dünýäniň hödürleýän zatlaryna nähili garaýaryn?» Ýahýa resul: «Dünýäde bolan ähli zatlar, ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi Atadan däl, dünýädendir» diýdi (1 Ýahýa 2:16). Eger «bu dünýäniň ruhy» — Hudaýdan daşlaşan ynsan jemgyýetinde hökümdarlyk edýän güýjüň bizi ruhy taýdan gowşadandygyny duýsak, näme etmeli? Gyzgyn doga edip, Hudaýyň Sözüni öwrenmeli we ýaşululardan kömek soramaly. Biz nämedir bir sebäbe görä gynansak-da, Ýehowa ýakynlaşyp «teselli taparys» (1 Kor. 2:12; Zeb. 119:52; Ýakup 5:14, 15).
«Ýumşak adamlar» nähili bagtly!
8, 9. Ýumşak bolmak nämäni aňladýar we näme üçin ýumşak adamlar bagtly?
8 «Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýeri miras alarlar» (Mat. 5:5). «Ýumşaklyk» gowşak häsiýeti we göz üçin görkezilýän ýumşaklygy aňlatmaýar (1 Tim. 6:11). Biz ýumşak bolsak, Ýehowanyň islegini ýerine ýetirip, görkezmesine eýereris. Ýumşaklyk häsiýeti imandaşlar we adamlar bilen gatnaşykda aýan bolýar. Pawlus resul ýumşaklyk häsiýeti ýene-de nämede görkezmelidigini ýazdy (Rimliler 12:17—19-njy aýatlary okaň).
9 Näme üçin «ýumşak adamlar» bagtly? Çünki Isa ýumşak adamlar «ýeri miras alar» diýdi. Isa ýeriň esasy Mirasçysy (Zeb. 2:8; Mat. 11:29; Ýew. 2:8, 9). Isa bilen ýumşak «mirasdaşlar» ýeri miras alar (Rim. 8:16, 17). Isanyň Patyşalygynyň ýerdäki böleginde mylakatly adamlar ebedi ýaşar (Zeb. 37:10, 11).
10. Ýumşaklyk häsiýeti kemlik etse, ýygnakda berlen borçlara we adamlar bilen gatnaşygymyza nähili täsir edip bilýär?
10 Biz Isa ýaly ýumşak bolmaly. Emma bizde gazaplylyk häsiýet bolsa näme etmeli? Bu häsiýet adamlary biri-birinden daşlaşdyrýar. Eger şeýle häsiýetli dogan ýygnakda jogapkärli borçlary ýerine ýetirmek islese-de, teokratik borçlaryna ýaramsyz hasaplanýar (1 Tim. 3:1, 3). Pawlus Titusa Giritdäki mesihçilere «igenjeň bolman, mylaýym bolup, ähli adamlara ýumşaklyk görkezmegi» ýatlatmagy aýtdy (Titus 3:1, 2). Şeýle ýumşaklyk başga adamlar üçin uly bereketdir!
«Dogrulyga ajygyp-suwsanlar»
11—13. a) Dogrulyga ajygyp-suwsamak nämäni aňladýar? b) Dogrulyga ajygyp-suwsanlar haçan «doýup-ganarlar»?
11 «Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar» (Mat. 5:6). Isanyň aýdan «dogrulygy» bu Hudaýyň islegine tabyn bolup, tabşyrygyny berjaý edip, dogry işleri etmekdir. Mezmurçy Hudaýyň dogry hökümlerini «küýsemekden ýaňa janym pagyş-para bolýar» diýdi (Zeb. 119:20). Biz dogrulygy gymmat saýyp, oňa ajygyp-suwsaýarysmy?
12 Isa dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar «doýup-ganarlar» diýdi. Bu sözler b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden soň aýan boldy, sebäbi şonda Ýehowanyň mukaddes ruhy «dogrulyk barada dünýä... aýan etdi» (Ýahýa 16:8). Hudaý mukaddes ruh arkaly adamlary «dogrulykda terbiýelemek üçin peýdaly» bolan Mukaddes Ýazgylary ýazdyrtdy (2 Tim. 3:16, 17). Şeýle-de Hudaýyň ruhy bize «Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýmäge» mümkinçilik berýär (Efes. 4:24). Eden günäsine toba edip, Isanyň töleg gurbany esasynda bagyşlanmak isleýän adamlaryň Hudaýyň öňünde dogrulygy gazanyp bilýändigi teselli bermeýärmi? (Rimliler 3:23, 24-nji aýatlary okaň).
13 Biz ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän bolsak, ebedi ýaşaýyş sylagyny alanda we dogrulyk höküm sürende, dogrulykdan doýup-ganarys. Häzirlikçe Ýehowanyň kadalary boýunça ýaşamagy berk ýüregimize düweliň. Isa: «Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň» diýdi (Mat. 6:33). Eger biz şeýle etsek, hemişe Ýehowa gulluk edip, hakykatdan-da, bagtly bolarys (1 Kor. 15:58).
«Rehimliler» näme üçin bagtly?
14, 15. Rehimlilik nämede görünýär we näme üçin «rehimliler» bagtly?
14 «Rehimliler bagtlydyr, çünki olara rehim ediler» (Mat. 5:7). «Rehimlileriň» adamlara haýpy gelýär we duýgudaşlyk bildirýär. Isanyň köp adamlara haýpy gelip, olary gudrat bilen sagaltdy (Mat. 14:14). Toba edýän adamlary Ýehowanyň bagyşlaýşy ýaly, adam özüne garşy günä edenleri bagyşlap, rehimliligini görkezýär (Müs. çyk. 34:6, 7; Zeb. 103:10). Biz horluk çekýän adamlara ýagşy sözler we işler bilen rehimlilik edip bilýäris. Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty adamlara aýtmak rehimlilik görkezmegiň iň gowy usullarynyň biridir. Isanyň uly märekä haýpy gelip, «olara köp zatlary öwretmäge başlady» (Mar. 6:34).
15 Isanyň «rehimliler bagtlydyr, çünki olara rehim ediler» diýen sözleri bilen razylaşmaga bizde doly sebäp bar. Biz adamlara rehimli bolsak, olar hem bize rehimli bolar. Şeýle-de adamlara rehimli bolanymyz üçin Hudaýyň höküm gününde biz höküm edilmeris (Ýakup 2:13). Diňe rehimlileriň günäsi ötüler we ebedi ýaşaýyş berler (Mat. 6:15).
Näme üçin «ýüregi päkler» bagtly?
16. «Ýüregi päk» diýmek nämäni aňladýar we olar nädip «Hudaýy görerler»?
16 «Ýüregi päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler» (Mat. 5:8). Biziň islegimiz we höwesimiz päk bolsa, ýüregimiz hem päk bolar. Şonda biz «sap ýürekden... ugur alan söýgä» eýereris (1 Tim. 1:5). Biziň ýüregimiz arassa bolsa «Hudaýy göreris». Bu, göni manyda, Ýehowany görmegi aňlatmaýar, çünki Hudaýy «gören kişi diri galmaz» (Müs. çyk. 33:20). Emma Isa Hudaýyň şahsyýetini kämillikde görkezip: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýahýa 14:7—9). Ýehowanyň ýer ýüzündäki gullukçylary öz bähbidi üçin Hudaýyň eden işlerine syn edip, ony görüp bilýär (Eýýup 42:5). Mesh edilen mesihçiler gökde direlende, göni manyda, Hudaýy görerler (1 Ýahýa 3:2).
17. Ýüregiň päkligi nämede görünýär?
17 Päk ýürek ahlak hem ruhy taýdan arassa we ol Ýehowanyň öňünde arassa däl zada üns bermeýändir (1 Tar. 28:9; Iş. 52:11). Biziň ýüregimiz päk bolsa, bu sözümizde we edýän işimizde görüner hem-de Ýehowa gulluk edende hiç hili ikiýüzlülik edilmez.
«Parahatlyk döredýänler» Hudaýyň ogullary bolar
18, 19. «Parahatlyk döredýänler» özlerini nähili alyp barýar?
18 «Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler» (Mat. 5:9). Eger ynsan «parahatlyk döredýän» bolsa, bu onuň ähli işlerinde görünýär. Biz Isanyň aýdan adamlary ýaly bolsak, parahatlygy söýeris we «ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermän... adamlara ýagşylyk etjek bolup hemişe tagalla ederis» (1 Sel. 5:15).
19 Matta 5:9-da «parahatlyk döredýänler» diýip terjime edilen grek sözi biri-birine duşman bolanlary ýaraşdyrýan adamlary aňladýar. «Parahatlyk döredýänler» bolmak üçin biz parahatçylygy yhlas bilen goldamaly. Parahatlyk döredýänler «ýakyn dostlary biri-birinden aýyrmagyň» aladasyny etmeýär (Sül. tym. 16:28). Biz «parahatlyk döredýän» hökmünde «hemmeler bilen parahatçylykda ýaşamak» üçin elimizde baryny etmeli (Ýew. 12:14).
20. Şu günler kim «Hudaýyň ogullary» we soňra kim «Hudaýyň perzentleri» bolar?
20 «Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler». Ýehowa wepaly mesh edilen mesihçileri ogullyga aldy we olar «Hudaýyň ogullary» boldy. Häzir bolsa Ýehowanyň çagalary ýaly onuň bilen ýakyn gatnaşykda, sebäbi olar Isa iman edip, akýürekden «söýgi hem parahatlyk Hudaýa» sežde edýärler (2 Kor. 13:11; Ýahýa 1:12). Isanyň parahatlyk döredýän «başga goýunlary» barada näme diýse bolar? Müňýyllyk patyşalykda Isa olaryň «ebedi Atasy» bolar, şol döwrüň soňunda Isa Ýehowa tabyn bolanda, olar doly manyda Hudaýyň perzentleri bolar (Ýahýa 10:16; Iş. 9:6; Rim. 8:21; 1 Kor. 15:27, 28).
21. Biz «ruha görä ýaşaýan bolsak» näme ederis?
21 Biz «ruha görä ýaşaýan bolsak» parahatlygy döredýändigimiz başgalara aýan bolar. Biz «biri-birimizi gaharlandyryp, bir-birimize içigaraçylyk etmeris» (Gal. 5:22—26). Biz «ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak» üçin jan ederis (Rim. 12:18).
Yzarlananlar bagtlydyr!
22—24. a) «Dogrulyk ugrunda» yzarlananlar näme üçin bagtly? b) Biz indiki iki makalada nämä serederis?
22 «Dogrulyk ugrunda yzarlananlar bagtlydyr, çünki Gökleriň Patyşalygy olaryňkydyr» (Mat. 5:10). Isa bu pikirini şeýle düşündirdi: «Men zerarly sögülen, yzarlanan, nähak ýere her hili gybatyňyz edilen mahaly siz bagtlysyňyz! Şat boluň, begeniň, gökde aljak sylagyňyz uludyr, çünki sizden öňki pygamberler-de şeýle yzarlandylar» (Mat. 5:11, 12).
23 Gadymy döwürdäki pygamberler ýaly, mesihçiler hem «dogrulyk ugrunda» sögülmäge, yzarlanmaga we gybatynyň edilmegine taýyn. Şeýle synaglara döz gelip, biz Ýehowanyň göwnüni götermek we ony şöhratlandyrmak bilen kanagatlanýarys (1 Pet. 2:19—21). Biziň çekýän ejirlerimiz Ýehowa gulluk etmekde alýan şatlygymyzy häzir we gelejekde-de kemeldip bilmez. Olar mesh edilenleriň gökde Hudaýyň Patyşalygynda Isa bilen hökümdarlyk etmekde aljak bagtyny ýa-da şol hökümdarlygyň ýerdäki raýatlarynyň ebedi ýaşaýyşda aljak şatlygyny hem kemeldip bilmez. Şeýle bereketler Hudaýyň goldamagyny, mähirini we jomartlygyny subut edýär.
24 Dagdaky wagyzdan ýene-de köp zatlary öwrenip bolýar. Olara indiki iki makalada serederis. Geliň, Isa Mesihiň aýdanlaryny nädip durmuşda ulanyp bolýandygyna-da seredeliň.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• «Ruhy garyplar» näme üçin bagtly?
• «Ýumşak adamlar» näme üçin bagtly?
• Näme üçin mesihçiler yzarlansalar-da bagtly?
• Isanyň düşündiren haýsy bagty saňa has-da täsir etdi?