Isanyň sözleri siziň garaýşyňyza täsir etsin
«Hudaý tarapyn Ýollanan Hudaýyň sözlerini sözleýändir» (ÝAHÝA 3:34).
1, 2. Isanyň Dagdaky wagyzda aýdan sözlerini nämä deňäp bolýar we näme üçin olar «Hudaýyň sözlerine» esaslanan diýse bolar?
ŞU GÜNLER 530 karat ölçegli «Afrika Ýyldyzy» iň uly göwher daşy hasaplanýar. Dogrudan-da, bu örän gymmatly daş! Ýöne Isanyň Dagdaky wagzynda aýdan ruhy hazynalary has-da gymmatly. Sebäbi, Isanyň aýdan sözleri Ýehowadandyr! Mukaddes Ýazgylarda Isa barada: «Hudaý tarapyn Ýollanan Hudaýyň sözlerini sözleýändir» diýilýär (Ýahýa 3:34—36).
2 Dagdaky wagyz ýarym sagada golaý dowam etse-de, onda Ýewreý Ýazyglarynyň sekiz kitabyndan 21 sany sitata getirilýär. Görnüşi ýaly, ol «Hudaýyň sözlerine» doly esaslanan. Geliň, indi Hudaýyň söýgüli Oglunyň bu wagyzda aýdan ençeme gymmatly sözlerini nädip durmuşda ulanyp bolýandygyna seredeliň.
«Öňürti doganyň bilen barlyş»
3. Isa şägirtlerine gaharlanmagyň nämä eltýändigini duýdurandan soň, nähili nesihat berdi?
3 Mesihçiler bagtly we parahat söýüji, çünki bizde Hudaýyň mukaddes ruhy bar. Onuň miwesi bolsa şatlyk we parahatlykdyr (Gal. 5:22, 23). Isa şägirtleriniň parahatlygyny we bagtyny ýitirmegini islemedi. Şol sebäpli üznüksiz gaharlanmagyň erbet netijesi barada duýdurdy (Matta 5:21, 22-nji aýatlary okaň). Soňra ol şeýle diýdi: «Şonuň üçin gurbanyňy gurbanlyk edilýän ýere alyp baranyňda, doganyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, gurbanyňy şol ýerde, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen barlyş, onsoň gelip gurbanyňy bagyş et» (Mat. 5:23, 24).
4, 5. a) Matta 5:23, 24-nji aýatlarda Isanyň aýdan «gurbany» näme? b) Öýke-kineli doganyň bilen ýaraşmagyň nähili wajyplygy bar?
4 Iýerusalim ybadathanasynda mallary «gurban» bermek wajypdy, çünki bu şol döwürde Ýehowa sežde etmeginiň bir bölegidi. Emma Isa mundan has wajyp zady, ýagny gurban bermezden öň, öýke-kineli doganyň bilen ýaraşmagy nygtap geçdi.
5 «Barlyşmak» ýaraşmagy aňladýar. Biz Isanyň aýdan sözlerinden nähili sapak edinip bileris? Adamlar bilen aragatnaşygymyz, Ýehowa bilen gatnaşygymyza gös-göni täsir edýär (1 Ýahýa 4:20). Gadymy döwürde gurban berýän adam ýakynlary bilen gowy gatnaşmasa, onuň getiren gurbany Hudaý üçin ýaramsyzdy (Mika 6:8-i okaň)a.
Pesgöwünliligiň ähmiýeti
6, 7. Göwnüne degen doganyň bilen ýaraşmakda bize näme üçin pesgöwünlilik gerek?
6 Öýkeli dogan bilen ýaraşanda, biziň pesgöwünligimiz barlanýar. Pesgöwünli adamlar özünkini dogry etjek bolup, imandaşlary bilen jedelleşmeýär. Jedelleşmek gadymy Korintosdaky mesihçileriň arasynda bolan ýaramaz ýagdaýa eltýär. Bu ýagdaý barada Pawlus resul şeýle oýlandyryjy sözler aýtdy: «Araňyzda diwana gidişmeleriň barlygynyň özi siziň üçin bütinleý bir şowsuzlykdyr. Adalatsyzlyk çekmek siziň üçin has gowy dälmi? Talaňa döz gelmek siziň üçin has gowy dälmi?» (1 Kor. 6:7).
7 Isa doganyňka özüňi aklamak we ony günäkärlemek üçin bar diýmedi. Biziň maksadymyz ýaraşmak bolmaly. Ýaraşmak üçin duýgularymyzy açyk aýtmaly we doganyň göwnüne degeniňi boýun almaly. Eger ýalňyşan bolsak, pesgöwünlilik bilen ötünç soramaly.
«Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa»
8. Matta 5:29, 30-njy aýatlardaky Isanyň aýdan sözleriniň manysyny düşündiriň.
8 Isa Dagdaky wagzynda ahlaklylyk barada paýhasly maslahat berdi. Ol beden agzalaryň bize erbet täsir edýändigini bilip, şeýle diýdi: «Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar-da taşla, saňa bir synaň ýok bolmagy bütin göwräň dowzaha zyňylmagyndan gowudyr. Sag eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes-de taşla, saňa bir synaň ýok bolmagy bütin göwräň dowzaha gitmeginden gowudyr» (Mat. 5:29, 30).
9. Biziň «gözümiz» we «elimiz» nädip «günä etmegimize» sebäp bolup biler?
9 Isanyň «göz» dýmegi bir zada ünsümizi gönükdirmek ukybymyzy, «el» bolsa edýän işlerimizi aňladýar. Eger biz seresap bolmasak, bedenimiziň bu agzalary «günä etmegimize» sebäp bolup, Hudaý bilen ýöremäge päsgel berer (Gel. çyk. 5:22; 6:9). Biz Ýehowa garşy günä etjegimizi duýsak, göçme manyda, gözi oýup çykarmak we eli kesip taşlamak ýaly, aýgytly hereketler etmeli.
10, 11. Bize jynsy ahlaksyzlykdan gaça durmaga näme kömek eder?
10 Biz ahlaksyzlykdan gözümizi nädip sowmaly? Hudaýhon Eýýup şeýle diýdi: «Men gözüm bilen äht baglaşdym. Men nädip gyza seredeýin?» (Eýýup 31:1). Eýýup maşgalalydy, ol Hudaýyň ahlak kadalaryny bozmazlygy berk ýüregine düwdi. Biz hem maşgalaly bolsak-da, bolmasak-da, şeýle garaýyşda bolmaly. Biz jynsy ahlaksyzlykdan gaça durmak üçin Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýermeli. Mukaddes ruh Hudaýy söýýän adamlara nebsine buýurmaga kömek edýär (Gal. 5:22—25).
11 Biz jynsy ahlaksyzlykdan gaça durmak üçin özümize şeýle sorag bermeli: «Kitaplarda, telewizorda, Internetde aňsatlyk bilen tapyp bolýan we ahlaksyz höwesi döredýän zatlara seredýärinmi?» Geliň, Ýakup şägirdiň şu sözlerini unutmalyň: «Ýöne her kes öz höwesleri tarapyndan çekilip, aldanan mahaly synalýandyr. Onsoň höwes bogaz bolup, günäni dogurýandyr; günä hem ýetişenden soň ölümi dogurýandyr» (Ýakup 1:14, 15). Özüni Hudaýa bagyş eden mesihçi «azgyn nebis bilen (aýala) baksa», gözüni oýup çykarmak ýaly, aýgytly hereket etmeli (Matta 5:27, 28-nji aýatlary okaň).
12. Pawlusyň haýsy maslahaty bize ahlaksyz höweslere garşy durmaga kömek eder?
12 Biz Ýehowanyň ahlak kadalaryny elimiziň edýän erbet işleri bilen bozup bilýäris, şonuň üçin ahlak taýdan arassa bolmagy berk ýüregimize düwmeli. Şeýle-de Pawlusyň: «Ýer ýüzündäki bedeniňiziň agzalaryny: zyna, hapalyk, şehwet, höwesler we butparazlyk bolan açgözlügi öldüriň» diýen maslahatyna eýermeli (Kol. 3:5). «Öldüriň» diýen söz ahlaksyz ten höweslerine garşy durmak üçin berk çäreler görmegi nygtaýar.
13, 14. Näme üçin ahlaksyz pikirlerden we işlerden gaça durmaly?
13 Eger adam diri galmak üçin bedeniniň bir agzasyny aýyrtmaly bolsa, elbetde, bu operasiýa razylaşardy. Ruhy taýdan diri galmak üçin ahlaksyz pikirlerden we işlerden gaça durup, göçme manyda, gözüňi we eliňi «taşlamak» wajypdyr. Biz ebedi ýok edilmez ýaly, ot kölüne düşmez ýaly, ahlak we ruhy taýdan päk bolup, pikirde arassa bolmaly.
14 Miras geçen günä we bikämillik sebäpli, ahlak taýdan arassa galmak üçin tagalla etmeli. Pawlus şeýle diýdi: «Beýlekilere wagyz edenimden soň, özüm mahrum galmaz ýaly, tenimi horlap, ony gul edýärin» (1 Kor. 9:27). Geliň, Isanyň ahlak barada beren maslahatyna eýermegi ýüregimize berk düweliň we töleg gurbanyna minnetdarlyk bildirmeýän işleri hiç haçan etmäliň (Mat. 20:28; Ýew. 6:4—6).
Jomart boluň
15, 16. a) Isa jomart bolmagyň göreldesini nädip görkezdi? b) Isanyň Luka 6:38-däki sözleri nämäni aňladýar?
15 Bizi Isanyň aýdan sözleri we görkezen göreldesi jomart bolmaga höweslendirýär. Ol ýer ýüzüne bikämil adamlara gulluk etmek üçin geldi (2 Korintoslylar 8:9-y okaň). Isa gökdäki şöhratyny goýup, ynsan bolup, günäli adamlar üçin janyny berdi. Adamlaryň käbiri Hudaýyň Patyşalygynda Isanyň mirasdaşlary bolup, gökdäki baýlyga eýe bolarlar (Rim. 8:16, 17). Isa bizi eli açyk bolmaga höweslendirip, şeýle diýdi:
16 «Beriň, size-de berler. Gujagyňyza basylyp silkelenip, püre-pür, oňat ölçeg bilen berler. Çünki haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler» (Luka 6:38). Bu ýerde käbir söwdegärleriň däbi göz öňünde tutulýar, olar müşderleriniň guşak bilen daňylan donunyň etegine dänäni dolduryp berýärdi. Biz eli açyk bolsak, mätäçlik çekenimizde bize-de jomartlyk ölçegi bilen berler (Wag. 11:2).
17. Ýehowa nädip jomartlygyň ajaýyp göreldesini görkezdi we biz şatlykly bolar ýaly nädip eli açyk bolmaly?
17 Ýehowa höwes bilen berýänleri söýýär we sylaglaýar. Ýehowa «iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowşar» ýaly ýeke-täk Ogluny berip, ajaýyp görelde görkezdi (Ýahýa 3:16). Pawlus şeýle diýdi: «Köp eken köp orar. Tukatlyk ýa mejburlyk bilen däl-de, her kim öz göwnünden çykaranyny bersin. Sebäbi Hudaý begenç bilen bereni söýýändir» (2 Kor. 9:6, 7). Hakyky sežde üçin wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi sarp etsek, şatlyk hem bol bereketler alarys (Süleýmanyň tymsallary 19:17; Luka 16:9-njy aýatlary okaň).
«Öňüňde surnaý çaldyrma»
18. Haýsy ýagdaýda biziň gökdäki Atamyzdan «aljak sylagymyz bolmaz»?
18 «Sak boluň, etjek dogry işleriňizi göz üçin adamlaryň öňünde etmäň, ýogsa, gökdäki Ataňyzdan aljak sylagyňyz bolmaz» (Mat. 6:1). Isanyň aýtmagyna görä, «dogry işler» Hudaýyň islegini ýerine ýetirmegi görkezýär. Ol dogry işleri adamlaryň öňünde etmeli däldigini aýtmandy, çünki şägirtlerine «siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde... parlasyn» diýdi (Mat. 5:14—16). Emma biz teatrda çykyş edýän artistler ýaly, ünsi özümize çekdirmek we täsin galdyrar ýaly «göz üçin» işi etsek, gökdäki Atamyzdan «aljak sylagymyz bolmaz». Biz şeýle niýetde bolsak Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolmarys we Onuň Patyşalygynyň berjek ebedi berekedini almarys.
19, 20. a) Isa «sadaka berip» surnaý çaldyrýan adamlary ýazgaranda nämäni göz öňünde tutdy? b) Haýsy manyda sag eliň näme edenini çep el bilmeli däl?
19 Eger biz dogry niýetde bolsak Isanyň duýduryşyna eýereris. Ol şeýle diýdi: «Sadaka beriniňde ikiýüzli adamlaryň il arasynda taryplanjak bolup, sinagogalarda, köçelerde edişi ýaly, öňüňde surnaý çaldyrma. Size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar» (Mat. 6:2). «Sadaka» diýen söz mätäçlere kömek etmegi aňladýar (Işaýa 58:6, 7-nji aýatlary okaň)b. Isada we resullarda garyplara kömek etmäge mümkinçilik bardy (Ýahýa 12:5—8; 13:29). Elbetde, garyplara kömek berende hiç kim, göni manyda, surnaý çaldyrmaýar, şonuň üçin Isa bu sözleri, göçme manyda ulanyp, «sadaka bereniňde» öwünmezligi maslahat berýär. Biz muny fariseýler ýaly göz üçin etmeýäris. Isa olara ikiýüzli diýdi, çünki olar haýyr-sogap iş edendigini «sinagogalarda, köçelerde» yglan edýärdi. Ol ikiýüzlüler «öz sylaglaryny eýýäm aldylar». Olar adamlaryň hormatyny, sinagogalarda ruhanylar bilen baş kürsülerde oturmak sylagyny aldylar, ine olaryň bar alan sylagy. Şonuň üçin olar Ýehowanyň sylagyna tama edip bilmeýär (Mat. 23:6, 7). Isanyň şägirtleri näme etmeli? Isa olara we bize şeýle diýýär:
20 «Sadakaň gizlin bolar ýaly, bereniňde sag eliň näme edýänini sol eliň bilmesin; gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer» (Mat. 6:3, 4). Biz köp işleri iki elimiz bilen edýäris. Şol sebäpli sag eliň çep ele ýakyn bolşy ýaly, biziň eden ýagşy işlerimizi ýakyn adamlarymyz hem bilmeli däl, şonda sag eliň näme edenini çep eliň bilmeýändigini görkezer.
21. «Gizlinlikde edileni görýän» Ýehowanyň gaýtaryp bermegi nämäni aňladýar?
21 Eger biz eden ýagşy işlerimiz üçin öwünmesek, beren «sadakamyz gizlinlikde» galar. Şonda «gizlinlikde edileni görýän» Atamyz bize açyk gaýtaryp berer. Atamyz gökde ýaşaýar we ynsan gözüne görünmeýär (Ýahýa 1:18). «Gizlinlikde edileni görýän» Ýehowanyň gaýtaryp bermegine şular degişli: Onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolmak, günälerimiziň geçilmegi we ebedi ýaşaýşy almak (Sül. tym. 3:32; Ýahýa 17:3; Efes. 1:7). Bu adamlar tarpyndan şöhratlanmakdan has gowy dälmi näme!
Gymmatly sözleri ýüregiňde saklamak
22, 23. Isanyň aýdan sözlerini näme üçin gymmat saýmaly?
22 Dagdaky wagyz ençeme owadan gyraňly ruhy daşdan doly. Onda biynjalykly dünýäde bize şatlyk getirýän ençeme gymmatly sözler bar. Hawa, biz Isanyň aýdan sözlerini gymmat saýyp, garaýşymyza we durmuşymyza täsir etmegine ýol bersek, bagtly bolarys.
23 Isanyň öwreden zatlaryny «eşidip... berjaý etsek» bereketler alarys (Matta 7:24, 25-nji aýatlary okaň). Geliň, Isanyň beren maslahatyna eýermegi berk ýüregimize düweliň. Indiki makalada Isanyň Dagdaky wagyzda aýdan başga sözlerine serederis.
a Mika 6:8 Ol, eý adam, saňa näme gowy diýdi. Adalatly bolmak, ýagşylygy söýmek we Hudaýyň bilen pesgöwünli ýöremekden başga zady Ýehowa senden talap edýärmi näme?
b Işaýa 58:6 Meniň saýlan orazam adalatsyzlygyň gandalyny açmak, boýuntyrygyň baglaryny çözmek, ezilenleri azatlyga çykarmak we ähli boýuntyrygy döwmek üçin dälmi näme? 7 Sen çöregiňi aç bilen paýlaşmak, betbagt we öýsüzleri öýüňe getirmek, ýalaňajy göreniňde üstüni örtmek we öz teniňden gizlenmez ýaly dälmi näme?
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Näme üçin öýkeli dogan bilen ýaraşmaly?
• «Sag gözüň» günä etmegine sebäp bolmaz ýaly nämeden gaça durmaly?
• Bermek barada biziň garaýşymyz nähili bolmaly?