Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/11 sah. 20—21
  • «Rebbiň huzuryna sadaka getireliň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Rebbiň huzuryna sadaka getireliň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Sen «haýyr işe» gatnaşýarmyň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • «Olaryň artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Biz mätäç adamlara nädip kömek edip bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • «Edilmeli iş... uly»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/11 sah. 20—21

«Rebbiň huzuryna sadaka getireliň»

BIRI size ýagşylyk etse, siz oňa nädip minnetdarlyk bildirip bilersiňiz? Geliň, bir bolan waka seredeliň. Midýanlaryň Pegor Bagal taňrysy ysraýyllylaryň günä etmegine sebäp bolýar. Şonuň üçin Ysraýylyň goşun serkerdeleri midýanlar bilen söweşýär, Ýehowa hem halkyna ýeňiş gazanmaga kömek edýär. Indi goşun serkerdeleri Hudaýa minnetdarlyk bildirmek isleýärler. Olja düşen zatlary urşa gatnaşan 12 müň esgere we galan ysraýyllara bölüp berýärler. Ýehowanyň beren görkezmesine laýyklykda, esgerler oljanyň belli bir bölegini ruhanylara bermelidiler, galan ysraýyllar bolsa öz paýyndan lewilere bermelidiler (San. 31:1—5, 25—30).

Ýöne goşun serkerdeleri köpräk sadaka bermek islediler. Olar Musa ýüzlenip: «Biz... ýolbaşçylyk edýän goşunymyzdaky esgerleri sanap çykdyk. Olaryň ýekejesi hem kem däl» diýdiler. Olar Ýehowa sap altyn we dürli şaý-sepleri sadaka bermek islediler. Olaryň beren altyn şaý-sepleriniň agramy 190 kilogramdan hem köpdi (San. 31:49—54).

Şu günler hem köp adamlar Ýehowanyň edýän ýagşylyklary üçin minnetdarlyk bildirýärler. Emma minnetdarlygy diňe Ýehowanyň gullukçylary bildirmeýär. Muny şeýle waka tassyklaýar. 2009-njy ýylda Italiýanyň Bolonýa şäherinde Ýehowanyň Güwäçileriniň halkara kongresi geçirildi. Şonda bir awtobus sürüjisi myhmanlary stadiona gatnatdy. Ol ýumşak häsiýetli adamdy we awtobusy seresaply sürýärdi. Şol sebäpli dogan-uýalar sürüjä minnetdarlyk hatyny ýazýarlar; ýol töleginden daşary çaý puluny we «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» atly kitaby sowgat berýärler. Sürüji olara şeýle diýýär: «Men siziň ýazan hatyňyzy we kitabyňyzy höwes bilen kabul edýärin, ýöne beren çaý puluňyzy welin, wagyz işi üçin sadaka berýärin. Men Ýehowanyň Güwäçisi bolmasam-da, sadakany bermek isleýärin, sebäbi siziň söýgi bilen edýän işiňizi gördüm».

Ýehowanyň Güwäçileriniň bütindünýä işine pul sadaka bermek — Hudaýyň eden ýagşylyklary üçin minnetdarlygyňy bildirmegiň bir ýoludyr (Mat. 24:14). Käbir adamlar çarçuwada görkezilen ýollar bilen sadaka berýärler.

SADAKA BERMEGIŇ ÝOLLARY

BÜTINDÜNÝÄ WAGYZ IŞI ÜÇIN PUL SADAKA

Köp adamlar «Hudaýyň Patyşalygynyň bütindünýä wagyz işi üçin sadaka (Matta 24:14)» diýen guta pul atar ýaly, belli bir mukdarda pul süýşürýärler.

Ýygnaklar pul sadakasyny her aý ýerli filiala ugradýarlar. Siziň özüňiz hem pul sadakalaryny ýurduňyza gözegçilik edýän filiala iberip bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda gysgaça hat ýazyp, puly sowgat berýändigiňizi habar bermegi haýyş edýäris.

SADAKA BERMEGIŇ BAŞGA GÖRNÜŞLERI

Pul sadaka bilen birlikde, käbir ýurtlarda bütindünýä işini goldamagyň başga-da mümkinçilikleri bar. Olaryň käbiri barada aşakda aýdylýar.

Gozgalmaýan emläk.

Satyp bolýan gozgalmaýan emlägi gönüden-göni sadaka hökmünde filiala berse bolýar ýa-da emlägiň eýesi ömrüniň ahyryna çenli ondan peýdalanyp, soňra filiala geçiriler ýaly edip biler. Emlägi filiala sowgat bermek üçin resminamalary taýýarlamaga başlamankaňyz, filial bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Wesýetnama.

Emlägi ýa-da puly kanunda bellenen tertipde wesýetnama ýazyp, filiala geçirse bolýar. Şeýle ýagdaýda wesýetnamanyň bir nusgasyny filiala ibermegiňizi haýyş edýäris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş