Okyjylaryň sowallary
Isa: «Gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz-de kämil boluň» diýdi. Biz nädip «kämil» bolup bileris? (Mat. 5:48).
Bu soragyň jogabyny bilmek üçin Mukaddes Ýazgylardaky «kämil» we «kämillik» sözleriniň manysyna düşünmeli. Hudaýyň Sözünde «kämil» diýlende, hemişe doly manyda kämillik göz öňünde tutulmaýar. Elbetde, Ýehowa iň kämil şahsyýet, ýöne adamlar, janly we jansyz zatlar diňe belli bir derejede kämil bolup bilýärler. Mukaddes Ýazgylarda «kämil» diýip terjime edilen ýewreý we grek sözleri köplenç belli bir kada görä «bütin», «ýetişen» ýa «kemsiz» bolmagy aňladýar.
Adam ata bilen How ene ahlak, ruhy we beden taýdan kämil ýaradyldy. Olar Ýaradyjynyň kämil kadalaryna doly laýyk gelýärdiler. Emma olar Hudaýa gulak asman, onuň tabşyrygyny bozdular. Şeýdip, berlen kadalara laýyk gelmän, hem özlerini, hem neslini kämillikden mahrum etdiler. Netijede, Adam ata arkaly ähli ynsanlara günä, bikämillik we ölüm geçdi (Rim. 5:12).
Isa «Dagdaky wagzynda» hatda bikämil adamlaryň hem belli bir derejede kämil bolup biljekdigini aýtdy. Isa şol wagzynda kämil söýgini häsiýetlendirdi. Muny Hudaýyň adamzada bolan söýgüsinden görse bolýar. Isa şeýle diýdi: «Göklerdäki Ataňyzyň ogullary bolar ýaly, duşmanlaryňyzy söýüň, özüňize gargaýanlara alkyş ediň, ýigrenýänlere ýagşylyk ediň, size zulum edýänler, sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň. Çünki göklerdäki Ataňyz Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar» (Mat. 5:44, 45). Isanyň şägirtleri Hudaýyň kämil göreldesine eýermek üçin şeýle söýgini bildirmelidiler.
Şu günler hem bütin dünýädäki Ýehowanyň Güwäçileri adamlary söýmäge jan edýärler. Olar dürli dinli, medeniýetli we milletli adamlara Mukaddes Ýazgylardaky hakykata dogry düşünmäge kömek etmek isleýärler. Olar 236 ýurtda 7 milliondan gowrak Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärler.
Isa şeýle soraglar berdi: «Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylagyňyz bolar? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi? Diňe öz gardaşlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda, näme artykmaç iş edýärsiňiz? Milletler-de şeýle etmeýärmi?» (Mat. 5:46, 47). Mesihçiler adamlaryň bilimine ýa-da milletine garamazdan, hiç kimi ala tutmaýarlar. Şeýle-de olar diňe özlerini söýenleri söýmeýärler. Olar garyplara, syrkawlara, ýaşlara we garrylara kömek edýärler. Şeýdip, mesihçiler Ýehowanyň söýgüsinden görelde alyp, belli bir derejede kämil bolýarlar.
Biz hem Adam ata ýaly kämil bolup bilerismi? Hawa. Isanyň töleg gurbanyna iman edip, Hudaýa wepaly adamlar Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda kämil bolarlar. Şonda «Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok» eder (1 Ýahýa 3:8).