Ol «edenleriniň hasylyny özi bilen äkitdi»
ÝOLBAŞÇYLYK maslahatynyň agzasy Teodor Ýaraç 2010-njy ýylyň 9-njy iýunynda, çarşenbe güni irden, 84 ýaşynda aradan çykdy. Ol Melita bilen 53 ýyl är-aýal bolup ýaşady. Ýaraçyň aýal dogany we üç ýegeni bar.
Doganymyz Ýaraç 1925-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Kentukki ştatynyň Paýk okrugynda dünýä indi. Ol 1941-nji ýylyň 10-njy awgustynda 15 ýaşynda Ýehowa özüni bagyş edip, suwda çokundyryldy. Iki ýyl geçensoň, ol 17 ýaşynda pioner gullugyna başlady. Ol 67 ýyla golaý doly wagtly gulluk etdi.
1946-njy ýylda 20 ýaşly Ýaraç missionerler mekdebine (Gileada) çagyrylýar. Ony tamamlandan soň, Ýaraçy ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kliwlend şäherine aýlanýan gözegçi edip belleýärler. 1951-nji ýylda ony Awstraliýadaky filiala gözegçi edip iberýärler. 1983-nji ýylda çykan «Ýehowanyň Güwäçileriniň ýyllyk kitabynda» ol barada şeýle diýilýär: «Onuň teokratik tertip-düzgüne bolan yhlasy we wagyzda görkezýän göreldesi bütin ýurtdaky doganlary örän ruhlandyrýar».
Doganymyz Ýaraç ABŞ-a dolanyp gelenden soň, 1956-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Melita Lasko öýlenýär. Ol maşgala durmuşyny aýlanýan gözegçiniň işinden başlap, ABŞ-nyň köp ýerlerinde etrap we welaýat gözegçisi bolup yhlasly gulluk edýär. Soňra 1974-nji ýylyň aýagynda doganymyz Ýaraçy Ýehowanyň Güwäçileriniň Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolmaga çagyrýarlar.
Biz doganymyz Ýaraçy teokratik işlerine ýürekden ýapyşan we Ýehowa wepaly gulluk eden dogan hökmünde ýatlarys. Ol mähirli maşgalabaşydy we adamlaryň aladasy bilen ýaşan ruhy taýdan berk dogandy (1 Kor. 13:4, 5). Ol rehimdardy we adamlaryň ýürekden aladasyny edip, hiç kimi ala tutmazdy. Onuň adamlara bolan çäksiz söýgüsi we aladasy yhlasly wagyz edişinden görünýärdi.
Biz Beýtel maşgalasynyň we bütindünýä doganlygyň işeňňir hem söýgüli agzasynyň aradan çykmagyna gaty gynansak-da, Ýaraç doganyň Ýehowa onlarça ýyl gulluk edendigine begenýäris. Biz onuň soňky demine çenli wepaly galyp, ýaşaýyş täjini alandygyna ynanýarys (Ylh. 2:10). Ol «edenleriniň hasylyny özi bilen äkitdi» (Ylh. 14:13).