Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/1 sah. 14
  • Jülgede Hudaýyň ady ýazylgy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Jülgede Hudaýyň ady ýazylgy
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • «Dagly jülgede galyň»
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • Şuny bilýäňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Ýehowanyň gorag jülgesinde galalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/1 sah. 14

Jülgede Hudaýyň ady ýazylgy

SIZ Keramatly Moris diýen ýeri bilýärmisiňiz? Ähtimal bilýänsiňiz, çünki bu Şweýsariýanyň Engadin jülgesinde ýerleşýän ady belli kurort. Keramatly Moris Şweýsariýanyň günorta-gündogarynda Italiýanyň serhetiniň golaýynda gara bürenen Alp daglarynda ýerleşýär we bu ýer öz owadan tebigaty bilen ýyllar boýy köp adamlaryň ünsüni çekýär. Şeýle-de bu ýerde Beýik Ýaradyjy Ýehowany şöhratlandyrýan ösümlikler we haýwanat dünýäsine baý bolan Şweýsariýanyň Milli Bagy bar (Zeb. 148:7—10). Emma bu jülgede XVII asyryň adatlary yz galdyrdy.

Bu jülgedäki jaýlaryň köpüsiniň bir aýratynlygy ünsüňi özüne çekýär. Jaýlaryň ýüzünde we girilýän gapylaryň ýokarsynda Hudaýyň ady ýazylgy. Geçen asyrlarda adatça jaýlaryň ýüzüne ýazgy ýazyp, reňkläp, suwagyň we daşyň ýüzüne oýup ýazgy ýazyp, bezeýärdiler. Bewer diýen obada bir jaýyň ýüzünde şeýle ýazgy bar: «1715-nji ýylda guruldy. Başlangyç hem Ýehowa, soňy hem Ýehowa. Ähli zady Hudaý bilen edip bolýar, onsuz hiç zat başa barmaýar». Görşümiz ýaly, bu gadymy ýazgyda Hudaýyň ady iki gezek nygtalýar.

Madulin diýen obada bolsa, has gadymy ýazgyny görse bolýar. Onda şeýle diýilýär: «Zebur 127. Öýi Reb bina etmese, bina edýänleriň zähmeti biderekdir. Lukiýus Rumadias. 1654-nji ýyl».

Bu jülgede näme üçin Hudaýyň ady jaýlaryň köpüsinde ýazylgy? Geçen asyrlarda özgerişler bolansoň, Mukaddes Ýazgylar Ingadende gürleýän latyn diline degişli bolan roman dilinde çap edildi. Mukaddes Ýazgylar bu dile terjime edilen ilkinji kitapdy. Şol sebäpli ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi Hudaýyň Sözüni okap, öýleriniň ýüzüne diňe bir öz atlaryny däl, eýsem, Mukaddes Ýazgylardan aýatlary we Hudaýyň adyny ýazýardylar.

Hawa, asyrlar boýy we şu günlere çenli jaýlardaky bu ýazgylar Ýehowanyň adyny mälim edip, şöhratlandyrýar. Biz bu jülgäniň myhmanlaryny we ýerli ýaşaýjylaryny söýgüden doly Ýehowa Hudaý barada köpräk biler ýaly, Ýehowanyň adyny göterýän başga jaýa, ýagny Bewerdäki Ýehowanyň Güwäçileriniň Patyşylyk zalyna çagyrýarys!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş