Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/1 sah. 13
  • Ýehowanyň seniň üçin nämeler edendigi barada oýlan

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň seniň üçin nämeler edendigi barada oýlan
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Çykmadyk tama bize nähili täsir edýär?
  • Ýehowa nämeler etdi?
  • Isa pygamber 40 günläp tälim berdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Isa diri!
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Doganlara ýygnakda jogapkärli borjy almagy öwrediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Mesihiň söýgüsi näme etmäge höweslendirýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/1 sah. 13

Ýehowanyň seniň üçin nämeler edendigi barada oýlan

ISANYŇ direlenine biraz wagt geçensoň, onuň iki şägirdi Iýerusalimden Emmausa barýardy. Luka hoş habarçy şeýle ýazýar: «Gürleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi ýakyna gelip, olar bilen bile ýöräberdi. Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy. Isa olardan sorady: «Bu barşyňyza näme hakda gürrüň edişýärsiňiz?» Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler». Şägirtler näme üçin gaýgylydy? Olar şol döwürde Isa Ysraýyly özge milletlerden halas eder öýdýärdi, ýöne olaryň umydy üzüldi. Gaýtam, Isa öldürildi. Şol sebäpli olar gaýgylydy (Luka 24:15—21; Res. iş. 1:6).

Isa şägirtleri bilen pikir alşyp başlaýar. Ol: «Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi». Hawa, Isanyň gulluk eden wagty täsin we imanyňy berkidýän kän wakalar bolup geçipdi! Şägirtler Isanyň düşündirýän sözlerini diňläp, gaýgysy şatlyga öwrüldi. Şondan soň agşam olar: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy?» diýdi (Luka 24:27, 32). Biz Isanyň sözleriniň şägirlerine täsir edişinden näme öwrenip bileris?

Çykmadyk tama bize nähili täsir edýär?

Emmausa barýan iki şägirdiň umydy üzülendigi üçin gaýgylydy. Olar Süleýmanyň tymsallary 13:12-de «Çykmadyk tama ýürege dertdir» diýlen sözleri özünde duýýardy. Şonuň ýaly biziň käbirimiz onlarça ýyl Ýehowa wepaly gulluk edip, «uly muşakgat» bireýýäm bolmaly öýdýändiris (Mat. 24:21; Ylh. 7:14). Şol sebäpli çykmadyk tama käte ýüregimize dert bolýandygy düşnükli.

Isa şol iki şägirdiň durmuşynda berjaý bolan pygamberlikleri düşündirensoň, olar begendiler. Biziň kalbymyzda şatlyk bolsa, gaýgy etmeris. Mihail atly tejribeli ýaşuly: «Ýehowanyň etmedik zatlaryna däl-de, eýýäm eden zatlaryna üns bermeli» diýýär. Bu nähili gowy maslahat!

Ýehowa nämeler etdi?

Ýehowanyň eden käbir esasy zatlaryna seredeliň. Isa: «Maňa iman eden Meniň eden işlerimi-de eder; bulardan has ulularyny-da eder» diýdi (Ýahýa 14:12). Şu günler Hudaýyň gullukçylary uly işler edýär. Ýedi milliondan gowrak adamlar uly muşakgatda diri galmaga umyt edýär. Mundan öň hiç haçan bütin dünýäde şeýle kän ýurtlarda Ýehowanyň şeýle köp wepaly gullukçylary wagyz etmändi! Ýehowa gullukçylaryna Isanyň «has uly işler» barada aýdan pygamberligini berjaý etmäge kömek edýär.

Ýehowa biziň üçin ýene näme etdi? Ol zalym dünýäde ak ýürekli adamlara özüniň döreden göçme manydaky ruhy jennetinde ýaşamaga mümkinçilik berýär (2 Kor. 12:1—4). Ruhy jennetde alýan käbir bereketler barada oýlanmaga wagt tapyň. Meselem, özüňde bar edebiýatlar, «Garawul diňiniň» (rus.) elektron görnüşindäki kitaphanasy ýa-da indeksi hakynda pikirlen. Mukaddes Ýazgylara esaslanan dramalaryň ýazgylaryny diňle. Soňky kongresde eşiden we gören zatlaryňy göz öňüne getirip, ýatla. Şeýle-de dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolup, göwnüň göterilendigi hakynda oýlan. Ýehowa Hudaý jomartlyk bilen bize ruhy jennetde nähili bolelin ruhy iýmiti we mähriban dogan-uýalary berýär!

Mezmurçy Dawut: «Ýa Reb, Hudaýym, Seniň eden zatlaryň köpdür; ajaýyp işleriň we maksat-myradyň bize gönükdirilendir» diýdi (Zeb. 40:5). Hawa, Ýehowa biziň üçin ajaýyp işleri etdi we onuň biz barada edýän mähirli aladasy barada oýlansak, gökdäki Ýehowa Atamyza ak ýürekden wepaly gulluk etmäge güýjümiz bolar (Mat. 24:13).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş