Synaglara garamazdan, Ýehowa gulluk edýänime minnetdar
Maçe Daýana wan den Howel gürrüň berdi
MEN häzir 98 ýaşymda. Imanymyň synalandygyna garamazdan, Ýehowa 70 ýyl şatlyk bilen gulluk edýärin. Men II Jahan uruş döwri konslagere düşenimde, ruhdan düşüp bir karara geldim, soňra bolsa ökündim. Şondan birnäçe ýyl geçensoň, ýene-de bir agyr synaga uçradym. Emma synaglara garamazdan, Ýehowa gulluk edýänime minnetdar.
1940-njy ýylyň oktýabr aýynda men hakykaty kabul etdim. Men Niderlandiýanyň paýtagty Amsterdamyň günorta-gündogarynda 24 km uzaklykda ýerleşýän Hilwersam şäherinde ýaşaýardym. Ýurt faşistleriň gol astyndady. Durmuşa çykanyma bäş ýyl bolupdy. Meniň Ýap de Ýonge atly söýýän ärim we Wile atly üç ýaşly gyzjagazym bardy. Biz sekiz çaga ekleýän bir garyp maşgala bilen goňşy ýaşaýardyk. Şeýle-de olar köplenç bir ýaş ýigidi myhman alyp naharlaýardy. Men: «Näme üçin olar şeýdip ýüküni agraldýarka?» diýip geňirgenýärdim. Bir sapar men olara biraz iýmäge zat eltenimde, şol ýaş ýigidiň pionerdigini bildim. Ol maňa Hudaýyň Patyşalygy we onuň bereketleri barada gürrüň berdi. Onuň aýdanlary maňa şeýle güýçli täsir etdi welin, men derrew hakykaty kabul etdim. Şol ýyl men özümi Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyryldym. Bir ýyl geçensoň ýoldaşym hem suwda çokundyryldy.
Men Mukaddes Ýazgylary känbir gowy bilmesem-de, Ýehowanyň Güwäçisi bolup, gadagan edilen guramanyň agzasy bolýandygyma gowy düşünýärdim. Şeýle-de Ýehowanyň Güwäçileriniň köpüsiniň Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edeni üçin türmä basylandygyny bilýärdim. Men derrew öýden-öýe wagyz edip başladym. Pionerler hem aýlanýan gözegçiler üçin öýümiziň gapysy hemişe açykdy. Biziň öýde dogan-uýalaryň Amsterdamdan getiren Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary saklanýardy. Olar tigirlerine kitaplary ýükläp, üstüni örtüp getirýärdiler. Şol doganlar örän batyrgaý we söýgüsi güýçlüdi! Olar doganlar üçin janyny howp astyna salýardy (1 Ýahýa 3:16).
«Eje, sen tiz gelermiň?»
Suwda çokundyrlanymdan alty aý geçensoň, üç sany polisiýa işgäri gapymyzy kakdy. Olar içeri girip, öýi dökdüler. Diwarda gizlenen edebiýatly şkafy görmeseler-de, krowatyň aşagyndan birnäçe kitap tapdylar. Olar maňa polisiýa bölümine gitmegi buýurdy. Men gyzymy gujaklap, onuň bilen hoşlaşanda, Wile: «Eje, sen tiz gelermiň?» diýip sorady. Men: «Hawa, balam, tiz gelerin» diýdim. Emma men ony ýene-de bagryma basýançam, 18 muşakgatly aý geçdi.
Polisiýa işgäri meni otly bilen Amsterdama sorag etmäge äkitdi. Sülçi Hilwersamdaky üç doganyň Ýehowanyň Güwäçisidigini biljek bolup, meni soraga tutdy. Men: «Olaryň diňe birini tanaýaryn. Ol bize süýt satýar» diýdim. Bu dogan, hakykatdan-da, süýt getirýärdi. Men sözümi dowam edip: «Ýöne onuň Ýehowanyň Güwäçisidigini bilmeýärin. Siz muny menden däl-de, onuň özünden soraň» diýdim. Men başga zat aýtmakdan boýun gaçyranymda, olar meniň ýüzüme urdular we türmä basdylar. Ol ýerde men iki aý boldum. Ýoldaşym meniň nirededigimi bilensoň, maňa egin-eşik we biraz iýere zat getirdi. Soňra 1941-nji ýylyň awgust aýynda meni Rawensbrýuk diýen aýallaryň lagerine iberdiler. Ol Germaniýanyň Berlin şäherinden 80 km demirgazykda ýerleşip, erbet ýer hasaplanýardy.
«Ruhdan düşme, jora!»
Lagere gelenimizde, imandan dänmek baradaky arza gol çeksek, öýümize goýberjekdiklerini aýtdylar. Ýöne men oňa gol çekmedim. Men egin-eşigimi çykaryp, tabşyrdym-da, hammama girdim we ol ýerde niderlandly birnäçe mesihçi uýalara duşdum. Bize lagerde geýilýän melewşe reňkli üçburç nyşan tikilen eşik, jam, kürüşge we çemçe berdiler. Birinji gijäni biz wagtlaýyn ýaşamak üçin salnan barakda geçirdik. Tussag edilensoň, şonda men birinji gezek agladym. Men: «Indi näme bolarka? Bu ýerde näçe wagt bolaryn?» diýip, möňňürip agladym. Dogrymy aýtsam, şol wagt meniň Ýehowa bilen gatnaşygym gaty berk däldi, sebäbi hakykaty kabul edenime birnäçe aý bolupdy. Men entek köp zady öwrenmelidim. Ertesi atma-at barlag geçirilende, gollandiýaly bir uýa meniň ruhdan düşendigimi görüp: «Gaýrat et, ruhdan düşme, jora! Bize kim zyýan ýetirip biler?» diýdi.
Atma-at barlag geçirilensoň, bizi başga baraga äkitdiler. Ol ýerde bizi germaniýaly we gollandiýaly ýüzlerçe uýa garşy aldy. Germaniýaly uýalaryň käbiri şol barakda eýýäm bir ýyldan gowrak ýaşaýardy. Olaryň arasynda bolup, men gaty ruhlandym. Şeýle-de uýalaryň ýaşaýan baragynyň beýleki baraklardan örän arassadygy maňa täsir etdi. Biziň baragymyz diňe bir arassaçylygy bilen däl, eýsem, hapa sözüň aýdylmaýandygy, ogurlygyň we ýer üçin urşuň bolmaýandygy bilen tapawutlanýardy. Lageriň agyr şertlerine garamazdan, baragymyz hapa deňziň ortasynda ýerleşýän arassa ada kimindi.
Lagerdäki durmuş
Lagerde köp işledip, nahary gaty az berýärdiler. Biz daňdan bäşde turmalydyk we derrew atma-at barlag başlanýardy. Lageriň gözegçileri bizi bir sagada golaý ýagyş bolsun, gün bolsun daşarda saklaýardylar. Öýlän sagat bäşde agyr işden soň, bizi ýene-de atma-at barlaýardylar. Şondan soň biz biraz çorba we çörek iýip, halys ýadaw halda ýatýardyk.
Men dynç günden başga günler fermada işleýärdim. Ol ýerde bugdaý orup, ýap gazyp, doňuz ýataklary arassalaýardym. Işiň agyr we hapadygyna garamazdan, ony her gün etmegi başarýardym, sebäbi men heniz ýaş hem gujurlydym. Şeýle-de işleýän wagtym men Mukaddes Ýazgylara esaslanan aýdymlary aýdyp, ruhlanýardym. Emma men her gün adamymy we çagamy küýseýärdim.
Bize iýmäge az zat berilse-de, ählimiz her gün çörek paýynyň biraz bölegini galdyrýardyk. Şonda dynç günleri Mukaddes Ýazgylar hakynda gürrüňdeşlik etmäge ýygnanyşanymyzda, garbanara zadymyz bolýardy. Biziň Hudaýyň Sözüne esaslanan edebiýatlarymyz bolmasa-da, men germaniýaly ýaşy uly, wepaly uýalaryň ruhy zatlar barada edýän gürrüňlerini höwes bilen diňleýärdim. Hatda biz Isanyň Ýatlama agşamyny hem belläpdik.
Göwnüçökgünlik, ökünç we ruhlanma
Bir sapar bize faşistleriň harby güýjüni goldaýan işi etmegi buýurdylar. Biz syýasy meselelere goşulmaýandygymyz üçin uýalaryň ählisi şol işden boýun gaçyrdy, men hem olaryň batyrgaý göreldesine eýerdim. Şol sebäpli bize birnäçe gün nahar bermän we atma-at barlagda birnäçe sagat saklap, temmi berdiler. Bir sapar gyş günleri bizi 40 günläp ýylydylmaýan barakda sakladylar.
Bize, Ýehowanyň Güwäçilerine imandan dänmek hakyndaky arza gol çeksek, öýümize goýberjekdiklerini ýygy-ýygydan aýdýardylar. Men Rawensbrýukde bir ýyldan gowrak bolansoň, gaty ruhdan düşdüm. Ärimi we gyzymy şeýle bir göresim geldi welin, gözegçiniň ýanyna baryp: «Men indi Ýehowanyň Güwäçisi bolmak islemeýärin» diýip, arzany aldym-da, gol çekdim.
Käbir uýalar meniň arza ýazanymy bilip, menden gaça durup başlady. Emma germaniýaly iki sany gartaşan Hedwig we Gertrud atly uýalar meni gözläp tapyp, söýýändiklerini aýtdy. Olar bilen doňuz ýatakda işlände, Ýehowa wepaly bolmagyň wajyplygyny we ylalaşyk etmän, Ýehowa bolan söýgimizi nädip görkezip bolýandygyny mähirli düşündirdiler. Uýalaryň enelik aladasy we mähirli söýgüsi ýüregime çuňňur täsir etdia. Men ýalňyşandygyma düşünip, arzamy yzyna almakçy boldum. Bir gün agşam men uýalaryň birine arzamy yzyma aljakdygymy aýtdym. Lageriň gözegçisi gürrüňimizi eşiden bolmaly, sebäbi şol gün agşam meni derrew lagerden boşadyp, poýezde mündürip, Niderlanda iberdiler. «Sen häzirem we hemişe-de Ýehowanyň Güwäçisi bolarsyň» diýen gözegçi aýalyň ýüz keşbi şu günki ýaly ýadymda. Men: «Hawa, Ýehowa islese, bolaryn» diýdim. Men şu günlere çenli: «Şonda nädip arza gol çekdimkäm?» diýip, oýlanýaryn.
Arzada: «Men indi hiç haçan Ýehowanyň Güwäçileriniň halkara guramasynyň işine gatnaşmajakdygyma söz berýärin» diýilýärdi. Elbetde, men näme edýänime düşünýärdim! Men öýe gelen badyma 1943-nji ýylyň ýanwar aýynda ýene-de wagyz edip başladym. Hoş habary wagyz edýänim üçin faşistler ikinji sapar tutsalar, agyr jeza berjekdigini bilýärdim.
Ýehowa ak ýürekden wepaly bolmak isleýändigimi görkezer ýaly, edebiýat getirýän doganlara we aýlanýan gözegçilere öýümiziň gapysy öňküsi ýaly açykdy. Men Ýehowa we onuň halkyna bolan söýgimi bildirmäge ýene-de mümkinçiligiň dörändigine örän minnetdardym!
Agyr synag
Uruş gutarmazdan birnäçe aý öň, ärim bilen agyr synaga uçradyk. 1944-nji ýylyň oktýabr aýynda gyzymyz duýdansyz täjihoraz (difteriýa) bilen keselledi. Onuň ýagdaýy çalt agyrlaşdy we üç günden aýryldy. Wile sekiz ýaşyndady.
Perzendimiziň aýrylmagy gaty agyr degdi. Dogrymy aýtsam, bu ýitgide çeken jebrim Rawensbrýukde gören synaglarymdan has agyrdy. Şol hasratly günler Zebur 16:8-de: «Men Rebbi mydama gözümiň alnynda görýärin; Onuň sagymdalygy üçin gymyldamaryn» diýen sözler teselli berýärdi. Men ýoldaşym bilen gelejekde Ýehowanyň gyzymyzy direltjekdigine berk ynanýardym. Biz hakykat ýolunda ýöräp, hemişe hoş habary yhlasly wagyz edýärdik. Ýehowa minnetdarlyk bilen gulluk etmäge ärim maňa tä 1969-njy ýylda aradan çykýança kömek etdi.
Bereketler we şatlyk
Soňky ýyllarda doly wagt gulluk edýän dogan-uýalar bilen hemişe ýakyn gatnaşyp, örän şatlanýaryn. Ýygnagymyza gelýän aýlanýan gözegçiler we olaryň aýallary üçin, uruş döwründäki ýaly, öýümiziň gapysy hemişe açyk. Martin atly aýlanýan gözegçi we onuň aýaly Nel Kaptin öýümizde hatda 13 ýyl ýaşady! Nel bejerip bolmaýan kesele uçranda, tä aradan çykýança, oňa öýde üç aý seretdim. Olar we mähriban dogan-uýalar bilen ýakyndan gatnaşyp, häzirki ruhy jennetde şatlanýaryn.
1995-nji ýylda meniň durmuşymda wajyp waka boldy. Meni Rawensbrýuge ýatlama duşuşygyna çagyrdylar. Ol ýerde men lagerde bile bolan we 50 ýyldan gowrak wagt görüşmedik uýalary gördüm! Bu ýatdan çykmajak we şatlykly duşuşyk boldy, çünki biz aradan çykan mähriban dogan-uýalaryň we ýakyn garyndaşlarymyzyň direljek gününe garaşar ýaly, biri-birimize göwünlik berdik.
Pawlus resul Rimliler 15:4-de: «Bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize taglym üçin ýazylandyr» diýýär. Men synaglara garamazdan, umyt edip, Ýehowa gulluk edip bilenime minnetdar.
a Şol döwürde baş edara bilen aragatnaşyk ýokdy, şonuň üçin bitaraplyk meselesinde doganlar bilşine görä, hereket edýärdi. Ine, şol sebäpli, lagerde uýalar Maçe atly uýa her hili garaýardy.