Çagalaryňyza sylaşykly bolmagy öwrediň
«ÇAGA eziz, edebi ondanam eziz». Bu türkmen nakyly çagalaryň sylaşykly hem edepli bolmagynyň wajypdygyny görkezýär.
Edepli ýaşlary göreniňde, başyň göge ýetýär! Gondurasda dürli ýaşly wagyzçylar bilen öýden-öýe wagyz edýän etrap gözegçisi şeýle diýýär: «Men edepli we sylaşykly çaganyň sözi adamlara has täsirli bolýandygyna göz ýetirdim».
Birek-birege sylaşygyň gün-günden ýitýän döwründe, adamlar bilen özüňi nähili alyp barmalydygy barada bilmek peýdalydyr. Sebäbi Injilde-de: «Gezişiňiz Mesihiň Hoş Habaryna mynasyp bolsun» diýilýär (Flp. 1:27; 2 Tim. 3:1—5). Şol sebäpli biz çagalarymyza sylaşykly bolmagy öwretmeli. Çagalar adamlara ýürekden hormat goýmagy nädip öwrenip bilerler?a
Görelde boluň
Çagalar gören zatlaryny edýärler. Çagalarynyň edepli bolmagyny isleýän ata-eneleriň özleri-de edepli we sylaşykly bolmaly (Kan. tag. 6:6, 7). Çagalar bilen edep-terbiýe barada gürrüň etmek wajyp, ýöne gowy görelde görkezmek has-da wajyp.
Paulab bilen bolan waka seredeliň. Ol ejesi bilen ýaşaýar. Onuň ejesi mesihçidi. Paula ähli adamlara hormat goýmagy endik edinýär. Oňa näme kömek etdi? Ol: «Ejemiň görkezen göreldesi sylaşykly bolmagy biziň ýüregimize guýdy» diýýär. Uolter atly doganymyzyň aýaly Hudaýa iman etmeýärdi, muňa garamazdan, ol ogullaryna ejesine hormat goýmagy öwretdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men aýalymy hiç haçan tankytlamaýardym. Şeýdip, öz göreldäm bilen ogullaryma ejesini sylamagy öwretdim». Uolter ogullaryna Hudaýyň Sözüni öwredýärdi we hemişe Ýehowadan kömek soraýardy. Häzir onuň bir ogly Ýehowanyň Güwäçileriniň Beýtelinde gulluk edýär, beýleki ogly bolsa pioner. Olar hem kakasyny, hem ejesini gowy görýärler we olara hormat goýýarlar.
Injilde: «Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de... parahatlyk Hudaýydyr» diýilýär (1 Kor. 14:33). Ýehowanyň ähli zatlary tertip-düzgünli we sazlaşykly. Şol sebäpli mesihçiler Hudaýyň göreldesine eýerip, öýüni arassa saklamaly. Käbir ata-eneler çagalaryna ir turmagy, mekdebe gitmezlerinden öň ýorgan-düşegini ýygnamagy, eşiklerini tertipleşdirip goýmagy we öýüň işlerini etmegi öwredýärler. Eger çagalar öýüň arassadygyny we ähli zadyň ýerbe-ýerdigini görseler, olar öz otagyny-da, başga zatlary-da arassa saklarlar.
Siziň çagalaryňyz özüni mekdepde nähili alyp barýarlar? Olar mugallymlaryna minnetdarlyk bildirýärlermi? Ata-eneler, bu babatda siz nähili görelde görkezýärsiňiz? Eger siz mugallymlaryň we okuwyň gadyryny bilseňiz, çagalaryňyz hem sizden görelde alar. Siz çagalaryňyzy mugallymlaryna sag bolsun aýtmaga höweslendirýärsiňizmi? Şeýdip, olar mugallyma, lukmana, satyja we başga adamlara hormat goýup, minnetdarlyk bildirmegi öwrenerler (Luka 17:15, 16). Edep-ekramy bilen synpdaşlaryndan tapawutlanýan ýaş mesihçiler öwgä mynasypdyr.
Ýygnagyň agzalary hem edebi bilen gowy görelde görkezmeli. Ýaş mesihçileriň edepliligini görmek we olaryň «haýyş edýärin», «sag boluň» diýen sözlerini eşitmek, nähili ýakymly! Uly ýaşly dogan-uýalar ýygnakda berilýän maslahatlara üns berseler, Ýehowa hormat goýýandygyny görkezip, ýaşlara gowy görelde bolarlar. Çagalar ýygnak duşuşyklarynda edepli dogan-uýalary görüp, adamlara hormat goýmagy öwrenýärler. Meselem, dört ýaşly Endrýu özünden ulularyň öňünden geçmeli bolanda, olara «Bagyşlaň» diýmegi endik edinipdir.
Ata-eneler çagalarynyň edepli bolmagy üçin ýene näme edip bilerler? Munuň üçin olar Hudaýyň Sözündäki ençeme mysallar arkaly çagalaryna sylaşykly bolmagy öwretmeli (Rim. 15:4).
Mukaddes Ýazgylardaky mysallar arkaly öwrediň
Ýakup maşgalasy bilen Kengan ýurduna dolananda, ol agasy Esawa duşýar. Şonda Ýakubyň çagalary Esawa tagzym edýär. Megerem, Ýakup çagalaryna agasyna baş egmegi öwreden bolmaly (Gel. çyk. 33:3, 6, 7). Siz çagaňyza ýaşlykdan «ertiriňiz haýyrly bolsun», «salam», «işdäňiz açyk bolsun», «gijäňiz rahat bolsun» ýa-da başga edepli sözleri aýtmagy öwredýärmisiňiz? Edepli çagalar Ýehowany şöhratlandyrýar we ata-enelerine abraý getirýär.
Ata-eneler, siz çagalaryňyza Mukaddes Ýazgylardaky mysallar arkaly sylaşykly we sylaşyksyz bolmagyň tapawudyny öwredip bilermisiňiz? Bir gezek Ysraýylyň erbet patyşasy Ahaziýa Ylýas pygamberi getirmek üçin ellibaşy bilen elli adamy iberýär. Serkerde pygambere öňüne düşmegini buýrup, Hudaýyň wekili bilen sylaşyksyz gepleşýär. Şonda Ylýas oňa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, onda göklerden ot ýagsyn we seni hem elli adamyňy ýakyp ýok etsin» diýýär. Aýdyşy ýaly-da boldy. «Şol bada göklerden ot inip, ony we onuň elli adamyny ýakyp ýok etdi» (2 Pat. 1:9, 10).
Soňra ýene-de ellibaşy bilen elli adam Ylýasyň yzyndan gelýär. Ol hem Ylýasa öňüne düşmegi buýurýar. Ýene-de göklerden ot ýagýar. Şeýlelikde, üçünji gezek, ellibaşy bilen elli esgeri Ylýasyň yzyndan iberýärler. Bu adam Ylýasa hormat goýup, dyza çöküp, ýalbarýar: «Eý Hudaýyň adamy, haýyş edýärin, meniň we bu elli hyzmatkäriňiň janyna haýpyň gelsin. Göklerden ot inip, başdaky iki ellibaşy bilen olaryň elli adamlaryny ýakyp ýok etdi. Emma indi, goý, meniň janyma haýpyň gelsin». Bu adam gorksa-da, pygamber bilen örän sylaşykly gepleşýär. Indi Hudaýyň pygamberi olaryň üstüne ot ýagdyrarmy? Elbetde, ýagdyrmaz! Ýehowanyň perişdesi Ylýasa ellibaşy bilen gitmegi tabşyrýar (2 Pat. 1:11—15). Eýsem, bu waka hormat goýmagyň wajyplygyny görkezmeýärmi?
Rim esgerleri Pawlus resuly ybadathanada tussag edenlerinde, ol geplemäge haklydyryn öýtmedi. Ol müňbaşa hormat bilen: «Saňa bir zat aýdyp bilerinmi?» diýip ýüzlendi. Netijede, Pawlusa özi barada gürrüň bermäge rugsat berildi (Res. iş. 21:37—40).
Mejlisiň öňünde Isanyň ýüzüne urýarlar. Ol şeýle ýagdaýda näme jogap bermelidigini bilýärdi: «Men erbet aýdan bolsam, erbetligini subut et, eger-de gowy aýdan bolsam, onda, näme üçin Meni urýarsyň?» Şonda hiç kim Isanyň sözlerinden ýazyk tapyp bilmedi (Ýahýa 18:22, 23).
Hudaýyň Sözünde berlen berk temmä dogry garamagy we eden ýalňyşyňy boýun almagy öwredýän mysallar hem bar (Gel. çyk. 41:9—13; Res. iş. 8:20—24). Meselem, Abigail äri Nabalyň gödekligi üçin Dawutdan ötünç soramaga gelende, oňa näz-nygmatlary hem sowgat berdi. Abigailiň bu hereketi Dawuda güýçli täsir etdi we ol Nabal ölenden soňra oňa öýlendi (1 Sam. 25:23—41).
Çagalara sylaşykly bolmagy öwretseňiz, olar kyn ýagdaýlarda-da adamlara hormat goýup, özüni edepli alyp bararlar. Hormat-sylag babatda-da siziň «yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle parlasyn welin, olar... gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar» (Mat. 5:16).
a Elbetde, ata-eneler çagalaryna özünden ululara hormat goýmagy öwredende, ýaramaz işlere iterýän adamlara gulak asmazlygy hem öwretmeli. 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda çykan «Oýanyň!» žurnalyna serediň (sah. 3—11, rus.).
b Atlaryň käbiri üýtgedildi.