Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/4 sah. 28
  • Ýadyňyzdamy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýadyňyzdamy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • «Men... ynanýaryn»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Siz erbetligi ýigrenýärmisiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Kim bizden has güýçli?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Olar öýünden näme üçin kowuldy?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/4 sah. 28

Ýadyňyzdamy?

«Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlary size ýaradymy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň.

• Mesihçiler Ýehowanyň beren sowgadyna, ýagny nika nädip hormat goýýarlar?

Olar agzybir ýaşamak üçin, ilki bilen, Ýehowa hormat goýýarlar. Maşgalasyna zyýan ýetirmezlik üçin, dogan-garyndaşlaryna we dost-ýarlaryna köp wagtyny sarp etmeýärler. Hojalyk işlerinde biri-birine kömek edip, birmeňzeş ruhy maksatlary goýýarlar (15.1., 13-nji sahypa).

• Näme üçin Ýehowanyň halky dürli kynçylyklara duş gelýär?

Käbir kynçylyklar biziň bikämilligimiz ýa-da erbet dünýäde ýaşaýandygymyz sebäpli bolýar. Käbirleri bolsa Hudaýa gulluk etmeýän adamlaryň garşy çykýandygy üçin bolýar (15.1., 26—30-njy sahypalar).

• Mesihçiler Hudaýyň adyny doga-tumar hökmünde ulanýarlarmy?

Käbir adamlar birnäçe zatlary we şekilleri toga-tumar hökmünde ulanyp, olarda jadyly güýç bardyr öýdýärler. Emma mesihçiler Hudaýyň adyny doga-tumar hasaplamaýarlar. Olar Ýehowa iman edip, Onuň islegini ýerine ýetirýärler. Şeýdip, Onuň adyny pena edinýärler (Sef. 3:12, 13) (15.1., 5, 6-njy sahypalar).

• Dogrulygy söýmek üçin näme etmeli?

Dogrulygy söýýän adamlar töleg gurbanyna iman edýärler. Olar «dogrulyk sowudyny» egninden çykarmaýarlar. Ynsabyny Mukaddes Ýazgylara görä terbiýeleýärler (15.2., 24—27-nji sahypalar).

• Näme üçin Ýehowa Saul patyşany ret etdi?

Hudaýyň pygamberi mal gurbanyny berer ýaly, Saul oňa garaşmalydy. Ýöne patyşa mal gurbanyny özi getirip, bu tabşyryga gulak asmaýar. Şeýle-de ol halkyň duşmanyny doly ýok etmeýär (15.2., 22, 23-nji sahypalar).

• Biz erbetligi ýigrenýändigimizi nädip görkezip bileris?

Biz serhoşlykdan gaça dursak, jadygöýlikden ägä bolup, Isanyň ahlaksyzlyk baradaky duýduryşyna gulak assak, erbetligi ýigrenýändigimizi görkezeris. Meselem, biz pornografiýa görmeris we ahlaksyzlyk barada pikir-de etmeris (Mat. 5:27, 28). Şeýle-de ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamlar bilen gepleşmeris (15.2., 29—32-nji sahypalar).

• Dünýäniň ruhy babatda özümize haýsy dört soragy bermeli?

Saýlan göwün açmalarym meniň nähili adamdygymy görkezýär? Men baýlyga nähili garaýaryn? Nähili ruh maňa täsir edýär? Men Mukaddes Ýazgylaryň ahlak kadalaryny söýüp, hormat goýýarynmy? (15.3., 8—12-nji sahypalar).

• Haýsy manyda Ýeremiýa «akar suwlar ýakasynda ekilen» agaja meňzedilýär? (Ýerem. 17:7, 8).

Ýeremiýa hemişe «miwe» berýärdi; ýaňsylaýjylaryň täsirine düşmeýärdi. Ol Hudaýyň sözüne ýürekden tabyn bolup, ýaşaýyş suwuny berýän Gözbaşa wepalydy (15.3., 14-nji sahypa).

• Hudaýyň görkezmesini nädip görse bolýar?

Ysraýyl halky sütüniň görkezýän ýolundan ýöremelidi. Şu günler Ýehowanyň gullukçylary Isa Mesihiň, sadyk hyzmatkäriň, jogapkär doganlaryň we Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlaryň görkezmesine eýerýärler (15.4., 3—5-nji sahypalar).

• Hudaýy şöhratlandyrýan karara gelmäge haýsy alty ädim kömek eder?

Tekepbirlikden gaça durmaly, gözleg geçirmeli, Hudaýdan akyldarlyk dilemeli, belli bir karara gelmeli, gelen kararyňy ýerine ýetirmeli we oňa täzeden seredip, üýtgetmeli (15.4., 13—17-nji sahypalar).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş