Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/4 sah. 29—32
  • Men köp bereket aldym

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Men köp bereket aldym
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýakymly ýatlamalar
  • Karlosyň gözleginde
  • Agyr ýollar — güler ýüzler
  • «Biz el çekmek islemeýäris»
  • Wepaly dogan-uýalar bilen gulluk edýäris
  • Ýehowanyň bereketlerine minnetdar
  • Ajaýyp ösüş döwründe gulluk edýäris
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýehowa maňa islegini berjaý etmegi öwretdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowa barada öwrenmegi we öwretmegi halaýaryn
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/4 sah. 29—32

Men köp bereket aldym

Artur Bonno gürrüň berdi

1951-NJI ýyl. Men aýalym Edit bilen welaýat kongresindedim. Şonda missioner bolup gulluk etmek isleýänler üçin duşuşyk barada bildiriş edildi.

Men: «Ýör, bizem diňläli!» diýdim.

Edit bolsa: «Art, goýsana, bizdenem missioner bolarmy!» diýdi.

— Ýörsene, Edi, biz ýöne diňläp gaýdarys.

Duşuşyk tamamlananda, Gilead mekdebinde okamak isleýänler üçin anketa paýlanyldy. Men aýalyma:

— Gel, bizem dolduraly — diýdim. Ol:

— Art, biziň maşgalamyz bar ahyryn! — diýdi.

Bir ýarym ýyl geçenden soň, bizi Gilead mekdebine çagyrdylar. Soňra bizi Günorta Amerikada ýerleşýän Ekwadorda gulluk etmäge iberdiler.

Üns beren bolsaňyz, men erjel adamdym we ähli zada güýjümiz ýeter öýdýärdim. Aýalym Edit bolsa ýumşak hem pes göwünlidi. Ol ABŞ-nyň (Pensilwaniýa ştaty) Elizabet atly kiçijik şäherinde önüp-ösdi we hiç haçan öýünden çykyp görmändi, hatda daşary ýurtly adama-da duşmandy. Şol sebäpli ol maşgalasyndan aýra düşmegi kyn görýärdi. Muňa garamazdan, ol daşary ýurtda gulluk etmäge höwes bilen razylaşdy. Biz 1954-nji ýylda Ekwadora bardyk, şondan bäri ol ýerde missioner bolup gulluk edýäris. Bu ýerde biz köp bereket aldyk. Siz olaryň käbiri barada bilmek isleýärmisiňiz?

Ýakymly ýatlamalar

Bizi ilkibaşda Ekwadoryň paýtagty Kito şäherine bellediler. Bu şäher And daglarynda 2 850 metre golaý ýokarda ýerleşýär. Biz deňiz kenaryndaky Guaýakil şäherinden otly hem-de maşynda iki gün ýol ýöräp, Kito bardyk. Häzir oňa uçar bilen 30 minutda baryp bolýar! Biz Kitoda ýatdan çykmajak dört ýyl gulluk etdik. 1958-nji ýylda bizi etrap gözegçisi edip bellediler.

Şol döwürde bütin ýurtdaky ýygnaklar bary-ýogy iki etraba bölünýärdi. Biz ýygnaklary ideg etmekden daşary, bir ýylyň dowamynda ençeme hepdeläp, Güwäçileriň ýok ýerinde, indeýesleriň obalaryna baryp wagyz ederdik. Ol ýerdäki otaglar aýnasyz we örän kiçidi, onda ýatara diňe krowat bardy. Biz ýanymyz bilen bir gözli (konforka) kerosin peç, piti, tarelkalar, legen, ýorgan-ýassyga daşlyk, peşehana, egin-eşik, köne gazetler we başga-da gerekli zatlary alýardyk. Alakalar öýe girmez ýaly, biz diwaryň deşiklerini gazetler bilen dykyşdyrardyk.

Biziň bu garaňky otagymyzy ruhlandyryjy gürrüňler ýagtylandyrardy. Biz peçde bişirilen ýönekeýje agşamlyk naharyny iýip, tä ýatýançak gürrüň ederdik. Men göçgünli häsiýetim sebäpli köplenç oýlanman gepleýärdim. Şeýle ýagdaýda aýalymyň ýumşaklygy maňa ideg eden doganlarymyz barada gowy zatlary aýtmaga höweslendirýärdi. Men ony diňlänim üçin edýän ideglerim ruhlandyryjy bolýardy. Başgalary tankytlap başlanymda bolsa, aýalym meni goldamaýardy. Şeýdip, men doganlara gowy garaýyşda bolmagy öwrendim. Biz köplenç agşam «Garawul diňi» žurnalyndan okan zatlarymyzy we wagyzda bolan wakalary gürrüň ederdik. Wagyzda bolýan wakalar diýseň gyzyklydy!

Karlosyň gözleginde

Ekwadoryň günbatarynda ýerleşýän Hipihapa şäherinde bize hakykat bilen gyzyklanan Karlos Mehiýa diýen adamyň diňe adyny berdiler. Irden biz onuň gözlegine çykdyk, emma nireden gözlejegimizi bilmän, ýöne bir tarapa gidiberdik. Biz ençeme batgaly köçeleri sökdük, sebäbi gijesine güýçli ýagyş ýagypdy. Men öňden ýöräp barýardym, birden «Art!» diýen çirkin ses eşitdim. Yzyma seretsem, aýalym dyzyna çenli batga batypdyr. Bu gaty gülkünç bolsa-da, aýalymyň gözlerinden akýan ýaşy görüp, men özümi sakladym.

Men aýalymy batgadan çykardym, emma onuň aýakgaby batgada galdy. Bize bir oglanjyk bilen gyzjagaz seredip duran eken. Men olardan aýakgaby alyp bermegi haýyş etdim. Olar aýakgaby çalt çykardylar, ýöne Edä aýagyny ýuwmaga suw gerekdi. Çagalaryň ejesi bolýan zatlary görüp, bizi öýüne çagyrdy. Edi aýagyny ýuwýança, çagalar onuň aýakgabyny arassaladylar. Biz gitjek bolup durkak, ýene-de bir geň zat boldy. Men ol aýaldan Karlos Mehiýa diýen adamy nädip tapyp bolarka diýip soranymda, ol geň galyp: «Ol meniň ýoldaşym» diýdi. Şeýdip, olar Mukaddes Ýazgylar okuwyna başladylar we olaryň ähli maşgala agzalary suwda çokundyryldy. Birnäçe ýyldan Karlos, aýaly we iki gyzy ýörite pioner boldular.

Agyr ýollar — güler ýüzler

Etrap gözegçisi hökmünde ýygnaklara aýlanmak aňsat däldi. Biz bir ýygnakdan başga ýygnaga barmak üçin awtobusa, otla, ýük maşyna, gaýyga we kiçijik uçara münerdik. Bir sapar biz welaýat gözegçisi Jon Maklenakan we onuň aýaly Doroti bilen bile Kolumbiýanyň araçägine ýakyn obalara wagyz etmäge gitdik. Biz motorly gaýykda barýardyk. Görsek, ululygy gaýyk bilen deň akulalar ýanymyzda ýüzüp barýar! Hatda gaýykçy adam hem akulalary görüp gorkdy we gaýygy derrew kenara tarap öwürdi.

Biziň etrap gullugynda alan bereketlerimiz uçran kynçylyklarymyza degýärdi. Dogan-uýalaryň myhmansöýerligi bizi örän geň galdyrdy. Imandaşlarymyzyň öýünde ýaşanda, olar köplenç bizi günde üç gezek naharlardylar, özleri bolsa bir gezek iýerdiler. Ýa-da bizi krowatda, özleri bolsa ýerde ýatardylar. Aýalym hemişe diýen ýaly: «Men bu mähriban dogan-uýalary görüp, ýaşaýyş üçin köp zadyň gerek däldigine düşündim» diýerdi.

«Biz el çekmek islemeýäris»

1960-njy ýylda ýene bir täsin zat boldy — bizi Guaýakildäki Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar. Men filialyň işlerini edýärdim, Edit bolsa Beýtele golaý ýygnakdaky dogan-uýalar bilen wagyz edýärdi. Men hiç haçan filialda guramaçylyk işleri bilen meşgullanaryn öýtmeýärdim. Ýewreýler 13:21-de aýdylyşy ýaly, Hudaý «Öz islegini ýerine ýetirmegimiz üçin bizi ähli oňat işe» ukyply edýär. Iki ýyldan meni Gilead mekdebine on aýlyk okuwa çagyrdylar. Okuw Nýu-Ýork şäheriniň Bruklin etrabynda ýerleşýän Beýtelde geçmelidi. Şol döwür aýallar okuwa çagyrylmaýardy. Şol sebäpli aýalyma Bruklinden ýörite hat geldi. Ol hatda aýalymdan meniň on aýlyk okuwa gitmegime razydygy barada soralýardy.Edit hata şeýle jogap ýazdy: «Men bu aýralygyň ýeňil bolmajakdygyna düşünýärin. Ýöne biz Ýehowanyň kynçylyklara döz gelmäge kömek etjekdigine ynanýarys... Biz berilýän bereketden ýa-da borçlarymyzy üstünlikli berjaý etmegi öwredýän okuwdan el çekmek islemeýäris». Men Bruklinde okaýan döwrüm aýalymdan her hepde hat alardym.

Wepaly dogan-uýalar bilen gulluk edýäris

Biz 1966-njy ýylda ýarawsyzlygymyz sebäpli Kito dolandyk. Ol ýerde biz ýerli dogan-uýalar bilen missioner gullugyny dowam etdik. Olar örän wepalydylar!

Bir wepaly uýanyň Hudaýa iman etmeýän äri ony hemişe diýen ýaly urýardy. Bir gün ony äriniň urandygyny bize irden sagat altyda jaň edip, habar berdiler. Men uýanyň öýüne tarap ylgadym. Barsam, öz gözüme ynanmadym. Uýamyz düşekde ýatyrdy, endam-jany çiş we göm-gökdi. Äri ony tä sübse ikä bölünýänçä urupdyr. Men şol gün ärine duşmak üçin, olaryň öýüne ýene-de bardym we onuň namartlyk edendigini aýtdym. Ol telim sapar ötünç sorady.

1970-nji ýyllaryň başynda meniň saglyk ýagdaýym gowulaşdy we biz etrap gullugyny dowam etdik. Ibarra şäheri biziň etrabymyza degişlidi. 1950-nji ýylyň ahyrynda biz Ibarra gelende, bu ýerde bary-ýogy iki Güwäçi, ýagny bir dogan we bir missioner bardy. Şol sebäpli biz ýygnagyň ençeme täze agzalaryny görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk.

Biz ol ýygnaga birinji sapar gatnaşanda, Radrigo Waka doganymyz duşuşygyň bir bölümini alyp bardy. Ol sorag berende, diňleýjiler elini galdyrmagyň deregine, «Ýo, ýo!» («Men, men!» diýmegi aňladýar) diýip gygyrýardylar. Edit ikimiz biri-birimize seredip, geň galdyk. Men «Bu ýerde näme bolýarka?» diýip pikir etdim. Seredip otursak, doganymyz Wakanyň gözi görmeýän eken. Ol ýygnagyň agzalaryny olaryň sesinden tanaýardy. Bu bize Isanyň Ýahýa 10:3, 4, 14-nji aýatlardaky sözlerini ýatlatdy. Hawa, Gowy Çopan we goýunlar bir-birini gowy tanaýarlar! Häzir Ibarrada ispan dilinde alty, keçua dilinde bir we lallaryň dilinde geçirilýän bir ýygnak bar. Doganymyz Waka häzirem ýygnagyň ýaşulysy we ýörite pioner bolup gulluk edýära.

Ýehowanyň bereketlerine minnetdar

1974-nji ýylda Ýehowa bize ýene-de bereketini eçdi. Bizi Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar. Meni ilki guramaçylyk işlerine, soňra filialyň komitetiniň agzasy edip bellediler. Edit ilki aşhanada işledi, soňra ofisde hat-pet işlerini etmäge bellenildi. Ol häzir hem bu iş bilen meşgullanýar.

Biz bu ýerde gulluk edýän döwrümiz, Gilead mekdebinde okan ýüzlerçe missionerleri şatlyk bilen garşy aldyk. Olar gulluk edýän ýygnaklaryna ruhy taýdan kämilleşmekde we yhlasly bolmakda gowy görelde galdyrdylar. Şeýle-de biz 30-dan gowrak döwletden gelen müňlerçe dogan-uýalar bilen gulluk edip ruhlanýarys. Olaryň janaýamazlyk ruhy biziň güýjümize güýç goşýar! Olaryň käbiri Patyşalygyň wagyzçylarynyň ýetmeýän ýerinde, ýagny şu ýere gelip gulluk etmek üçin, öýlerini we kärhanalaryny satdylar. Olar uzak ýerlerde wagyz etmek, täze ýygnaklary döretmek we Patyşalyk zallaryny gurmaga kömek etmek üçin ulag satyn alýarlar. Durmuş gurmadyk uýalaryň köpüsi daşary ýurtdan gelip, pioner bolup gulluk edýärler. Bu wagyzçylaryň yhlasy we ukyby nur saçýar!

Hawa, men Hudaýa gulluk edýän ýyllarymda köp bereket aldym. Olaryň arasynda iň wajyby Ýehowa bilen dostlugym. Şeýle-de Ýehowanyň maňa beren «kömekçisine», men örän minnetdar! (Gel. çyk. 2:18). Men är-aýal bolup ýaşan 69 ýyla ser salanymda, Süleýmanyň tymsallary 18:22-däki sözler barada oýlanýaryn: «(Ýagşy) aýal tapan ýagşylyk tapýandyr we Rebbiň razylygyny gazanýandyr». Dogrudan-da, Edit gowy dost. Ol maňa köp zatda kömek etdi. Şeýle-de ol ejesiniň söýgüli perzendidigini subut etdi. Biz Ekwadora baran wagtymyzdan tä 1990-njy ýyla çenli, Edit her hepde ejesine hat ýazýardy. Şol ýyl onuň ejesi 97 ýaşynda aradan çykdy.

Häzir men 90, Edit bolsa 89 ýaşynda. Biz 70-e golaý adama Ýehowany tanamaga kömek etdik. Olar biziň üçin hazyna kimin gymmatlydyr. Biz 60 ýyl mundan ozal Gilead mekdebinde okamak isleýänler üçin berlen anketany doldurandygymyza örän begenýäris. Bu biziň ýaşaýşymyzy bereket bilen bezedi.

a Doganymyz Wakanyň terjimehaly 1985-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda çykan «Oýanyň!» (iňl.) žurnalynda çap edildi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş