Terjimehal
«Sagyňda çäksiz hözirler bardyr»
Lois Didur gürrüň berdi
Siz durmuşyňyzda haçanam bolsa, bir karara gelip, soňra ökünipdiňizmi? 50 ýyl doly wagt gulluk edip, Ýehowanyň sagynda bolmakdan lezzet alyp, gaýga batanym asla ýadyma düşenok. Muňa göz ýetirer ýaly, geliň, durmuşym barada gürrüň bereýin.
Men 1939-njy ýylda doguldym. Meniň üç gyz doganym we gyz jigim hem-de oglan jigim bardy. Biz Saskaçewan (Kanada) welaýatynyň daş ýerindäki obada önüp-ösdük. Sähra düzlügindäki fermada asuda ýaşaýardyk. Bir gezek Ýehowanyň Güwäçileri kakam bilen gürrüňdeş bolanda, men olardan Hudaýyň ady barmy diýip soradym. Olar bize Zebur 83:18-den Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny görkezdiler. Şonda men Hudaý we onuň Sözi barada köpräk bilesim geldi.
Şol ýyllar fermadaky çagalar oba mekdeplerinde 8-nji klasa çenli ähli sapaklary bir otagda okaýardylar. Mekdebe barmak üçin ençeme kilometr atly ýa-da pyýada ýöremeli bolýardy. Ýerli ýaşaýjylar mugallymlaryň aladasyny edýärdiler. Bir ýyl täze mugallym Jon Didura meniň ata-enemiň hem ýaşamaga jaý bermek gezegi geldi.
Men bu ýaş ýigidiň hem Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanýandygyny bilmeýärdim. Bir sapar men kakamyň goldaýan kommunizm we sosializm gurluşygyny öwdüm. Şonda Jon: «Hudaýdan başga hiç kimiň adamlaryň üstünden höküm sürmäge haky ýok» diýip, asuda jogap berdi. Bu gyzykly gürrüňlere öwrüldi.
Jon 1931-nji ýylda doglany üçin urşuň kynçylyklary barada köp eşidipdi. 1950-nji ýylda Koreýada uruş başlanda, ol dürli dini ýolbaşçylardan: «Hristianlar urşa gatnaşsa bolýarmy?» diýip soraýardy. Olaryň hemmesi urşa gatnaşsa bolýar diýýärdiler. Soňra Jon Ýehowanyň Güwäçilerine-de şol soragy berdi. Olar Mukaddes Ýazgylaryň esasynda I asyrasyrda mesihçileriň urşa nähili garandyklaryny düşündirdiler. Jon 1955-nji ýylda suwda çokundyryldy. Indiki ýyl men hem suwda çokundyryldym. Biziň ikimizem Ýehowa gulluk etmek üçin bütin ömrümizi we güýjümizi bagyş etmek isleýärdik (Zeb. 37:3, 4). 1957-nji ýylyň iýul aýynda men Jon bilen durmuş gurdum.
Ençeme ýyl toý tutan günümiz welaýat kongreslerine gabat geldi. Biz şol güni nika hormat goýýan müňlerçe adamlaryň arasynda bolýandygymyza begenýärdik. Biz 1958-nji ýylda ilkinji gezek halkara kongresinde bolduk. Şonda Saskaçewandan Nýu-Ýorka çenli bäş adam bolup maşynly gitdik. Bir hepdeläp gündizine maşynly ýöredik, gijesine bolsa palatkada ýatdyk. Bagtymyza, Betlehemde (Pensilwaniýa) tötänden duşan bir dogan bizi gije öýüne myhman aldy. Ol bizi güler ýüz bilen garşy aldy we suwa düşüp, Nýu-Ýorka arassaja gider ýaly, aladamyzy etdi. Bu uly kongresde Ýehowa gulluk etmegiň nähili lezzet berýändigine göz ýetirdik! Mezmurçy hem: «Sagyňda çäksiz hözirler bardyr» diýipdi (Zeb. 16:11).
PIONER GULLUGY
Bir ýyl geçensoň, biz 1959-njy ýylda pioner bolup gulluk etdik we Saskaçewanyň sähra düzlüginiň baýryň depesinde maşyna tirkelýän kiçijik jaýda ýaşadyk. Şol ýerden aňyrsyna göz ýetirip bolmaýan giňişlikler başlanýardy. Şonuň bir bölegi biziň wagyz etmeli ýerimizdi.
Bir gün biz filialdan hat aldyk. Men bu haty alan badyma, şol wagt traktor bejerip duran Jonuň ýanyna bardym. Hatda bize Red-Leýk şäherinde (Ontario welaýaty) ýörite pioner bolup gulluk etmek teklip edilipdi. Biz onuň nirede ýerleşýänini bilmänsoň, kartadan gözläp başladyk.
Bu ýer sähra düzlüginde gören zatlarymyzdan örän tapawutlanýardy! Bu ýerde biz aňyrsy-bärsi görünmeýän tokaýlary we altyn känlere golaý gurlan şäherçeleri gördük. Ilkinji gelen günümiz jaý gözlänimizde, bir gyzjagaz goňşusy bilen gürleşip duranymyzy eşidýär. Ol öýüne ylgap gitdi-de, ejesini getirdi. Ejesi hem bizi bir gije myhman aldy. Krowatymyz gum diwarly we polly podwalda ýerleşýärdi. Ertesi biz iki otagly togalak agaçdan edilen öýi kireýne aldyk. Jaýda suwam, mebelem ýokdy diňe demir peji bardy. Biz ulanylan zatlar satylýan dükandan gerekli zatlar alyp, jaýymyzy bezedik.
Iň golaý ýygnak 200 km gowrak aralykda ýerleşýärdi. Altyn känlerinde işleýänleriň köpüsi ýewropalydy. Olar bizden ene dilinde Mukaddes Ýazgylary getirmegi haýyş edýärdi. Tizden biz 30 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdik. Alty aýdan kiçijik ýygnak döredi.
Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän bir aýalyň äri ruhana jaň edip, onuň gelmegini we aýalyny dogry ýola salmagyny haýyş edýär. Ruhany bilen duşuşanymyzda, troisa (üç ýüzli taňry) hakyndaky taglymaty öwretmelidigimizi aýtdy. Gyzyklanýan aýal ruhanynyň aýdan sözlerini katolikleriň Mukaddes Ýazgylaryndan görkezmegini haýyş etdi. Ruhany Mukaddes Ýazgylary stoluň üstüne zyňyp goýberdi-de, hiç kime hiç zady subut etmäge borçly däl diýdi. Gaýtjak mahaly ukrainçe öý eýesine bulary kowuň-da, gaýdyp öýüňize salmaň diýdi. Ruhany Jonuň ukrainçe düşünýändigini bilmeýärdi!
Tizden biz Red-Leýkden gitmeli bolduk, sebäbi Jon gözegçilik gullugy üçin okadylmalydy. Emma bir ýyla golaý wagt geçensoň, Jon welaýat kongresinde suwda çokundyrylýanlar üçin doklad bilen çykyş edende, şol aýalyň äri hem suwda çokundyrylýanlaryň arasyndady! Ol ruhanynyň özüni gödek alyp barşyny görüp, Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge başlapdy.
AÝLANÝAN GÖZEGÇILIK IŞI
Aýlanýan gözegçilik işinde biz dürli maşgalalarda ýaşamaly bolýandygymyzy halaýardyk. Bizi öýüne myhman alan we bir maşgala ýaly gören dogan-uýalar bilen dostlaşdyk. Bir sapar biz gyşyna ýylydylmaýan ikinji gatdaky otagda ýaşadyk. Irden gartaşan uýanyň kiçijik peji ýakmak üçin ýuwaşjadan otagymyza girenini eşitdik. Soňra ol ýuwunar ýaly legen we ýyly suw getirdi. Onuň mähir bilen edýän aladasyndan men köp zady öwrendim.
Gözegçilik gullugy maňa Ýehowa ýakynlaşmaga kömek etdi. Alberta welaýatynda gulluk edenimizde, etraplaryň birine uzak demirgazykda ýerleşýän bir şahtaçylaryň şäherjigi degişlidi. Onda ýekeje uýa ýaşaýardy. Ýehowanyň guramasy onuň nädip aladasyny edýärdi? Her alty aýdan biz bir hepdelik baryp, uly şäherlerdäki ýygnakda bolşy ýaly wagyz edýärdik, ýygnak duşuşygyny geçirýärdik. Bu bize Ýehowanyň her bir guzujygynyň aladasyny edýändigini ýatladýardy.
Biz bile ýaşan dogan-uýalarymyz bilen gatnaşyk saklaýardyk. Bu maňa Jonuň eden sowgatlarynyň birini, ýagny hat ýazmak üçin kagyzly dürli reňkli gutujygy ýatladýar. Şol kagyzlarda dostlarymyza hat ýazmagy gowy görýärdik. Men şol gutujygy şu çaka çenli saklaýaryn.
Biz Toronto şäherindäki ýygnaga baranymyzda, Kanadadaky Beýtelden bir dogan jaň edip, bizi filiala gulluk etmäge çagyrýandyklaryny aýtdy. Haçan jogap bermelidi? Mümkin bolsa, ertesi güni! Biz hem jogap berdik.
BEÝTEL GULLUGY
Ýehowanyň ynanýan gullugynyň her bir täze görnüşinden şatlanýardyk. Biz 1977-nji ýylda Beýtele gelende, şeýle şatlygy duýduk. Biz mesh edilen mesihçiler bilen bile gulluk edip, olaryň dürli häsiýetlerini däl, eýsem olaryň hem Hudaýyň Sözüni gymmat saýýandygyny gördük.
Biz Beýteliň düzgün-tertibini gowy görýärdik. Meselem, egin-eşigimiz indi çemedanda däl-de, şkafda asylgy durýardy we diňe bir ýygnakda gulluk edýärdik. Şeýle-de Beýtelde edýän işimden başga-da, gelýän adamlar üçin ekskursiýa geçirmegi gowy görýärdim. Men Beýtelde nähili işler edilýändigini düşündirýärdim, soraglara jogap berýärdim we gelýän dogan-uýalaryň öwgüli sözlerini eşidýärdim.
Aý aýlanyp, ýyllar geçdi. 1997-nji ýylda Jony filial komitetleriniň agzalary üçin geçirilýän mekdebe Pattersona (ştat Nýu-Ýork) çagyrdylar. Mekdepden soň bize Ukraina göçmek barada oýlanmagy teklip etdiler. Doganlar bize doga edip, oňaýly we oňaýsyz taraplarynyň ählisini ölçeşdirip görmegi maslahat berdiler. Biz agşam «bolýar» diýip jogap berjekdigimizi bilýärdik.
UKRAINADA GULLUK EDÝÄRIS
Biz 1992-nji ýylda Sankt-Peterburg, Russiýada, 1993-nji ýylda bolsa Kiýew, Ukrainada uly halkara kongresinde bolduk. Bize Gündogar Ýewropadan gelen doganlar örän ýarady. Biz Lwow şäherinde (Ukraina) köne bir jaýyň ikinji gatynda ýerleşdik. Otagymyzyň aýnasy kiçiräk bagly howla bakýardy. Howluda bir topar towuklar bilen gyzyl horaz gezmeläp ýöreýärdi. Biz özümizi edil Saskaçewandaky fermada ýaly duýýardyk. Bizden başga-da şol jaýda ýene-de 10 dogan-uýa ýaşaýardy. Biz her gün ir ertirden şäheriň içinden geçip, Beýtele işlemäge gidýärdik.
Bize Ukraina diýseň, ýarady! Biz yzarlamalara, gadagan edilen döwre döz gelen, türmede oturan ençeme dogan-uýalaryň arasynda bolup, pesgöwünligi öwrendik. Bu doganlaryň berk imany gowşamady. Biz olary öwenimizde, olar: «Biz muny Ýehowa üçin etdik» diýýärdi. Olar hiç haçan özlerini terk edilen ýaly duýmandyrlar. Hatda şu günlerem olara minnetdarlyk bildirseňiz, olar: «Ýehowa sag bolsun» diýerler. Olar ähli ýagşy zatlaryň Ýehowadandygyny bilýärler.
Ukrainada köp dogan-uýalar ýygnak duşuşyklaryna pyýada gidýändigi üçin ýolda biri-biri bilen gürrüňdeş bolmaga hem-de ruhlandyrmaga mümkinçilik bolýar. Käte olar bir sagat ýa-da köpräk wagt ýöremeli bolýar. Lwowda 50 ýygnak bar, olaryň 21-isi duşuşyklaryny Patyşalyk zallarynyň uly kompleksinde geçirýär. Ýekşenbe günleri dogan-uýalaryň ýygnak duşuşyklaryna ähli ýerden üýşýänini görüp, örän begenýärsiň.
Biz mähirli alada edýän dogan-uýalaryň arasynda özümizi öýümizde ýaly duýduk. Haçan-da maňa olaryň diline düşünmek kyn bolanda, olar şu wagta çenli hem özüni örän sabyrly alyp barýarlar. Men muny olaryň ýagşy sözlerinden we ýüz-keşbinden duýýaryn.
2003-nji ýylda Kiýewdäki halkara kongresinde bolan waka dogan-uýalaryň biri-birine ynanýandygyny görkezýär. Biz metroda gitjek bolup, platforma düşenimizde, bir kiçijik gyz ýanymyza gelip, ýuwaşjadan: «Men azaşdym. Men mamamy tapyp bilemok» diýdi. Ol plaketkalarymyzdan Güwäçilerdigimizi tanap, bize ýüz tutupdyr. Gyzjagaz aljyramady we aglamady. Ýanymyzda bolan etrap gözegçiniň aýaly gyzjagazy stadiona kongresiň ýitirilip, tapylan zatlar bölümine äkitdi. Tizden gyzjagaz mamasy bilen duşuşdy. Maňa bu gyzjagazyň ynamy örän täsir etdi, sebäbi ol müňlerçe adamlaryň arasynda kime ýüz tutmalydygyny bilipdi.
2001-nji ýylyň maý aýynda köp ýurtlardan dogan-uýalar Ukrainada täze gurlan filialyň bagyş edilmegine geldiler. Ýekşenbe güni stadionda irden ýörite doklad okalandan soň, dogan-uýalar yzy üzülmeýän derýa kimin täze Beýtele ekskursiýa gitdiler. Bu ýatdan çykmajak waka boldy! Dogan-uýalaryň özüni tertipli we rahat alyp barşy mende uly täsir galdyrdy. Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýändigime has-da minnetdarlygym artdy.
GARAŞYLMADYK ÝAGDAÝ
Biz 2004-nji ýylda Jonyň rak keseli bilen keselländigini bilip, Kanada bejergi almaga gitdik. Birinji himioterapiýa oňa agyr düşdi. Ol birnäçe hepde ýörite bejergi alynýan bölüme geçirildi. Bagtymyza, ol huşuna geldi. Jona gürlemek kyn bolsa-da, ony görmäge gelenlere hemişe minnetdardygyny gözlerinden bilip bolýardy.
Emma Jon keselinden sagalman, şol ýylyň güýzünde aýryldy. Men göwrämiň ýarysyny ýitiren ýaly boldum. Jon bilen bile Ýehowa gulluk etmegi gowy görýärdik. Indi men näme ederkäm? Men Ukraina dolanmagy ýüregime düwdüm. Beýtel maşgalasy we gulluk eden ýygnagymyz meni söýgi bilen, gujak açyp garşy aldy. Men olara örän minnetdar.
Biz hiç haçan gelen kararlarymyz üçin ökünmedik. Gowy adamlaryň arasynda ajaýyp durmuşy saýladyk. Men entek Ýehowanyň köp ýagşy işlerini görjekdigimi bilýärin we oňa ebedi gulluk etmegi umyt edýärin, sebäbi men Ýehowanyň «sagynda çäksiz hözirler» gördüm.
[6-njy sahypadaky sitata]
«Biz hiç haçan gelen kararlarymyz üçin ökünmedik»
[3-nji sahypadaky surat]
Jon bilen toý tutan günümiz
[4-nji sahypadaky surat]
Meniň Red-Leýkde ýörite pioner bolup gulluk eden wagtym
[5-nji sahypadaky surat]
Jon bilen Ukrainada, 2002 ý.