Ýadyňyzdamy?
«Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlary size ýaradymy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň.
Haýsy manyda Süleýmandan sapak edinýäris?
Hudaý Süleýmana ak pata berip, patyşa etdi. Muňa garamazdan, Süleýman hökümdarlyk edýän döwründe Hudaýyň nesihatlaryny ret etdi. Ol butlara sežde edýän faraonyň gyzyna öýlendi, ýene köp aýallar aldy we olaryň ony kem-kemden ýalan taňrylara sežde etdirmegine ýol berdi. Şonuň üçin biz hem kem-kemden nädogry garaýyş we höwes döremez ýaly, örän seresap bolmaly (Kan. tag. 7:1—4; 17:17; 1 Pat. 11:4—8) (15. 12. sahypa 10—12).
Näme üçin birinji asyrdan başlap, hemişe ýerde käbir mesh edilenler bar diýse bolýar?
Isanyň «haşal ot» tymsalyndaky «oňat tohum» «Patyşalygyň ogullaryny» aňladýar (Mat. 13:24—30, 38). Haşal otlar bugdaý bilen oraga çenli bile ösmelidi. Biz «bugdaý» toparyna kimiň degişlidigini ynamly aýdyp bilmesek-de, birinji asyrdan, tä şu wagta çenli hemişe ýerde käbir mesh edilenler bar diýip bilýäris (15. 1. sahypa 7).
Ýehowa nähili gurbanlary kabul edýär?
Şu günler diňe Isanyň töleg gurbany arkaly Ýehowanyň günämizi bagyşlaýandygyny unutmaly däl. Biz Isanyň töleg gurbanynyň wajypdygyna düşünip, ýürekden minnetdar bolsak, Ýehowa «razy bolar» ýaly, gulluk etmek üçin elimizden gelenini etsek, şeýle gurbanlary kabul edýär (Zeb. 51:17, 19) (15. 1. sahypa 20).
Synagda oýa bolmak näme üçin wajyp we nädip oýa bolup bileris?
Biz, esasanam, kyn ýagdaýa düşenimizde, öz düşünjämize bil baglasak, özümizi we gowy görýän adamlarymyzy howp astyna salarys. Isa synaga uçranda hiç haçan öz düşünjesine daýanmady. Biz hem Isanyň göreldesine eýersek, oýa bolarys we janymyzy-da gorarys (Mar. 14:37) (15. 2. sahypa 6, 7).
Göripligi nädip ýeňmeli?
Şu ädimler kömek eder: dogan-uýalary has güýçli söýmäge tagalla ediň, imandaşlar bilen gürrüňdeş boluň, ýagşylyk ediň, «şatlanýanlar bilen şatlanyň» (Rim. 12:15) (15. 2. sahypa 16, 17).
Biz Natan pygamberden näme sapak edinýäris?
Özümizi adamlardan ahlak we ruhy taýdan has arassa saýman, olaryň dogry hasap edýän zatlaryna ünsüni çekip, kömek edip bileris. Nämäniň dogrudygyny we nämäniň nädogrydygyny gürrüň berenimizde, öz garaýşymyza däl-de, Mukaddes Ýazgylara salgylanarys. Natan pygamber ýaly biz hem wepaly bolsak, Ýehowanyň adalatly prinsiplerini batyrgaýlyk bilen goldarys (15. 2. sahypa 24).
Maslahat bereniňde, haýsy prinsipleri göz öňünde tutmaly?
Meselä doly düşünjek boluň. Jogap bermäge howlukmaň. Kiçigöwünlilik bilen Hudaýyň Sözüne salgylanyň. Mümkin bolsa, guramanyň kitaphanasyny ulanyň. Başgalar üçin karara gelmäň (15. 3. sahypa 7—9).
Biz näme üçin yza seretmeli däl?
Sebäbi biz soňky günlerde ýaşaýarys (2 Tim. 3:1). Tizden diňe iki azgyn şäher däl-de, tutuş zalym dünýä ýok ediler. Lutuň aýalynyň ýagdaýyna düşmejek bolsak, näme etmeli? Ilki bilen, yzda galan haýsy zatlaryň bizi yza seretmäge iterýändigini bilmeli we olardan gaça durmaly (2 Kor. 2:11) (15. 3. sahypa 26).
Pornografiýa seredýänler ýygnakdan çykarylyp bilermi?
Hawa, çykarylyp biler. Munuň esasy sebäbini Isa: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» diýip düşündirdi (Mat. 5:28). Şol sebäpli žurnallarda, filmlerde, wideofilmlerde, Internetde pornografiýanyň ýazuw arkaly beýan edilýän ýa-da şekil arkaly görkezilýän görnüşlerinden gaça durmagy ýüregiňe düwmek örän wajyp (15. 3. sahypa 30).