Terjimehal
Men gartaşan adamlardan paýhasly bolmagy öwrendim
Elwa Gerde gürrüň berdi
70 ýyl mundan ozal, öýümize gelen adamyň kakama beren maslahaty meniň bütin ömrüme täsir etdi. Şol ýatdan çykmajak günden bäri, käbir başga adamlar hem meniň durmuşyma täsir edýär. Wagtyň geçmegi bilen, men ähli zatdan gymmat ajaýyp dostlugy gazandym. Geliň, men size gürrüň bereýin.
MEN 1932-nji ýylda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde buthana barmaýan, ýöne Hudaýa ynanýan maşgalada doguldym. Ejem maňa Hudaý hemişe syn edýär we gulak asmasaň, temmi berer diýip, öwredýärdi. Şonuň üçin men Hudaýdan gorkýardym. Emma Mukaddes Ýazgylar meni örän haýran galdyrýardy. Dynç günleri daýzam öýe gelip, Mukaddes Ýazgylardan köp gyzykly wakalary maňa gürrüň bererdi. Men hemişe sabyrsyzlyk bilen onuň gelerine garaşardym.
Men ýetginjekkäm, kakam Ýehowanyň Güwäçisi bolan bir gartaşan aýalyň ejeme beren kitaplaryny okap başlady. Mesihçileriň şol edebiýatlary oňa şeýle bir täsir etdi welin, ol Güwäçiler bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek isledi. Bir gün agşam kakam Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýärkä, meniň diňläp duranymy gördi. Ol meni ýatmaga ugratjak bolanda, sapak geçýän dogan: «Näme üçin sen Elwa oturmaga rugsat bereňok?» diýdi. Bu sözler meniň durmuşyma güýçli täsir edip, hak Hudaý Ýehowa bilen dostlugymyň başlangyjy boldy.
Biraz wagtdan men kakam bilen mesihçileriň ýygnagyna gatnaşyp başladym. Öwrenen zatlary kakama durmuşyny üýtgetmäge ýardam etdi. Ol hatda özüne erk edip başlady. Bu ejeme we uly doganym Franka şeýle bir täsir etdi welin, olar hem ýygnaklara gatnaşyp başladylara. Biziň dördümiz hem ruhy taýdan ösüp, Ýehowanyň Güwäçisi hökmünde suwda çokundyryldyk. Şondan bäri, nähili ýagdaý bolaýanda-da, ençeme gartaşan adamlar maňa gowy täsir etdiler.
ÝAŞAÝYŞ ÝOLUNY SAÝLAÝARYN
Ýetginjekkäm, ýygnakdaky uly ýaşly dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmagy gowy görýärdim. Olaryň biri maşgalamyzy ilkinji ideg eden gartaşan uýa Elis Pleýsdi. Ol meniň enem ýalydy. Elis maňa wagyz etmegi öwredip, suwda çokundyrylmaga höweslendirýärdi. Men 15 ýaşymda suwda çokundyrylyp, maksadyma ýetdim.
Men Persi we Margaret Danem atly gartaşan är-aýal bilen hem dost boldum. Olar bilen dostlugym gelejegime uly täsir etdi. Men matematikany gowy görýändigim üçin, mugallym bolmagy ýüregime düwüpdim. Persi we Margaret 1930-njy ýyllarda Latwiýada missioner bolup gulluk edipdirler. Ýewropada Ikinji Jahan urşy turanda, olar Awstraliýanyň Sidneý şäheriniň çetinde ýerleşýän Beýtele çagyrylýar. Persi we Margaret ýürekden meniň aladamy edip, missioner gullugynda bolan köp gyzykly wakalary şatlyk bilen gürrüň berýärdiler. Men matematikany öwrenmekden, Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň has hem gowudygyna göz ýetirdim. Şeýdip, men mugallym däl-de, missioner bolmagy ýüregime düwdüm.
Danemleriň maşgalasy missioner bolmak üçin, meniň pioner gullugyna başlamalydygymy aýtdy. Men 1948-nji ýylda 16 ýaşymdakam, Hýorstwilde (Sidneý) ýygnagymdaky şadyýan pioner bolup gulluk edýän on sany ýaş dogan-uýalara goşuldym.
Dört ýyl geçen soň, men Täze günorta Uelsiň we Kwinslendiň dört dürli şäherinde pioner bolup gulluk etdim. Men birinji sapar Betti Lo (häzir Remnent) bilen sapak geçdim. Betti örän aladaçyldy we menden iki ýaş uly gyzdy. Soňra ol meniň bilen bile Sidneýiň 230 kilometr günbatarynda ýerleşýän Kaura şäherinde pioner bolup gulluk etdi. Biz bile gysga wagt gulluk etsek-de, Betti häzirem meniň joram.
Ýörite pioner bellenenimden soň, men Kauradan 220 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän Narrandera şäherine göçdüm. Meniň täze ýoldaşym yhlasly pioner uýa Joý Lennoksdy (häzir Hanter), ol hem menden iki ýaş uludy. Şol şäherde ikimizden başga Güwäçi ýokdy. Biz myhmansöýer är-aýal Reý we Ester Aýronslar bilen bile ýaşaýardyk. Reý, Ester we olaryň ogly hemde üç gyzy hakykat bilen gyzyklanýardy. Reý hepdäniň dowamynda ogly bilen şäheriň daşynda ýerleşýän fermada maldarçylyk bilen meşgullanýardylar we bugdaý ekýärdiler. Ester bolsa, gyzlary bilen myhmanhanany dolandyrýardy. Her ýekşenbe güni Joý ikimiz Aýronslaryň maşgalasy we myhmanhanada ýaşaýan, demir ýolda işleýän işdäsi açyk birnäçe adamlar üçin kän nahar bişirýärdik. Şeýdip, biz jaýa tölenýän puluň ýarysyny ýapýardyk. Iýip-içilen zatlary aýryşdyranymyzdan soň, Aýronsyň maşgalasy bilen tagamly ruhy nahary, ýagny her hepde geçilýän «Garawul diňini» öwrenýärdik. Reý, Ester we olaryň dört çagasy hakykaty kabul edip, Narranderadaky ýygnagyň ilkinji agzalary boldular.
1951-nji ýylda Sidneý şäherinde geçirilen Ýehowanyň Güwäçileriniň kongresine gatnaşdym. Şol ýerde men missioner gullugy bilen gyzyklanýan pionerler üçin geçirilýän ýörite duşuşyga bardym. Bu duşuşyga gatnaşmak üçin 300-den gowrak dogan-uýalar uly saýawanyň aşagyna ýygnandy. Bruklindäki Beýtelden gelen dogan Neýtan Norr ýygnanan dogan-uýalara ýüzlenip, ýer ýüzüniň ähli künjeginde hoş habary gaýragoýulmasyz ýaýratmalydygyny aýtdy. Biz onuň her bir sözüni sypdyrman diňledik. Şol duşuşykda bolan pionerleriň köpüsi Ýuwaş okeanyň günortasynda we beýleki ýerlerde-de, Patyşalyk barada hoş habary wagyz edip başladylar. 1952-nji ýylda Gilead mekdebiniň 19-njy klasyna awstraliýaly on ýedi dogan-uýa bilen men hem çagyrylanymda, begenjimiň çägi bolmady. Men entek 20 ýaşymdakam, missioner bolup gulluk etmek arzuwyma ýetdim!
ÖZGERIŞLIK ETMELI
Gilead mekdebinde alan bilimim we dogan-uýalar bilen gürrüňdeşligim diňe bir Mukaddes Ýazgylar baradaky bilimimi we imanymy artdyrman, eýsem, häsiýetlerimi üýtgetmäge ýardam etdi. Men ýaşkam, özümden we başgalardan kämillige garaşýardym hem-de çendenaşa talap edijidim. Meselem, haçanda Norr doganyň ýaş beýtelçiler bilen şadyýan bolup, top oýnaýandygyny görenimde, aňk-taňk boldum.
Gileadyň mugallymlary tejribeli, düşünjeli adamlar bolandygy üçin, meniň şeýle häsiýetimiň bardygyny bilen bolmaly. Olar meniň aladamy edip, garaýşymy üýtgetmäge kömek etdiler. Men kem-kemden Ýehowanyň berk tutýan we talap ediji däl-de, eýsem, söýýän, minnetdar Hudaýdygyna göz ýetirdim. Käbir klasdaşlarym hem maňa kömek etdi. Men olaryň biriniň: «Elwa, Ýehowa üstüňde durup gamçylamaýar. Özüňden köp zady talap etme!» diýeni ýadymda. Onuň şeýle açyk aýdan sözleri ýüregime jüňk boldy.
Gilead mekdebini gutaranymdan soň, meni dört klasdaşym bilen Namibiýa, Afrika wagyz etmäge iberdiler. Tizden biz ol ýerde 80 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdik. Men Namibiýany we missioner gullugyny gowy görýärdim, ýöne Şweýsariýa bellenen Gilead mekdebinde bile okan klasdaşymy haladym. Namibiýada bir ýyl gulluk edenimden soň, Şweýsariýa ýigidimiň ýanyna gitdim. Biz durmuş guranymyzdan soň, ýanýoldaşym aýlanýan gözegçi bolandygy üçin, onuň bilen bile gulluk etdik.
ÇYKGYNSYZ ÝAGDAÝA DÜŞENIMDE
Ýanýoldaşym bilen bäş ýyl aýlanyp gulluk edenimizden soň, Şweýsariýanyň Beýteline çagyrdylar. Meniň Beýtel maşgalasynda ençeme ruhy taýdan ösen gartaşan dogan-uýalaryň arasynda bolýandygyma begenjimiň çägi ýokdy.
Tiz wagtdan men agyr ýitgä uçradym. Men ýanýoldaşymyň maňa we Ýehowa biwepalyk edendigini bildim. Ol meni taşlap gitdi. Meniň bagrym dilindi! Beýtel maşgalasyndaky gartaşan dostlarym söýgi bildirip, goldamadyk bolsa, bu ýagdaýa nädip döz gelmelidigini bilmezdim. Olar ýüregimi dökenimde, diňleýärdi we dynç almaga mümkinçilik döredýärdi. Olaryň göwnüňi göterýän sözleri we edýän ýagşylygy meniň derdimi ýeňledip, hasam Ýehowa ýakynlaşmaga ýardam etdi.
Şeýle-de köp synaglary başyndan geçiren gartaşan dogan-uýalaryň aýdan sözleri ýadyma düşýär. Margaret Danem bir gezek şeýle diýdi: «Elwa, sen Ýehowa gulluk edeniňde, köp synaglara duçar bolarsyň, emma ýakynlaryň tarapyndan bolýan synag has agyr deger. Şeýle synaglarda Ýehowa has-da bil bagla. Ýadyňda sakla, sen bikämil adamlara däl-de, Ýehowa sežde edýärsiň!» Margaretiň maslahaty maňa kyn ýagdaýlara döz gelmäge kömek etdi. Ýanýoldaşymyň ýalňyşlygynyň meni Ýehowadan daşlaşdyrmagyna hiç haçan ýol bermezligi ýüregime düwdüm.
Soňra men Awstraliýa dolanyp, maşgalamyza golaý ýerde pioner bolup gulluk etmeli diýen netijä geldim. Okean arkaly gämili öýe gaýdanymda, ýolagçylaryň bir topary bilen yzygiderli Mukaddes Ýazgylar barada gyzykly gürrüňler etdim. Şol toparda norwegiýaly Arno Gerde atly bir ýuwaş adam bardy. Eşiden zatlary oňa ýarady. Arno soňra Sidneý şäherine meni we maşgalamyzy görmäge geldi. Ol çalt ruhy taýdan ösdi we Ýehowanyň Güwäçisi boldy. Biz Arno bilen 1963-nji ýylda durmuş gurduk we iki ýyldan Gari atly oglumyz boldy.
ÝITGÄ SEZEWAR BOLANYMDA
Biz bagtly ýaşaýardyk. Soňra gartaşan ata-enem ýanymyzda ýaşar ýaly, Arno jaý gurdy. Durmuş guranymyza alty ýyl bolanda, başymyza betbagtçylyk indi. Arnonyň beýnisinde rak keseli tapyldy. Ol keselhanada uzak wagtlap şöhleli bejergini alanda, men günde ony görmäge barýardym. Arno az wagtlaýyn gowulaşan ýaly boldy, ýöne soňra ýagdaýy erbetleşip, beýnisine gan indi. Ol iki hepdeden köp ýaşamaz diýdiler. Her niçik-de bolsa, Arno gutuldy. Ol öýe gelende, men onuň aladasyny edip, ýuwaş-ýuwaşdan aýaga galmaga kömek etdim. Biraz wagtdan ol ýöräp başlady, hatda ýygnagyň ýaşulusy bolup gulluk etmegini dowam etdi. Ýanýoldaşymyň şadyýanlygy, degişgenligi onuň sagalmagyna we maňa mundan beýläk hem aladasyny etmäge ýardam etdi.
1986-njy ýylda, Arnonyň saglygy ýene-de erbetleşdi. Ata-enem hem aradan çykandygy sebäpli, biz dostlarymyza ýakynrak bolmak üçin, Sidneýiň golaýynda ýerleşýän owadan Mawy dagly etrapa göçdük. Soňra Gari oglum mähirli Karen atly uýa öýlendi we olar bize dört bolup bir jaýda ýaşamagy teklip etdiler. Birnäçe aýdan soň, biziň hemmämiz Arno bilen öňki ýaşan ýerimizden birnäçe köçe aňyrdaky jaýa göçdük.
Arno ömrüniň soňky bir ýarym ýyly ýerinden galyp bilmändigi üçin, oňa hemişe seretmelidi. Men ony köp wagt ýeke goýup bilmeýändigim sebäpli, her gün iki sagat Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary okaýardym. Şeýdip, kynçylygyma döz geler ýaly köp paýhasly maslahatlary tapýardym. Şeýle-de meniňki ýaly synaglara döz gelen ýygnagymyzdaky käbir gartaşan dogan-uýalar hem meni mähirli ideg etdiler. Olaryň aladasy meni hakykatdan-da ruhlandyrdy! Arno 2003-nji ýylyň aprel aýynda direlişe umyt edip, aradan çykdy.
MAŇA ULY GOLDAW
Men ýaşkam, hemme zat gülala-güllük bolmalydyr öýdýärdim. Ýöne men durmuşda köplenç tama edişiň ýaly bolmaýandygyna göz ýetirdim. Men ençeme bereketler alsam-da, iki uly betbagtçylyga-da uçradym, ýagny birinji ýanýoldaşymy biwepalygy, ikinjisini bolsa, keseli sebäpli ýitirdim. Şeýle ýagdaýda men köp zatlardan görkezme alyp, teselli tapýardym. «Gadym günleriň» Hudaýy Ýehowa häzire çenli meni goldaýar (Dan. 7:9). Onuň maslahatlary häsiýetlerimi üýtgetmäge we missioner gullugynda köp bereketleri almaga ýardam etdi. Kynçylyk ýüze çykanda, Ýehowanyň «merhemeti meni tutýar... tesellisi janyma rahatlyk berýär» (Zeb. 94:18, 19). Şeýle-de meni maşgalam we aladaly gün üçin doglan hakyky dostlarym söýgi bilen goldaýardy (Sül. tym. 17:17). Olaryň köpüsi paýhasly, gartaşan dogan-uýalardy.
Eýýup pygamber: «Eýsem, gartaşan adamlar akyldar dälmi? Uzak ýaşaýanlar bolsa, düşünjeli dälmi?» diýdi (Eýýup 12:12). Men durmuşyma göz aýlap, munuň dogrudygyna göz ýetirdim. Gartaşan dogan-uýalaryň paýhasly maslahatlary maňa kömek etdi, tesellisi goltgy berdi. Olar bilen dostlugym meniň tejribämi baýlaşdyrdy. Men olar bilen dostlaşanyma minnetdar.
Şu wagt men 80 ýaşymda, indi özümem gartaşan. Meniň başdan geçirenlerim gartaşan adamlara has-da ünsli bolmaga kömek etdi. Men häzirem olary idemegi we kömek etmegi halaýaryn. Ýöne men ýaşlar bilen hem dost bolmagy gowy görýärin. Olaryň gujurlygy ruhlandyrýar we hyjuwlygy özüne çekýär. Ýaşlar maslahat we goldaw üçin meniň ýanyma gelende, kömek edip bilsem, begenýärin.
[Çykgyt]
a Elwanyň dogany Frank Lambert Awstraliýanyň az ilatly ýerinde pioner bolup yhlasly gulluk edýär.
[14-nji sahypadaky surat]
Narranderada Joý Lennoks bilen pioner bolup gulluk edýäris
[15-nji sahypadaky surat]
1960 ýyl. Elwa Şweýsariýada Beýtel maşgalasynda
[16-njy sahypadaky surat]
Arno kesellän mahaly