Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/5 sah. 8—12
  • Maşgalaňy bagtly etmek üçin güýjüňi gaýgyrma

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maşgalaňy bagtly etmek üçin güýjüňi gaýgyrma
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Başga terjimeden okaň: Garawul diňi
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • BAGTLY BOLARSYŇMY ÝA-DA ÝOK?
  • MAŞGALADA KYNÇYLYK DÖRÄNDE
  • OLAR KÖMEK ETMÄGE TAÝÝAR
  • ÝEHOWA UMYT BAGLA
  • Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Nika bozuljak bolanda...
    Maşgala bagtynyň syry
  • Nikaňda bagtly bol
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Nika mähriban Hudaýyň sowgady
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/5 sah. 8—12

Maşgalaňy bagtly etmek üçin güýjüňi gaýgyrma

«Öýlenenlere bolsa men däl-de, Reb... buýruk beripdir» (1 KOR. 7:10).

DÜŞÜNDIRIP BILERSIŇIZMI?

  • Hudaý är-aýaly nähili manyda goşdy?

  • Maşgalasynda kynçylyk dörän mesihçilere ýaşulular nädip kömek edip biler?

  • Biz maşgala nähili garamaly?

1. Mesihçiler nika nähili garaýar we näme üçin?

MAŞGALA gurýan mesihçiler Hudaýyň öňünde wada berýär. Bu uly jogapkärçilik (Wag. 5:4—6). Nikany döreden Ýehowa är-aýaly «goşýar», ýagny birleşdirýär (Mar. 10:9). Käte döwlet kanuny Hudaýyň kanunyna gabat gelmeýär. Muňa garamazdan, mesihçiler nika wadasyna Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaly. Olar maşgala guran wagty hakykatda bolmadyk bolsa-da, Hudaýyň öňünde beren nika wadasyny berjaý etmäge borçludyr.

2. Şu makalada haýsy soraglara serederis?

2 Agzybir maşgala adamy çäksiz bagtly edip bilýär. Ýöne maşgalada özümizi bagtsyz duýsak, näme edip bileris? Şeýle maşgala bagtly bolup bilermi? Arasyna tow düşen är-aýal kömek sorap, kime ýüz tutup biler?

BAGTLY BOLARSYŇMY ÝA-DA ÝOK?

3, 4. Eger mesihçi ýanýoldaşyny paýhasly saýlamasa, näme bolar?

3 Eger mesihçiniň maşgalasy bagtly bolsa, onda köp şatlyk berýär we Ýehowany şöhratlandyrýar. Ýöne maşgalasy bozulsa, köp ejir çekdirýär. Durmuş gurmadyk mesihçiler Hudaýyň maslahatyna eýerip, bagtly maşgala gurýarlar. Ýöne mesihçi özüne ýanýoldaş saýlamak meselesinde paýhasly bolmasa, onda lapykeçlige uçrar we gaýgy-gama batar. Meselem, käbir ýaşlar maşgala durmuşyna taýýar bolmasa-da, duşuşyp başlaýarlar. Käbirleri bolsa ýanýoldaşy Internetden gözläp tapýarlar. Olar derrew maşgala gurup, tizden özüni bagtsyz duýýarlar. Başgalar bolsa tanyşlyk döwri agyr günä edip, soňra maşgalada birek-birege hormat goýmaýarlar.

4 Käbir mesihçiler «Rebde» maşgala gurmaýarlar, şol sebäpli köplenç aýry dinli maşgalada köp horluk çekýärler (1 Kor. 7:39). Sen hem şeýle ýagdaýa düşen bolsaň, onda Hudaýdan günäňi geçmegini ýalbaryp, kömek sora. Elbetde, ol seniň eden ýalňyşyň sebäpli döreýän kynçylyklary aýyrmaz, ýöne toba edýän gullukçylaryna synaglara döz gelmäge kömek edýär (Zeb. 130:1—4). Mundan beýläk hemişe Ýehowany razy etmegi ýüregiňe düwseň, «Ýehowanyň berýän şatlygy saňa bir gala kimin bolar» (Neh. 8:10).

MAŞGALADA KYNÇYLYK DÖRÄNDE

5. Maşgalasynda özüni bagtsyz duýýan mesihçiler nähili pikirlerden gaça durmaly?

5 Arasyna agzalalyk düşen är-aýallar: «Bagtsyz maşgalany saklamak gerekmikä? Ähli zady täzeden başlap bolsady, men başga biri bilen durmuş gurardym» diýmegi mümkin. Olar ýanýoldaşy bilen aýrylyşjak bolup: «Aýrylyşsam bolmazmy? Ahyry şundan gulagym-a dynar! Mukaddes Ýazgylar esasynda aýrylyşyp bilmesem-de, aýry ýaşasam, arkaýyn-a bolaryn» diýip, arzuw etmegi mümkin. Şeýle pikirlere atlanyp, arzuw kölüne batmagyň deregine, mesihçiler ýagdaýy düzetmek üçin Hudaýyň maslahatyna eýermäge çalyşmaly.

6. Isanyň Matta 19:9-da aýdan sözlerini düşündiriň.

6 Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, Hudaý aýrylyşan mesihçä diňe bir ýagdaýda başga biri bilen durmuş gurmaga rugsat berýär, beýleki ýagdaýlarda bolsa rugsat bermeýär. Isa şeýle diýýär: «Kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir» (Mat. 19:9). Şu aýatdaky «zyna» sözi ikilik etmegi we beýleki agyr jynsy günäleri aňladýar. Eger mesihçi Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýan sebäp boýunça aýrylyşmak isleýän bolsa, onda Hudaýdan kömek hem maslahat soramaly.

7. Mesihçi maşgala bozulsa, adamlar näme diýer?

7 Eger är-aýal aýrylyşan ýa-da aýry ýaşaýan bolsa, diýmek, olaryň ruhy saglygy gowşak. Bu babatda Pawlus resul oýlandyrýan sowal berýär: «Kim öz öýüni dolandyryp bilmeýän bolsa, onda ol Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny nähili eder?» (1 Tim. 3:5). Özüni mesihçi hasaplaýan är-aýalyň maşgalasy bozulsa, adamlar olar wagyz edýän zatlary boýunça ýaşamaýar diýer (Rim. 2:21—24).

8. Mesihçi är-aýal aýrylyşmakçy bolsa, bu nämäni görkezýär?

8 Suwda çokundyrylan är-aýal Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýan sebäp boýunça aýrylyşmakçy bolsa, onda olaryň Hudaý bilen dostlugy berk däl. Olaryň biri ýa-da ikisi-de Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermeýän bolsa gerek. Eger olar Ýehowa bütin ýüregi bilen bil baglan bolsalar, maşgalasyny saklap bilerdiler (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-njy aýatlary okaň).

9. Maşgalasyny saklamak üçin tagalla eden mesihçi nädip ýalkanýar?

9 Aýrylyşmakçy bolan köp är-aýallar wagtyň geçmegi bilen maşgalasyny bagtly edip bildiler. Kynçylyklara garamazdan, maşgalasyny saklamak üçin göreşýän mesihçiler köplenç ýalkanýar. Meselem, äri iman etmeýän uýalara Petrus resul şeýle diýdi: «Eý hatynlar, siz-de şonuň ýaly öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa, siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn» (1 Pet. 3:1, 2). Hakykatdan-da, ýanýoldaşynyň oňat edim-gylymyny görüp, iman etmeýän adam hakykaty kabul etmegi mümkin. Maşgalasyny saklaýan mesihçiler Hudaýy şöhratlandyrýar we bütin maşgalasy ýalkanýar.

10, 11. Maşgalada duýdansyz nähili kynçylyklar döremegi mümkin, emma mesihçi näme ynanyp biler?

10 Köp mesihçiler Ýehowany razy etmek isläp, imandaşlary bilen durmuş gurýarlar. Şonda-da olaryň ýagdaýy duýdansyz üýtgemegi mümkin. Meselem, seýrek ýagdaýlarda ýanýoldaşy agyr psihiki kesele uçrap biler. Ýa-da toýdan soňra är-aýalyň biri wagyz etmegi goýup, yhlassyz wagyzçy bolmagy mümkin. Lindanyň mysalyna seredeliň. Ol yhlasly wagyzçy we işeňňir ene. Lindanyňa gözüniň alynda suwda çokundyrylan äri Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän ýola düşüp, toba etmedi we ýygnakdan çykaryldy. Şeýle ýagdaýa düşen mesihçileriň maşgalasy üçin hiç hili çykalga ýok ýaly bolup görünýär. Eýsem olar näme edip biler?

11 Belki, sizde «näme bolaýanda-da, maşgalamy saklamaga çalyşmalymy?» diýen sorag döreýändir. Bu meseläni diňe siziň özüňiz çözmeli. Maşgalada kynçylyk köp bolsa-da, ony saklamak üçin hökman göreşmeli. Terbiýelenen ynsabyna diň salyp, maşgalada döreýän kynçylyklara çydaýan mesihçiler Hudaýyň öňünde sogap gazanýarlar (1 Petrus 2:19, 20-nji aýatlary okaň). Maşgalasyny saklamaga tagalla edýän mesihçä Ýehowa öz Sözi we mukaddes ruhy arkaly kömek edýär.

OLAR KÖMEK ETMÄGE TAÝÝAR

12. Ruhy kömek sorasak, ýaşulular nähili garar?

12 Maşgalaňda kynçylyklar bar bolsa, onda tejribeli mesihçilerden ruhy kömek soramaga çekinme. Ýygnagyň ýaşululary Hudaýyň sürüsine çopan hökmünde goýuldy. Olar höwes bilen Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahatlary berer (Res. iş. 20:28; Ýakup 5:14, 15). Eger ýaşululardan kömek sorap, maşgala kynçylyklaryň barada gürrüň berseň, seniň we ýanýoldaşyň abraýy gaçar öýtme. Siziň Hudaýy razy etmek üçin ýürekden tagalla edýäniňizi görüp, gaýtam, olaryň söýgüsi hem hormaty has-da artar.

13. 1 Korintoslylar 7:10—16-njy aýatlarda nähili maslahat berilýär?

13 Aýry dinli maşgalada ýaşaýan mesihçi ýaşululardan kömek sorasa, olar Pawlusyň beren maslahatyna salgylanyp biler: «Öýlenenlere bolsa men däl-de, Reb: «Aýal ärinden aýrylmasyn» diýip, buýruk beripdir. Eger-de aýrylan bolsa, ärsiz galsyn ýa-da äri bilen ýaraşsyn. Är-de aýalynyň talagyny bermesin... Çünki, eý aýal, sen äriňi halas edip-etmejegiňi nireden bilýärsiň? Eý är, sen aýalyňy halas edip-etmejegiňi nireden bilýärsiň?» (1 Kor. 7:10—16). Iman etmedik ýanýoldaşyň hakykaty kabul etmegi uly bereketdir!

14, 15. Nähili ýagdaýlarda mesihçi aýry ýaşamagy mümkin, ýöne näme üçin ýagdaýy barada Hudaýa doga edip, öz niýetini barlamaly?

14 Nähili ýagdaýlarda mesihçi aýal äri bilen aýry ýaşamagy mümkin? Käbirleri şu sebäplere görä aýry ýaşamak kararyna geldi: äri maşgalany eklemeýär; aýalyny urýar; aýalyna Hudaýa gulluk etmäge päsgel berýär.

15 Şeýle ýagdaýlarda aýry ýaşamalymy ýa-da ýok — her kimiň özi çözýär. Emma suwda çokundyrylan mesihçi ýagdaýy barada Hudaýa doga edip, öz niýetini barlamaly. Meselem, ruhy taýdan gowşamagyna imansyz ýoldaşy günäkärmi? Mesihçiniň özi wagtly-wagtynda Mukaddes Ýazgylary okaýarmy, ýygnaklara yzygiderli barýarmy, wagyz edýärmi?

16. Mesihçini aýrylyşjak bolup howlukmakdan näme saklap biler?

16 Biz Hudaý bilen dostlugyň gadyryny bilsek we beren nikasyna minnetdar bolsak, aýrylyşjak bolup howlukmarys. Hudaýyň gullukçylary Ýehowanyň adyna ysnat getirmek islemeýärler. Şol sebäpli-de, biz başga biri bilen durmuş gurmak niýeti bilen ýanýoldaşymyza biwepalyk edip aýrylyşmarys (Ýerem. 17:9; Mal. 2:13—16).

17. Hudaý nähili ýagdaýlarda mesihçileri parahat ýaşamaga çagyrdy?

17 Ýanýoldaşy iman etmeýän bolsa, mesihçi maşgalasynda agzybirligi saklamak üçin elinde baryny etmeli. Şonda-da iman etmeýän ýanýoldaşy aýrylyşsa, mesihçi özüni günäkär duýmaly däl. Pawlus resul: «Iman etmedik aýrylsa, goý aýrylsyn. Dogan ýa-da aýal dogan beýle ýagdaýlarda bagly däldir; Hudaý bizi parahat ýaşamaga çagyrandyr» diýdi (1 Kor. 7:15)b.

ÝEHOWA UMYT BAGLA

18. Maşgalany saklamak başartmasa-da, tagalla etmegiň näme peýdasy bar?

18 Maşgalada kynçylyklar dörese, Ýehowadan mertligi dile we hemişe oňa umyt bagla (Zebur 27:14-i okaň). Şu makalada agzalan Linda ýadyňyzdadyr. Ol maşgalasyny saklamak üçin ençeme ýyl tagalla etse-de, ahyry aýrylyşdylar. Ol wagtyny biderek ýitirendirin öýdýärmikä? Ol şeýle diýýär: «Ýok, beýle pikir etmeýärin. Meniň eden tagallam köplere gowy güwälik boldy we ynsabym arassa. Onsoňam, şol ýyllar gyzym hakykata has berk ýapyşdy. Ol häzir Ýehowa özüni bagyş eden yhlasly wagyzçy».

19. Maşgalany saklamak üçin güýjümizi gaýgyrmasak, nähili netije berer?

19 Merilin atly uýa Hudaýa bil baglap, maşgalasyny saklamak üçin güýjüni gaýgyrmandygyna begenýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Adamym eklemeýärdi we ruhy taýdan howp salýardy, şonuň üçin aýry ýaşasym gelýärdi. Ýoldaşym howply telekeçilik işi bilen meşgullanyp başlamanka, ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýärdi. Soňra ol ýygnaklary sypdyryp başlady. Biz hatda gürleşmäni hem goýduk. Şäherde bolan terrorçylyk hüjümi meni gaty gorkuzdy welin, özümi adamlardan çetde tutup başladym. Şonda men özümiň hem günäkärdigime düşündim. Biz ýene-de gürleşip başladyk, maşgala okuwyny ýola goýduk we ýygnaklara yzygiderli bardyk. Ýygnak ýaşululary mähir bilen köp kömek etdiler. Maşgala ojagymyz ýene-de dikeldi. Wagtyň geçmegi bilen, ýoldaşyma ýygnakda jogapkärçilikler berildi. Hernä, agyr synagyň soňy gowulyk bilen gutardy».

20, 21. Biz maşgala babatda näme etmegi ýüregimize düwmeli?

20 Biz maşgalaly bolsak-da, bolmasak-da, geliň, hemişe mert bolup, Ýehowa umyt baglalyň. Eger maşgalamyzda kynçylyk bar bolsa, olary çözmek üçin güýjümizi gaýgyrmalyň. Är-aýalyň indi «iki däl, bir tendigini» unutmaň (Mat. 19:6). Kynçylyklara garamazdan, imansyz ýanýoldaşyň bilen maşgalaňy saklamaga jan etseň, ol hem Ýehowa gulluk edip başlamagy mümkin.

21 Seniň ýagdaýyň nähili bolsa-da, adamlara oňat edim-gylymyň bilen wagyz et. Eger aýrylyşmak barada pikir döreýän bolsa, Hudaýa ýürekden doga edeliň, niýetimizi barlalyň, Mukaddes Ýazgylarda berilýän maslahatlar barada oýlanalyň hem-de ýygnak ýaşulularyndan kömek soralyň. Mundan başga-da, ähli zatda Ýehowanyň göwnünden turmagy ýüregimize düweliň we bize beren maşgala ojagyna hormat goýalyň.

a Atlar üýtgedildi.

b «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitabyň 251—253-nji sahypalaryna serediň.

[10-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

Maşgalasyny saklamak üçin göreşýän mesihçiler köplenç ýalkanýar

[12-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

Ýehowadan mertligi dile we hemişe oňa umyt bagla

[9-njy sahypadaky surat]

Maşgalasyny saklamak üçin güýjüni gaýgyrmaýan mesihçileri Ýehowa ýalkaýar

[11-nji sahypadaky surat]

Ýygnak duşuşyklary göwünlik berýär we ruhlandyrýar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş