Ýehowanyň döreden nikasyna hormat goýýarmyň?
«Siziň durmuşa çykyp, indiki adamyňyz bilen rahat ýaşamagyňyza Reb ýardam etsin» (RUT 1:9).
1. Adam ata aýalyny görüp, näme etdi?
«INE, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol ärinden alnandyr» (Gel. çyk. 2:23). Bu sözleri Adam ata aýdypdy, çünki Ýehowa Hudaý oňa owadan aýal ýaradypdy. Ol begenjinden ýaňa, hatda goşgy-da düzdi! Ýehowa Adam atany agyr uka gidirip, onuň bir gapyrgasyndan owadan aýal ýaratdy. Biraz wagtdan Adam ata oňa How ene diýip at dakdy. Hudaý olary är-aýal etdi. Ýehowa How enäni Adam atanyň gapyrgasyndan ýaradany üçin, häzirki hiç bir är-aýal Adam ata bilen Howa ene ýaly ýakyn däldir!
2. Oglan we gyz näme üçin maşgala gurýar?
2 Ýehowa erkek bilen aýalyň gursagyna birek-birege aşyk bolmak ukybyny guýdy. Olar şeýle söýgi esasynda är-aýal bolýarlar. Bir ensiklopediýada: «Maşgala gurýan oglan we gyz jynsy gatnaşykda bolmagy we hemişe aşyk-magşuk bolup ýaşamagy arzuw edýärler» diýilýär (The World Book Encyclopedia). Ýehowanyň halkynyň arasynda şeýle ýaşaýan ençeme är-aýallar bar.
OLAR NIKANYŇ GADYRYNY BILÝÄRDI
3. Yshak özüne nädip gelinlik tapyndy?
3 Wepaly Ybraýym nika çäksiz hormat goýýardy. Ol Yshaga gelinlik tapmak üçin baş hyzmatkärini Mesopotamiýa iberýär. Hyzmatkäri Ýehowa doga edip, kömek soraýar we hudaýhon Rebekany tapýar. Rebeka Yshagyň söýgüli aýaly bolup, Ybraýymyň neslini dowam etdirmek bilen, Ýehowanyň islegini berjaý edýär (Gel. çyk. 22:18; 24:12—14, 67). Şu günler ýanýoldaşy köplenç her kim özi saýlaýar. Käte başga biri tapmaga kömek edýär. Emma bizden haýyş etmeseler, onda oglan bilen gyzy tanyşdyrjak bolup ýörmeli däl. Onsoňam, kim seniň aýalyň ýa äriň bolmalydygyny Hudaý maňlaýyňa ýazmaýar. Şeýle-de bolsa, maşgala gurmak isleýän mesihçilere Hudaý kömek edýär. Munuň üçin olar Ýehowadan görkezme we mukaddes ruhuny dilemeli (Gal. 5:18, 25).
4, 5. Näme üçin sulamly gyz bilen çopan oglan bir-birini söýüpdir diýse bolar?
4 Gadymy Ysraýylda ýaşan sulamly gyz Süleýman patyşanyň aýallarynyň biri bolmak islemändir. Şol sebäpli-de ýanyndaky gyzlara: «Eý iýerusalimli gyzlar, mende söýgini oýarmajakdygyňyza, göwnüm isleýänçe gozgamajakdygyňyza ant içiň» diýýär (Sül. aýd. 8:4). Sebäbi sulamly gyz çopan oglana aşykdy. Ol gyz özi barada kiçigöwünlik bilen: «Men bir deňiz ýakasynda ösýän saron güli we oýlukda gögerýän meýdan güli» diýýär. Gör-bak, çopan oglan näme diýýär: «Tikenleriň arasynda liliýa nähili bolsa, meniň söýgülim hem gyzlaryň arasynda şeýledir»! (Sül. aýd. 2:1, 2). Olar birek-biregi ýürekden söýýärdi.
5 Sulamly gyz we çopan oglan, esasan, Hudaýy söýýärdi, şonuň üçin olaryň maşgalasy-da berk bolardy. Aslynda, sulamly gyz söwer ýaryna, çopan oglana: «Meni ýüregiňe möhür kimin bas, ýüzük kimin barmagyňa dak, çünki söýgim ölüm kimin güýçlüdir; şeol kimin gaýduwsyzdyr, ol wepaly bolmagy talap edýär. Onuň ýalny oduň ýalny, Ýahyň ýalny kimindir. Söýgimi ne bol suwlar söndürer, ne-de derýalar weýran eder. Eger biri söýgi üçin öýüniň bar mal-mülkini berse-de, hiç birini kabul etmez» diýýär (Sül. aýd. 8:6, 7). Elbetde, Hudaýyň gullukçylary hem ýanýoldaşyny güýçli söýüp, ýürekden wepaly bolmaly, şeýle dälmi?
HUDAÝ KIM BILEN MAŞGALA GURÝANYŇA BIPERWAÝ GARAMAÝAR
6, 7. Kim bilen maşgala gurýanyňa Hudaýyň biperwaý garamaýandygyny nireden bilýäris?
6 Ýehowa kimi ýanýoldaş saýlajakdygyňa üns berýär. Ysraýyllylara kenganlylar barada şeýle diýlipdi: «Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň. Çünki olar çagalaryňyzy başga hudaýlara gulluk etdirdip, Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwürderler. Şonda Rebbiň gahary size garşy tutaşyp, Ol sizi derrew ýok edip taşlar» (Kan. tag. 7:3, 4). Birnäçe asyrdan Ezra ruhany hem: «Siz ýat ýurtly aýallara öýlenip, biwepalyk etdiňiz we Ysraýylyň günäsini köpeltdiňiz» diýdi (Ezra 10:10). Pawlus resul bolsa imandaşlaryna: «Aýal, äri ölýänçä, oňa baglydyr. Eger-de äri ölse, öz islänine barmaga azatdyr, ýöne Rebde bolmalydyr» diýdi (1 Kor. 7:39).
7 Eger özüni Ýehowa bagyş eden mesihçi imansyz bilen maşgala gursa, bu Hudaýa gulak asmazlykdyr. Ezranyň döwründäki ysraýyllylar «ýat ýurtly aýallara» öýlenip, Hudaýa biwepalyk etdiler. Mukaddes Ýazgylar mesihçiniň kim bilen maşgala gurmalydygyny açyk aýdýar. Muňa düşünsek-de, her hili bahana gözläp, Hudaýyň tabşyrygyny bozsak nädogry bolar (Ezra 10:10; 2 Kor. 6:14, 15). Imansyz bilen durmuş gurýan mesihçi ýygnakda göreldeli hasaplanmaýar we Hudaýyň döreden nikasyna ýürekden hormat goýmaýar. Eger mesihçi imansyz bilen maşgala gursa, onda Hudaýyň halkynyň arasynda berlen käbir jogapkärli borçlaryny ýitirer. Doga edýän mahalyň: «Ýehowa, men saňa bilgeşleýin gulak asmadym, şonda-da maňa berekediňi beräý» diýip, bereketlere garaşmak — nädogry bolardy.
ÝEHOWA GOWY BILÝÄR
8. Hudaýyň nika babatda berýän görkezmelerine näme üçin eýermeli? Düşündir.
8 Kondisioneri oýlap tapan adam onuň işleýşini gowy bilýär. Adamlar kondisioneri dogry ulanar ýaly, ýanynda gollanma berilýär. Eger biz kondisioneri oýlap tapan adamyň görkezmelerine eýermän, isleýşimiz ýaly ulansak, näme bolar öýdýäň? Elbetde, döwler! Eger biz bagtly maşgala gurmak islesek, onda nikany döreden Ýehowanyň görkezmelerine eýermeli.
9. Näme üçin Ýehowa ýekesireýänleriň duýgusyna düşünýär we maşgalanyň berýän şatlygyny bilýär diýse bolar?
9 Ýehowa adamzat we nika barada ähli zady bilýär. Ol ynsany jynsy gatnaşyk etmek höwesi bilen ýaradypdy, sebäbi olaryň «örňäp, köpelmegini» isledi (Gel. çyk. 1:28). Hudaý ýekesireýänleriň duýgusyna-da düşünýär, çünki ol ilkinji aýaly ýaratmanka: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýipdi (Gel. çyk. 2:18). Şeýle-de ol maşgalanyň şatlyk berýändigini bilýär (Süleýmanyň tymsallary 5:15—18-nji aýatlary okaň).
10. Är-aýallar jynsy gatnaşyklar meselesinde nämeleri unutmaly däl?
10 Adam atanyň nesline galdyran günäsi we kämilsizligi sebäpli, häzir kemsiz maşgala ýok. Emma Ýehowanyň gullukçylary Hudaýyň Sözüne eýerip, maşgalasyny bagtly edip biler. Meselem, Pawlusyň är-aýalyň jynsy gatnaşyklary barada beren açyk maslahatyna seredeliň (1 Korintoslylar 7:1—5-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylar är-aýal diňe nesil öndürmek üçin jynsy gatnaşyk etmeli diýmeýär. Şeýle gatnaşyklar är-aýalyň duýgy hem beden zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Ýöne Hudaý düşekde edilýän azgyn işleri asla halamaýar. Mesihçi ärler we aýallar şu wajyp meselede birek-birege mähirli bolmaly, ýürekden söýgüsini we ysnyşygyny görkezmeli. Elbetde, olar Ýehowanyň ýigrenýän işlerinden gaça durmaly.
11. Rut Ýehowa wepaly bolup, nähili bereketler aldy?
11 Maşgalada şatlyk hem bagt höküm sürmeli. Mesihçileriň öýi dynçlyk hem parahatlyk mekany bolmaly. Geliň, 3000 ýyl mundan ozal bolan waka seredeliň. Garry dul aýal Nagomy we onuň dul gelinleri Orpa we Rut Moapdan Ýahuda gidýän ýola düşüpdiler. Nagomy gelinlerine atasynyň öýüne dolanmagy haýyş etdi. Moaply Rut bolsa Nagomydan aýrylman, hakyky Hudaýa wepaly galdy. «Pena tapynan Rebbi, Ysraýylyň Hudaýy oňa sylagyny berdi» (Rut 1:9; 2:12). Şeýlelikde, Hudaýyň döreden nikasyna çuňňur hormat goýup, Rut Ýehowa sežde edýän garry Boazyň aýaly boldy. Ol Hudaýyň täze dünýäsinde direlse, Isa Mesihiň mamasy bolandygyna begener (Mat. 1:1, 5, 6; Luka 3:23, 32). Rut Ýehowa wepaly galyp, köp bereketler aldy!
MAŞGALANY BAGTLY EDÝÄN MASLAHAT
12. Maşgala babatda gowy maslahatlary nireden tapyp bileris?
12 Nikany döreden Hudaý maşgalany bagtly edýän maslahatlary berýär. Hiç kim şonça bilýän däldir. Mukaddes Ýazgylaryň maşgala babatda berýän maslahatlary hemişe dogry. Diýmek, şu mesele boýunça berilýän maslahat Hudaýyň kadalaryna laýyk gelmeli. Meselem, Pawlus resul: «Her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärini sylasyn» diýdi (Efes. 5:33). Ruhy taýdan ýetişen mesihçi üçin bu maslahat örän düşnükli. Eýsem, olar Ýehowanyň Sözüne eýerermi? Nika hormat goýýan mesihçi hökman eýerera.
13. 1 Petrus 3:7-de berilýän maslahata eýermesek, näme bolar?
13 Mesihçi är aýalyny söýmeli. Petrus resul şeýle ýazýar: «Eý ärler, aýallaryňyzyň özüňizden ejizdigini biliň, olary sylaň. Olar hem siz ýaly Hudaýdan ýaşaýyş sylagyny alýarlar. Dogalaryňyzyň bökdelmezligi üçin şeýle ediň» (1 Pet. 3:7). Eger äri Ýehowanyň maslahatyna eýermese, onda Hudaý dogalaryny diňlemez. Är-aýalyň Ýehowa bilen dostlugy bozular. Şol sebäpli-de maşgalada gaýgy-alada, dawa-jenjel we gödeklik köpeler.
14. Paýhasly aýal maşgala durmuşyna nähili täsir edip biler?
14 Ýehowanyň Sözüne we mukaddes ruha eýerýän aýal öýüni rahat hem bagtly mekana öwürmek üçin köp zatlar edip biler. Dogry, hudaýhon är aýalyny söýýär we ähli zatdan goraýar. Söýülmek isleýän aýal bolsa äriniň söýgüsini has-da artdyrjak häsiýetleri öwrenýär. Süleýmanyň tymsallary 14:1-de: «Akyldar zenan jaý gurýandyr, akmak aýal bolsa öýüni öz eli bilen ýumurýar» diýilýär. Hawa, paýhasly hem mähirli aýal maşgalasyny bagtly hem agzybir edýär. Şeýle-de ol Hudaýyň döreden nikasyna hormat goýýar.
15. Efesliler 5:22—25-nji aýatlarda nähili maslahat berilýär?
15 Ärler we aýallar Isanyň ýygnak barada alada edişinden görelde alyp, Hudaýyň döreden nikasyna hormat goýýarlar (Efesliler 5:22—25-nji aýatlary okaň). Birek-biregi söýýän är-aýal özüni ulumsy alyp barmakdan, öýke-kine sebäpli birnäçe wagtlap gürleşmän ýörmekden hem-de maşgala zyýan ýetirýän beýleki erbet häsiýetlerden gaça durýarlar. Ýehowa şeýle är-aýallary ýalkaýar!
BENDESI AÝYRMASYN
16. Käbir mesihçiler näme üçin maşgala gurmaýar?
16 Adatça adamlaryň köpüsi maşgala gurmak isleýär, emma Ýehowanyň käbir gullukçylary durmuş gurmaýarlar, sebäbi özüne laýyk hudaýhon ýanýoldaş tapyp bilmeýär. Beýlekiler bolsa, sallah bolmak isleýär. Şonda olar Ýehowa köpräk gulluk edip bilýärler. Elbetde, durmuş gurmadyk mesihçiler Ýehowanyň kadalaryna görä ýaşamaly (Mat. 19:10—12; 1 Kor. 7:1, 6, 7, 17).
17. a) Biz Isanyň nika barada aýdan haýsy sözlerini unutmaly däl? b) Eger mesihçi biriniň maşgalasyna göz gyzdyrsa, onda derrew näme etmeli?
17 Biz sallah bolsak-da, maşgalaly bolsak-da, Isanyň şu sözlerini unutmaly däl: «Ýaradanyň olary başda erkek we aýal edip ýaradandygyny, „Şol sebäpden hem erkek ata-enesini goýup, aýaly bilen höwrüger we ikisi bir ten bolar“ diýenini siz okamadyňyzmy? Şoňa görä, indi olar iki däl-de, bir ten hasaplanarlar. Hudaýyň goşanyny bendesi aýyrmasyn» (Mat. 19:4—6). Başga biriniň ýanýoldaşyna göz gyzdyrmak günädir (Kan. tag. 5:21). Eger mesihçide şeýle açgözlük dörese, onda ol günäli höwesi — ýüreginde näçe möwç ursa-da, agyr degse-de — sogrup taşlamaly (Mat. 5:27—30). Şeýle pikirleri hökman düzetmeli we mekir ýüregiň günäli höwesini ýeňmeli (Ýerem. 17:9).
18. Biz Hudaýyň beren nikasyna nähili garamaly?
18 Ýehowa Hudaýy onçakly ýa-da asla tanamaýan adamlar hem nika hormat goýýarlar. Onda özüni «mübärek Hudaýa» bagyş eden mesihçiler has-da Ýehowanyň berýän ähli zatlaryna begenmeli we nika ýürekden hormat goýmaly dälmi näme?! (1 Tim. 1:11).
a Nika barada köpräk bilesiňiz gelse, «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitabyň 10-njy hem 11-nji baplaryna serediň.
[6-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Bagtly maşgala Ýehowany şöhratlandyrýar we her bir agzasyny begendirýär
[5-nji sahypadaky surat]
Rut Hudaýyň beren nikasyna hormat goýýar
[7-nji sahypadaky surat]
Sen Ýehowanyň beren nikasyna ýürekden hormat goýýarmyň?