Ýehowadan we Isadan sabyrly bolmagy öwreniň
«Rebbimiziň sabryny gutulyş pursady saýyň» (2 PET. 3:15).
1. Hudaýyň käbir wepaly gullukçylaryny näme biynjalyk edýär?
ÝEHOWA onlarça ýyl wepaly gulluk edip, ençeme kynçylyklara hötde gelen bir uýamyz kiçigöwünlilik bilen: «Men ölmänkäm, dünýäniň soňy gelermikä?» diýdi. Ýehowa köpden bäri gulluk edýän käbir dogan-uýalary şeýle sorag biynjalyk edýär. Biz Hudaýyň häzirki kynçylyklary aýryp, ähli zady täzelejek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Ylh. 21:5). Şeýtanyň dünýäsiniň soňunyň örän golaýlandygyny bilsek-de, şol güne sabyrly garaşmak kyn bolmagy mümkin.
2. Biz haýsy soraglara serederis?
2 Mukaddes Ýazgylarda sabyrly bolmagyň wajypdygy nygtalýar. Hudaýyň gadymy gullukçylary ýaly, biz hem berk imanly bolup, şol wagta sabyrly garaşsak, Hudaýyň wadalaryna gowşarys (Ýewreýler 6:11, 12-nji aýatlary okaň). Ýehowa sabyrly bolmakda gowy görelde görkezýär. Ol islendik wagt erbetligiň soňuna çykyp bilerdi, ýöne bellenen wagta çenli garaşýar (Rim. 9:20—24). Ýehowa näme üçin sabyr edýär? Isa sabyrly bolmakda nähili görelde görkezdi? Sabyrly bolmagyň näme peýdasy bar? Hatda Ýehowa gijä galýan ýaly bolup görünse-de, şu soraglaryň jogaby bize sabyrly we berk imanly bolmaga kömek eder.
ÝEHOWA NÄME ÜÇIN SABYR EDÝÄR?
3, 4. a) Ýehowa näme üçin sabyr etdi? b) Erem bagynda pitne turanda Ýehowa näme etdi?
3 Ýehowanyň sabyr etmeginiň ýerlikli sebäbi bar. Dogry, onuň bütin Älem-jahanyň üstünden höküm sürmäge hemişe doly haky bar. Şeýle-de bolsa, Erem bagyndaky pitneçileriň orta atan meselesine gutarnykly jogap bermek üçin wagt gerekdi, şonuň üçin Ýehowa sabyr edýär. Hudaý gökdäki perişdeleriň we ýerdäki adamlaryň pikirlerini we işlerini gowy bilýär, şonuň üçin bize peýdaly zady edýär (Ýew. 4:13).
4 Ýehowanyň niýetine görä, Adam ata bilen How enäniň nesli ýer ýüzüni doldurmalydy. Şeýtan How enäni aldap, soňra Adam atany hem pitne turuzmaga iteklese-de, Ýehowa niýetinden ýüz öwürmedi. Ol şonda aljyramady, howlukmaç karara gelmedi ýa-da gaty ünjä düşmedi we adamzat neslini dereksiz hasap etmedi. Gaýtam, adamzat we ýer üçin niýetini amala aşyrmagy dowam etdi (Iş. 55:11). Ýehowa özüne erk edip we sabyrly bolup, niýetini amala aşyrdy hem-de höküm sürmäge haklydygyny subut etdi. Käbir ýagdaýlarda niýetini has gowy amala aşyrmak üçin hatda müňlerçe ýyl garaşdy.
5. Ýehowanyň sabry nähili bereketler berýär?
5 Onsoňam, Ýehowa mümkin boldugyndan adamlaryň ebedi ýaşaýşa gowuşmagy üçin sabyrly garaşýar. Ol häzir «uly märekäniň» halas bolmagy barada alada edýär (Ylh. 7:9, 14; 14:6). Ýehowa wagyz işi arkaly adamlary Patyşalygy hem-de adalatly talaplary hakda öwrenmäge çagyrýar. Hudaýyň Patyşalygy baradaky «hoş habar», hakykatdan-da, adamzat üçin iň gowy habar! (Mat. 24:14). Ýehowanyň çagyran her bir adamy dogrulygy söýýän hakyky dostlaryň bütindünýä ýygnagynyň agzasy bolýar (Ýahýa 6:44—47). Söýgüden doly Hudaý olara razylygyny gazanmaga kömek edýär. Şeýle-de Hudaý adamlaryň arasynda gökdäki hökümetiň agzalaryny hem saýlaýar. Olar göge galyp, Hudaýa gulak asýan adamlara kämillige we ebedi ýaşaýşa gowuşmaga kömek ederler. Diýmek, Ýehowa sabyrly garaşsa-da, biziň aladamyzy edip, wadalaryny berjaý etmek üçin tagalla edýär.
6. a) Ýehowa Nuhuň günlerinde sabyrlydygyny nädip görkezdi? b) Ýehowa biziň günlerimizde sabyrlygyny nädip görkezýär?
6 Köpler Ýehowany äsgermän erbet iş etse-de, ol sabyr edýär. Muny Nuhuň günlerinde ýer ýüzüni sil almanka bolan wakadan görse bolýar. Şol wagt ýer ýüzi ahlaksyzlykdan, zalymlykdan doludy. Hatda Ýehowa adamlaryň gözgyny ýagdaýyny görüp «ýüreginde agyry duýdy» (Gel. çyk. 6:2—8). Ol şeýle ýagdaýyň ebedilik bolmagyna ýol bermän, gulak asmaýan adamlary ýok etmek kararyna geldi. Ýehowa «Nuhuň günlerinde» sabyr edip, Nuhy we onuň maşgalasyny halas etmäge taýýarlady (1 Pet. 3:20). Wagty gelinde Ýehowa Nuha özüniň gelen kararyny aýtdy we gämi ýasamagy tabşyrdy (Gel. çyk. 6:14—22). Mundan başga-da «dogurlyk wagyzçysy» Nuh ýetip gelýän heläkçilik barada başga adamlara duýdurdy (2 Pet. 2:5). Isa biziň günlerimiziň hem Nuhuň günleri ýaly boljagyny aýtdy. Ýehowa bu zalym dünýäni haçan ýok etmelidigini kesgitledi. «Emma ol güni hem sagady hiç kim» bilmeýär (Mat. 24:36). Şu günler biz hem başga adamlara duýduryp, nädip halas bolmalydygy barada gürrüň berip, Hudaýyň tabşyrygyny berjaý edýäris.
7. Ýehowa wadalaryny ýerine ýetirmegi gijikdirýärmi? Düşündiriň.
7 Diýmek, Ýehowanyň sabyr etmegi el gowşuryp oturandygyny aňlatmaýar. Şol sebäpli Hudaý bize üns bermeýär ýa aladamyzy etmeýär öýtmeli däl. Ýöne ýaşyň geçmegi bilen we zalym dünýädäki kynçylyklar sebäpli şeýle pikirler döremegi mümkin. Belki, ruhdan düşýändiris ýa-da Hudaý wadalaryny ýerine ýetirmegi gijikdirýän ýaly bolup görünmegi ahmal (Ýew. 10:36). Ýehowanyň sabyr etmegine degerli sebäpleriň bardygyny we galan wagtyny wepaly gullukçylarynyň peýdasyna ulanýandygyny unutmaň (2 Pet. 2:3; 3:9). Geliň, indi Isanyň sabyr häsiýetine seredeliň.
ISA SABYRLY BOLMAKDA NÄHILI GÖRELDE GÖRKEZDI?
8. Isanyň sabyr häsiýeti haýsy ýagdaýlardan görünýär?
8 Isa müňlerçe ýyllar bäri Hudaýyň islegini höwes bilen ýerine ýetirýär. Şeýtan pitne turzanda, Ýehowa ýalňyz Ogluny ýer ýüzüne Mesih hökmünde ibermegi ýüregine düwdi. Oýlanyp görüň, bellenen wagta çenli Isa müňlerçe ýyllap sabyrly garaşypdyr (Galatýalylar 4:4-i okaň). Şol wagtyň dowamynda Isa-da el gowşuryp oturmandyr. Ol Atasynyň tabşyran işini berjaý edýärdi. Isa ýer ýüzüne gelip, pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Şeýtanyň elinden öljegini bilýärdi (Gel. çyk. 3:15; Mat. 16:21). Ol köp görgi hem agyry çekmeli bolsa-da, sabyrly bolup, Hudaýyň islegine boýun boldy. Isa diňe özüni bilmeýärdi. Ol Hudaýyň Ogly bolsa-da, kiçigöwünlidi we kynçylyklardan gaçmaýardy. Ol Hudaýa wepaly bolmakda kämil görelde görkezdi, bizem onuň göreldesine eýermeli (Ýewr.5:8, 9).
9, 10. a) Isa Ýehowanyň bellän wagtyna garaşyp, nämeler edýär? b) Biz nädip Isanyň göreldesine eýerip bileris?
9 Isa Mesihe direlenden soňra, ýerde-gökde ygtyýar berildi (Mat. 28:18). Isa şol ygtyýaryny hemişe Ýehowanyň niýetini bellenen wagtda ýerine ýetirmek üçin ulanýar. Şeýlelikde, Ýehowa 1914-nji ýylda duşmanlarynyň üstünden ygtyýar berýänçä, Isa Hudaýyň sagynda sabyrly garaşdy (Zeb. 110:1, 2; Ýew. 10:12, 13). Tizden ol Şeýtanyň dünýäsini ýok eder. Häzir bolsa, Isa adamlara Hudaýy razy etmegi sabyrly öwredýär we olary «ýaşaýyş suwuna» eltýär (Ylh. 7:17).
10 Sen nädip Isanyň göreldesine eýerip bilersiň? Ol Ýehowanyň käbir zatlar üçin wagt belländigini bilýärdi. Elbetde, Isa Ýehowanyň tabşyrygyny berjaý etmek isleýärdi, muňa garamazdan, ol Hudaýyň bellän wagtyna garaşýardy. Biz hem Şeýtanyň zalym dünýäsiniň ýok edilmegine garaşyp, sabyrly bolmaly. Şeýle hem Hudaýdan öňe geçjek bolmaly däl we lapykeç bolsak hem ruhdan düşmeli däl. Şeýle sabyrly bolmak üçin näme etmeli?
SABYRLY BOLMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?
11. a) Imanyň we sabryň näme baglanyşygy bar? b) Biziň imanymyz näme üçin has-da berk bolmaly?
11 Isadan öňki pygamberler we Hudaýyň beýleki wepaly gullukçylary bikämil adamlaryň hem sabyrly çydap biljegini subut etdiler. Olaryň mysalyndan imanyň we sabryň baglanyşyklydygyny görýäris (Ýakup 5:10, 11-nji aýatlary okaň) Eger olar Ýehowanyň aýdanlaryna ýürekden ynanmadyk bolsa — imany gowşak bolsa — onda wadalaryň ýerine ýetmegine sabyrly garaşyp bilerdilermi? Olar gaýta-gaýta gorkunç ýagdaýlara we iman synaglaryna duşsalar-da, çydap bildiler, sebäbi Ýehowanyň wadalarynyň hökman ýerine ýetirjekdigine berk ynanýardylar (Ýew. 11:13, 35—40). Bizde bolsa imanymyzy berkitmäge mümkinçilik has-da köp, sebäbi häzir Isa «imanymyzyň... Kämilleşdirijisi» bolup hyzmat edýär (Ýew. 12:2). Ol köp pygamberlikleri berjaý etdi we bize Ýehowanyň niýetine has-da gowy düşünmäge kömek etdi.
12. Imanyňy berkitmek üçin näme etmeli?
12 Imanyňy berkidip, has-da sabyrly bolmak üçin näme edip bilersiň? Munuň üçin Hudaýyň maslahatlaryna eýermek wajyp. Meselem, Patyşalygy durmuşyňda näme üçin birinji orunda goýmalydygyň hakda oýlanyp gör. Matta 6:33-däki tabşyryga gulak asmak üçin has-da köp tagalla edip bilersiňmi? Belki, sen has-da sada ýaşamagy öwrenmelisiň ýa-da gulluga köpräk çykmalysyň. Eden tagallalaryň üçin Ýehowanyň eýýäm beren bereketlerini gözden salma. Mümkin, sen täze Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlansyň ýa-da «her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygyny» alansyň (Filipililer 4:7-i okaň). Ýehowanyň maslahatlaryna eýerip, alan bereketleriň barada näçe oýlansaň, şonça-da sabyrly bolmaga höwesiň artar (Zeb. 34:8).
Sabyrly bolsaň, öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtaryp, köp bereketler alarsyň!
13. Imanyň bize has-da sabyrly bolmaga kömek edýändigini haýsy mysal görkezýär?
13 Imanyň has-da sabyrly bolmaga kömek edýändigini görkezýän bir mysala seredeliň. Daýhan ekini ekýär, suwarýar, ýetişdirýär we hasyl ýygnaýar. Her sapar gowy hasyl alyp, indiki gezek has-da ynamly ekin ekýär, hatda ekin meýdanyny giňeldip başlaýar. Hasyla çenli sabyrly garaşmaly bolsa-da, ekini ekýär, sebäbi gowy hasyl aljagyny bilýär. Şoňa meňzeşlikde, biz hem Ýehowanyň maslahatlaryny öwrenip, olara eýersek, peýdasyny göreris. Netijede, Ýehowa ynamymyz hem imanymyz has-da berkär. Şonda sabyrly bolup, geljekki bereketlere garaşmak hem aňsat bolar (Ýakup 5:7, 8-nji aýatlary okaň).
14, 15. Biz adamlaryň çekýän horluklaryna nähili garamaly?
14 Mundan başga-da, sabyrly bolmagy öwrenmek üçin dünýäde bolýan wakalara we öz ýagdaýymyza dogry garamaga çalyşmaly. Ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garajak bol. Meselem, Ýehowanyň adamzadyň çekýän horluklaryna garaýşy hakda pikirlenip gör. Ýehowa adamlaryň horluk çekýändigini köpden bäri görüp gelýär we gynanýar. Ýöne şonda-da ýagşylyk etmegini goýmady. Ol ýalňyz Ogluny «iblisiň işlerini ýok etmek» we Şeýtanyň adamlara görkezen ähli horluklaryny aýyrmak üçin iberdi (1 Ýahýa 3:8). Diýmek, häzirki kynçylyklar wagtlaýyn, Hudaý tizden ähli horluklary hemişelik aýrar. Şonuň üçin dünýäde bolýan erbetlikleri görüp, imanymyz gowşamasyn. Ýehowa garaşyp, sabyr käsämiz püre-pür bolmasyn. Geliň, Hudaýyň wadalaryna iman edeliň. Ýehowa erbetligi haçan ýok etjegini anyk bilýär we ony bellän wagtynda-da hökman ýok eder (Iş. 46:13; Nah. 1:9).
15 Zalym dünýäniň soňky kyn günlerinde imanymyz her hili synalmagy mümkin. Zorluk-süteme duşsak ýa-da dogan-garyndaşymyz horluk çekse, gaharlanmagyň deregine, Ýehowa doly bil baglamagy ýüregimize düwmeli. Bikämil adamlara şeýle etmek aňsat bolmaýar. Ýöne Isanyň görkezen göreldesini unutmalyň (Matta 26:39-y okaň)
16. Bu dünýäniň soňuna garaşyp, biz nämeden gaça durmaly?
16 Dünýäniň soňunyň golaýdygyna şübhelenýän adam nädogry düşünjä eýerip başlamagy mümkin. Megerem, ol Ýehowanyň wadalary tama eden wagty ýerine ýetmese, nähili ýaşajakdygy hakynda pikirlenýändir. Ol: «Men biraz garaşyp, Ýehowa aýdan zatlaryny edýärmi ýa ýok, şony göreýin» diýip, oýlanmagy mümkin. Şeýle nädogry düşünjä eýerýändigi üçin oňa sabyrly bolmagam kyndyr. Şol sebäpli-de, belki, bu dünýäde wezipä kowalaşjak bolar ýa-da Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmagyň deregine, baýlyga bil baglap başlar. Mümkin, ol häzirki dünýäde has gowy ýaşaýyn diýip, ýokary bilimi almagyň küýüne düşer. Eýsem, bu imanyň gowşakdygyny görkezmeýärmi? Ýadyňda bolsa, Pawlus bizi «iman hem sabyr arkaly» Ýehowanyň wada beren bereketlerini alan adamlaryň göreldesine eýermäge höweslendirýär (Ýew. 6:11). Ýehowa häzirki zalym dünýäni ýok etmegi ýüregine düwdi we bellän wagtyndan birje günem gijikmez (Hab. 2:3). Şol wagta garaşyp, biz Ýehowa göwünli-göwünsiz gulluk etmekden ägä bolmaly. Tersine, soňky günlerde ýaşaýandygymyzy unutman, bar güýjümiz bilen hoş habary wagyz etmeli. Bu bize köp şatlyk berer (Luka 21:36).
SABYRLY BOLMAGYŇ PEÝDASY
17, 18. a) Sabyr häsiýeti bize nähili mümkinçilik berýär? b) Sabyrly bolsak, nähili bereketler alarys?
17 Ýehowa birnäçe aý ýa onlarça ýyl gulluk edýän bolsak-da, tapawudy ýok, biz oňa ebedi gulluk etmek isleýäris. Zalym dünýäniň soňuna çenli näçe wagt galan bolsa-da, sabyr häsiýeti bize çydamaga kömek eder. Bizde Ýehowanyň kararlaryna doly bil baglaýandygymyzy we onuň ady üçin horluk çekmäge-de taýýardygymyzy görkezmäge mümkinçilik bar (1 Pet. 4:13, 14). Onsoňam, Hudaý bize soňuna çenli çydap halas bolmak üçin sabyrlylygy öwredýär (1 Pet. 5:10).
18 Isa ýerde hem gökde ähli ygtyýar berildi, şonuň üçin wepaly bolsaň, özüňden başga hiç bir zat seni onuň goragyndan mahrum edip bilmez (Ýahýa 10:28, 29). Diýmek, gelejekden-de, hatda ölümden-de gorkmaly däl. Soňuna çenli çydan halas bolar. Şonuň üçin, dünýäniň düşünjesiniň ýesiri bolup, Ýehowa bil baglamagy goýmalyň. Gaýtam, Hudaýyň sabyr edýändigini görüp, imanymyzy berkideliň we wagtymyzy paýhasly geçireliň (Mat. 24:13; 2 Petrus 3:17, 18-nji aýatlary okaň).