Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/6 sah. 3—6
  • Meniň Ýehowa gulak asmagym köp bereket getirdi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Meniň Ýehowa gulak asmagym köp bereket getirdi
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • RUHANYLAR BILEN GÜRRÜŇDEŞLIK
  • GULLUGYŇ BAŞGA GÖRNÜŞLERINE BAŞLAÝARYS
  • DURMUŞYMYZDA BOLAN BAŞGA ÖZGERIŞLIK
  • KYN PURSATLARDA HEM GULAK ASÝARYN
  • Başdaky söýgiňiz sowamasyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Şu ýaşyma çenli Ýehowadan öwrenýärin
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/6 sah. 3—6

TERJIMEHAL

Meniň Ýehowa gulak asmagym köp bereket getirdi

Gürrüň berdi Elisa Pissioli

Biz entek çagakak, kakam bize şeýle diýerdi: «Nuh pygamber bize, gör, nähili ajaýyp görelde galdyrdy! Ol Ýehowany we maşgalasyny söýýärdi. Onuň maşgala agzalarynyň hemmesi gämä girendigi sebäpli Tupandan halas boldular».

BU MENIŇ kakam hakyndaky irki ýatlamalarym. Ol sada hem zähmetsöýer adamdy. Kakam adalatlylygy diýseň gowy görýärdi, şol sebäpli-de ol 1953-nji ýylda Mukaddes Ýazgylardaky hoş habary eşiden badyna, hakykaty kabul etdi. Ol öwrenýän zatlaryny çagalaryna-da düşündirmek üçin jan edýärdi. Ilkibada, ejem katolik dininiň däp-dessurlaryny goýmak islemeýärdi. Emma wagtyň geçmegi bilen, ol hem Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryny kabul etdi.

Kakama we ejeme biziň bilen sapak geçmek gaty kyn düşýärdi. Sebäbi ejemiz sowatsyz diýen ýalydy. Kakamyz bolsa, meýdanda köp wagtlap agyr zähmet çekýärdi. Käte ol şeýle bir ýadaw bolýardy welin, biziň bilen sapak geçilende irkilmän oturup bilmeýärdi. Emma onuň çeken zähmeti biderek bolmady. Men iň ulusy bolandygym üçin jigilerime özüm tälim bererdim. Şonda men kakamyň köplenç nygtap geçýän zadyny, ýagny Nuhuň öz maşgalasyny söýendigini we Hudaýa gulak asandygyny gürrüň bererdim. Men Mukaddes Ýazgylardaky bu wakany diýseň gowy görýärdim! Tizden biz Adriatik deňziniň Italiýadaky kenarynda ýerleşýän Roseto Degli Abruzzi şäherindäki Patyşalyk zalynda geçýän ýygnak duşuşyklaryna baryp başladyk.

1955-nji ýylda ejem ikimiz Rimde boljak kongrese barmak üçin daglyk ýerlerden geçipdik. Bu biziň baran ilkinji kongresimizdi. Men şonda 11 ýaşymdadym. Şondan bäri men kongresleri mesihçi durmuşymyň iň ajaýyp aýratynlygynyň biri hasaplaýaryn.

Men 1956-njy ýylda suwda çokundyryldym we tiz wagtdan doly wagtly gulluga başladym. Men 17 ýaşymda Rimden 56 km günortada we öz öýümden 300 km uzaklykda ýerleşýän Latina şäherinde ýörite pioner gullugyna başladym. Bu täze gurlan şäherdi, şol sebäpli ol ýerde hiç kim başgalaryň hakykat bilen gyzyklanýandygyna üns bermeýärdi. Men pioner joram bilen Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary yhlasly paýlaýardym. Emma gaty ýaş bolandygym sebäpli öýümi küýseýärdim! Ýöne tabşyrylan işi ýerine ýetirmek üçin, Ýehowa gulak asmak isleýärdim.

Soňra meni 1963-nji ýylda Milanda geçiriljek «Ebedi hoş habar» atly halkara kongresinde görülýän taýýarlyk işlerine kömek etmek üçin bellediler. Şol kongresde men başga-da ençeme dogan-uýalar bilen meýletin gullukçy bolup hyzmat etdim. Olaryň arasynda Paolo Pissioli atly Florensiýadan gelen ýaş dogan hem bardy. Kongresiň ikinji güni ol sallahlyk barada ruhlandyryjy doklad bilen çykyş etdi. Men şonda içimden: «Bu dogan hiç haçan öýlenmese gerek» diýipdim. Emma biz biri-birimize hat ýazyp başladyk. Şonda ikimiziň hem maksatlarymyzyň birdigine hem-de Ýehowa bolan söýgimiziň we Oňa gulak asmaga güýçli islegimiziň bardygyna düşündik. Biz 1965-nji ýylda toý tutduk.

RUHANYLAR BILEN GÜRRÜŇDEŞLIK

Men Florensiýada 10 ýyl pioner bolup gulluk edipdim. Ol ýerdäki ýygnaklaryň we ýaşlaryň ruhy taýdan ösüşini görmek diýseň begendirýärdi. Paolo ikimiz olar bilen ruhy gürrüňler etmek we dynç almak üçin wagt sarp ederdik. Paolo köplenç olar bilen futbol hem oýnardy. Elbetde, men wagtymy ýanýoldaşym bilen geçiresim gelýärdi. Ýöne onuň ýygnakdaky ýaş dogan-uýalara, maşgalalara wagt sarp etmeginiň hem-de içgin gyzyklanmagynyň zerurdygyna we munuň olara peýda getirýändigine düşünýärdim.

Biz şol döwür ençeme adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärdik. Men olary ýatlap örän begenýärin. Meselem, Adriana atly gyzyklanýan öwrenýän zatlaryny başga iki maşgala gürrüň berýär. Olar bolsa Troisa (Üç ýüzli hudaý) we ölmeýän jan hakdaky buthananyň taglymaty barada gürrüňdeş bolmak üçin ruhanylary çagyrdylar. Duşuşyga üç sany ruhany gelipdi. Biziň bilen okuw geçýänler Mukaddes Ýazgylaryň şol taglymatlar babatda öwredýän zatlaryny ruhanylaryň berýän çylşyrymly we manysyz jogaplary bilen deňeşdirip gördüler. Dogrudan-da, duşuşyk okuw geçýänlere gowy täsir edipdi. Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen olaryň maşgalalarynda 15 adam Güwäçi boldy.

Elbetde, biziň şu günki wagyz edişimiz öňküden tapawutlanýar. Paolo ruhanylar bilen gürrüňdeş bolmakda «ussatdy» we olar bilen baglanyşykly ençeme wakany başyndan geçiripdi. Bir gezek onuň hakykata gyrşy çykýan adamlaryň öňünde çykyş edeni ýadyma düşýär. Olaryň kyn soraglary bermek üçin öňünden taýýarlyk görendigi mese-mälimdi. Emma gürrüňdeşlik garaşylmadyk tarapa ýüz urdy. Kimdir biri buthananyň asyrlar boýy syýasy işlere gatyşýandygy barada sorag berdi. Şonda ruhanylar çykgynsyz ýagdaýa düşdi. Birdenkä, ol ýerde çyra öçdi we hemme adamlar dargaşdy. Şol duşuşykda gürrüňdeşlik ters tarapa öwrülse, ruhanylar çyrany öçürmeli diýip dilleşipdirler. Biz muňa ençeme ýyldan soň düşündik.

GULLUGYŇ BAŞGA GÖRNÜŞLERINE BAŞLAÝARYS

Biziň durmuş guranymyza on ýyl bolanda, aýlanýan gözegçilik gullugyna çagyrdylar. Paolonyň gowy işi bardy, şol sebäpli oňa bu teklibi kabul etmek aňsat düşmedi. Ýöne biz doga edip, oýlananymyzdan soň, bu teklibi kabul etmeli diýen karara geldik. Biz myhman alýan maşgalalar bilen wagtymyzy hoş geçirýärdik. Köplenç biz agşamlaryna Mukaddes Ýazgylar okuwyny bütin maşgala bilen bilelikde geçirýärdik we soňra Paolo çagalara, esasanam, matematika sapagyndan öý işlerini etmäge kömekleşýärdi. Şeýle-de Paolo okamagy gaty gowy görýärdi we okan gyzykly hem-de ruhlandyryjy zatlaryny gürrüň berýärdi. Biz duşenbe günleri köplenç wagyzçylaryň ýok şäherlerinde wagyz etmäge gidýärdik we adamlary agşam boljak doklada çagyrýardyk.

Biziň aýlanýan gözegçilik gullugyna başlanymyza ýaňy iki ýyl bolanda, bizi Rimdäki filialda gulluk etmäge çagyrdylar. Paola ýuridiki meseleler boýunça iş berildi, meni bolsa žurnallar bölümine bellediler. Täze gulluga öwrenişmek üçin özgerişlikler etmek aňsat däldi, ýöne biz görkezmä gulak asmagy ýüregimize düwdük. Filialyň ýuwaş-ýuwaşdan giňelmegini we ol ýurtdaky doganlygyň uly depginde ösüşini görmek, diýseň göwnüňi göterýärdi. Şol wagt Italiýadaky Ýehowanyň Güwäçileri kanuny taýdan resmileşdirildi. Biz filialda gulluk edýändigimize örän begenýärdik.

Beýtelde gulluk edýän döwrümiz Hudaýyň gullukçylarynyň gan babatdaky Mukaddes Ýazgylara esaslanan garaýşy hemmäniň ünsüni çekdi. 1980-nji ýyllaryň başlarynda bu meselä kanun taýdan seredilip başlandy. Adamlar bir Güwäçi är-aýaly gyzynyň ölüminde aýypladylar. Olaryň aýtmagyna görä, şol gyz gan goýberilmändigi sebäpli ölüpdi. Emma bu töhmetdi. Sebäbi ol şol ýerlerde köp adamlarda bolýan gan azlyk keseli sebäpli ölüpdi. Şonda Beýtel maşgalasynyň agzalary bu är-aýalyň aklawçysy bolup çykyş edýänlere kömek edýärdiler. Adamlar gan babatda Hudaýyň Sözünde näme diýilýändigine dogry düşüner ýaly, kiçiräk broşýura we «Oýanyň!» žurnalynyň ýörite sany çykaryldy. Şol aýlar Paolo köplenç her gün 16 sagat dyngysyz işleýärdi. Men ony bu wajyp işde goldamak üçin elimde baryny edýärdim.

DURMUŞYMYZDA BOLAN BAŞGA ÖZGERIŞLIK

Maşgala guranymyza 20 ýyl bolanda, biziň durmuşymyzda garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Men şonda 41, Paolo bolsa 49 ýaşyndady. Men ýanýoldaşyma: «Men göwreli bolaýdym öýdýän» diýdim. Men Paolanyň ýöredýän gündeliginde şeýle sözleri okadym: «Doga: Ýehowa, eger bu dogrudan-da şeýle bolsa, onda bize doly wagtly gullugy dowam etmäge, ruhy taýdan gowşamazlyga we gowy ata-ene bolmaga kömek et. Şeýle-de maňa 30 ýylyň içinde sahnada çykyş edip aýdan zatlarymyň iň bolmanda bir bölegini ýerine ýetirmäge ýardam ber». Durmuşymyzyň galan böleginde bolan wakalar Ýehowanyň şol dogalara jogap berendigini subut etdi.

Ilaria dünýä inende, maşgalamyzda ägirt uly özgerişlikler boldy. Dogrymy aýtsam, biz käte ruhdan düşýärdik, hatda Süleýmanyň tymsallary 24:10-da: «Aladaly günde tapdan düşseň, kuwwatyň azdyr» diýilýänini başdan geçirdik. Emma biz birek-birege goldaw bermegiň wajypdygyny unutmaýardyk.

Ilaria doly wagtly gullukçylaryň maşgalasynda dünýä inenine özüni bagtly saýýandygyny gaýta-gaýta aýdýar. Ol özüni hiç haçan gerekmejek ýaly duýmaýardy. Ilaria aladaçyl maşgalada önüp ösdi. Men uzakly gün onuň aladasyny edýärdim. Paolo agşam öýe gelende, etmeli işi bar bolsa-da, Ilaria bilen wagtyny geçirýärdi, onuň bilen oýun oýnaýardy we oňa mekdepde berlen öý işlerini etmäge kömek edýärdi. Ol hatda ýarygije sagat iki-üçe çenli işlerini etmeli bolsa-da, gyzyna wagt sarp edýärdi. Ilaria köplenç: «Kakam — meniň iň gowy dostum» diýerdi.

Biz gyzymyza mesihçi ýolundan ýöremäge kömek etmek üçin yzyny üzmän tagalla edýärdik. Käte bize çydamlylyk hem gerek bolýardy. Bir gezek ol jorasy bilen oýnap ýörkä, özüni erbet alyp bardy. Şonda biz oňa Mukaddes ýazgylar arkaly özüňi näme üçin şeýle alyp barmaly däldigini düşündirdik. Şeýle-de biz Ilariany jorasyndan ötünç soramaga höweslendirdik.

Ilaria biziň wagza bolan söýgümizi görüp, özi hem wagyz etmegi gowy görüp başlady. Ol munuň üçin bize diýseň minnetdardygyny aýdýar. Häzir onuň öz maşgalasy bar, şol sebäpli ol Ýehowa gulak asmagyň we Onuň görkezmesine eýermegiň wajypdygyna has gowy düşünýär.

KYN PURSATLARDA HEM GULAK ASÝARYN

2008-nji ýylda Paolo özünde rak keseliniň bardygyny bildi. Ilkibada, ol bu keselden gutuljak ýaly bolup görünýärdi. Şol wagtlar Paolo meni örän ruhlandyrýardy. Ilaria ikimiz gowy lukman gözleýärdik we Ýehowa uzak wagtlap doga edip, boljak zatlara döz gelmäge goldaw bermegini soraýardyk. Men bir mahallar örän güýçli we gujurly adamyň, indi ýuwaş-ýuwaşdan ysgyndan gaçýandygyny gözüm bilen görýärdim. Paolo 2010-njy ýylda aradan çykdy. Bu meniň üçin gaty agyr ýitgi boldy. Emma Paolo ikimiziň 45 ýylyň içinde bilelikde eden işlerimiz, maňa göwünlik berýär. Biz durmuşymyzyň iň gowy bölegini Ýehowa berdik. Onuň muny hiç haçan unutmajakdygyny bilýärin. Men Isanyň Ýahýa 5:28, 29-njy aýatlarda aýdyşy ýaly, Paolonyň direljek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

«Men özümi entegem Nuhuň hekaýasyny söýýän kiçijik gyzjagaz ýaly duýýaryn. Meniň tabyn bolmak islegim henizem üýtgänok»

Men özümi entegem Nuhuň hekaýasyny söýýän kiçijik gyzjagaz ýaly duýýaryn. Meniň tabyn bolmak islegim henizem üýtgänok. Ýehowa menden näme talap etse-de, Oňa gulak asmak isleýärin. Men söýgüden doly Hudaýymyzyň berýän ajaýyp bereketleriniň islendik kynçylyklardan, zyýandan ýa-da ýitgiden has gymmatlydygyna ynanýaryn. Men bu zatlary durmuşymda öz gözüm bilen gördüm we Ýehowa gulak asmaklygyň eden tagallalaryňa degýändigine düşündim.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş