Ýehowanyň häsiýetlerini gymmat saýyň
«Söýgüli çagalar ýaly bolup, Hudaýdan görelde alyň». EFES. 5:1
1. a) Siz Ýehowanyň haýsy häsiýetleri hakda oýlanýarsyňyz? b) Hudaýyň häsiýetlerini çuňňur öwrenmegiň nähili peýdasy bar?
SIZ Ýehowa Hudaý barada oýlananyňyzda, Onuň haýsy häsiýetleri göz öňüňize gelýär? Ähtimal, Onuň söýgüsi, adalatlygy, akyldarlygy we güýji ýadymyza düşýändir. Emma biz Ýehowanyň başga-da ençeme ajaýyp häsiýetleriniň bardygyny bilýäris. Aslynda, Ýehowanyň 40-dan gowrak dürli häsiýetleri bar. Biziň edebiýatlarymyzda olaryň hersi hakda gürrüň edilipdi. Biz şahsy we maşgala okuwynyň dowamynda Ýehowanyň häsiýetleri barada köp gyzykly zatlary öwrenip bilýäris. Bu nähili peýda getirer? Bu bize gökdäki Atamyzyň häsiýetlerini gymmat saýyp, olaryň gadyryny bilmäge kömek eder. Ýehowany näçe gowy tanadygymyzça, şonça-da Oňa ýakynlaşmaga we göreldesine eýermäge islegimiz artar (Ýeş. 23:8; Zeb. 73:28).
2. a) Biz Ýehowanyň häsiýetlerine minnetdarlygymyzy nädip artdyryp bileris? Mysal getiriň. b) Biz şu makalada nämelere serederis?
2 Bir zadyň «gadyryny bilmek» nämäni aňladýar? Bu sözler haýsydyr bir zada dogry baha bermegi ýa-da onuň gymmatlydygyna doly göz ýetirmegi aňladýar. Şeýle duýgy ýuwaş-ýuwaşdan güýjeýär. Meselem, biz bişirilen tagamyň üýtgeşik bir ýakymly ysyny alanymyzda, ony dadyp göresimiz gelýär. Bu tagamyň süýjüdigine düşünenimizde, ony özümiz hem bişiresimiz geler. Şonuň ýaly, biz hem Ýehowanyň haýsydyr bir häsiýetini çuňňur öwrenip, ol hakda oýlananymyzda we ony durmuşda ulananymyzda, bu häsiýetiň gadyryny bilip başlaýarys (Efes. 5:1). Şu we indiki iki makalada gürrüň ediljek zatlar bize Hudaýyň häsiýetleriniň gadyryny bilmäge kömek eder. Biz bu makalalaryň hersinde şeýle soraglara serederis: Hudaýyň häsiýetleriniň gadyryny bilmek nämäni aňladýar? Ýehowa öz häsiýetlerini iş ýüzünde nädip görkezýär? Bu babatda biz nädip Ondan görelde alyp bileris?
ÝEHOWA ÜNSLI DIŇLEMÄGE WE KÖMEK ETMÄGE HEMIŞE TAÝÝAR
3, 4. a) Başgalary ünsli diňlemäge hemişe taýýar adam nähili bolýar? b) Ýehowa bizi ünsli diňlemek bilen, kömek etmäge taýyndygyna nädip ynandyrýar?
3 Geliň, ilki bilen, Ýehowanyň bizi ünsli diňlemäge we kömek etmäge hemişe taýýardygy hakda gürrüň edeliň. Başgalary hemişe ünsli diňleýän adam nähili bolýar? Şeýle adam mähirli, wagt sarp etmäge taýýar we onuň bilen gürrüňdeş bolmak aňsat bolýar. Köplenç adamyň bizi ünsli diňlemäge taýyndygyny ýa-da taýyn däldigini onuň özüni alyp barşyndan, ýagny durşundan, ýüz-gözüniň hereketinden we şuňa meňzeş zatlardan bilse bolýar.
4 Ýehowa bizi hemişe ünsli diňläp, kömek etmäge taýyndygyny nädip görkezýär? Hudaý ägirt uly Älemiň Gudratygüýçli Ýaradyjysy bolsa-da, Ol biziň dogalarymyzy ünsli diňlemäge taýyndygyny we muny ýürekden isleýändigini hem-de olara jogap beresi gelýändigini aýdýar (Zebur 145:18; Işaýa 30:18, 19-njy aýatlary okaň)a. Biz Ýehowa bilen islendik wagty we islendik ýerde gürrüňdeş bolup bilýäris. Biz Oňa arkaýyn ýüz tutup bilýäris, sebäbi Onuň bize käýemejekdigine düşünýäris (Zeb. 65:2; Ýakup 1:5). Hudaýyň Sözünde Ýehowanyň bize hemişe ýakyn bolmak isleýändigi düşündirilýär. Meselem, mezmurçy Dawut «Rebbiň gözleriniň» bize tarap gönükdirilendigini we «sag eliniň» bizi «söýgetleýändigini» aýdýar (Zeb. 34:15; 63:8). Işaýa pygamber Ýehowany çopan bilen deňeşdirip, şeýle diýdi: «Guzulary öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar» (Iş. 40:11). Göz öňüne getirip görüň! Aladaçyl çopanyň kiçijik guzyny gujagynda göterişi ýaly, Ýehowa-da bizi özüne ýakynlaşdyrmak isleýär. Biziň, gör, nähili ajaýyp Atamyz bar! Biz bu babatda Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip bileris?
ÖRÄN GYMMATLY HÄSIÝET
5. Ýygnak ýaşulularyna başgalary hemişe ünsli diňlemäge taýýar bolmak näme üçin wajyp?
5 Ýaňy ýakynda dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan Güwäçilere şeýle sorag berildi: «Siz ýygnak ýaşulularynyň haýsy häsiýetini has gymmat saýýarsyňyz?» Olaryň köpüsi: «Ýaşulularyň elýetmez bolman, eýsem, bizi hemişe ünsli diňlemäge taýýarlygy» diýip jogap berdiler. Elbetde, mesihçileriň hemmesi şeýle häsiýeti ösdürmäge çalyşmaly, emma ýygnak ýaşululary bu häsiýete has-da üns bermeli (Iş. 32:1, 2). Bir uýa bu häsiýeti bildirmegiň wajypdygyny şeýle belläp geçdi: «Eger ýaşuly dogan elmydama ünsli diňlese hem-de onuň ýanyna barmak aňsat bolsa, şonda biz onuň başga-da häsiýetlerine üns berýäris». Siz şu sözleriň paýhaslydygyna düşünýärsiňizmi? Ýöne ünsli diňlemäge we kömek etmäge taýýardygyňy nädip görkezse bolýar?
6. Başgalary ünsli diňlemäge taýýardygyňy nädip görkezse bolýar?
6 Ünsli diňlemäge taýýardygyňy görkezmegiň esasy usuly — başgalar bilen ýürekden gyzyklanmak. Eger ýaşuly dogan başgalaryň aladasyny edip, olara kömek etmäge taýýar bolsa, dogan-uýalar, hatda ýaşlaram muny duýarlar (Mar. 10:13—16). 12 ýaşly Karlos şeýle diýýär: «Ýygnak ýaşulularymyzyň mähirli we güler ýüzüni görmek, maňa «diýseň ýaraýar». Elbetde, ýaşulularyň «Men elýetmez adam däl» diýmegi ýeterlikli bolmaýar, olar bu häsiýeti iş ýüzünde görkezmeli (1 Ýahýa 3:18). Olar muny nädip edip bilerler?
7. Kongresiň plaketkasyny dakynmak näme üçin adamlary gürrüňdeş bolmaga çagyrýar diýse bolar we biz mundan nähili sapak edinýäris?
7 Geliň, şu waka hakda oýlanyp göreliň. Iki ýyl mundan öň bir dogan başga ýurtda bolan kongresden uçarda gaýdyp gelýärdi. Uçaryň hyzmatçysy doganymyzyň plaketkasyndaky «Hudaýyň Patyşalygy gelsin!» diýen ýazgyny görüp: «Goý, şeýle bolsun. Bu barada maňa köpräk gürrüň beriň» diýdi. Soňra doganymyz oňa gowy güwälik edýär we uçaryň hyzmatçysy žurnallarymyzy höwes bilen alýar. Şeýle wakalar biziň köpümizde bolan bolsa gerek. Hawa, dakynýan plaketkamyz bize adamlar bilen gürrüňdeş bolmaga ýardam edýär. Sebäbi adamlar ony görüp, biziň nirä barýandygymyzy bilesi gelip başlaýar. Biziň dakynan plaketkamyz imanymyz barada gürrüň bermek isleýändigimizi görkezýär. Şonuň ýaly-da, mesihçi ýaşulular özüni alyp barşy bilen imandaşlaryna: «Meniň ýanyma arkaýyn geliber» diýen yşarat etmek isleýärler. Olar muny nädip edip bilerler?
8. Ýaşulular dogan-uýalar bilen ýürekden gyzyklanýandygyny nädip görkezip bilýärler we bu ýygnakdakylara nähili täsir edýär?
8 Her bir ýurduň däp-dessurlary biri-birinden tapawutlansa-da, dogan-uýalarymyzy görenimizde mähirli ýylgyrsak, elleşip salamlaşsak we olary dostlukly garşy alsak, biz olar bilen ýürekden gyzyklanýandygymyzy görkezýäris. Şeýle zatlaryň başyny kim başlamaly? Isanyň mysalyna üns bereliň. Mattanyň aýtmagyna görä: «Isa... (şägirtleriniň) ýanlaryna gelip, olara şeýle diýdi» diýilýär (Mat. 28:18). Şu günler hem ýaşulular imandaşlarynyň ýanyna özleri baryp, olar bilen gürrüňdeş bolýarlar. Bu ýygnaga nähili täsir edýär? 88 ýaşly pioner uýa şeýle diýýär: «Ýaşulular Patyşalyk zalynda meni güler ýüz we mähirli sözler bilen garşy alanlarynda, meniň olara bolan söýgim has-da artýar». Ýehowa wepaly gulluk edýän başga bir uýamyz şeýle diýýär: «Belki-de, bu ujypsyzja zat ýaly bolup görünýändir, ýöne ýaşulularyň meni güler ýüz bilen garşy almagyny örän gymmat saýýaryn».
GÜRRÜŇDEŞ BOLMAGA WAGT SARP EDIŇ
9, 10. a) Ýehowa nähili ajaýyp görelde görkezýär? b) Ýaşulular nädip Ýehowadan görelde alyp bilerler?
9 Elbetde, dogan-uýalara wagt sarp etmesek, olar bilen gürrüňdeş bolup bilmeris. Bu babatda Ýehowa bize ajaýyp görelde görkezdi. «Ol biziň hiç birimizden uzakda däldir» (Res. iş. 17:27). Ýaşulular ýygnakdan öň we soň ýaş hem-de gartaşan dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmaga wagt sarp etmeli. Bir pioner dogan şeýle belläp geçdi: «Haçanda ýaşuly meniň ýagdaýymy sorap, ünsli diňlemäge wagt sarp edende, meniň ýüregim minnetdarlykdan dolýar». Ýehowa 50 ýyla golaý gulluk edip gelýän bir uýamyz şeýle diýýär: «Ýaşulular ýygnakdan soň meniň bilen gürrüňdeş bolmaga wagt sarp edende, men özümi gerekli duýup başlaýaryn».
10 Elbetde, mesihçi çopanlaryň başga-da jogapkärli işleri bar. Ýöne olar duşuşyklarda dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmak üçin wagt sarp etmegi birinji orunda goýmaly.
ÝEHOWA HIÇ KIMI ALA TUTMAÝAR
11, 12. a) Adamlary ala tutmazlyk nämäni aňladýar? b) Ýehowa adamlary ala tutmazlykda nähili görelde görkezýär?
11 Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleriniň ýene biri — hiç kimi ala tutmazlyk. «Ala tutmaýar» diýlen jümle nämäni aňladýar? Bu kimdir birini başgalardan artyk saýman, ähli adamlara adalatly seretmegi aňladýar. Munuň iki aýratynlygy bar. Hiç kimi ala tutmazlyk adamyň garaýşyndan we hereketinden görünýär. Bu aýratynlyklaryň näme üçin ikisi-de wajyp? Eger adam ýüzgörmezek garaýyşly bolsa, bu onuň hereketinden görünýär. Injilde «ala tutmaýar» diýlen jümle göni manyda «ýüzüne seretmeýär» diýmegi, ýagny birini başgalardan ýokary tutmazlygy aňladýar (Res. iş. 10:34). Diýmek, başgalary ala tutmaýan adam kimdir biriniň daş keşbine ýa-da maddy ýagdaýyna däl-de, eýsem, onuň adamkärçiligine seredýär.
12 Ýehowa ala tutmazlykda ajaýyp görelde görkezýär. Hudaýyň Sözünde Ýehowa hiç kimi «ala tutmaýar» we «tarapgöýlük etmeýär» diýilýär (Resullaryň işleri 10:34, 35; Kanun taglymaty 10:17-ni okaň)b. Muny Musanyň günlerinde bolup geçen waka aýdyň subut edýär.
13, 14. a) Selophadyň bäş gyzy nähili kyn ýagdaýa düşdi? b) Ýehowa hiç kimi ala tutmaýandygyny nädip görkezdi?
13 Ysraýyllylaryň Wada edilen diýara girmeginiň öň ýanynda, bir adamyň durmuşa çykmadyk bäş gyzy kyn ýagdaýa duş gelýär. Nähili ýagdaýa? Ysraýyldaky her bir maşgala, şol sanda bu gyzlaryň kakasyna-da Wada edilen diýardan ýer berilmelidi (San. 26:52—55). Emma gyzlaryň kakasy, ýagny Manaşe urugyndan bolan Selophad aradan çykypdy. Kanuna görä, Selophada degişli ýer onuň ogullaryna berilmelidi. Emma onuň diňe gyzlary bardy (San. 26:33). Onda Selophadyň ogullary bolmandygy sebäpli, onuň ýeri garyndaşlaryna paýlanyp, gyzlary ýersiz galmalydymy?
14 Bu bäş gyz Musanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Ogly bolmanlygy üçin, kakamyzyň ady öz urugynyň arasyndan ýitip gidäýmelimi? Kakamyzyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan bize-de mülk beriň». Musa olara: «Düzgüne kaýyl bolmaly bolarsyňyz» diýdimi? Ýok. Ol «bularyň dawasyny Rebbiň dykgatyna ýetirdi» (San. 27:2—5). Ýehowa bu meseläni nähili çözdi? Ol Musa şeýle diýdi: «Selophadyň gyzlarynyň diýýäni dogry, sen hökman olara kakalarynyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan mülk ber hem-de kakalarynyň ýer paýyny olara geçir». Şeýle-de Ýehowa Musa ýer paýlanyşyk düzgünine düzediş girizmegi tabşyryp, şeýle diýdi: «Ysraýyllara-da aýt, eger bir adam ölse we onuň yzynda ogly galmasa, onda onuň mülki gyzyna geçirilmelidir» (San. 27:6—8; Ýeş. 17:1—6). Şeýlelikde, bu girizilen düzediş ysraýylly aýal-gyzlara gorag bolmalydy.
15. a) Ýehowa, esasanam, kyn ýagdaýa düşenlere nähili garaýar? b) Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň hiç kimi ala tutmaýandygyny görkezýän ýene-de nähili mysallar bar?
15 Hawa, Ýehowanyň gelen karary, Onuň hiç kimi ala tutmaýandygyny görkezdi! Ol kyn ýagdaýa düşen gyzlara başga ysraýyllylara bildirişi ýaly, hormat bildirdi (Zeb. 68:5). Mukaddes Ýazgylardaky bu waka wajyp hakykaty aýan edýär: Ýehowa hiç bir gullukçysyny ala tutmaýar (1 Şam. 16:1—13; Res. iş. 10:30—35, 44—48).
BIZ ÝEHOWANYŇ GÖRELDESINE EÝERIP BILÝÄRIS!
16. Biz ýüzgörmezek häsiýetini nädip ösdürip bileris?
16 Biz Ýehowanyň ala tutmazlyk häsiýetine nädip eýerip bileris? Ýadyňyzda bolsa, bu häsiýetiň iki aýratynlygy bar. Eger-de biz ýüzgörmezek garaýyşly bolsak, diňe şonda başgalary ala tutman bileris. Ähtimal, biz özümizi ala tutmaýan adam hasaplaýandyrys. Ýöne adamlara bolan garaýşymyzyň nähilidigine dogry baha bermek hemişe aňsat däl. Onda kimdir birini başgalardan ýokary tutmaýandygymyzy nädip barlap bileris? Isa özi barada adamlaryň näme pikir edýändigini bilmek üçin, ynamdar dostlaryndan: «Maňa — Ynsan Ogluna adamlar kim diýýärler?» diýip sorady (Mat. 16:13, 14). Biz hem Isanyň göreldesine eýerip bilerismi? Hiç kimi ala tutmaýandygyňy bilmek üçin, dogrusyny çekinmän aýdýan dostuňdan sorap bilersiň. Eger ol seniň az-owlak milletparaz garaýşyňyň bardygyny, adamlaryň jemgyýetde tutýan ornuna üns berip, baýlygyna görä baha berýändigiňi aýtsa näme etmeli? Ýehowa öz duýgularyň barada ýürekden doga et. Onuň ala tutmazlyk häsiýetine eýerip, garaýşyňy özgertmek üçin, Ondan kömek sora (Mat. 7:7; Kol. 3:10, 11).
17. Biz adamlary ala tutmaýandygymyzy nädip görkezip bilýäris?
17 Biz ýygnak duşuşyklarynda Ýehowanyň ýüzgörmezek häsiýetine eýerip, dogan-uýalaryň ählisine hormat goýmak we olar bilen özümizi mähirli alyp barmak isleýäris. Meselem, eger biz imandaşlarymyza myhmansöýerlik bildirmekçi bolsak, onda islendik milletden bolan dogan-uýalary, şol sanda maddy taýdan ýetmezçilik çekýän, ýetim we dul galan imandaşlarymyzy çagyryp bileris (Galatýalylar 2:10; Ýakup 1:27-ni okaň). Şeýle-de biz dürli milletden we ýurtdan bolan adamlary ala tutman, olara Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýäris. Biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlarymyzyň 600 töweregi dilde çap edilýändigine diýseň begenýäris. Bu hiç kimiň ala tutulmaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr!
18. Sen Ýehowanyň hemişe ünsli diňlemek we hiç kimi ala tutmazlyk häsiýetlerini gymmat saýýandygyňy nädip görkezip bilersiň?
18 Dogrudan-da, Ýehowanyň bizi hemişe ünsli diňläp, kömek etmek isleýändigi we Onuň hiç kimi ala tutmaýandygy barada oýlananymyzda, Hudaýymyzyň häsiýetlerini has gymmat saýyp başlaýarys. Bu bizi Ýehowanyň häsiýetlerine doly eýermäge höweslendirýär. Bu biziň imandaşlarymyz we wagyz edýän adamlarymyz bilen özümizi alyp barşymyzdan görner.
a Işaýa 30:18 Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly! 19 Eý, Siýonyň — Iýerusalimiň halky, aglamarsyňyz indi siz! Perýat edeniňizde, size merhemet eder Ol, ony eşideninde, size jogap berer.
b Kanun taglymaty 10:17 Siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlük etmeýär we para almaýar.