Olar Filippinde höwes bilen gulluk edýärler
30 ÝAŞLY Gregorio we Marilu atly är-aýal takmyndan on ýyl mundan öň Manilada pioner bolup gulluk edýärdiler. Olara uzak gün işlemek kyn bolsa-da, üstünlik gazanýardy. Mariluny işleýän bankynda iş dolandyryjy edip bellediler. Marilu: «Gowy işimiz bolany üçin örän gowy ýaşaýardyk» diýýär. Är-aýal köp pul gazanandyklary üçin, Manilanyň 19 km gündogarynda kaşaň jaý salmagy ýüregine düwdüler. Olar jaýyny gurdurmak üçin 10 ýylyň dowamynda her aý pul geçirmek barada firma bilen şertnama baglaşdylar.
«MEN ÖZÜMI ÝEHOWANY OGURLAÝAN ÝALY DUÝDUM»
Marilu şeýle gürrüň berýär: «Täze işime köp wagtymy we güýjümi sarp edendigim üçin, Hudaýa gulluk etmäge höwesim gaçdy. Men özümi Ýehowany ogurlaýan ýaly duýdum. Men indi Ýehowa gulluk etmek üçin bagyş eden wagtymy doly berip bilmeýärdim». Muňa gynanyp, bir güni Gregorio bilen Marilu özleriniň ýaşaýşy barada gürrüň etdiler. Gregorio şeýle diýýär: «Biz durmuşymyzy üýtgedesimiz gelýärdi, ýöne näme etjekdigimizi bilmeýärdik. Çagamyz hem ýokdy, şonuň üçin Ýehowa has köpräk nädip gulluk edip biljekdigimiz barada maslahatlaşdyk. Biz Ýehowa doga edip, görkezme diledik».
Şol wagtlar Gregorio bilen Marilu wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek barada birnäçe nutuklary diňlediler. Gregorio şeýle diýýär: «Biz Ýehowanyň dogalarymyza şol nutuklar arkaly jogap berýändigine düşündik». Gregorio bilen Marilu mertlik bilen dogry karara geler ýaly, Hudaýdan berk iman dilediler. Olar üçin salnyp başlan jaýy uly böwet boldy. Sebäbi olar üç ýyldan bäri onuň puluny töleýärdi. Indi olar näme ederler? Marilu şeýle diýýär: «Eger biz şertnamany bozsak, onda şu wagta çenli tölän ummasyz pulumyzy ýitirerdik. Emma biz Ýehowanyň islegini ýa-da öz islegimizi öňürti goýmalydygy barada oýlandyk». Olar Pawlus resulyň «ýitirmek» diýen sözüni ýatlap, jaý gurmak baradaky şertnamany bozdular, işinden çykdylar, zatlarynyň köpüsini satdylar we Manilanyň 480 km günortasynda ýerleşýän Palawan adasyndaky bir çet oba göçdüler (Flp. 3:8).
OLAR BIR «SYRY ÖWRENDILER»
Gregorio bilen Marilu göçmänkä, sada ýaşamak üçin taýýarlyk görüp başladylar. Emma olar göçýänçä, obada nähili ýaşajakdygyny göz öňüne getirip bilmeýärdiler. Marilu şeýle diýýär: «Bu bize gaty agyr düşdi. Tok hem, başga-da hiç hili şert hem ýokdy. Biz nahary plitada däl-de, odun çapyp, ojakda bişirýärdik. Men şäherdäki ýaly gezelenç edip, kafe, restoranlarda naharlanyp we başga-da şular ýaly zatlary edip bilmeýärdim». Emma Gregorio we Marilu özlerine näme üçin göçendiklerini ýatladyp, derrew garaýşyny üýtgetdiler. Marilu şeýle diýýär: «Men häzir owadan tebigaty we gijelerine şöhle saçýan ýyldyzlary synlap, begenýärin. Esasanam, adamlara wagyz edenimizde, olaryň güler ýüzlerini görüp, has hem begenýäris. Biz bu ýerde gulluk edip, baryňa kaýyl bolmagyň «syryny öwrendik» (Flp. 4:12).
«Dogan-uýalaryň ruhy taýdan ösüşini görmekden uly şatlyk ýokdur. Biziň durmuşymyz öňküden has manyly boldy» Gregorio we Marilu
Gregorio şeýle diýýär: «Biz bu ýere gelenimizde, bary-ýogy dört sany dogan-uýa bardy. Olar her hepde nutuk bilen çykyş edýänime we Patyşalyk aýdymlaryny aýdanymyzda gitara çalyp berýänime örän begenýärdi». Gregorio we Marilu bir ýyl wagyz edenden soň, kiçijik topardan 24 wagyzçydan ybarat ýygnak döredi. Gregorio şeýle diýýär: «Ýygnakdaky dogan-uýalaryň bildirýän söýgüsi bize örän täsir etdi». Şu günler şol daş ýerde alty ýyldan gowrak gulluk edenine ser salyp, olar şeýle diýýär: «Dogan-uýalaryň ruhy taýdan ösüşini görmekden uly şatlyk ýokdur. Biziň durmuşymyz öňküden has manyly boldy».
«MEN ÝEHOWANYŇ „ÝAGŞYLYGYNY DADYP GÖRDÜM!“»
Filippinde 3 000-e golaý dogan-uýa wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçdüler. Olaryň 500-isi durmuşa çykmadyk uýalar. Karen uýanyň mysalyna seredeliň.
Karen häzir 25 ýaşlarynda, ol Baggau (Kagaýan) şäherinde ulaldy. Ol ýetginjekkä, köpräk gulluk etmek barada oýlanýardy. Karen şeýle gürrüň berýär: «Men wagtyň az galandygy we ähli adamlara hoş habary wagyz etmelidigi üçin, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek isleýärdim». Öýündäkileriniň käbiri Karene daş ýere göçüp wagyz etmän, ýokary bilim almagy maslahat berseler-de, ol Ýehowadan görkezme diledi. Şeýle-de Karen daş ýerlerde gulluk edýän dogan-uýalar bilen gürleşdi. Ol 18 ýaşynda şäherinden 64 km daş ýere göçdi.
Kareniň kömek edýän kiçijik ýygnagy daglyk ýeriň aňyrsynda Ýuwaş okeanyň kenarynda ýerleşýär. Karen şeýle diýýär: «Baggaudan täze ýygnaga barmak üçin biz daga çykyp-düşüp, 30 sapar derýadan geçip, üç gün ýol ýöreýäris. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän käbir adamlaryň öýüne barmak üçin alty sagat pyýada ýöräp, gijesine şolaryňkyda ýatyp, irden ýene-de alty sagat pyýada ýol ýöräp öýe gaýdýarys. Kareniň eden tagallalary başa bardymy? Ol ýylgyryp, şeýle jogap berýär: «Käwagt aýaklarym agyrsa-da, men 18 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärin. Men Ýehowanyň „ýagşylygyny dadyp gördüm!“» (Zeb. 34:8).
«MEN ÝEHOWA BIL BAGLAMAGY ÖWRENDIM»
ABŞ-da ýaşaýan 40 ýaşlaryndaky durmuşa çykmadyk Suki atly uýa näme üçin Filippine göçdi? 2011-nji ýylda ol etrap kongresine barypdy. Kongresde mesihçi är-aýal interwýu berýär. Olar zatlaryny satyp, wagyz etmek üçin Meksika göçendigini gürrüň berdiler. Suki şeýle diýýär: «Men olaryň interwýusyny diňläp, öň göçmek maksadym bolmasa-da, indi bu barada oýlanyp başladym». Suki hindi bolany üçin, Filippindäki panjabi milletli adamlaryň kömege mätäçdigini bilip, ol ýere göçmegi ýüregine düwýär. Ol nähili kynçylyklara duş gelýär?
Suki şeýle diýýär: «Jaýymy satmalymy ýa-da satmaly däl diýen meseläni çözmek örän kyn boldy. Onsoňam, men 13 ýyl öz jaýymda gowy şertlerde ýaşanymdan soň, bir garyndaşymyň külbe ýaly otagyna göçdüm. Elbetde, bu aňsat däldi, ýöne şeýdip sada ýaşamagy öwrendim». Filippine göçensoň, Suki nähili kynçylyklara duş geldi? Ol: «Mör- möjeklerden gorkmak we öýümi küýsemek maňa uly synag boldy. Men öňküdenem has Ýehowa bil baglamagy öwrendim!» diýýär. Sukiniň eden tagallasy başa bardymy? Suki ýylgyryp şeýle diýýär: «Ýehowa bize: „Meni... synap görüň... üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?“ diýýär. Adamlar: „Indi haçan gelersiň? Meniň köp soraglarym bar“ diýenlerinde, şol sözleriň berjaý bolşuny görýärin. Men hakykata suwsaýan adamlary gandyryp bilýändigime örän begenýärin we kanagat tapýaryn!» (Mal. 3:10). Suki sözüni şeýle jemleýär: «Dogrudan-da, göçmek kararyna gelmek örän kyn. Göçmegi ýüregime düwemsoň, Ýehowanyň hemme taraplaýyn aladamy edýändigini görüp, haýran galdym».
«MEN IŞIMI TAŞLAMAGA GORKMADYM»
Sima atly 40 ýaşlaryndaky maşgalaly dogan Filippinden günorta-günbatar Aziýa gidip, düşewüntli işe girýär. Ol ýerde aýlanýan gözegçi-de, Ýolbaşçylyk maslahatyndan nutuk bilen çykyş eden dogan-da, Ýehowany durmuşyňda birinji orunda goýmagy maslahat berýär. Emma Sima: «Işimi taşlamaly diýen pikir meni uly alada goýdy» diýýär. Ýöne ol şonda-da işini taşlap, Filippine gaýdýar. Häzir Sima we onuň aýaly Haýdi Filippiniň Günorta Dawao welaýatynda wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagyz edýärler. Sima şeýle diýýär: «Geçen günleri ýatlap, işimi taşlamaga gorkmandygyma we Ýehowany birinji orunda goýandygyma örän begenýärin. Bar zadyňdan iň gowusyny Ýehowa bermekden uly şatlyk ýokdur!»
«BIZ ÖRÄN KANAGAT TAPÝARYS!»
30 ýaşlaryndaky pioner bolup gulluk edýän är-aýal Ramilo bilen Juliýet öýünden 30 km daşdaky ýygnaga kömek gerekdigini bilip, öz islegi boýunça şol ýygnagy goldaýarlar. Olar her hepde howa gowy bolsa-da, erbet bolsa-da, motosiklinde ýygnak duşuşyklaryna we wagza gidýärler. Olara egri-bugry ýollardan ýöremek we asma köprüden geçmek kyn bolsa-da, köpräk gulluk edip bilýändigine örän begenýärler. Ramilo şeýle diýýär: «Men aýalym bilen 11 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärin! Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk eder ýaly, köp tagalla etmeli bolsa-da, biz örän kanagat tapýarys!» (1 Kor. 15:58).
Sen öz ýurduňda ýa-da daşary ýurtda wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gullluk etmek barada köpräk bilesiň gelýärmi? Bilesiň gelýän bolsa, etrap gözegçiň bilen gürleşip gör we 2011-nji ýylyň awgust aýynyň «Hudaýa gullugymyzdaky» «Siz Makedoniýa gelip bilermisiňiz?» diýen makalany oka.