Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/10 sah. 7—11
  • Ýaradylyş gudratygüýçli Hudaýy şöhratlandyrýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaradylyş gudratygüýçli Hudaýy şöhratlandyrýar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • IMAN GÜÝÇLI DELILLERE WE SUBUTNAMALARA ESASLANÝAR
  • ÝARADYLYŞ HUDAÝYŇ GÜÝJÜNI AÝAN EDÝÄR
  • TEBIGAT HUDAÝYŇ AKYLDARLYGYNY AÝAN EDÝÄR
  • ADAMLARA GUDRATYGÜÝÇLI HUDAÝY ŞÖHRATLANDYRMAGY ÖWREDIŇ
  • Ýaşlar, imanyňyzy berkidiň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Hudaýyň berýän sowgatlaryny gymmat saýýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Ýaşaýşyň gaýnap joşýan ýeri
    Ýaşaýyş nädip döredi?
  • Älem-jahany ýaradan Beýik Biribara iman edeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/10 sah. 7—11

Ýaradylyş gudratygüýçli Hudaýy şöhratlandyrýar

«Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty... almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň». YLH. 4:11

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Biz ýalan «galalary ýykmak üçin» näme etmeli?

  • Ýaradylan zatlar Hudaýyň güýjüni we akyldarlygyny nädip aýan edýär?

  • Ata-eneler çagalarynyň Ýehowa bolan imanyny ösdürmäge nädip kömek edip bilerler?

1. Biz imanymyzyň berkdigine nädip göz ýetirip bileris?

KÖP adamlar diňe gözi bilen görýän zatlaryna ynanýarlar. Şeýle adamlara Ýehowa iman etmäge nädip kömek etse bolar? Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir» diýilýär (Ýahýa 1:18). Biz hem «görünmez Hudaýymyz» Ýehowa imanymyzyň berkdigine nädip göz ýetirip bileris? (Kol. 1:15). Munuň üçin haýsy taglymatlaryň Ýehowa baradaky hakykaty ýaşyrýandygyny anyklamaly. Şeýle-de biz «Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan» düşünjeleri ýalana çykarmak üçin Mukaddes Ýazgylary ökdelik bilen ulanmaly (2 Kor. 10:4, 5).

2, 3. Haýsy iki taglymat Hudaý baradaky hakykaty gizleýär?

2 Hudaý baradaky hakykaty gizleýän we giňden ýaýran ýalan taglymatlaryň biri — ewolýusiýa taglymaty. Bu taglymat Mukaddes Ýazgylara garşy gelýär we adamlary gelejege bolan umytdan mahrum edýär. Ewolýusiýa taglymaty ýaşaýşyň öz-özünden dörändigini öwredip, durmuşy manysyz edip görkezýär.

3 Käbir dindar adamlaryň aýtmagyna görä, Älem-jahan, şol sanda ýer ýüzi we onda ýaşaýan ähli zatlar bary-ýogy on müňlerçe ýyl mundan ozal döredi. Bu taglymaty öwredýän adamlar, belki-de, Mukaddes Ýazgylara çuňňur hormat goýýandyrlar. Ýöne olar Hudaý ähli zatlary birnäçe müň ýyl mundan ozal bary-ýogy alty (bir gün 24 sagatdan ybarat) günüň dowamynda ýaradandygyny aýdýarlar. Olar öz düşünjelerine garşy gelýän takyk ylmy subutnamalary inkär edýärler. Netijede, bu taglymat Mukaddes Ýazgylara şübhe döredýär, çünki ondaky aýdylanlary nädogry we akyla sygmaýan ýaly edip görkezýär. Şeýle garaýşy öňe sürýän adamlar I asyrda ýaşan käbir adamlary ýadyňa salýar. Olaryň Hudaýa yhlaslary bardy, «ýöne bu aňly-düşünjeli yhlas däldi» (Rim. 10:2). Biz ewolýusiýa taglymatyny we başga-da şuňa meňzeş «galalary ýykmak üçin» Hudaýyň Sözüni nädip ulanyp bileris? Munuň üçin biz hökman Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigi barada dogry bilim almaly.

IMAN GÜÝÇLI DELILLERE WE SUBUTNAMALARA ESASLANÝAR

4. Biziň imanymyz nämä esaslanmaly?

4 Mukaddes Ýazgylar bize gymmatly bilim berýär (Sül. tym. 10:14). Ýehowa biziň imanymyzyň ynsan filosofiýasyna ýa-da dini däp-dessurlaryna däl-de, güýçli delillere we subutnamalara esaslanmagyny isleýär (Ýewreýler 11:1-i okaň). Hudaýa berk imany ösdürmek üçin, ilki bilen, Ýehowanyň bardygyna ynanmaly (Ýewreýler 11:6-ny okaň). Biz Hudaýyň bardygyna ynanjaň bolanymyz üçin däl-de, delilleri barlap, olar barada oýlananymyz üçin ynandyk (Rim. 12:2).

5. Biz näme üçin Hudaýyň bardygyna ynanýarys?

5 Biz Hudaýy görmesek-de, Onuň bardygyna ynanýarys. Munuň bir sebäbini Pawlus resul şeýle düşündirdi: «Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär» (Rim. 1:20). Hudaýyň bardygyna şübhelenýän adama Pawlusyň ylhamlanyp ýazan sözleriniň hakykatdygyna düşünmäge nädip kömek edip bolar? Geliň, Ýaradyjymyzyň güýjüni we akyldarlygyny aýan edýän käbir subutnamalara seredeliň.

ÝARADYLYŞ HUDAÝYŇ GÜÝJÜNI AÝAN EDÝÄR

6, 7. Ýehowanyň güýjüni haýsy iki zat arkaly görse bolýar?

6 Ýehowanyň güýjüni ýeriň atmosferasy we onuň magnit meýdany arkaly görse bolýar. Olar bizi galkan kimin goraýar. Meselem, atmosfera diňe bir kislorod bilen üpjün etmeýär. Ol bizi kosmosdan gelýän ençeme daş böleklerinden goraýar. Köplenç ullakan daş bölekleri ýeriň atmosferasynda ýanýar, şonda gije asmanda «ýyldyz süýnýän» ýaly bolup görünýär.

7 Ýeriň magnit meýdany hem bizi goraýar. Ol ýeriň aşagynda döreýär. Ýeriň ýadrosy demriň suwuk görnüşinde bolup, onuň gyzgynlygy birnäçe müň gradusa ýetýär. Ol ýeriň magnit meýdanyny emele getirýär we älem giňişligine çenli baryp ýetýär. Bu magnit meýdany bizi Günüň zyýanly şöhlelerinden we onuň töwereginde döreýän ýokary energiýaly parçalaryndan goraýar. Eger ýeriň magnit meýdany bolmadyk bolsa, onda şol dörän energiýa ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlary ýakyp ýok ederdi. Ýöne ol Günden gelýän ýokary energiýaly parçalary özüne sorýar we olaryň käbirini yzyna serpikdirýär. Demirgazyk we günorta polýuslaryna golaý asmanda döreýän her dürli owadan reňkli şöhleler magnit meýdanynyň bardygyny subut edýär. Hawa, Ýehowanyň «beýik gudratlydygyna» hiç hili şübhe ýokdur (Işaýa 40:26-ny okaň)a.

TEBIGAT HUDAÝYŇ AKYLDARLYGYNY AÝAN EDÝÄR

8, 9. Tebigatyň gurluşy Ýehowanyň akyldarlygyny nädip aýan edýär?

8 Ýehowanyň akyldarlygyny tebigatyň gurluşyndan görse bolýar. Meselem, arassa suw getirilmeýän we zir-zibil çykarylmaýan gür ilatly şäheri göz öňüne getiriň. Şeýle şäher basym hapalanar we onda ýaşap bolmaz. Biziň ýer şarymyzy-da şeýle şäher bilen deňeşdirse bolar. Onuň arassa suwy çäkli we hapa zatlar ýer ýüzünden başga ýere çykarylmaýar. Emma «bu şäher» müňlerçe ýyl bäri milliardlarça janly-jandary ýaşaýyş bilen üpjün edip gelýär. Nädip? Onuň täsin güýji bar: ol galyndylary ýaşaýyş üçin gerekli zatlara öwrüp bilýär.

9 Geliň, kislorodyň tebigatda aýlanyşyna seredeliň. Janly-jandarlaryň millionlarçasy kisloroddan dem alyp, kömürturşy gazyny bölüp çykarýar. Muňa garamazdan, kislorod hiç haçan gutarmaýar we atmosfera kömürturşy gazyndan ýaňa bogulmaýar. Näme üçin? Muny fotosintez atly täsin hadysa arkaly düşündirse bolýar. Bu hadysa şeýle bolup geçýär: gök ösümlikler kömürturşy gazyny, suwy, gün şöhlesini, topragy hem-de ýokumly maddalary özüne siňdirip, uglewody we kislorody bölüp çykarýar. Biz kisloroddan dem alanymyzda, bu tapgyr tamamlanýar. Ýehowa ösümlikler arkaly «hemmelere dirilik, dem» berýär (Res. iş. 17:25). Nähili geň galdyryjy akyldarlyk!

10, 11. Monarh kebelegi we teneçir Ýehowanyň akyldarlygyny nädip aýan edýär?

10 Ýer ýüzünde ýaşaýan ençeme janly-jandarlar hem Ýehowanyň akyldarlygyny aýan edýär. Aýtmaklaryna görä, ýer ýüzünde 2 milliondan 100 milliona golaý jandar ýaşaýar (Zebur 104:24-i okaň). Geliň, Ýehowanyň akyldarlygyny aýan edýän käbir janly-jandarlaryň mysalyna seredeliň.

11 Mysal üçin, monarh kebeleginiň iňňäniň gözi ýalyjak beýnisi bar. Muňa garamazdan, ol Güne garap ugruny kesgitleýär we Kanadadan Meksikadaky tokaýa uçmak üçin takmynan 3 000 km aralygy geçip bilýär. Eger Günüň ugry başga tarapda bolsa näme? Bu kebelek Ýehowanyň ýaradan kiçijik beýnisiniň kömegi bilen Günüň ugruna görä ýoluny düzedýär. Gözi örän çylşyrymly ýaradylan teneçir barada hem oýlanyp göreliň. Onuň her gözünde takmynan 30 müň öýjük bar. Ol kiçijik beýnisi arkaly şol öýjükleriň ählisinden gelýän habarlary kabul edip, hatda töweregindäki sähelçe gymyldyny hem aňyp bilýär.

12, 13. Ýehowanyň biziň bedenimizi öýjükli edip ýaradyşy näme üçin geň galdyrýar?

12 Ýehowanyň ähli diri zatlary öýjükli edip ýaradyşy has-da geň galdyrýar. Meselem, biziň bedenimizde takmynan 100 trillion öýjük bar. Her bir öýjükde örän inçe sapak ýaly DNK (dezoksiribonuklein kislotasy) ýerleşýär. Ol bedenimiziň gurluşy baradaky ähli maglumaty özünde saklaýar.

13 DNK näçe maglumaty özünde saklap bilýär? Geliň, bir gram DNK sygýan maglumaty CD diskine sygýan maglumat bilen deňeşdirip göreliň. CD diskine bir sözlükdäki ähli maglumaty ýerleşdirip bolýar. Şeýle kiçijik ýuka zada şonça maglumatyň sygýandygy geň galdyrýar. Emma bir gram DNK-da 1 trillion CD diskine sygýan maglumat ýerleşýär! Başgaça aýdanyňda, bir çaý çemçe DNK ýerleşýän maglumatyň kömegi bilen ýer ýüzünde ýaşaýan ilatdan 350 esse köp adamy döredip bolýar!

14. Alymlaryň eden açyşlary bizi nämä höweslendirýär?

14 Dawut patyşa Ýehowa hakda şeýle diýdi: «Düwünçekkäm gözleriň meni gördi» (Zeb. 139:16). Hawa, Dawut öz bedeniniň ýaradylyşy barada oýlananda, Ýehowany şöhratlandyrmaga höweslendi. Biz hem alymlaryň soňky ýyllarda eden açyşlaryny göz öňünde tutup, Ýehowanyň nädip ýaradandygy barada oýlananymyzda, Oňa bolan hormatymyz has-da artýar. Şol sebäpli biz mezmurçynyň Ýehowa barada aýdan şu sözleri bilen razylaşýarys: «Saňa şükür ederin, çünki men gaty gorkunç we täsin tärde ýaradylypdyryn; Seniň işleriň ajaýyp, janym muny gaty oňat bilýär» (Zeb. 139:14). Ýaradylyş Gudratygüýçli Hudaýyň bardygyny şunça aýan etse-de, adamlaryň muňa akyl ýetirmeýändigi diýseň geň galdyrýar!

ADAMLARA GUDRATYGÜÝÇLI HUDAÝY ŞÖHRATLANDYRMAGY ÖWREDIŇ

15, 16. a) Biziň edebiýatlarymyz Ýehowanyň döredijilik ukybyna minnetdar bolmaga nädip höweslendirýär? b) Haýsy makalalar sizde has köp täsir gadyrdy?

15 Onlarça ýyldan bäri Ýehowanyň Güwäçileriniň edebiýatlary millionlarça adamlara ýaradylyş arkaly Gudratygüýçli Hudaýyň bardygyna göz ýetirmäge kömek edýär. Meselem, käbir edebiýatlar ewolýusiýa we başga ýalan taglymatlardan ýaňa tümlükde gezip ýören adamlaryň gözlerini açmak üçin çap edildi. Şeýle edebiýaty paýlamak üçin geçirilen kampaniýa babatda bir uýamyz ABŞ-daky Beýtele hat ýazdy: «Kampaniýa üstünlikli geçdi. Biologiýadan sapak berýän bir mugallym okuwçylary üçin 20 žurnal sorady». Başga bir dogan bolsa şeýle ýazdy: «Men 1940-njy ýyllaryň ahyryndan bäri wagyz edip gelýärin. Häzir meniň 75 ýaşym dolup barýar. Ýöne şu aý... kampaniýa gatnaşyp, wagyzdan şeýle şatlyk alanym ýadyma düşmeýär».

16 Birnäçe ýyldan bäri biziň edebiýatlarymyzda ýaradylyşa degişli ençeme makalalar çap edilýär. Şol makalalarda täsin ýaradylyşa üns berilýär we adamlaryň Ýaradyjymyzyň eden ajaýyp zatlarynyň nusgasyny alýandygy barada aýdylýar. Olar Ýehowanyň döredijilik ukybyna minnetdar bolmaga höweslendirýär. Makalalarda berilýän soraglar okyja okan zatlary barada oýlanmaga kömek edýär. Siz şeýle gyzykly pikirleri öýden-öýe, köçede ýa-da resmi däl ýagdaýda wagyz edeniňizde ulanýarmysyňyz?

17, 18. a) Ata-eneleriň nähili jogapkärçiligi bar? b) Siz maşgala okuwynda ýaradylyş baradaky makalalary nädip ulanarsyňyz?

17 Ata-eneler, siz maşgala okuwyny geçireniňizde çagalaryňyz bilen şeýle makalalary ara alyp maslahatlaşýarmysyňyz? Şonda siz olara Gudratygüýçli Hudaýa minnetdar bolmaga kömek edersiňiz. Belki-de, siziň ýokary okuw jaýynda okaýan çagalaryňyz bardyr. Esasanam, ewolýusiýa taglymatyny öwredýän adamlar çagalaryňyza «Hudaý ýok» diýip ynandyrjak bolýarlar. Alymlar, mekdep mugallymlary, meşhur ylmy, hatda göwnaçma gepleşiklerinde hem-de filmlerde ewolýusiýa taglymatyny hakykat ýaly edip görkezýärler. Siz «Garawul diňi» žurnalyndaky makalalar arkaly çagalaryňyza şeýle toslamalara garşy durmaga kömek edip bilersiňiz. Bu makalalar ýaşlary «paýhasly» bolmaga höweslendirýär (Sül. tym. 2:10—12). Şeýle-de mekdepde öwrenýän zatlaryny barlamaga ýardam edýär.

18 Käte ýaşlar täzeliklerde alymlaryň gazylyp tapylan zatlar arkaly ewolýusiýa taglymatyny tassyklaýandygyny eşidýärler. Şeýle ýagdaýda olara ynsanyň haýwandan döräp-döremändigini barlamaga kömek ediň. Şeýle-de ýaşaýşyň öz-özünden dörändigini laboratoriýada subut eden alymlaryň tassyklamalaryna nädip jogap bermelidigini öwrediň. Ata-eneler, siz şeýle makalalary ulanyp, çagalaryňyza kömek ediň. Şonda olar Ýaradyja näme üçin ynanýandygyny ynamly düşündirip bilerler (1 Petrus 3:15-i okaň).

19. Biziň her birimizde nähili hormat bar?

19 Biz guramamyz arkaly alýan edebiýatlarymyzdan ýaradylyş barada okanymyzda, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda köp zatlary bileris. Olaryň ählisi bizi Ýehowany ýürekden şöhratlandyrmaga höweslendirýär (Zebur 19:1, 2). Ähli zady ýaradan Ýehowany şöhratlandyrmak nähili hormat, çünki Ol muňa mynasypdyr! (1 Tim. 1:17).

a Işaýa 40:26 Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş