Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/10 sah. 31—32
  • Sen nädip köp adamlary duýduryp bilersiň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen nädip köp adamlary duýduryp bilersiň?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ISA HEMIŞE WAGYZ EDÝÄRDI
  • OLAR HER BIR MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANÝARLAR
  • AMATLY PURSATDAN PEÝDALAN
  • Sen resmi däl ýagdaýda wagyz etmegi başararsyň!
    Hudaýa gullugymyz — 2010
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/10 sah. 31—32

Sen nädip köp adamlary duýduryp bilersiň?

XX asyryň başlarynda San-Fransisko şäherinde (ABŞ) bir gyzykly sessiz kino (A Trip Down Market Street) düşürildi. Režissýor el kamerasyny asma ýoluň kabinasynyň öň tarapyna asyp, ony adamdan doly köçä gönükdirdi. Bu filmde atly arabalar, ilkinji çykan maşynlar, gündeki işler bilen başagaý bolan alyjylaryň we gazet satýan oglanlaryň durmuşy görkezilýärdi.

Film 1906-njy ýylyň aprel aýynda düşürilipdi. 18-nji aprelde bolsa, güýçli ýer titreme we ýangyn sebäpli 3 müňden gowrak adam heläk boldy we şäheriň şol ýeri tutuşlygyna diýen ýaly weýran bolupdy. Şol sebäpli bu film has gynançly boldy. Filmdäki adamlaryň köpüsi, belki, birnäçe gün mundan öň diri bolandyr. Režissýoryň ogullarynyň biri Skott Maýls şeýle diýýär: «Filmdäki ýaňyja gören adamlarym näme boljagyny bilmeýärdiler. Şol adamlara kömek hem edip bolmady, ýöne olara ýüregiň awaýar».

Muny biziň günlerimiz bilen deňeşdirse bolar. Biz hem adamlara kömek edip bilmesek-de, duýgudaşlyk bildirip bileris. Adamlar gündeki işler bilen başagaý bolup, agyr muşakgatyň, ýagny zalym dünýäniň we olaryň bar zadynyň ýok ediljeginiň gaty golaýdygyny bilmeýärler. Gysga wagtyň içinde duýdansyz bolan ýer titreme ýaly, Ýehowanyň höküm güni barada adamlara duýdurmaga hem wagt örän az galdy. Siz her hepde birnäçe sagat öýden-öýe wagyz edýänsiňiz, emma nädip adamlary has köpräk duýduryp bilersiňiz?

ISA HEMIŞE WAGYZ EDÝÄRDI

Isa hemişe wagyz edip, gowy görelde galdyrdy. Ol ähli duşan adamlaryna wagyz etdi. Isa bir sapar ýolda barýarka, salgytça we dynç alyp otyrka, bir aýala wagyz edipdi (Luka 19:1—5; Ýahýa 4:5—10, 21—24). Ol hatda dynç aljak wagtyny-da, adamlara öwretmek üçin sarp etdi. Onuň adamlara haýpy gelýärdi we olara köp wagyz edýärdi (Mar. 6:30—34). Şu günler bizem Isa ýaly nädip hemişe wagyz edip bileris?

OLAR HER BIR MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANÝARLAR

Melike uýa goralýan ýaşaýyş jaýynda ýaşaýar. Onuň goňşularynyň köpüsi daşary ýurtdan gelen talyplar. Olaryň el nomerini telefon kompaniýasy hiç kime bermeýär we girelgedäki spisokda-da atlary ýok. Melike bu mümkinçilikden peýdalanyp, girelgede we liftde işleýän adamlar bilen Hudaý barada gürrüň etdi. Ol şeýle diýýär: «Men muny öz meýdançam ýaly gördüm». Melike birnäçe dilde edebiýat getirip, talyplaryň köpüsine kitapça we žurnallar berdi. Şeýle-de olara Internetdäki jw.org. saýtymyza girmegi maslahat berdi. Şeýdip, Melike birnäçe Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlady.

Sonýa atly uýa hem her bir adama wagyz etmegi ýüregine düwdi. Ol işleýän hassahanasynda işgärleriniň hemmesine wagyz etmegi maksat edindi. Başda ol her biriniň näme barada gyzyklanýandygyny we zerurlygyny bildi. Soňra ol günortanlyk wagty olar bilen Hudaý barada gürrüň etdi. Netijede, Sonýa iki sany Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlady. Şeýle-de ol arakesme wagty hassahananyň girelgesinde lukmana garaşýan adamlar bilen gürleşmegi planlaşdyrýar.

AMATLY PURSATDAN PEÝDALAN

1906-njy ýylda ýer titremede diri galan bir adam: «Mundan öň ştatda ýa-da şäherde şeýle elhenç betbagtçylyk hiç haçan bolmandy» diýdi. Emma tizden «Hudaýy tanamaýanlaryň» ählisiniň başyna injek öç gününi hiç bir betbagtçylyklar bilen deňeşdirip bolmaz (2 Sel. 1:8). Ýehowa adamlaryň gullukçylarynyň duýduryşyna gulak asyp, pikirini we ýüregini üýtgetmegini örän isleýär (2 Pet. 3:9; Ylh. 14:6, 7).

Sen her bir mümkinçilikden peýdalanyp, gündeki edýän başga işleriňde-de adamlara wagyz edip bilersiňmi?

Şu kyn günlerde adamlaryň gözüni açmaga we öz nebsine çapman, Ýehowany agtarmaga kömek etmek biziň üçin uly hormat (Sef. 2:2, 3). Sen her bir mümkinçilikden peýdalanyp, işgärleriňe, goňşularyňa, gündeki edýän başga işleriňde-de adamlara wagyz edip bilersiňmi? Sen köp adamlary duýdurarsyňmy?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş