Iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyzy gazanýarys
JELILE deňziniň günorta-gündogaryndaky Gadaranyň golaýynda ýaşaýan bir adam Isa Mesihiň yzyna eýermek isleýär. Emma Isa oňa: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň saňa edenleriniň baryny, saňa nähili rehim edenini olara aýt» diýdi. Isanyň sözlerinden ynsana nähili häsiýetiň mahsusdygyny bilse bolýar. Hawa, biz eşiden gyzykly we wajyp zatlarymyzy dogan-garyndaşlarymyz bilen paýlaşmak isleýäris (Mar. 5:19).
Ynsanyň bu aýratynlygyny käbir ýurtlaryň medeniýeti has aýdyň görkezýär. Meselem, hak Hudaý Ýehowanyň gullukçysy bolan adam, adatça, täze imany barada dogan-garyndaşlaryna aýtmak isleýär. Emma ol muny nädip etmeli? Ol başga dine uýýan ýa-da Hudaýa iman etmeýän garyndaşlaryna hakyky dini kabul etmäge nädip kömek edip biler? Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda peýdaly maslahatlar berilýär.
«BIZ MESIHI TAPDYK»
I asyrda ilkinji bolup Isanyň Mesihdigine göz ýetiren adamlaryň biri Andreasdy. Ol muny bilen badyna kime aýtdyka? «Ol (Andreas) ilki öz dogany Simuny tapyp, oňa: „Biz Mesihi tapdyk“ diýdi». Soňra Andreas ony Isanyň ýanyna alyp barýar. Şeýdip, ol Petrusa Isanyň şägirdi bolmaga kömek edýär (Ýahýa 1:35—42).
Bu wakadan takmynan alty ýyl geçenden soňra, Petrus Ýafadaka, demirgazykda ýerleşýän Kaýsariýada ýaşaýan Kornelius atly ýüzbaşy ony öýüne çagyrýar. Petrus onuň öýüne baranda kimleri görýär? Kornelius «dogan-garyndaşlaryny, ýakyn dostlaryny bir ara çagyryp, (Petrus dagylara) garaşyp otyrdy». Görşümiz ýaly, Kornelius dogan-garyndaşlarynyň Petrusy diňläp, özleriniň karara gelmeginiň aladasyny edipdir (Res. iş. 10:22—33).
Biz bu wakalardan näme öwrenip bileris?
Andreas bilen Kornelius ýagdaýyň öz akymyna gitmegine ýol bermediler. Andreas dogany Petrusy Isanyň ýanyna alyp bardy, Kornelius bolsa dogan-garyndaşlaryny ýygnap, Petrusy öýüne çagyrdy. Emma Andreas bilen Kornelius dogan-garyndaşlaryny Mesihiň şägirtleri bolmaga mejbur etmediler ýa-da munuň üçin mekir we hileli ýollary ulanmadylar. Mundan nähili sapak edinse bolar? Biz-de dogan-garyndaşlarymyza hakykata gelmäge kömek etmeli. Meselem, Mukaddes Ýazgylardan käbir pikirleri paýlaşmaly; olary imandaşlarymyz bilen tanyşdyrmak üçin amatly ýagdaý döretjek bolmaly. Emma biz olaryň saýlamak erkinligine hormat goýmaly. Geliň, häzir bu babatda Germaniýada ýaşaýan Ýurgen we Petra atly är-aýal bilen bolan waka seredeliň.
Petra Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, soňra suwda çokundyrylýar. Onuň ýanýoldaşy Ýurgen goşun gullugynyň serkerdesidi. Ilkibaşda, ol aýalynyň gelen karary bilen razylaşmaýar. Wagtyň geçmegi bilen, Ýurgen Ýehowanyň Şaýatlarynyň Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty wagyz edýändiklerine düşünýär we özüni Ýehowa bagyş edýär. Häzir Ýurgen ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýär. Ol dogan-garyndaşlarymyzy hakykata çekmek babatda nähili maslahat berýär?
Ýurgen şeýle belleýär: «Biz dogan-garyndaşlarymyzy mejbur etmekden we olara köp maglumat bermekden saklanmaly. Olarda hakykaty bilmäge isleg döretjek bolmaly. Munuň üçin sypaýyçylyk bilen wagtal-wagtal hakykaty gyzykly edip gürrüň beriň. Şeýle-de olary ýaşdaş we gyzyklanýan zatlary birmeňzeş bolan dogan-uýalar bilen tanyşdyryp, gürrüňdeş bolmaklaryna ýagdaý dörediň. Bu olara hakykaty bilmäge ýol açar».
«Biz dogan-garyndaşlarymyzy mejbur etmekden we olara köp maglumat bermekden saklanmaly». Ýurgen
Petrus resul we Korneliusyň dogan-garyndaşlary hoş habara çalt seslendiler. Emma käbir adamlara hakykaty kabul etmäge köp wagt gerek boldy.
ISANYŇ DOGAN-GARYNDAŞLARY BABATDA NÄME DIÝSE BOLAR?
Isa ýer ýüzünde gulluk edende, käbir dogan-garyndaşlary oňa iman etdiler. Aýtmaklaryna görä, Ýakup we Ýahýa resul Isanyň doganoglany, olaryň ejesi Salome bolsa daýzasydy. Ol we «başga-da birtopar aýallar Onuň (Isanyň) ýanyndady. Olar öz emläkleri bilen Oňa gulluk edýärdiler» (Luka 8:1—3).
Emma Isanyň käbir dogan-garyndaşlary oňa iman etmeýärdiler. Meselem, Isa suwda çokundyrylandan bir ýyl geçende, ony diňlemäge uly märeke ýygnanypdy. Şonda «Isanyň ýakynlary muny eşidip, Ony alyp gaýtmaga bardylar. Çünki oňa üýtgäpdir diýýärdiler». Bir gezek doganlary Isadan onuň gitmeli ýeri barada soranlarynda, ol açyk jogap bermedi. Näme üçin? Sebäbi «doganlary Oňa iman etmeýärdiler» (Mar. 3:21; Ýahýa 7:5).
Isanyň dogan-garyndaşlary bilen özüni alyp barşyndan näme öwrense bolýar? Isa doganlarynyň akylyndan azaşypdyr diýen sözlerine göwnüne almady. Hatda ol direlenden soň hem, özüniň Mesihdigini tassyklamak üçin dogany Ýakuba görünýär. Bu diňe bir Ýakuba däl, eýsem, beýleki doganlaryna-da Isanyň Mesihdigine iman etmäge kömek etdi. Olar resullar we beýleki şägirtler bilen Iýerusalimde bir jaýda ýygnanyp, mukaddes ruhy aldylar. Isanyň Ýakup we Ýahuda atly doganlary muňa örän begendiler (Res. iş. 1:12—14; 2:1—4; 1 Kor. 15:7).
KÄBIRLERINE KÖPRÄK WAGT GEREK
«Adamyň ýüregine täsir etmek üçin sabyrly boluň, sabyrly boluň, sabyrly boluň!» Roswita
I asyrdaky ýaly şu günlerem käbirlerine ýaşaýyş ýoluny saýlamaga köpräk wagt gerek bolýar. Geliň, Roswita bilen bolan waka seredeliň. 1978-nji ýylda onuň ýanýoldaşy Ýehowanyň Şaýady bolup suwda çokundyryldy. Şol wagt Roswita Rim katolik buthanasynyň agzasydy. Ol öz dinine ýürekden iman edýärdi, şonuň üçin, ilkibaşda, ýanýoldaşyna garşylyk görkezýärdi. Emma birnäçe ýyl geçenden soň, ol Ýehowanyň gullukçylarynyň hakykaty öwredýändiklerine göz ýetirýär we 2003-nji ýylda suwda çokundyrylýar. Oňa garaýşyny özgertmäge näme kömek etdikä? Ýanýoldaşy Roswitanyň garşylyk görkezmegine gaharlanmady, gaýtam, oňa pikirini özgertmäge mümkinçilik berdi. Roswita şeýle maslahat berýär: «Adamyň ýüregine täsir etmek üçin sabyrly boluň, sabyrly boluň, sabyrly boluň!»
Monika 1974-nji ýylda suwda çokundyryldy we takmynan on ýyl geçende, onuň iki ogly Ýehowanyň gullukçysy boldy. Ýanýoldaşy Hans hiç wagt garşylyk görkezmese-de, ençeme ýyldan soň, ýagny 2006-njy ýylda suwda çokundyryldy. Monika durmuşyna ser salyp, şeýle maslahat berýär: «Ýehowa wepaly galyň we hiç haçan imanyňyza garşy gelýän zatlarda eglişik etmäň». Maşgala agzalary Hans bilen özüni mähirli alyp barýardylar, çünki bu örän wajypdy. Olar Hansyň hakykaty kabul etjekdigine umydyny üzmediler.
ÝAŞAÝYŞ BERÝÄN HAKYKAT SUWY
Isa ebedi ýaşaýşa eltýän hakykaty suw bilen deňeşdirdi (Ýahýa 4:13, 14). Biz dogan-garyndaşlarymyzyň arassa we dury suw kimin hakykaty kabul edip, janlaryna aram tapmaklaryny isleýäris. Emma biz olara bu suwy aşa köp berip, «julk» etmek islemeýäris. Dogan-garyndaşlaryň hakykaty kabul etjekdigi ýa-da etmejekdigi dini ynançlaryňy düşündirişiňe bagly bolýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Dogrynyň ýüregi jogap berende köp oýlanýandyr... akyldar adamyň ýüregi onuň agzyny paýhasly edýändir» diýilýär. Biz bu maslahata nädip eýerip bileris? (Sül. tym. 15:28; 16:23).
Aýdaly, aýaly ýanýoldaşyna imany hakda gürrüň bermek isleýär. Eger aýaly öňünden oýlansa, onda aýtjak sözlerine ünsli bolar we oýlanyşyksyz geplemez. Ol özüni dogry saýyp, ýokary tutjak bolmaly däl. Onuň oýlanyşykly aýdýan sözleri dynçlyk we parahatlyk döredip biler. Siz ýanýoldaşyňyzyň dynç alýan wagty gürrüňdeş bolmaga çalyşýarmysyňyz? Ýanýoldaşyňyz näme hakda gürrüň etmegi ýa-da okamagy halaýar? Ol ylym, syýasat ýa-da sport hakynda gürrüň etmegi gowy görýärmi? Ýanýoldaşyny hakykat bilen gyzyklandyrmak isleýän aýal onuň duýgusyny hem garaýşyny nädip göz öňünde tutmaly? Şu soraglaryň üstünde oýlansaňyz, paýhasly hereket etmäge kömek eder.
Maşgala agzalarymyzy hakykata çekmek üçin, olara wagtal-wagtal hoş habary gürrüň bermek ýeterlikli däl. Biz aýdýan sözlerimizi gowy edim-gylymymyz bilen tassyklamaly.
ÖZÜŇIZI MYNASYP ALYP BARYŇ
Ýokarda agzalan Ýurgen şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini gündelik durmuşyňyzda ulanyň. Bu dogan-garyndaşyňy hakykat bilen gyzyklandyrmagyň we oňa çekmegiň iň netijeli usulydyr». Aýaly hakykaty kabul edenden soň, 30 ýyldan gowrak wagt geçende suwda çokundyrylan Hans hem onuň sözleri bilen ylalaşýar. Ol şeýle diýýär: «Mesihçiniň özüni mynasyp alyp barmagy örän wajypdyr, sebäbi maşgala agzalaryň hakykatyň durmuşyňa gowy täsir edişini görýärler». Dogan-garyndaşlarymyz biziň başga adamlardan tapawutlanýandygymyzy we gowy tarapa özgerendigimizi görmeli.
«Mesihçiniň özüni mynasyp alyp barmagy örän wajyp, çünki maşgala agzalaryň hakykatyň durmuşyňa täsir edişini görýärler». Hans
Petrus resul ýanýoldaşy Ýehowa iman etmeýän aýallara möhüm maslahat berdi: «Äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa, siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn. Bezegiňiz saç örme, altynlar dakynma ýa esbaplar geýmek bilen daşky görnüş däl-de, Hudaýyň ýanynda has gymmatly bolan ýumşak, ýuwaş ruhuň bozulmaz bezegi, ýüregiň gizlin ynsany bolsun» (1 Pet. 3:1—4).
Petrusyň aýtmagyna görä, özüni mynasyp alyp barýan aýal ýanýoldaşyny hakykata çekip bilýär. Krista atly uýamyz 1972-nji ýylda suwda çokundyrylandan bäri, Petrusyň maslahatyna eýermäge jan edýär. Onuň ýanýoldaşy öň Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçen bolsa-da, hakykaty kabul etmedi. Ol käte ýygnak duşuşyklaryna barýardy we dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolýardy. Dogan-uýalar bolsa, onuň saýlamak hukugyna hormat goýýardylar. Krista ýanýoldaşyny hakykata çekmek üçin nähili tagallalar etdi?
Krista şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowanyň ýolundan ýöremegi berk ýüregime düwdüm. Şeýle-de gowy edim-gylymym arkaly ýanýoldaşymyň „Mesihi gürrüňsiz gazanmagy“ üçin jan edýärin. Men onuň Mukaddes Ýazgylaryň prinsipine garşy gelmeýän isleglerini kanagatlandyrýaryn we saýlamak erkinligine hormat goýup, bu meseläni Ýehowa tabşyrdym».
Krista bilen bolan waka başarnykly bolmaklygyň wajypdygyny görkezýär. Ol ruhy işleri üçin düzen gün tertibine eýerýär. Meselem, ol ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýar we wagyz edýär. Elbetde, ýanýoldaşy aýalynyň söýgüsine, wagt sarp etmegine we üns bermegine mynasypdyr. Krista her bir aýaldan şu zatlaryň talap edilýändigine düşünýär. Biziň-de Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyz bar bolsa, onda başarnykly we pähimli bolmak wajypdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Her zadyň öz wagty bar» diýilýär. Bu sözler iman etmeýän maşgala agzalarymyza, esasan-da, ýanýoldaşymyza wagt sarp etmegiň möhümdigini görkezýär. Pikir alyşmaklyk — maşgala gatnaşyklaryny berkidýär. Gowy gürrüňdeşlik özüňi ýeke duýmaga we gabanjaňlyk duýgusynyň döremegine ýol bermeýär (Wag. 3:1).
UMYDYŇYZY ÜZMÄŇ
«Maşgala agzalaryňa söýgiňi bildirmek we olar üçin doga etmek wajypdyr» diýip, Holger aýdýar. Onuň kakasy beýleki maşgala agzalaryndan soň, 20 ýyl diýende suwda çokundyrylýar. Krista bolsa sözüni şeýle dowam edýär: «Men ýanýoldaşymyň Ýehowanyň tarapyny tutup, hakykaty kabul etjekdigine umydymy üzmeýärin». Biz-de dogan-garyndaşlarymyzyň hakykata geljekdigine umydymyzy üzmeli däl.
Biz dogan-garyndaşlarymyz bilen gowy gatnaşykda bolmaly we amatly pursat dörände, hoş habary gürrüň berip, olary hakykata çekjek bolmaly. Ýöne «muny ýumşaklyk, saýhallylyk bilen etmeli» (1 Pet. 3:15, 16).