Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/12 sah. 21
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • Ýakup Harana gidýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýakubyň uly maşgalasy
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/12 sah. 21

OKYJYLARYŇ SOWALLARY

Ýermeýa pygamberiň «Rahel çagalary üçin aglaýar» diýen sözleri nämäni aňladýar?

Ýermeýa 31:15-de: «Reb şeýle diýýär: „Ramadan bir ses eşidildi, agy we ajy perýat sesleri, Rahel çagalary üçin aglaýar, teselli berilmegini islemeýär, çünki indi olar ýok“» diýilýär.

Rahel iki oglundan öň aradan çykýar. Onda Raheliň ölüminden müň ýyl geçensoň, Ýermeýanyň ýazan sözleri nämäni aňladýar?

Raheliň ilkinji ogly Ýusupdy (Gel. çyk. 30:22—24). Ikinji oglunyň ady bolsa, Benýamindi. Emma Rahel ony dünýä indirende aradan çykdy. Onda näme üçin Ýermeýa 31:15-de Rahel: «Indi olar ýok» diýip, ogullary üçin aglaýar?

Ýusubyň Manaşe we Efraýym atly ogullary bardy (Gel. çyk. 41:50—52; 48:13—20). Efraýym Ysraýylyň on taýpaly demirgazyk patyşalygynyň iň ähmiýetlisidi we onuň adyny göterýärdi. Raheliň ikinji ogly Benýamin bolsa, Ýahuda bilen günorta patyşalygyna degişlidi. Şol sebäpli demirgazyk we günorta patyşalyklarynyň ähli enelerine göçme manyda Rahel diýilýär.

Ýermeýa kitaby ýazylanda Ysraýylyň demirgazyk on taýpaly patyşalygyny aşurlylar basyp alyp, halkyny sürgün edipdi. Emma Efraýym taýpasyndan köpüsi Ýahuda gaçyp giden bolmaly. Iň soňy b. e. öň 607-nji ýylda babyllylar iki taýpaly Ýahudany hem basyp alýar. Şonda Iýerusalimden 8 km demirgazykda ýerleşýän Rama şäherinden köp adamlary sürgün edýärler (Ýer. 40:1). Raheliň jaýlanan ýerinde, ýagny Benýaminde ýaşaýanlaryň köpüsi öldürilipdi (1 Şam. 10:2). Rahel ogullary üçin aglaýar diýilmegi Benýaminde we Ramada öldürilen adamlar üçin ýas tutulmagyny aňladýardy. Ýa-da Hudaýyň halkynyň arasyndaky ähli eneleriň öldürilen we sürgün edilen ysraýyllylar üçin eden perýadyny aňladýan bolmaly.

Şeýle-de Ýermeýanyň «Rahel çagalary üçin aglaýar» diýen sözleri pygamberlikdi. Bu pygamberlik ýüzlerçe ýyl geçensoň, Isa çaga wagty janyna howp abananda berjaý boldy. Hirodes patyşa Iýerusalimiň günortasynda ýerleşýän Beýtullaham şäherindäki iki ýaşa çenli ähli oglanlary öldürmegi buýrupdy. Şonda bir oglanam galman, ählisi öldürilipdi. Ogullaryny ýitiren eneleriň çeken hasratyny göz öňüne getiriň! Olaryň agy sesleri Iýerusalimiň demirgazygynda ýerleşýän Rama ýetdi (Mat. 2:16—18).

«Raheliň çagalary üçin aglamagy» Ýermeýanyň we Isanyň günlerinde Ýahudadaky eneleriň ölen çagalary üçin ýas tutmagyny aňladýar. Elbetde ähli adamlar direlende, olaryň çagalary «duşman ýurdundan yzyna geler» (Ýer. 31:16; 1 Kor. 15:26).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş