TERJIMEHAL
Biz ençeme gezek Ýehowanyň merhemetini gördük
KAKAM Artur hudaýhon adamdy, ol ruhany (metodist) bolmak isleýärdi. Emma Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň edebiýatlaryny okap, olar bilen gürrüňdeş bolup başlansoň, ol pikirini üýtgetdi. 1914-nji ýylda 17 ýaşynda ol suwa çümdürildi. I Jahan urşunyň möwç alan döwri ony harby gulluga çagyrdylar. Ol eline ýarag almakdan boýun gaçyrandygy üçin 10 aý Ontario (Kanada) şäherindäki Kingston türmesinde oturmaly boldy. Türmeden boşansoň, kakam kitap paýlaýançy (pioner) bolup gulluga başlady.
Kakam Artur Gest bilen ejem Heýzl Uilkinson 1926-njy ýylda durmuş gurdular. Onuň ejesi, ýagny mamam hakykaty 1908-nji ýylda bilipdi. 1931-nji ýylyň 24-nji aprelinde men dört çaganyň ikinjisi bolup dünýä indim. Biziň maşgalamyzda Ýehowa gulluk etmek wajyp orun tutýardy. Kakamyň Mukaddes Ýazgylara çuňňur hormat goýýandygy üçin, biz Hudaýyň Sözüne bolan söýgini kiçilikden ösdürdik. Tutuş öý-içerimiz bilen hemişe öýden-öýe wagyz edýärdik (Res. iş. 20:20).
KAKAM ÝALY BITARAPLYGY SAKLAÝARYN WE PIONER BOLUP GULLUK EDÝÄRIN
1939-njy ýylda II Jahan urşy başlanýar. Bir ýyldan bolsa Kanadada Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işi gadagan edilýär. Orta mekdeplerde watanperwerlik duýgularyny ösdürmek üçin, çagalardan baýdaga tagzym etmek we döwlet gimnini aýtmak talap edilýärdi. Gyz doganym Doroti ikimiz bu çärelere gatnaşmaýardyk. Bir gezek mugallymym «gorkak» diýip, meni utandyrjak boldy. Mekdepden soň birnäçe klasdaşlarym daşyma üýşüp, meni urdular. Bu waka meni «adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmaga» bolan höwesimi has-da artdyrdy (Res. iş. 5:29).
1942-nji ýylyň iýul aýynda 11 ýaşymdakam, men fermanyň howdanynda suwa çümdürildim. Mekdep kanikuly döwri rugsat pioneri (häzir kömekçi pioner diýilýär) bolup gulluk edýändigime begenýärdim. Bir gezek men üç dogan bilen Ontarionyň demirgazygynda ýerleşýän uzakdaky obalara wagyz etmäge gitdim.
1949-njy ýylyň 1-nji maýynda pioner gullugyna başladym. Şol wagt filialda gurluşyk işi geçirilýärdi we meni kömek etmäge çagyrdylar. Şeýdip, 1-nji dekabrda Kanadadaky Beýtel maşgalasynyň agzasy boldum. Meni çaphana bellediler, ol ýerde çap edilýän guralda işlemegi öwrendim. Birnäçe hepde gijelerine işlänimde, Kanadada Ýehowanyň halkynyň yzarlanýandygy barada kitapça çap etdim.
Soňra meni Gulluk bölümine geçirdiler. Şonda yzarlamanyň öýjügi bolan Kwebek şäherinde gulluk edýän pionerlerden interwýu aldym. Olaryň biri Edmontonda (Alberta) ýaşaýan Meri Zazula atly uýady. Ony we özünden uly dogany Joýy Mukaddes Ýazgylary okaýandygy üçin, prawoslaw dinine uýýan ene-atasy öýünden kowýar. 1951-nji ýylyň iýun aýynda olar suwa çümdürilýärler we alty aýdan pioner gullugyna başlaýarlar. Interwýu alanymda, Meriniň ruhy zatlara bolan garaýşy maňa örän ýarady. Şonda men özüme: «Hemme zat ugruna bolsa, şu uýa öýlenerin» diýdim. 1954-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda, ýagny 9 aýdan biz durmuş gurduk. Bir hepde geçensoň, bizi etrap gözegçileri üçin mekdebe çagyrdylar we iki ýyl Ontarionyň demirgazygynda etrap gözegçisi bolup gulluk etdik.
Bütindünýä wagyz işiniň ösýändigi üçin missionerler gerekdi. «Eger biz Kanadanyň aýazly gyşyna, tomusdaky ýüregedüşgünç çybynlara çydan bolsak, onda islendik ýerde gulluk edip bileris» diýip pikir edýärdik. 1956-njy ýylyň iýul aýynda biz Gilead mekdebiniň 27-nji klasyny tamamladyk, noýabr aýynda bolsa Braziliýada gulluk etmäge bellendik.
BRAZILIÝADA MISSIONER BOLUP GULLUK EDÝÄRIS
Braziliýanyň Beýteline baranymyzda, bize portugal dilini öwrenmelidigimizi aýtdylar. Portugal dilinde saglyk-amanlyk soraşmagy we žurnal teklip etmegi öwrenip, biz wagyz etmäge başladyk. Eger adam hoş habar bilen gyzyklansa, Hudaýyň Patyşalygynyň berjek ýaşaýşy barada aýatlary okamak maslahat berilýärdi. Biz birinji gezek wagza çykanymyzda, bir aýal ünsli diňledi, menem oňa Ylham 21:3, 4-nji aýatlary okap berdim. Şol wagt başym aýlanyp, özümden gitdim. Yssa we çygly howa öwrenişmek maňa kyn boldy.
Bizi Kampus şäherine missioner edip bellediler. Ol ýerde häzir 15 ýygnak bar. Emma biz ol ýere baranymyzda, şäherde ýekeje topar bardy, missionerler öýünde hem dört uýa gulluk edýärdi: Ester Treýsi, Ramona Bauer, Luiza Şwars we Lorreýn Bruks (häzir Uollen). Men missionerler öýünde kir ýuwmak we nahar bişirmek üçin gerek bolan zatlary almalydym. Bir gezek duşenbe güni agşam «Garawul diňi» duşuşygyndan soň, garaşylmadyk waka boldy. Aýalym diwanda dynç alyp ýatyrdy we biz günüň dowamynda bolan zatlar hakda gürrüň edýärdik. Ol başyny ýassykdan galdyranda, süýşüp gelýän ýylany gördi. Men ony öldürýänçäm ynjalmadym!
Bir ýyllap portugal dilini öwrenenimden soň, meni etrap gözegçisi edip bellediler. Biz oba durmuşyna, ýagny ýerde ýatmaga we toksuz ýaşamaga öwrenişdik, wagza-da atly, arabaly gidýärdik. Uzak ýerlerde wagyz kampaniýasy gurnalanda, daglyk ýerlerde ýerleşýän şähere otluda gidip, kiçiräk myhmanhanada kireýne bolýardyk. Filialdan bize 800 žurnal ugratdylar. Olary öýe daşamak üçin birnäçe gezek poçta gatnamaly bolduk.
Maňa 1962-nji ýylda Braziliýadaky doganlar we missioner uýalar üçin Patyşalyk gullugynyň mekdebini geçirmegi tabşyrdylar. Men aýalymy goýup, ýeke özüm alty aýyň dowamynda Manausda, Belende, Fortalezada, Resifide we Salwadorda geçiriljek mekdeplerde tälim bermelidim. Bir gezek Manaus şäheriniň meşhur opera jaýynda welaýat kongresini gurnanymda, güýçli ýagyş ýagdy. Ýagyş içilýän suwy hapalap, nahar taýýarlanylýan ýerlere zyýan ýetirdi (Şol döwürde kongrese gelenler üçin nahar taýýarlanylýardy). Men bir akýürekli harby işgär bilen gepleşip, kongres döwri agyz suwy bilen üpjün etmegi haýyş etdim, ol hem razylaşdy. Şeýle-de ol birnäçe esger iberip, naharhana üçin we günortanlyk ediner ýaly iki sany uly çadyr gurnatdy.
Men şeýle işler bilen meşgullanýarkam, Meri portugaliýaly adamlaryň söwda edýän ýerlerinde wagyz edýärdi. Ol ýerde adamlar diňe pul gazanmak bilen başagaýdylar. Aýalym ýekeje adam bilenem Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüň edip bilmändir. Şonuň üçin ol käbir beýtelçilere: «Meniň islegim bolsa, hiç haçan Portugaliýada ýaşamazdym» diýipdir. Geň galaýmaly, biraz wagtdan bizi Portugaliýada gulluk etmäge bellediler! Ol ýerde wagyz işi gadagan edilendi, Meri üçin kyn bolsa-da, biz çakylygy kabul etdik.
PORTUGALIÝADA GULLUK ETMÄGE BELLENÝÄRIS
1964-nji ýylyň awgustynda biz Portugaliýanyň Lissabon şäherine gelip düşdük. Doganlar ol ýerde Portugaliýanyň gizlin polisiýasy (PIDE) tarapyndan yzarlanýardylar. Şonuň üçin bizi doganlardan hiç kim garşylamasa we olar bilen gatnaşyk saklamasak gowy bolardy diýen karara geldik. Biz ol ýerde ýaşamak üçin hökümetden rugsat alýançak, myhmanhanada galmagy makul bildik. Wizalarymyz taýýar bolandan soň, kireýne jaý aldyk. Ahyrsoňy, 1965-nji ýylyň ýanwarynda Beýtel bilen habarlaşdyk. Bäş aýdan soň birinji gezek ýygnak duşuşygyna baranymyzda diýseň begendik!
Polisiýa işgärleri doganlarymyzyň öýlerini her gün barlaýan eken. Ýygnak jaýlary ýapylansoň, duşuşyklar öýlerde geçirilýärdi. Ýüzlerçe Şaýatlary şahsyýetini anyklamak we sorag etmek üçin polisiýa bölümine äkidýärdiler. Olar her zat edip, doganlardan ýygnak geçirýänleriň atlaryny biljek bolýardylar. Şonuň üçin doganlarymyz biri-birine familiýasyny däl-de, Žoze we Paulo ýaly atlaryny tutup ýüzlenýärdiler. Bizem şeýle etdik.
Şol döwürde doganlary ruhy iýmit bilen üpjün etmek gaty kyndy. Aýalym Meri «Garawul diňindäki» makalalary we başga-da edebiýatlary mimeograf maşynynda köpeldýärdi.
KAZYÝETDE HOŞ HABARY GORAÝARYS
1966-njy ýylyň iýunynda Lissabonyň kazyýetinde biziň işimize seretdiler. Feýžodaky ýygnagyň 49 agzasyny öýde ýygnak geçirendikleri üçin sud etdiler. Men kazyýetde prokuroryň berjek soraglaryny berip, olary öňünden taýýarladym. Biz ýeňiş gazanmasak-da, gowy güwälik edip biljekdigimize düşünýärdik. Aklawjymyz çykyşyny I asyrda ýaşan Gamaliýeliň aýdan sözleri bilen jemledi (Res. iş. 5:33—39). Bu wakany täzeliklerde habar berdiler we 49 sany dogan-uýamyz 45 günden bäş ýarym aýa çenli türmede oturmaly boldular. Biz batyrgaý aklawjymyzyň aradan çykmazdan öň, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap, ýygnaklara gatnaşandygyna begenýäris.
1966-njy ýylyň dekabrynda meni Beýteliň gözegçisi edip bellediler. Bu ýerde men köp wagtymy ýuridiki meselelerine sarp edýärdim. Ýehowanyň Şaýatlary gowy abraý gazanyp, arkaýyn sežde edip başladylar (Flp. 1:7). 1974-nji ýylyň 18-nji dekabrynda bolsa hökümet tarapyndan hasaba alyndyk. Baş edaranyň agzalary bolan Neýtan Norr bilen Frederik Frens doganyň Oporto we Lissabon şäherlerinde geçirilen taryhy waka gatnaşmaga gelendigine begendik. Bu duşuşyga 46 müň 870 adam gatnaşdy.
Ýehowa Portugaliýanyň dürli adalarynda, şol sanda Azorda, Kabo-Werdede, Madeýrada, San-Tome we Prinsipide wagyz edilmegi üçin «gapylary» giňden açdy. Netijede, 1988-nji ýylda Beýteli ulaltmaly diýen karara gelindi. Şol ýylyň 23-nji aprelinde Milton Henşel dogan ulaldylan Beýteli Ýehowa bagyş etmek üçin, 45 müň 522 adamyň öňünde tolgundyryjy nutuk bilen çykyş etdi. Bu taryhy duşuşygy Portugaliýada missioner bolup gulluk eden 20 sany dogan-uýanyň gelmegi has-da bezedi.
WEPALY DOGANLARDAN KÖP ZATLARY ÖWRENDIK
Ençeme ýyl wepaly dogan-uýalar bilen ýakyndan gatnaşyk edip, durmuşymyzy baýlaşdyrdyk. Sebit gözegçisi bolup gelen Teodor Ýaraçdan wajyp bir zat öwrendim. Ol gelende, Beýtel maşgalasy kyn döwri başdan geçirýärdi. Komitetiň agzalary-da bu meseläni çözmek üçin elinde baryny edýärdiler. Şonda Ýaraç dogan ýönekeý, ýöne möhüm bir pikir aýtdy: «Häzirlikçe, bu meseläni Hudaýyň mukaddes ruhuna tabşyryň». Birnäçe ýyl mundan öň aýalym Meri bilen Bruklindäki Beýtele baranymyzda, Frens we başga-da birki dogan bilen saçak başynda gürrüňdeş bolupdyk. Biz ondan: «Ençeme ýyl Ýehowa eden gullugyň barada näme diýip biljek?» diýip soranymyzda, ol: «Nähili ýagdaý bolaýanda-da, Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasynda galyň. Sebäbi Isanyň şägirtlerine „Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny wagyz ediň“ diýen tabşyrygyny diňe şu gurama berjaý edýändir!» diýip jogap berdi.
Aýalym ikimiz bu maslahata eýerendigimize ýürekden begenýäris. Biz sebit gözegçileriniň eden ideglerini höwes bilen ýatlaýarys. Bu çäreler bize ýaş we gartaşan wepaly doganlara bolan minnetdarlygymyzy görkezmäge hem-de Ýehowa edýän hormatly gullugyny dowam etmäge höweslendirmäge mümkinçilik berdi.
Häzir Meri ikimiziň ýaşymyz 80-den geçdi. Meriniň saglyk ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär (2 Kor. 12:9). Biziň çeken kynçylyklarymyz imanymyzy berkitdi we aýypsyz galmaga güýç berdi. Yzymyza ser salanymyzda, Ýehowanyň bize ençeme gezek merhemet edendigini görýärisa.
a Bu makala çapa taýýarlanylýan wagty Duglas Gest dogan 2015-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Ýehowa wepaly galyp aradan çykdy.