Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w19 Noýabr sah. 31
  • Şuny bilýäňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şuny bilýäňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Meňzeş maglumat
  • Gelejegiňiz hakda oýlanyp, paýhasly hereket ediň
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Siz ynamdar iş dolandyryjy!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Wepaly iş dolandyryjy taýyn bolmaly
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Sadyk iş dolandyryjy we onuň ýolbaşçylyk maslahaty
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
w19 Noýabr sah. 31
Gadymy Müsürde iş dolandyryjy işçileriň üstünden gözegçilik edýär

Şuny bilýäňizmi?

Gadymy döwürde iş dolandyryjylaryň nähili borjy bardy?

GADYMY döwürde iş dolandyryjy hojaýynyň öýüne ýa-da mal-mülküne gözegçilik edýärdi.

Ýakup pygamberiň ogly Ýusup Müsür ýurdunda gul bolan döwri hojaýynynyň öýüne gözegçilik edýärdi. Hojaýyny «bütin mal-mülküni Ýusuba tabşyrýar» (1 Mus. 39:2—6). Soňra Ýusup Müsür ýurduny dolandyryp başlanda, öz hojalygyna gözegçilik eder ýaly «baş hyzmatkär» belleýär (1 Mus. 44:4).

Isanyň ýaşan döwründe ýer eýeleri melleginden uzakdaky şäherlerde ýaşaýardylar. Şol sebäpli olar mellegine gözegçilik eder ýaly adamlary belläpdirler. Olar mellekde zähmet çekýän adamlaryň her günki işlerine gözegçilik edipdirler.

Nähili adamlary gözegçi belläpdirler? I asyrda ýaşan Rim ýazyjysy Kolumellanyň aýtmagyna görä, gözegçi ýa-da iş dolandyryjy «synagdan geçen we tejribeli» adam bolmaly. Iş dolandyryjy «işçileri gowşak tutmaly däl, ýöne zalym hem bolmaly däl». Kolumella sözüni şeýle dowam edýär: «Ondan talap edilýän esasy zat şu: hiç zat bilmese-de, bilýändirin öýtmesin, bilmeýän zadyny öwrenmäge jan etsin».

Hudaýyň Sözünde hyzmatkäriň mesihçiler ýygnagynda nähili işleri edýändigi beýan edilýär. Meselem, Petrus resul mesihçileri «jogapkärli hyzmatkärler hökmünde... alan ukyplaryna görä birek-birege hyzmat etmäge» höweslendirýär (1 Pet. 4:10).

Luka 16:1—8-nji aýatlarda Isa hem iş dolandyryjy hakdaky mysaly gürrüň berýär. Şeýle-de Isa Patyşa hökmünde geljekdigi barada pygamberlik edende, «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri», ýagny iş dolandyryjyny bellejekdigini aýdýar. Olar dünýäniň soňy gelýänçä, mesihçiler ýygnagyna ruhy iýmiti wagtly-wagtynda bermelidiler (Mat. 24:45—47; Luka 12:42). Şu günler «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» imanyňy berkidýän edebiýatlary neşir edip, bütin dünýä ýaýradýar. Biz olaryň edýän işine örän minnetdar!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş