Sowally bukja
● «Hudaýa gullugymyz» kimlere berilýär?
«Hudaýa gullugymyz» wagza gatnaşýanlary goldap, ruhlandyrmak üçin taýýarlanylýar. Şonuň üçin, ol hemme adamlara paýlanmaýar. «Hudaýa gullugymyz» ähli çokundyrylan we çokundyrylmadyk wagyzçylarda bolmaly. Gulluk duşuşygyna yzygiderli gatnaşyp, wagyz etmäge isleg bildirýänlere hem berilse bolar. Şeýle-de «Hudaýa gullugymyzyň» bir nusgasyny Patyşalyk zallarynyň kitaphanasy üçin aýyryp goýmaly. Gatnaşykdan kesilenlere «Hudaýa gullugymyz» berilmeli däl.
Käbir ýygnaklarda «Hudaýa gullugymyzyň» berilmeli wagyzçylarynyň sanawy düzülýär we ony toparlara bölýärler. «Hudaýa gullugymyzy» paýlamak aňsat bolar ýaly, şol sanawy topara gözegçilik edýän dogan ulanýar we gerek bolsa her nusga düşnükli edip wagyzçynyň adyny ýazýar. «Hudaýa gullugymyzy» alýanlaryň ählisi ony aýawly ulanyp, gulluk duşuşygyna we wagza taýýarlanmaly. Köp wagyzçylar «Hudaýa gullugymyzyň» çykýan her sanyny gelejekde hem ulanyp biler ýaly şahsy edebiýatlarynyň toplumyna goşýar.