Teokratiki Gulluk Mekdebiň 2007-nji ýyl üçin meýilnamasy
GOLLANMA
2007-nji ýylda Teokratiki gulluk mekdebinde şu aşakdakylar geçiler:
EDEBIÝATLAR: «Injil, Zebur we Süleýmanyň tymsallary» (Araz Parwişiň terjimesi, 1994), Mukaddes Ýazgylar [bi2-U], «Garawul diňi» [w-U] hem-de «Teokratiki gulluk mekdebinde okaýarys» [be-U], «Ýazgylaryň hemmesi» ynama mynasyp we peýdaly» [bsi06-U], [bsi07-TM], «Bilim» [kl-TM] hem-de Mukaddes Ýazgylaryň [bi2-U] soňundaky «Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňdeşlik üçin temalar» [td-U].
Mekdebi aýdym, doga we salamlaşmak bilen WAGTYNDA başlamaly, soňra aşakdaky ýaly dowam etmeli. Her çykyşdan soň, mekdebiň gözegçisi indiki çykyş etjegi we onuň temasyny yglan eder.
DILEWARLYK: 5 minut. Mekdebiň gözegçisi, ýörite maslahatçy ýa-da başga bir tejribeli ýaşuly «Teokratiki gulluk mekdebinde okaýarys» kitabyna esaslanyp, dilewarlyk sungaty barada çykyş eder. (Ýygnakda ýaşuly az bolsa, onda tejribeli gulluk hyzmatçysy çykyş edip biler).
No. 1 ÝUMUŞ: 10 minut. Tejribeli ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy çykyş etmeli. Onuň çykyşy «Garawul diňi» žurnalyna, «Teokratiki gulluk mekdebinde okaýarys» kitabyna ýa-da «Ýazgylaryň hemmesi» ynama mynasyp we peýdaly» diýen kitapça esaslanar. Ol 10 minutlyk öwrediji nutk bilen çykyş etmeli. Berlen materialy başdan-aýak gürrüň bermeli däl-de, eýsem, ýygnak üçin peýdaly bolup biljek pikirlere we olaryň ulanylyşyna üns bermeli. Meýilnamada berlen tema boýunça çykyş etmeli. Şu ýumuş bilen çykyş edýän doganlar berlen wagtyň çäginden çykmaly däl. Çykyş eden doganlara ýörite maslahat berilmeli bolsa, onda maslahaty ikiçäk ýagdaýda bermeli.
MUKADDES ÝAZGYLARDAN PEÝDALY PIKIRLER: 10 minut. Ilkinji bäş minudyň dowamynda tejribeli ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy berlen baplaryň ýerli zerurlyk üçin ulanylyşy barada çykyş eder. Ol Mukaddes Ýazgylaryň şol hepdede okalmaly baplarynyň islendik aýatlaryny ulanyp biler. Ýöne şol baplaryň gysgaça mazmunyny gürrüň bermeli däl-de, eýsem, diňleýjilere näme peýdasynyň bardygyny we nädip ulanyp biljekdigini düşündirmeli. Çykyş edýän dogan özüne berlen bäş minudyň çäginden çykmaly däl. Ol galan bäş minudy hökman diňleýjilere goýmaly. Diňleýjiler bolsa okan baplaryndan tapan gyzykly we peýdaly pikirlerini gysgaça (30 sekuntdan köp bolmaly däl) gürrüň bermeli. Soňra mekdebiň gözegçisi okuwçylary klaslara böler.
No. 2 ÝUMUŞ: 4 minut ýa-da şondan az. Doganlara berilýär. Okuwçy giriş we jemleýji sözleri aýtman, berlen materialy okamaly. Mekdebiň gözegçisi okuwçylara düşnükli, labyzly, çalt we säginme bilen okamaga hem-de basymy dogry goýmaga kömek eder.
No. 3 ÝUMUŞ: 5 minut. Uýalara berilýär. Okuwça «Teokratiki gulluk mekdebinde okaýarys» kitabynyň 82-nji sahypasyndaky şertli ýagdaýlaryň birini özi saýlaýar ýa-da oňa şondan bellenýär. Okuwçy berlen temanyň wagyzda ulanylyşyny görkezmeli hem-de ýygnagyň territoriýasynda peýdaly bolmaly. Meýilnamada hiç hili edebiýat salgy berilmedik bolsa, onda okuwçynyň özi biziň edebiýatymyzdan gerekli materialy gözläp tapmaly bolar. Täze okuwçylara edebiýaty salgy berlen ýumşy bermeli. Mekdebiň gözegçisi okuwçynyň materialy ulanyşyna, öý eýesi bilen Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň edişine we esasy pikiri düşündirişine aýratyn üns berer. Şeýle hem mekdebiň gözegçisi oňa bir kömekçi belleýär.
No. 4 ÝUMUŞ: 5 minut. Okuwçy berlen tema boýunça çykyş etmeli. Meýilnamada hiç hili edebiýat salgy berilmedik bolsa, onda okuwçynyň özi biziň edebiýatymyzdan gerekli materialy gözläp tapmaly. Eger-de dogana berlen bolsa, ony nutk görnüşinde taýýarlap, Patyşalyk Zalynda diňleýjileriň öňünde çykyş etmeli. Eger-de uýa berlen bolsa, No. 3 ýumuşda aýdylyşy ýaly taýýarlamaly. Mekdebiň gözegçisi käbir gerek ýagdaýlarda No. 4 ýumşy dogana berip biler. Temanyň adynyň öňünde ýyldyzjyk goýlan bolsa, şol ýumuş hemişe doganlara berilmeli. Ony doklad görnüşinde taýýarlap çykyş etmeli.
MASLAHAT: 1 minut. Mekdebiň gözegçisi okuwça berlen sapagyň adyny öňünden aýdýar. No. 2, 3, 4 ýumuşlaryň hersinden soň, mekdebiň gözegçisi çykyşyň gowy taraplaryny aýdyp öwmeli. Ol ýöne bir «Berekella!» diýmek bilen çäklenmän, eýsem, çykyşyň haýsy tarapynyň has peýdalydygyna aýratyn üns bermeli. Okuwça goşmaça maslahat gerek bolsa, onda ikiçäk ýagdaýda duşuşykdan soň ýa-da başga bir wagty bermeli.
WAGTY: Nutk bilen çykyş edýän doganlar ýa-da maslahat berýän dogan berlen wagtyň çäginden çykmaly däl. No.2, 3, 4 ýumuşlar bilen çykyş edýän okuwçylar berlen wagtyň çäginden çyksa, onda ony sypaýyçylyk bilen saklamaly. Eger-de dilewarlyk, No. 1 ýumuş ýa-da Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş edýän doganlar berlen wagtyň çäginde çyksa, onda olara ikiçäk ýagdaýda maslahat bermeli. Hiç kim berlen wagtyň çäginden çykmaly däl. Aýdyma we doga sarp edilýän wagty hasaba almasaň, duşuşyk jemi 45 minut dowam etmeli.
GÜNDELIK: Okuw kitabynda.
ÝÖRITE MASLAHATÇY: Mümkin bolsa ýaşulular maslahaty mekdebiň gözegçisinden başga bir tejribeli ýaşulyny ýörite maslahatçy bellemeli. Ýygnakda birnäçe ýaşuly bar bolsa, onda her ýyl başga bir tejribeli ýaşulyny bellese bolar. Ýörite maslahatçynyň borjy No. 1 ýumuş we Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş edýän doganlara, gerek wagty, ikiçäk maslahat bermekden ybarat. Her ýaşulynyň ýa-da gulluk hyzmatçynyň çykyşyndan soň olara maslahat bermek hökman däl.
GEÇILENLERI GAÝTALAMAK: 30 minut. Her iki aýdan mekdebiň gözegçisi diňleýjiler bilen geçilenleri gaýtalar. Ýöne ilki bilen, doganlar dilewarlyk we Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş etmeli. Soňra mekdepde soňky iki aýyň dowamynda hem-de şol hepdede geçilen material gaýtalanylýar. Eger-de geçilenleri gaýtalamak hepdesinde ýygnagyňyz etrap kongresine gatnaşmaly bolsa, onda geçilenleri gaýtalamagy (şol hepdäniň meýilnamasyndaky çykyşlary hem) bir hepde yza geçirmeli. Indiki hepde geçilmeli meýilnamany bolsa, bir hepde ir geçirmeli, ýagny etrap kongresi geçýän hepde geçirmeli. Eger-de geçilenleri gaýtalamak hepdesi siziň ýygnagyňyza etrap gözegçisi gelýän bolsa, onda meýilnama laýyklykda aýdym aýdylmaly, doganlar dilewarlyk we Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş etmeli. Dilewarlykdan soň gelýän No. 1 ýumşy bolsa, geljekki hepdäniň meýilnamasyndan almaly. Indiki hepde bolsa, meýilnama laýyklykda, Teokratiki gulluk mekdebinde doganlar dilewarlyk we Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş etmeli, soňra mekdebiň gözegçisi diňleýjiler bilen geçilenleri gaýtalamaly.
MEÝILNAMA
Türkmenbaşy 1 Okamak: Işaýa 24—28 Aýdym 11
Dilewarlyk: Materialyň durmuşda ulanylyşy (be-U s. 158, abz. 2—4)
No. 1: Mekdepde okuw ýumuşlaryny taýýarlamak (be-U s. 43, abz. 1—s. 44, abz. 3)
No. 2: kl-TM s. 64—66, abz. 8—14
No. 3: Adamyň durmuşy takdyra bagly däl (td-U 31A)
No. 4: «Reb Isa Mesihi geýinmek» üçin näme etmeli? (Rim. 13:14)
Türkmenbaşy 8 Okamak: Işaýa 29—33 Aýdym 28
Dilewarlyk: Materialyň durmuşda peýdasyny görmäge adamlara kömek etmek (be-U s. 159, abz. 1—4)
No. 1: Temanyň we şertli ýagdaýyň üstünde işlemek (be-U s. 44, abz. 4—s. 46, abz. 1)
No. 2: kl-TM s. 66—69, abz. 15—20
No. 3: Näme üçin mesihçileri ýigrenýärler? (td-U32A)
No. 4: Ýehowa Hudaýyň çagalary söýýändigini nireden bilýäris?
Türkmenbaşy 15 Okamak: Işaýa 34—37 Aýdym 29
Dilewarlyk: Aýtjak sözleriňi saýlamak (be-U s. 160, abz. 1—3)
No. 1: Ýagşylyga we ýamanlyga Isanyň garaýşy ýaly garamagy öwren (w05-U 1.1. s. 9—10, abz. 11—15)
No. 2: kl-TM s. 70—72 abz. 1—5
No. 3: Ýürekden söýmegi nädip öwrenmeli?
No. 4: Aýal äriniň Hudaýdan daşlaşdyrmagyna ýol bermeli däl (td-U 32B)
Türkmenbaşy 22 Okamak: Işaýa 38—42 Aýdym 11
Dilewarlyk: Düşnükli gürlemek (be-U s. 161, abz. 1—4)
No. 1: Garşylyk päsgel berip bilmedi (w05-U 1.1. s. 15, abz. 16—18)
No. 2: kl-TM s. 72—74, abz. 6—10
No. 3: Är Hudaýa gulluk etmäge aýalynyň päsgel bermegine ýol bermeli däl (td-U 32W)
No. 4: Başgalary ýaman niýetde aýyplamakdan näme üçin gaça durmaly?
Türkmenbaşy 29 Okamak: Işaýa 43—46 Aýdym 12
Dilewarlyk: Dürli sözleri ulanmak we dogry geplemek (be-U s. 161, abz. 5—s. 162, abz. 4)
No. 1: Ýehowanyň edýän işlerine näme üçin şübhelenmeli däl? (w05-U 1.2. s. 23, 24, abz. 4—9)
No. 2: kl-TM s. 74—77, abz. 11—17
No. 3: Hakyky dini nädip tapawutlandyryp bolar (td-U 33A)
No. 4: aMesihçiler näme üçin özüni başgalar bilen deňeşdirmeýär?
Baýdak 5 Okamak: Işaýa 47—51 Aýdym 26
Dilewarlyk: Çykyşy täsirli, janly hem labyzly edýän sözler (be-U s. 163, abz. 1—s. 164, abz. 2)
No. 1: Ýehowanyň Sözi arassa hem wepaly bolmaga ýardam edýär (w05-U 15.4. s. 11—12, abz. 5—11)
No. 2: kl-TM s. 77—79, abz. 18—23
No. 3: Ýalan taglymatlary ýazgarmak dogrymy? (td-U 33B)
No. 4: Mukaddes Ýazgylar sowgat bermegi ýazgarýarmy?
Baýdak 12 Okamak: Işaýa 52—57 Aýdym 16
Dilewarlyk: Sowatly gürlemek (be-U s. 164, abz.3—s. 165, abz. 1)
No. 1: Ýehowanyň Sözi batyrgaý bolmaga kömek edýär (w05-U 15.4. s. 12—13, abz. 12—14)
No. 2: kl-TM s. 80—82, abz. 1—6
No. 3: Janaýaman ýaşamagyň peýdasy
No. 4: Haýsy ýagdaýda Hudaý diniňi üýtgetmegiňi goldaýar (td-U 33W)
Baýdak 19 Okamak: Işaýa 58—62 Aýdym 18
Dilewarlyk: Meýilnama ulanmak (be-U s. 166, abz. 1—s. 167, abz. 2)
No. 1: Işaýa kitabynyň peýdasy (bsi06-U s. 31, 32 abz. 34—39)
No. 2: kl-TM s. 82—84, abz. 7—13
No. 3: Hudaýyň guly bolmak näme üçin utanç däl?
No. 4: Hudaý ähli dinleri goldaýarmy? (td-U 33G)
Baýdak 26 Okamak: Işaýa 63—66 Aýdym 8
Dilewarlyk: Aýtjak zadyň barada öňünden pikirlen (be-U s. 167, abz. 3—s. 168, abz. 2)
Geçilenleri gaýtalamak
Nowruz 5 Okamak: Ýeremiýa 1—4 Aýdym 4
Dilewarlyk: Nutgyň meýilnamasy ýönekeý bolmaly (be-U s. 168, abz. 3—s. 169, abz. 5)
No. 1: Ýeremiýa kitabyna giriş (bsi07-TM s. 3 abz. 1—5)
No. 2: kl-TM s. 84—87, abz. 14—17
No. 3: Hakyky bagt nämä bagly?
No. 4: Ýehowanyň Güwäçileri täze dinmi? (td-U 34A)
Nowruz 12 Okamak: Ýeremiýa 5—7 Aýdym 23
Dilewarlyk: Materialy logiki yzygiderlikde tertibe salmak (be-U s. 170, abz. 1—s. 171, abz. 2)
No. 1: Ýygnak üçin nutklar taýýarlamak (be-U s. 47, abz. 1—s. 49, abz. 1)
No. 2: kl-TM s. 87—89, abz. 18—22
No. 3: Hakykat barada ähli mesihçiler wagyz etmeli (td-U 35A)
No. 4: Biz Çykyş 14:11-den nähili sapak edinýäris
Nowruz 19 Okamak: Ýeremiýa 8—11 Aýdym 24
Dilewarlyk: Materialy nädip logiki yzygiderlikde tertibe salmaly (be-U s. 171, abz. 3—s. 172, abz. 5)
No. 1: Gulluk duşuşygynda çykyş etmäge taýýarlyk we beýleki nutklar (be-U s. 49, abz. 2—s. 51, abz. 2)
No. 2: kl-TM s. 90—92, abz. 1—7
No. 3: Ybraýymyň, Eýýubyň we Daniýeliň direlişe ynanandyklaryny nireden bilýäris?
No. 4: Biz näme üçin adamlary yzygiderli ideg edýäris (td-U 35B)
Nowruz 26 Okamak: Ýeremiýa 12—16 Aýdym 22
Dilewarlyk: Çykyşyňda diňe gerek zady ulan (be-U s. 173, abz. 1—4)
No. 1: Töleg Hudaýyň dogrulygyny beýgeldýär (w05-U 1.11. s. 13—14)
No. 2: kl-TM s. 92—95, abz. 8—13
No. 3: Wagyz etsek adamlaryň ganyna galmaýarys (td-U 35W)
No. 4: Mesihçi nämä buýsanmaly?
Gurbansoltan 2 Okamak: Ýeremiýa 17—21 Aýdym 3
Dilewarlyk: Erkin çykyş etmek (be-U s. 174, abz. 1—s. 175, abz. 4)
No. 1: Nutk taýýarlamak (be-U s. 52, abz. 1—s. 54, abz. 1)
No. 2: kl-TM s. 95—97, abz. 14—18
No. 3: Ähli mesihçiler Hudaýa gulluk etmeli (td-U 36A)
No. 4: bBerilýän maslahata nähili garamaly?
Gurbansoltan 9 Okamak: Ýeremiýa 22—24 Aýdym 15
Dilewarlyk: Erkin çykyş etmegiň howply taraplary (be-U s. 175, abz. 5—s. 177, abz. 1)
No. 1: Nutkçy nämäni özi çözýär? (be-U s. 54, abz. 2—4; s. 55, çarçuwa)
No. 2: kl-TM s. 98, 99, abz. 1—4
No. 3: Wagyz etmek näme üçin şatlykly
No. 4: Hudaýa gulluk etmek ukybymyz (td-U 36B)
Gurbansoltan 16 Okamak: Ýeremiýa 25—28 Aýdym 18
Dilewarlyk: Haýal etmän jogap bermeli bolanda (be-U s. 177, abz. 2—s. 178, abz. 2)
No. 1: Öwretmek ukybyny artdyr (be-U s. 56, abz. 1—s. 57, abz. 2)
No. 2: kl-TM s. 99—103, abz. 5—8
No. 3: Ölümiň sebäbi näme? (td-U 37A)
No. 4: Toprak haýsy manyda lagnatly? (Bar. 3:17)
Gurbansoltan 23 Okamak: Ýeremiýa 29—31 Aýdym 4
Dilewarlyk: Gepleşik täri (be-U s. 179, 180)
No. 1: «Tapawudyny görkez» (be-U s. 57, abz. 3—s. 58, abz. 2)
No. 2: kl-TM s. 103—105, abz. 9—13
No. 3: Näme üçin Ýehowanyň beýikliginiň çägi ýok?
No. 4: Ölüler zyýan ýetirip bilýärmi? (td-U 37B)
Gurbansoltan 30 Okamak: Ýeremiýa 32—34 Aýdym 26
Dilewarlyk: Ses (be-U s. 181, abz. 1—4)
Geçilenleri gaýtalamak
Magtymguly 7 Okamak: Ýeremiýa 35—38 Aýdym 6
Dilewarlyk: Öýkendäki howany dogry ulanmak (be-U s. 181, abz. 5—s. 184, abz. 1; s. 182, çarçuwa)
No. 1: Diňleýjileri oýlanmaga höweslendir (be-U s. 58, abz. 3—s. 59, abz. 3)
No. 2: kl-TM s. 105—107, abz. 14—17
No. 3: Adamlar ölen garyndaşlary bilen gepleşip bilýärmi? (td-U 37W)
No. 4: Mesihçiler nädip ynamsyzlyga hötde gelip bilerler?
Magtymguly 14 Okamak: Ýeremiýa 39—43 Aýdym 20
Dilewarlyk: Dartgynly ýagdaýda bolma (be-U s. 184, abz. 2—s. 185, abz. 3; s. 184, çarçuwa)
No. 1: Durmuşda ulanylyşyny gürrüň ber we oňat görelde görkez (be-U s. 60, abz. 1—s. 61, abz. 3)
No. 2: kl-TM s. 108—111, abz. 1—7
No. 3: Ylym ýaradylyşy tassyklaýar (td-U 38A)
No. 4: cMesihçiler tanyşlyk döwri näme üçin arassa gatnaşygy saklamaga çalyşýarlar?
Magtymguly 21 Okamak: Ýeremiýa 44—48 Aýdym 18
Dilewarlyk: Adamlar bilen gyzyklan (be-U s. 186, abz. 1—4)
No. 1: Gürrüňdeş bolmagy öwren (be-U s. 62, abz. 1—s. 64, abz. 1)
No. 2: kl-TM s. 111—114, abz. 8—13
No. 3: Öz-özüňi aldamak näme we nädip ondan ägä bolmaly?
No. 4: Her bir ýaradylyş güni 24 sagat dowam etdimi?
Magtymguly 28 Okamak: Ýeremiýa 49, 50 Aýdym 23
Dilewarlyk: Ünsli diňle (be-U s. 187, abz. 1—5)
No. 1: Gürrüňdeşligi dowam etmek (be-U s. 64, abz. 2—s. 65, abz. 4)
No. 2: kl-TM s. 114—117, abz. 14—20
No. 3: Hudaý Mesih arkaly halas edýär (td-U 39A)
No. 4: Näme üçin ata-eneler çagalaryna sesli okap bermeli?
Oguz 4 Okamak: Ýeremiýa 51, 52 Aýdym 28
Dilewarlyk: Adamlara ruhy taýdan ösmäge kömek et (be-U s. 187, abz. 6—s. 188, abz. 3)
No. 1: Ýeremiýa kitabynyň peýdasy (bsi07-TM s. 3, 4 abz. 36—39)
No. 2: kl-TM s. 118—120, abz. 1—6
No. 3: Hudaýdan garaşsyz bolmaga çalyşmak akylsyzlykdyr
No. 4: «Bir gezek halas bolan — hemişelik halas bolar» diýen düşünje nädogry (td-U 39B)
Oguz 11 Okamak: Ýeremiýanyň agysy 1, 2 Aýdym 16
Dilewarlyk: Kömek etmek (be-U s. 188, abz. 4—s. 189, abz. 4)
No. 1: Ýeremiýanyň agysy kitabyna giriş (bsi07-TM s. 4, 5 abz. 1—7)
No. 2: kl-TM s. 120—123, abz. 7—13
No. 3: «Hemme halas bolýar» diýen düşünje Mukaddes Ýazgylara ters gelýär (td 39W)
No. 4: Ýürekden edilýän ýagşylyga näme üçin gowşaklyk diýip bolmaz?
Oguz 18 Okamak: Ýeremiýanyň agysy 3—5 Aýdym 6
Dilewarlyk: Adamlara hormat goý (be-U s. 190, abz. 1—4)
No. 1: Ýeremiýanyň agysy kitabynyň peýdasy (bsi07-TM s. 5, 6 abz. 13—15)
No. 2: kl-TM s. 123—127, abz. 14—18
No. 3: Mesihçilerden Sabat gününi bellemek talap edilmeýär (td-U 40A)
No. 4: dMesihçiler näme üçin syýasata goşulmaýar?
Oguz 25 Okamak: Ezekiýel 1—5 Aýdym 11
Dilewarlyk: Sylaşykly bolmak (be-U s. 191, abz. 1—s. 192, abz. 1)
Geçilenleri gaýtalamak
Gorkut 2 Okamak: Ezekiýel 6—10 Aýdym 21
Dilewarlyk: Sylaşykly gürlemek (be-U s. 192, abz. 2—s. 193, abz. 2)
No. 1: Ezekiýel kitabyna giriş (bsi07-TM s. 6, 7abz. 1—6)
No. 2: kl-TM s. 127—129, abz. 19—23
No. 3: Ýehowa ýakynlaşmak üçin näme etmeli? (Ýakup 4:8)
No. 4: Sabat güni hakyndaky kanun mesihçilere degişli däl (td-U 40B)
Gorkut 9 Okamak: Ezekiýel 11—14 Aýdym 1
Dilewarlyk: Ynamly geple (be-U s. 194, abz. 1—s. 195, abz. 2)
No. 1: Ýagşylyk etmekden ýadamaň (w05-U 1.6. s. 29, 30)
No. 2: kl-TM s. 130, 131, abz. 1—6
No. 3: Hudaýyň Sabat gününiň dynçlygy haçan başlaýar we haçan gutarýar (td-U 40W)
No. 4: Ylham 17:9—11-nji aýatlaryň manysyna nähili düşünmeli?
Gorkut 16 Okamak: Ezekiýel 15—17 Aýdym 16
Dilewarlyk: Ynamly geplemek nämeden görünýär? (be-U s. 195, abz. 3—s. 196, abz. 4)
No. 1: Ýaramaz pikirlere garşy dur! (w05-U 15.9. s. 26—28)
No. 2: kl-TM s. 131, 133, abz. 7—10
No. 3: Paýhasly bolmak näme aňladýar? (Sül. tym. 13:16)
No. 4: Näme üçin Ýehowa üç ýüzli Hudaý däl (td-U 41A)
Gorkut 23 Okamak: Ezekiýel 18—20 Aýdym 3
Dilewarlyk: Sypaýy hem ynamly geple (be-U s. 197, abz. 1—3)
No. 1: Sowal berýän adamyň garaýşyny bil (be-U s. 66, abz. 1—s. 68, abz. 1)
No. 2: kl-TM s. 134—136, abz. 11—18
No. 3: Ata Oguldan uludyr (td-U 41B)
No. 4: Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigi barada subutnamalar
Gorkut 30 Okamak: Ezekiýel 21—23 Aýdym 23
Dilewarlyk: Sypaýyçylyk bilen wagyz etmek (be-U s. 197, abz. 4—s. 198, abz. 5)
No. 1: Näme jogap berjekdigiňi pikirlen (be-U s. 68, abz. 2—s 70, abz. 3)
No. 2: kl-TM s. 137—139, abz. 19—25
No. 3: Haýsy manyda Hudaý we Mesih birdir (td-U 41W)
No. 4: Beýiklige dogry nukdaýnazarda garamak
Alp Arslan 6 Okamak: Ezekiýel 24—27 Aýdym 9
Dilewarlyk: Gerekli sözleri ýerlikli ulanmak (be-U s. 199, abz. 1—4)
No. 1: Hat ýazmak (be-U s. 71—73)
No. 2: kl-TM s. 140—142, abz. 1—6
No. 3: Musa mesihçilere nähili ajaýyp görelde galdyrdy?
No. 4: Mukaddes ruh — şahsyýet däl (td-U 41G)
Alp Arslan 13 Okamak: Ezekiýel 28—31 Aýdym 22
Dilewarlyk: Maşgalaňdakylar hem-de imandaşlaryň bilen sypaýy bolmak (be-U s. 200, abz. 1—4)
No. 1: Ruhy taýdan ösmegiňi dowam et, üstünlik gazan (be-U s. 74, abz. 1—s. 75, abz. 3)
No. 2: kl-TM s. 142—144, abz. 7—11
No. 3: Milletler möwriti haçan gutardy? (td-U 42A)
No. 4: Mukaddes Ýazgylarda ulanylýan «ýigrenç» sözi nämäni aňladýar?
Alp Arslan 20 Okamak: Ezekiýel 32—34 Aýdym 7
Dilewarlyk: Abatlaýjy hem peýdaly zatlar hakda gürrüň et (be-U s. 202, abz. 1—s. 203, abz. 2)
No. 1: Alan sylagyňa görä hyzmat et (be-U s. 75, abz. 4—s. 77, abz. 2)
No. 2: kl-TM s. 144—146, abz. 12—17
No. 3: Hudaýyň ruhy bize nädip kömek edýär?
No. 4: Hudaýyň Patyşalygynda eçiljek bereketler (td-U 43A)
Alp Arslan 27 Okamak: Ezekiýel 35—38 Aýdym 11
Dilewarlyk: Gowy taraplary hakynda aýt (be-U s. 203, abz. 3—s. 204, abz. 1)
Geçilenleri gaýtalamak
Ruhnama 3 Okamak: Ezekiýel 39—41 Aýdym 7
Dilewarlyk: Imandaşlar bilen gepleşen mahalymyz (be-U s. 204, abz. 2—s. 205, abz. 4)
No. 1: Hudaýyň Sözüni näme üçin söýmeli? (w05-U 15.4. s. 15, 16, abz. 3—6)
No. 2: kl-TM s. 146—149, abz. 18—23
No. 3: Adamlar Hudaýyň ýüregini şatlandyryp bilermi?
No. 4: Mesihiň duşmanlary güýçli bolsa-da, Patyşalyk höküm sürüp başlady (td-U 43B)
Ruhnama 10 Okamak: Ezekiýel 42—45 Aýdym 20
Dilewarlyk: Belläp geçmek üçin gaýtalamak (be-U s. 206, abz. 1—4)
No. 1: «Çal kelle şöhrat täji» bolanda (w05-U 15.1. s. 8, 9)
No. 2: kl-TM s. 146—149, abz. 18—23
No. 3: Hudaýyň Patyşalygy adamlaryň kömegi bilen gelmez (td 43W)
No. 4: eBiz ýat-kesekiniň sesini nädip tanap bileris? (Ýahýa 10:5)
Ruhnama 17 Okamak: Ezekiýel 46—48 Aýdym 19
Dilewarlyk: Wagyzda we nutk bilen çykyş edeniňde gaýtalamak (be-U s. 207, abz. 1—s. 208, abz. 4)
No. 1: Ezekiýel kitabynyň peýdasy (bsi07-TM s. 7, 8 abz. 29—33)
No. 2: kl-TM s. 150—152, abz. 1—6
No. 3: Mesihçiler ýygnagy näme? (td-U 44A)
No. 4: fNäme üçin baý ruhy miras ata-eneleriň çagalaryna berip biljek iň gowy sowgady
Ruhnama 24 Okamak: Daniýel 1—3 Aýdym 29
Dilewarlyk: Temany düşnükli etmek (be-U s. 209, abz. 1—3)
No. 1: Daniýel kitabyna giriş (bsi07-TM s. 8, 9 abz. 1—6)
No. 2: kl-TM s. 154—156, abz. 12—15
No. 3: Mesihçiler ýygnagy Petrusyň üstünde gurulmady (td-U 44B)
No. 4: 144 000 sana göni manyda düşünmeli
Garaşsyzlyk 1 Okamak: Daniýel 4—6 Aýdym 16
Dilewarlyk: Ýerlikli temany ulanmak (be-U s. 210, abz. 1—s. 211, abz. 1; s. 211, çarçuwa)
No. 1: Nägile bolmak haçan dogry hasaplanylýar? (w05-U 1.8. s. 13—15)
No. 2: kl-TM s. 156—159, abz.16—20
No. 3: Mefiboşetiň ajaýyp häsiýetlerinden nädip görelde alyp bileris?
No. 4: Dowzah — jebir çekilýän ýer däl (td-U 1A)
Garaşsyzlyk 8 Okamak: Daniýel 7—9 Aýdym 4
Dilewarlyk: Esasy pikirleri belläp geçmek (be-U s. 212, abz. 1—s. 213, abz. 1)
No. 1: Goý, Ýehowanyň «sözi» seni gorasyn (w05-U 1.9. s. 28—31)
No. 2: kl-TM s. 160—162, abz.1—6
No. 3: Ot — ýok edilişiň nyşany (td-U 1B)
No. 4: Yzygiderli wagyz etmek nähili şatlyk berýär?
Garaşsyzlyk 15 Okamak: Daniýel 10—12 Aýdym 8
Dilewarlyk: Esasy pikirler köp bolmaly däl (be-U s. 213, abz. 2—s. 214, abz. 5)
No. 1: Daniýel kitabynyň peýdasy (bsi07-TM s. 9, 10 abz. 19—23)
No. 2: kl-TM s. 162—166, abz.7—13
No. 3: Kiçigöwünlilik düşünişmezligi aradan aýyrmaga nädip kömek edip biler?
No. 4: Baý we gedaý baradaky mysal ebedi ýok edilişi subut etmeýär (td-U 1W)
Garaşsyzlyk 22 Okamak: Hoşea 1—7 Aýdym 13
Dilewarlyk: Gyzyklandyryjy giriş (be-U s. 215, abz. 1—s. 216, abz. 5)
No. 1: Hoşea kitabyna giriş we onuň peýdasy (bsi07-TM s. 11, 12 abz. 1—8, 14—17)
No. 2: kl-TM c. 166—169, abz.14—20
No. 3: Armageddon — erbetligi ýok edýän uruş (td 2A)
No. 4: Mesihçiler her hili ýagdaýda sabyrly bolýarlar
Garaşsyzlyk 29 Okamak: Hoşea 8—14 Aýdym 21
Dilewarlyk: Wagyzda adamlaryň ünsüni çekmek (be-U s. 217, abz. 1—4)
Geçilenleri gaýtalamak
Sanjar 5 Okamak: Ýowel 1—3 Aýdym 3
Dilewarlyk: Giriş sözleriňde näme hakda gürrüň etjekdigiňi aýtmaly (be-U s. 217, abz. 5—s. 219, abz. 3)
No. 1: Ýowel kitabyna giriş we onuň peýdasy (bsi07-TM s. 13, 14 abz. 1—5, 12—14)
No. 2: kl-TM s. 170—173, abz.1—6
No. 3: «Kämilleşen söýgini» bildirmek diýmek nämäni aňladýar? (1 Ýahýa 4:18)
No. 4: Armageddon — Hudaýyň söýgüsini görkezýär (td-U 2B)
Sanjar 12 Okamak: Amos 1—9 Aýdym 5
Dilewarlyk: Netijeli jemleme (be-U s. 220, abz. 1—3)
No. 1: Amos kitabyna giriş we onuň peýdasy (bsi07-TM s. 14—16 abz. 1—6, 13—17)
No. 2: kl-TM s. 173—175, abz.7—10
No. 3: Tejribe elmydama gowy mugallym bolup bilmez
No. 4: Mukaddes Ýazgylar — Hudaýyň ylhamlandyran Sözi (td-U 3A)
Sanjar 19 Okamak: Abadýa 1— Ýunus 4 Aýdym 2
Dilewarlyk: Ýatda saklanmaly zatlar (be-U s. 220, abz. 4—s. 221, abz. 4)
No. 1: Abadýa we Ýunus kitaplaryna giriş we olaryň peýdasy (bsi07-TM s. 16, 17, abz. 1—5, 10—14; s. 17, 19, abz. 1—4, 9—12)
No. 2: kl-TM s. 175—178, abz.11—16
No. 3: Ýer ýüzi Jennete öwrülmänkä näme üçin ruhy jennet bolmaly?
No. 4: Mukaddes Ýazgylar biziň günlerimizde görkezme berýär (td-U 3B)
Sanjar 26 Okamak: Mika 1—7 Aýdym 28
Dilewarlyk: Wagyzda (be-U s. 221, abz. 5—s. 222, abz. 6)
No. 1: Mika kitabyna giriş we onuň peýdasy (bsi07-TM s. 19—21 abz. 1—8, 16—19)
No. 2: kl-TM s. 178—180, abz.17—22
No. 3: Ýumşak adam bolmak näme aňladýar?
No. 4: Mukaddes Ýazgylar ähli milletleriň kitaby (td-U 3W)
Bitaraplyk 3 Okamak: Nahum 1— Habakkuk 3 Aýdym 8
Dilewarlyk: Ynama mynasyp we dogry maglumaty ulan (be-U s. 223, abz. 1—5)
No. 1: Nahum we Habakkuk kitaplaryna giriş we olaryň peýdasy (bsi07-TM s. 21—23, abz. 1—7, 11—12; s. 23, 24 abz. 1—5, 12—14)
No. 2: kl-TM s. 181, 182, abz.1—5
No. 3: Nika hormat goýmaly (td-U 4A)
No. 4: Ebedi ýaşaýyş näme üçin ýürekgysgynç bolmaz?
Bitaraplyk 10 Okamak: Sefanýa 1— Haggaý 2 Aýdym 9
Dilewarlyk: «Ynamly söze ýapyşmak» (be-U s. 224, abz. 1—4)
No. 1: Sefanýa we Haggaý kitaplaryna giriş we olaryň peýdasy (bsi07-TM s. 25, 26 abz. 1—6, 10—12; s. 27, 28 abz. 1—7, 13—16)
No. 2: kl-TM s. 182—184, abz.6—11
No. 3: Mesihçiler baştutanlyk prinsipini hormatlamaly (td-U 4B)
No. 4: gHudaý bilen gatnaşyk är-aýalyň durmuşyna nähili täsir edýär?
Bitaraplyk 17 Okamak: Zakarýa 1—8 Aýdym 4
Dilewarlyk: Maglumatyň dogrulygyny barlamak (be-U s. 225, abz. 1—3)
No. 1: Zakarýa kitabyna giriş (bsi07-TM s. 29, 30 abz. 1—7)
No. 2: kl-TM c 184—187, abz.12—18
No. 3: Isanyň görnüşiniň üýtgemeginiň manysy näme?
No. 4: Ata-eneleriň çagalarynyň öňündäki borjy (td-U 4W)
Bitaraplyk 24 Okamak: Zakarýa 9—14 Aýdym 1
Dilewarlyk: Düşnükli geple (be-U s. 226, abz. 1—s. 227, abz. 1)
No. 1: Zakarýa kitabynyň peýdasy hem-de Malaki kitabyna giriş we onuň peýdasy (bsi07-TM s. 30 abz. 23—27; s. 31, 32, abz. 1—6, 13—17)
No. 2: kl-TM s. 189—191, abz.19—25
No. 3: Mesihçiler diňe imandaşlary bilen durmuş gurmaly (td-U 4G)
No. 4: Yzarlanmalara nädip taýýarlanyp bileris?
Bitaraplyk 31 Okamak: Malaki 1—4 Aýdym 23
Dilewarlyk: Nätanyş sözleri düşündir (be-U s. 227, abz. 2—s. 228, abz. 1)
Geçilenleri gaýtalamak
[Çykgytlar]
a Diňe doganlara berilmeli.
b Diňe doganlara berilmeli.
c Diňe doganlara berilmeli.
d Diňe doganlara berilmeli.
e Diňe doganlara berilmeli.
f Diňe doganlara berilmeli.
g Diňe doganlara berilmeli.