Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 10/06 sah. 2
  • Gulluk duşuşygynyň tertibi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gulluk duşuşygynyň tertibi
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Sözbaşylar
  • Garaşsyzlyk aýynyň 9-yna başlanýan hepde
  • Garaşsyzlyk aýynyň 16-syna başlanýan hepde
  • Garaşsyzlyk aýynyň 23-ine başlanýan hepde
  • Garaşsyzlyk aýynyň 30-yna başlanýan hepde
  • Sanjar aýynyň 6-syna başlanýan hepde
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 10/06 sah. 2

Gulluk duşuşygynyň tertibi

Garaşsyzlyk aýynyň 9-yna başlanýan hepde

25-nji aýdym.

10 min. Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzdan» käbir bildirişler. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä, Garaşsyzlyk aýynda hoş habaryň wagyz edilişini görkez.

15 min. «Adamlara Hudaýyň dosty bolmaga kömek et»a. Diňleýjilerden dogan-uýalaryň göreldesi we ýürekden edýän dogasy netijesinde ruhy taýdan ösüp, suwda çokundyrylmaga kömek edişini gürrüň bermegi haýyş et.

20 min. «Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris» (7-nji bölüm)b. Çykyş etmäge taýynlanmak üçin «Garawul diňi» žurnalynyň 2002-nji ýylyň Gorkut (iýul) aýynyň 15-inde çykan sanyna (s. 27, abz. 4, 5) seredip bilersiň.

221-nji aýdym we jemleýji doga.

Garaşsyzlyk aýynyň 16-syna başlanýan hepde

84-nji aýdym.

10 min. Ýerli bildirişler.

20 min. Ýygnagyň kitap öwrenilýän duşuşygyna barmak peýdaly. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» (rusça) kitabyna esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen pikir alyşma (sah.69 — 71).

15 min. «Sen nämäni birinji orunda goýýaň?»c Käbir wagyzçylardan Patyşalygy birinji orunda goýmak üçin gün tertibini üýtgedişi hem-de alan bereketleri hakda gürrüň bermegi haýyş et.

172-nji aýdym we jemleýji doga.

Garaşsyzlyk aýynyň 23-ine başlanýan hepde

58-nji aýdym.

10 min. Ýerli bildirişler. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä, Sanjar aýynda hoş habaryň wagyz edilişini görkez. Sahnalaryň birinde: «Siz näme üçin hemişe öýden-öýe aýlanyp ýörsüňiz?» diýip, sözüňi bölýän adam bilen gürrüňiň dowam edilişini görkez (hw-U s. 12).

15 min. Ýerli zerurlyklar.

20 min. «Wagyz duşuşygy bize kömek edýär»d. 3-nji abzas hakda pikir alşaňda, eger-de duşuşygy geçirmäge ukyply dogan bolmasa näme edilmelidigini düşündir. («Sowally bukja» we «Hudaýa gullugymyzyň» 2001-nji ýylyň Ruhnama aýynda çykan sanyndaky 4-nji abzas).

143-nji aýdym we jemleýji doga.

Garaşsyzlyk aýynyň 30-yna başlanýan hepde

207-nji aýdym.

10 min. Ýerli bildirişler. Wagyzçylara wagyz hasabatyny tabşyrmagy ýatlat.

15 min. Klasdaşlaryma nädip wagyz etsemkäm? «Oýanyň!» žurnalynyň 2002-nji ýylyň Nowruz aýynyň 22-sine çykan sanyna (sah. 10—12) esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen pikir alyşma. Diňleýjilerden klasdaşlaryna wagyz edende bolan gyzykly wakalary gürrüň bermegi haýyş et.

20 min. Wagyzda bolan wakalar. Wagyzçylardan soňky aýyň dowamynda wagyzda bolan ruhlandyryjy wakalary gürrüň bermegi haýyş et.

136-njy aýdym we jemleýji doga.

Sanjar aýynyň 6-syna başlanýan hepde

146-njy aýdym

10 min. Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzyň» 2005-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda çykan sanynyň 3—4-nji sahypalaryndaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä başga hödürleri ulanyp, hoş habaryň Sanjar aýynyň ikinji ýarymynda wagyz edilişini görkez. Wagtyň bolsa, diňleýjilerden wagyzda ýa-da maşgalada «Beýik Mugallymdan öwren» kitaby bilen baglanyşykly bolan gyzykly wakalary gürrüň bermegi haýyş et.

15 min. Saňa näme päsgel berýär? Ýaşulynyň çykyşy. «Garawul diňi» žurnalynyň 2002-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 1-inde çykan sanynyň 13—15-nji sahypalaryna esaslan.

20 min. Sözi wagyz etseň göwnüň göterilýär. «Garawul diňi» žurnalynyň 2002-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 15-inde çykan sanyna (sah. 8—9) esaslanan çykyş we pikir alyşma. Diňleýjilerden wagzyň göwnüňi göterişi hakda gürrüň bermegi haýyş et. Öňünden bir ýa iki wakany taýýarla.

8-nji aýdym we jemleýji doga.

[Çykgytlar]

a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.

b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.

c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.

d Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş