Adamlara Hudaýyň dosty bolmaga kömek et
1 Şu günler ähli milletdäki adamlar Ýehowanyň ýollaryny öwrenýärler (Iş. 2:2, 3). Ýöne «sabyr bilen miwe berer» ýaly, olar Ýehowany söýmeli (Luka 8:15; Mar. 12:30). Olarda şeýle söýgi bolmasa, onda synaglara garşy durup, hakykat ýolundan ýöräp bilmezler. Şonuň üçin adamlarda Ýehowanyň häsiýetlerine bolan söýgüsi artar ýaly, olara Hudaý bilen dost bolmaga kömek edip bilersiň. Olary «Ýehowa ýakynlaş» atly kitabynda berlen bilimiň üstünde çuňňur oýlanmaga höweslendir.
2 Öz göreldäň. Seniň özüňi alyp barşyň hem, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama güýçli täsir edip biler. Olar seniň Ýehowa bilen dost bolmagyň gadyryny gymmytly saýýandygyňy we durmuşyňa täsir edýändigini görseler, onda olar hem Hudaý bilen şeýle dostlaşmak islärler (Luka 6:40). Aslynda, köplenç öz göreldämiz aýdýan sözlerimizden has-da güýçli täsir edýär.
3 Ata-eneler hem çagalaryna Ýehowany söýmegi, esasanam, öz göreldeleri bilen öwredýärler (Kanun. 6:4—9). Çagalaryny hakykatda ulaltmak isleýän bir är-aýal tejribeli ene-atalardan maslahat soradylar. Äri şeýle gürrüň berýär: «Gürrüňdeş bolan adamlarymyzyň hemmesi ata-enäniň göreldesi esasy zat diýdiler». Şeýlelikde, ata-eneler öz ýaşaýşy bilen çagalaryna «Ýehowanyň dosty» bolmakda görelde görkezip bilerler (Ýakup 2:23).
4 Ýürekden doga etmek. Adamlara ýürekden doga etmegi öwredip, Ýehowanyň dosty bolmaga kömek edip bilersiň. Olara Isanyň nusgalyk dogasyny hem-de Mukaddes Ýazgylarda ýazylan beýleki ençeme dogalary görkezip bilersiň (Mat. 6:9, 10). Şeýle-de öz doga edişiň bilen çagalaryňa hem-de Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlara doga etmegi öwredip bilersiň. Olar seniň ýürekden aýdýan sözleriňi eşidip, Ýehowa bolan söýgiňi duýýarlar. Olary synaga uçran mahaly «dogada erjellik etmäge» höweslendir (Rim. 12:12). Agyr günlerinde Ýehowanyň berýän kömegini duýup, oňa bil baglap, dosty hökmünde söýüp başlarlar (Zeb. 34:8; Flp. 4:6, 7).