Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 8/14 sah. 3—6
  • «Beýik Mugallymdan öwreniň» kitabynyň soraglary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Beýik Mugallymdan öwreniň» kitabynyň soraglary
  • Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Sözbaşylar
  • 16-njy bap 1—6-njy abzaslar
  • 7—13-nji abzaslar
  • 14—17-nji abzaslar
  • 17-nji bap 1—8-nji abzaslar
  • 9—12-nji abzaslar
  • 13—16-njy abzaslar
  • 18-nji bap 1—5-nji abzaslar
  • 6—12-nji abzaslar
  • 13—18-nji abzaslar
  • 19-njy bap 1—5-nji abzaslar
  • 6—12-nji abzaslar
  • 13—17-nji abzaslar
  • 20-nji bap 1—7-nji abzaslar
  • 8—15-nji abzaslar
  • 21-nji bap 1—10-njy abzaslar
  • 11—19-njy abzaslar
  • 22-nji bap 1—6-njy abzaslar
  • 7—13-nji abzaslar
  • 14—18-nji abzaslar
  • 23-nji bap 1—8-nji abzaslar
  • 9—14-nji abzaslar
  • 15—18-nji abzaslar
  • 24-nji bap 1—13-nji abzaslar
  • 14—21-nji abzaslar
  • 25-nji bap 1—8-nji abzaslar
  • 9—15-nji abzaslar
  • 16—20-nji abzaslar
  • 26-njy bap 1—9-njy abzaslar
  • 10—14-nji abzaslar
  • 15—18-nji abzaslar
  • 27-nji bap 1—5-nji abzaslar
  • 6—13-nji abzaslar
  • 14, 15-nji abzaslar
  • 28-nji bap 1—5-nji abzaslar
  • 6—10-njy abzaslar
  • 11—18-nji abzaslar
  • 29-njy bap 1—10-njy abzaslar
  • 11—15-nji abzaslar
  • 16, 17-nji abzaslar
  • 30-njy bap 1—9-njy abzaslar
  • 10—16-njy abzaslar
  • 31-nji bap 1—7-nji abzaslar
  • 8—12-nji abzaslar
  • 13—15-nji abzaslar
Hudaýa gullugymyz — 2014
km 8/14 sah. 3—6

«Beýik Mugallymdan öwreniň» kitabynyň soraglary

«Beýik Mugallym» kitabyny öwrenmek üçin görkezme

Bu kitaby gowy özleşdirmek üçin girişdäki we baplardaky abzaslar san bilen belgilendi. Her bapdaky abzaslar bölümlere bölündi. Bölümdäki abzaslary başdan-aýak okamaly. Ýerlikli bolsa, babyň soňundaky aýatlary ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz.

Her hepde geçirilýän Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda kitabyň bir babyny geçmeli. Kitabyň girişini hem bir bap hökmünde geçmeli. Şeýlelikde, bu kitap 49 hepdede geçiler.

16-njy bap 1—6-njy abzaslar

1. Dogany barada arz eden adam nämä düşünmeýärdi?

2. Isa bir adamyň nädogry garaýşyny düzetmek üçin nähili wakany gürrüň berdi? (Luka 12:16—21-nji aýatlary okaň).

7—13-nji abzaslar

3. Käbir uly adamlar we çagalar näme üçin baý adama meňzeýärler?

4. Adam üçin iň gymmatly zat näme?

5. Biz näme üçin baý adama meňzemeli däl?

14—17-nji abzaslar

6. Hudaýyň nazarynda baý bolmak nämäni aňladýar?

7. Isa bize nähili görelde galdyrdy?

8. Isa Hudaýyň nazarynda baý bolandygy üçin nähili sowgat aldy?

17-nji bap 1—8-nji abzaslar

1. Bagtly bolmak üçin näme etmeli?

2. Ýehowa näme üçin bagtly Hudaý?

3. Biz adamlara näme berip bileris?

9—12-nji abzaslar

4. Isa we onuň şägirtleri adamlara näme berdi?

5. Pawlus bilen Luka adamlara näme berdi we Lidiýa olara ýagşylyk etmekden näme üçin şatlyk tapdy?

13—16-njy abzaslar

6. Bir zady nädip bermeli we näme üçin?

7. Garyp aýal bar zadyny bermekden näme üçin şatlyk tapdy?

8. Bizde «bermäge» nähili mümkinçilikler bar we bu bize nähili täsir edýär?

18-nji bap 1—5-nji abzaslar

1. Bize ýagşylyk eden adamlara näme diýmeli?

2. Pis açma keseli nähili bolýar we näme üçin şeýle keselli adamlar aýry ýaşaýardy?

3. Isa pis açan adamlar bilen özüni nähili alyp barýardy?

6—12-nji abzaslar

4. Isa on sany pis açan adama näme diýdi we näme üçin?

5. Pis açan adamlar Isanyň sagaldyp biljekdigine ynanýardymy? Düşündiriň.

6. Pis açan adamlar ruhanynyň ýanyna barýarkalar näme boldy?

7. Dokuz adamdan tapawutlylykda samariýaly näme etdi?

13—18-nji abzaslar

8. Sagbolsun aýdan samariýaly adamdan nähili görelde alyp bileris?

9. Ýagşylyk eden adamlara näme üçin sagbolsun aýtmaly?

19-njy bap 1—5-nji abzaslar

1. Isa parahatlyk döredýänler barada näme diýdi? Emma näme üçin käwagt parahatlygy saklamak kyn bolýar?

2. Ýakup bilen Ýahýa samariýalylaryň gödek hereketine nähili jogap bermek islediler?

6—12-nji abzaslar

3. Süleýmanyň tymsallary 24:29-da ar almak barada näme diýilýär?

4. Matta 5:39-daky Isanyň aýdan sözlerine nähili düşünmeli?

5. Urşuň başlajakdygyny duýsak näme etmeli we näme üçin?

13—17-nji abzaslar

6. Süleýmanyň tymsallary 26:17-de näme diýilýär we bu näme etmelidigini aňladýar?

7. Adamlar uruşýanlary görenlerinde köplenç näme edýärler, emma mesihçiler näme etmeli we näme üçin?

20-nji bap 1—7-nji abzaslar

1. Isa birinji bolmak isleýän adamlara nähili garaýar?

2. Isa nähili wakany gürrüň berdi we näme üçin?

3. Isanyň gürrüň beren wakasy nämäni aňladýar?

4. Birinji bolmak islegi nämäniň üstünden eltýär?

8—15-nji abzaslar

5. Ilkinji bolmak islegi resullaryň arasynda nähili kynçylyk döretdi?

6. Isa ilkinji bolmak isleýän adamyň näme etmelidigini aýtdy?

7. Biz adamlara nädip hyzmatkär ýaly bolup bileris?

21-nji bap 1—10-njy abzaslar

1. Öwünmek näme we sen öwünjeň adamlara nähili garaýarsyň?

2. Fariseý we salgytçy barada Isa nähili wakany gürrüň berdi?

3. Isanyň gürrüň beren wakasyndan näme öwrense bolar?

11—19-njy abzaslar

4. Petrus haçan öwündi we şu günler adamlaryň köpüsi näme üçin öwünýär?

5. Näme üçin özüňi öwmeli däl?

6. Biz kimi şöhratlandyrmaly we näme üçin?

22-nji bap 1—6-njy abzaslar

1. Matta 5:37-däki Isanyň aýdan sözleri nämäni aňladýar?

2. Isanyň ölüminden biraz wagt geçenden soň nämeler boldy?

7—13-nji abzaslar

3. Hananýa bilen Safira nähili erbet iş etdi we olara näme boldy?

4. Hananýa bilen Safiranyň mysalyndan biz nähili sapak edinýäris?

14—18-nji abzaslar

5. Näme üçin ýalan sözlemeli däl?

6. Seniň haçan ýalan sözlemegiň mümkin?

7. Mukaddes Ýazgylarda hiç haçan ýalan sözlemeli däldigi barada nähili duýduryş berilýär?

23-nji bap 1—8-nji abzaslar

1. Ysmaz adamy getirenlerinde, Isa nirededi?

2. Ysmaz adamy Isanyň ýanyna getirmek näme üçin kyn boldy we ony öýe nädip saldylar?

3. Isa ysmaz adama näme etdi?

9—14-nji abzaslar

4. Isanyň ysmaz adamy gudrat arkaly sagaldyşyndan nämäni bildik?

5. Adamlaryň ählisi nädip günäli boldy?

15—18-nji abzaslar

6. Käbir adamlar näme üçin beýlekilere garanyňda köp keselleýär?

7. Günälerimiz nädip aýrylar we şonda saglygymyz nähili bolar?

24-nji bap 1—13-nji abzaslar

1. Adam näme üçin ogrulyk edýär?

2. Ilkinji ogry kim we ol näme ogurlady?

3. Biziň ählimiz nähili nädogry islege garşy göreşmeli?

4. Iuda Iskariotyň nädogry islegi nämä eltdi?

14—21-nji abzaslar

5. Akan näme üçin ogrulyk etdi?

6. Dawut we onuň ogly Abşalom nämäni ogurlady?

7. Alla ogrulyga nähili garaýar?

8. Ogry bolmaz ýaly näme etmeli?

25-nji bap 1—8-nji abzaslar

1. Ählimiz näme üçin käwagt erbet işleri edýäris?

2. Saul nähili erbet işleri etdi we näme üçin?

9—15-nji abzaslar

3. Saul mesihçileri tussag etmäge barýarka, oňa näme bolýar?

4. Saul nähili adam bolýar we ol nähili ýagşy işleri edýär?

5. Adamlara kim erbet işleri etdirjek bolýar?

16—20-nji abzaslar

6. Ählimiz näme etmäge jan etmeli?

7. Isa näme üçin erbetlik eden adamlary söýýärdi?

8. Biz edýän işlerimiziň Mukaddes Ýazgylarda ýazgarylýandygyny bilsek näme etmeli?

26-njy bap 1—9-njy abzaslar

1. Saul Isanyň şägirdi bolanda, adamlar oňa näme etdiler?

2. Adamlar Isanyň aýdan haýsy sözlerine gaharlandylar?

3. Adamlar Isany näme etjek boldular we ol wagyz etmegini bes etdimi?

10—14-nji abzaslar

4. Isa Sabat güni nähili gudrat görkezdi?

5. Isanyň görkezen gudratyna kim begendi, kimler bolsa begenmedi?

6. Biziň ählimiz nämäni çözmeli?

7. Dogry işleri etmäge kim päsgel berýär?

15—18-nji abzaslar

8. Isanyň şägirtlerini ýigrenýän «dünýä» kimleri aňladýar?

9. Dogry işleri etmek näme üçin kyn?

10. Hudaýyň islegini ýerine ýetirýän adamlara näme wada berilýär?

27-nji bap 1—5-nji abzaslar

1. Adamlar näme üçin Pawlus bilen Barnabasa sežde etjek boldular, emma olar muňa nähili garady?

2. Köp adamlar nähili hudaýlara sežde edýärler?

3. Bu dünýäniň taňrysy kim we ol adamlara näme etdirjek bolýar?

6—13-nji abzaslar

4. Nebukadnesar patyşa hemmelere näme etmegi buýurdy, emma üç ýewreý ýigit näme üçin gulak asmady?

5. Ýehowa nähili gudrat görkezdi we bu patyşa nähili täsir etdi?

14, 15-nji abzaslar

6. Şu günler adamlar nähili butlara ýa-da şekillere sežde edýärler?

7. Üç ýewreý ýigidi häzirki butlara nähili garardy?

28-nji bap 1—5-nji abzaslar

1. Kime gulak asmalydygyny bilmek näme üçin käwagt kyn bolýar?

2. Mukaddes Ýazgylarda çagalara nähili tabşyryk berilýär?

3. Şadrak, Meýşak we Abednego Nebukadnesar patyşanyň ýasan heýkeline näme üçin sežde etmedi?

4. Resullar kime gulak asmagy ýüregine düwdüler?

6—10-njy abzaslar

5. Isanyň günlerinde baş hökümdar kimdi we hökümetler köplenç nähili gowy işleri edýärler?

6. Isa salgyt tölemek barada näme diýdi we bu näme üçin dogry?

11—18-nji abzaslar

7. Çagalar we uly adamlar hökümetiň kanunyna näme üçin gulak asmaly?

8. Mesihçiler haýsy ýagdaýda hökümetiň kanunyna gulak asmaýarlar we näme üçin?

29-njy bap 1—10-njy abzaslar

1. Hudaýyň baýramçylyklary gowy görýändigini nireden bilýäris? Emma nähili baýramçylyklar Hudaýa ýaramaýar?

2. Mukaddes Ýazgylarda haýsy iki doglan gün barada aýdylýar?

3. Şol baýramçylyklarda näme boldy?

11—15-nji abzaslar

4. Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan doglan günlerden nähili sapak edinse bolar?

5. Isanyň doglan gününi haçan belleýärler, emma ol näme üçin şol wagt dogulmady diýse bolar?

16, 17-nji abzaslar

6. Adamlar näme üçin Täze ýyl baýramyny belleýärler?

7. Gurnaýan baýramçylygymyzyň Hudaýy begendirjekdigini nädip bilse bolar? (Ýahýa 17:16; 2 Korintoslylar 6:14; 1 Petrus 4:3)

30-njy bap 1—9-njy abzaslar

1. Petrus we beýleki resullar näme üçin gorkdular?

2. Petrus Isany tanamaýandygyny aýtmanka, nähili wakalar boldy?

10—16-njy abzaslar

3. Petrus näçe gezek we näme üçin Isany tanamaýandygyny aýtdy?

4. Biz haçan Petrusyňky ýaly ýagdaýa düşüp bileris?

5. Petrus ýaly gorkup, soňra ökünmez ýaly näme etmeli?

31-nji bap 1—7-nji abzaslar

1. Özüni ýeke duýup, ýüregi gysýan adamlara Mukaddes Ýazgylarda nähili teselli berilýär?

2. Isa kynçylyk çekse-de, nämä düşünýärdi?

3. Bizi näme üçin goýna meňzetse bolar we Isa ýiten goýun barada nämäni gürrüň berdi?

8—12-nji abzaslar

4. Isanyň gürrüň beren çopany kimi aňladýar we Ol göze görünmese-de näme üçin oňa çopan diýip bileris?

5. Zeburyň 23-nji babyndan Ýehowanyň bizi söýýändigini nädip bilse bolýar?

13—15-nji abzaslar

6. Hudaýyň goýunlary näme üçin gorkmaly däl?

7. Ýehowa wepaly gullukçylaryna nähili garaýar we bu bize nähili täsir etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş