Patyşalyk barada 100 ýyl bäri wagyz edilýär!
1. Takmynan 100 ýyl mundan öň Ýehowanyň halky näme etmäge höweslendirildi?
1 «Ynha, patyşa höküm sürýär. Siz onuň jarçylary. Şonuň üçin Patyşany we onuň patyşalygyny wagyz ediň, wagyz ediň, wagyz ediň!». 100 ýyl mundan öň J. Ruterford doganymyz şeýle ruhlandyryjy sözleri aýdyp, Ýehowanyň halkyny Patyşalyk habaryny radio arkaly ähli ýere ýaýratmaga höweslendirdi. Biz onuň aýdyşy ýaly hoş habary ähli ýere ýaýratdyk! I asyrdaky mesihçiler ýaly biz hem Patyşalyk baradaky hoş habary «gök astyndaky bütin ýaradylyşa» wagyz edýäris (Kol. 1:23). Geçen asyrda edilen işlere ser salsak, biz Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek üçin nämeler etdik? Biz Patyşalygyň berkarar edilendigine 100 ýyl bolandygy sebäpli ol barada wagyz etmegi nädip dowam edip bileris?
2. Hudaýyň Patyşalygy barada edebiýatlarymyz arkaly nädip wagyz edilýär?
2 Geçmişe ser salalyň. Birnäçe ýyl mundan öň edebiýatlarymyz arkaly Hudaýyň Patyşalygy barada has köp wagyz edilip başlandy. 1939-njy ýyldan bäri esasy žurnalymyz «Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär» diýip atlandyryldy. Bu žurnalda köplenç Hudaýyň Patyşalygy we onuň nämeleri etjekdigi barada aýdylýar. «Oýanyň!» žurnalynda bolsa, Hudaýyň Patyşalygynyň adamzat üçin ýeke-täk umytdygy nygtalýar. Bu iki žurnalyň juda köp dile terjime edilmegi we bütin dünýäde ýaýradylmagy örän ýerlikli! (Ylh. 14:6).
3. Biz Patyşalyk barada wagyz etmek üçin nähili usullary ulanýarys?
3 Ýehowanyň halky Patyşalyk barada wagyz etmek üçin dürli usullary ulanýardylar. Öňler biz sesi güýçlendirýän enjamly maşyn, radio we patefon (ýazgyny seslendirýän apparat) arkaly wagyz edýärdik. Bu usullar Patyşalygyň wagyzçylarynyň az döwründe hoş habary köp adamlara ýetirmäge kömek etdi (Zeb. 19:4). Soňky ýyllarda biz Patyşalyk habaryny millionlarça adamlara ýetirmek üçin jw.org web-saýtymyzy ulanýarys. Şeýlelikde, wagyz işi çäklendirilen ýerlerde ýaşaýan adamlar hem hoş habary eşidýär.
4. Biz nähili ýörite usullary ulanýarys?
4 Şeýle-de Ýehowanyň halky Patyşalyk habaryny ýaýratmak üçin ýörite usullary ulanýardylar. Meselem, 1990-njy ýylyň ortalaryndan başlap, biz öýden-öýe, seýilgählerde, awtoduralgalarda we edaralarda has köp wagyz edip başladyk. Soňky ýyllarda biz dünýäniň dürli künjegindäki uly şäherlerde wagyz edýäris. Şeýle-de köp ýygnaklar öz ýygnagyna degişli territoriýalarda we adamlaryň köp ýerlerinde edebiýatlarymyzy ulanyp, guramaçylykly wagyz edýärler. Emma Patyşalyk habaryny ýaýratmak üçin ulanýan esasy usulymyz öýden-öýe wagyz etmeklikdir (Res. iş. 20:20).
5. Täze gulluk ýylynda köpümiziň nähili mümkinçiligimiz bolar?
5 Öňe seredeliň. Täze gulluk ýylynyň sentýabr aýyndan başlap köp dogan-uýalar umumy pioner gullugyna başlarlar. Sen hem pioner gullugyna başlap bilermiň? Eger başlap bilmeseň, onda wagtal-wagtal kömekçi pioner bolup gulluk edip bilermiň? Sen pioner gullugyna başlap bilmeseň-de, Patyşalyk habaryny wagyz etmek üçin edýän ähli tagallaňy Ýehowanyň patalajakdygyna ynanyp bilersiň (Mal. 3:10).
6. 2014-nji ýylyň oktýabr aýy näme üçin ähmiýetli aý bolar?
6 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda Patyşalygyň berkarar edilendigine 100 ýyl bolýar. Şol sebäpli biz şol aýda ünsümizi Hudaýyň Patyşalygyna gönükdireris. Geliň, Hudaýyň Patyşalygy barada mümkin boldugyndan köpräk adamlara wagyz etmek üçin elimizde baryny edeliň! Her birimiz gelejege ynam bilen garap, gulak asýan adamlara «Hudaýyň Patyşalygy... baradaky hoş habary wagyz etmegi» dowam edeliň (Res. iş. 8:12).