Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/15 sah. 3—6
  • «Beýik Mugallymdan öwreniň» kitabynyň soraglary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Beýik Mugallymdan öwreniň» kitabynyň soraglary
  • Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Sözbaşylar
  • 32-nji bap
  • 33-nji bap
  • 34-nji bap
  • 35-nji bap
  • 36-njy bap
  • 37-nji bap
  • 38-nji bap
  • 39-njy bap
  • 40-njy bap
  • 41-nji bap
  • 42-nji bap
  • 43-nji bap
  • 44-nji bap
  • 45-nji bap
  • 46-njy bap
  • 47-nji bap
  • 48-nji bap
Hudaýa gullugymyz — 2015
km 1/15 sah. 3—6

«Beýik Mugallymdan öwreniň» kitabynyň soraglary

«Beýik Mugallym» kitabyny öwrenmek üçin görkezme

Bu kitaby gowy özleşdirmek üçin girişdäki we baplardaky abzaslar san bilen belgilendi. Her bapdaky abzaslar bölümlere bölündi. Bölümdäki abzaslary başdan-aýak okamaly. Ýerlikli bolsa, babyň soňundaky aýatlary ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz.

Her hepde geçirilýän Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda kitabyň bir babyny geçmeli. Kitabyň girişini hem bir bap hökmünde geçmeli. Şeýlelikde, bu kitap 49 hepdede geçiler.

32-nji bap

1—9-njy abzaslar

1. Ýehowa ene guşuň çagalaryny nädip goraýar?

2. Isany haçan goramaly boldy we ony kim gorady?

3. Ýehowa Ogluny ölümden nädip halas etdi?

10—13-nji abzaslar

4. Şu günler kimleri kiçijik Isa meňzetse bolar we olary näme üçin goramaly?

5. Şeýtan we onuň jynlary çagalara nähili zyýan ýetirjek bolýar?

6. Diňe kimler jynsy gatnaşykda bolup bilýär we Hudaý nähili jynsy gatnaşygy ýigrenýär?

14—17-nji abzaslar

7. Kimler çagalar bilen jynsy gatnaşyk edýär we olar munuň üçin näme edýärler?

8. Çagalar ahlaksyz adamlardan özüni nädip gorap biler?

9. Ene-atalar çagalaryny nädip gorap biler?

33-nji bap

1—7-nji abzaslar

1. Şu günler Isany kim diýip tanaýarys?

2. Isa şägirtleri bilen gaýykdaka, gudratly güýjüniň bardygyny nädip görkezdi?

3. Isanyň şägirtleri näme üçin gorkmaly däldi?

8—13-nji abzaslar

4. Kölde başga bir gezek tupan turanda näme boldy?

5. Isa bu gezegem näme üçin gudrat görkezdi?

14, 15-nji abzaslar

6. Şu günler Isa güýji arkaly näme edýär?

7. Biz gelejekde nähili gudratlar göreris?

34-nji bap

1—4-nji abzaslar

1. Ölen adamlara näme bolýandygyny nireden bilýäris?

2. Isanyň Lazar barada aýdan sözlerinden ölüm babatda näme bilýäris?

5—10-njy abzaslar

3. Isa Lazaryň jaýlanan ýerine baranda näme edýär?

4. Isa gaty ses bilen: «Lazar, daşaryk çyk!» diýende näme bolýar?

11—15-nji abzaslar

5. Ölülere näme bolýar?

6. Lazaryň Jennetde bolmandygyny nireden bilýäris?

7. Ölen adamdan bir zat çykyp ýaşamaýandygyny nireden bilýäris?

16—18-nji abzaslar

8. Ýaşaýan ýeriňizde adamlar ölüler babatda nämä ynanýarlar?

9. Lazar bilen bolan waka ölülerden gorkmaly däldigini nädip görkezýär?

35-nji bap

1—4-nji abzaslar

1. Ýehowanyň we Isanyň ölen adamlary direltmek isleýändigini nireden bilýäris?

2. Isa ýer ýüzünde dogulmanka, iki çaga nädip direldi?

3. Biz ölsek hem Ýehowanyň unutmajakdygyna näme üçin ynanýarys?

5—11-nji abzaslar

4. Ýaýrusyň gyzyna näme boldy we Isa näme etdi?

5. Biz bu wakadan näme öwrenýäris?

12—18-nji abzaslar

6. Isa dul aýalyň ogluny direldip, ölüleri direltmek isleýändigini nädip görkezdi?

7. Direlen oglanyň ejesi özüni nähili duýdy we adamlar haçan özüni şeýle duýar?

36-njy bap

1—6-njy abzaslar

1. Mukaddes Ýazgylarda ýazylan direliş baradaky wakalardan nämäni bilýäris?

2. Erbet adamlar näme üçin direler we olar nirede ýaşar?

3. Ýer ýüzünde adamlar haçan direler we şonda näme bolar?

7—11-nji abzaslar

4. Isanyň jenaýatça aýdan Jenneti nirede bolar?

5. Isa haýsy manyda jenaýatçy bilen Jennetde bolar?

6. Näme üçin jenaýatçy Jennetde ýaşar?

12—17-nji abzaslar

7. Direlen adamlaryň hemmesiniň ýerde ýaşamajakdygyny nireden bilýäris?

8. «Ilkinji direlişde» näçe adam direler we olar näme eder?

9. Jennetde ýaşamak näme üçin hezil bolar?

37-nji bap

1—7-nji abzaslar

1. Hudaý bize nähili üýtgeşik sowgat berdi?

2. Bize näme üçin başga ata gerek boldy?

3. Isa nädip biziň atamyz we Halasgärimiz boldy?

4. Töleg näme we ol näme üçin gerek?

8—15-nji abzaslar

5. Isa ölüminiň öň ýanyndaky gijesi resullary bilen nämäni belledi?

6. Isa Pesah baýramyna derek nämäni girizdi?

7. Isa Ýatlama agşamynda nähili nyşanlary ulandy we olar näme aňladýar?

8. Biz Ýatlama agşamynda nämäni ýatlaýarys?

16—18-nji abzaslar

9. Biz Ýatlama agşamynda näme barada oýlanmaly?

10. Çörekden we şerapdan kimler datmaly we näme üçin?

11. Çörekden we şerapdan datmaýan adamlar näme üçin Ýatlama agşamyna barmaly?

38-nji bap

1—5-nji abzaslar

1. Isa bizi nämeden halas etdi?

2. Isa kimler üçin janyny berdi?

3. Hudaý adamlara nähili garaýar?

6—12-nji abzaslar

4. Isanyň ölüminiň öň ýanyndaky gijesi näme boldy?

5. Şol günüň ertesi näme boldy?

6. Isa Adam atadan nämede tapawutlanýar?

13—16-njy abzaslar

7. Pawlus resul Isanyň söýgüsine minnetdarlygyny nädip bildirdi?

8. Biz Isany näme üçin söýmeli?

9. Biz Isany begendirmek üçin näme etmeli?

39-njy bap

1—4-nji abzaslar

1. Isa öldürilende, Ýehowa özüni nähili duýdy?

2. Isa nämä ynanýardy?

3. Isa näçe günden direldi we nirede galdyrylmady?

5—13-nji abzaslar

4. Isanyň ölen güni nähili wakalar boldy?

5. Isa nähili tende direldi we soňra adamlara nädip göründi?

6. Isanyň direlen güni nähili wakalar boldy?

14—16-njy abzaslar

7. Isa näçe günläp şägirtlerine göründi we soňra näme boldy?

8. Biz I asyrdaky Isanyň şägirtleriniň göreldesine nädip eýerip bileris?

40-njy bap

1—3-nji abzaslar

1. Hudaý nämä mätäç däl, emma biz onuň üçin näme edip bileris?

2. Ýehowa bizi näme üçin robot ýaly edip ýaratmady?

4—7-nji abzaslar

3. Biziň Hudaýa gulak asmagymyz oňa nähili täsir edýär?

4. Biziň kime gulluk edýändigimiz Ýehowa we Şeýtana näme üçin wajyp?

8—15-nji abzaslar

5. Şeýtan Eýýuba nämeler etdi?

6. Eýýubyň wepaly galmagy Ýehowa nähili täsir etdi?

7. Isa bize nähili görelde görkezdi we biz oňa nädip eýerip bileris?

41-nji bap

1—7-nji abzaslar

1. Bir sapar Isanyň ata-enesi näme üçin alada galdy?

2. Isa çagaka ata-enesini we Hudaýy nädip begendirdi?

8—12-nji abzaslar

3. Çagalar nädip Hudaýy begendirip biler?

4. Hudaýyň halkyny nädip tanamaly?

13—18-nji abzaslar

5. Timoteos çagalara nähili görelde görkezdi?

6. Biz ysraýylly gyzjagazdan näme öwrenip bileris?

7. Çagalar nähili gowy maksatlar goýup biler?

42-nji bap

1—6-njy abzaslar

1. Oýnamak näme üçin nädogry däl?

2. Isa näme etmegi öwrendi we ol näme üçin işine ökde boldy?

3. Isa zähmet çekmegi näme üçin gowy görýärdi we biz näme üçin gowy görýäris?

7—13-nji abzaslar

4. Isa näme üçin bagtlydy?

5. Isa ýer ýüzünde nähili aýratyn ýumuş berildi we ol oňa nähili garaýardy?

6. Çagalar nähili işleri edip biler we bu olaryň maşgalasyna näme üçin peýdaly bolar?

14—16-njy abzaslar

7. Öý işiňi näme üçin etmeli?

8. Biz näme üçin işden gaçmaly däl?

9. Biz iş barada özümize nähili sorag bermeli?

43-nji bap

1—7-nji abzaslar

1. Biz Isanyň süýtdeş dogan-uýalary barada näme bilýäris?

2. Isa kimleri ejesi we doganlary hasaplady we bu nämäni aňladýar?

3. Isanyň doganlary başda oňa nähili garaýardy?

8—14-nji abzaslar

4. Mukaddes Ýazgylarda kimleriň öz doganyny gowy görmändigi barada aýdylýar?

5. Biz Kabyl bilen Habylyň mysalyndan nähili sapak edinmeli?

15—18-nji abzaslar

6. Söýgi näme we söýmek näme üçin wajyp?

7. Biz dogan-uýalarymyzy söýýändigimizi nädip görkezip bileris?

44-nji bap

1—5-nji abzaslar

1. Biz nädip Ybraýym pygamber ýaly Hudaýyň dosty bolup bileris?

2. Isa nähili adamlar bilen dostlaşýardy?

3. Isanyň ýakyn dostlary kimlerdi?

6—10-njy abzaslar

4. Isa näme üçin erbet adamlaryňam öýüne barýardy?

5. Zakkaý kimdi we ol nädip Isanyň dosty boldy?

11—15-nji abzaslar

6. Biz dostumyz bolmadyk adamlaryň öýüne näme üçin barýarys?

7. Biz kimler bilen dostlaşmaly?

8. Gowy dosty nädip saýlamaly?

9. Gatnaşýan adamlarymyz bize nähili täsir edýär?

45-nji bap

1—8-nji abzaslar

1. Hudaýyň Patyşalygy näme we biz onuň Patyşasy barada näme bilýäris?

2. Isanyň günlerinde Hudaýyň Patyşalygy haýsy manyda golaýlaşdy?

3. Isa ýer ýüzünde nähili wajyp işi etdi we oňa kimler kömek etdi?

9—14-nji abzaslar

4. Isanyň Patyşa bolmagyny kimler isledi, kimler islemedi?

5. Kimler Isany öldürjek boldy we olar adamlary nädip öjükdirdi?

6. Şu günler nähili adamlar olara meňzeýär?

15—20-nji abzaslar

7. Biz Hudaýy söýýän bolsak näme etmeli?

8. Isa suwda çokundyrylyp, nämäni görkezdi we Hudaý ondan razydygyny nädip bildirdi?

9. Biz näme üçin suwda çokundyrylmaly we soňra nähili wajyp işi ýerine ýetirmeli?

46-njy bap

1—11-nji abzaslar

1. Mukaddes Ýazgylarda «dünýä geçip gider» diýilmegi näme aňladýar?

2. Tupandan öň adamlar näme etdi we Isa bize näme barada duýdurdy?

3. Hudaý Nuh pygambere nähili tabşyryk berdi we Tupan turanda näme boldy?

12—19-njy abzaslar

4. Tupandan öň ýaşan adamlaryň mysalyndan nähili sapak edinýäris?

5. Hudaý erbet adamlary näme arkaly we näme üçin ýok eder?

6. Armageddon näme we oňa kim ýolbaşçylyk eder?

47-nji bap

1—11-nji abzaslar

1. Adamlar Isanyň gelendigini we gökde höküm sürüp başlandygyny nädip bilýär?

2. Isa injir agajyny mysal getirip nämäni düşündirdi?

3. Şu günler Isanyň aýdan alamatynyň haýsy aýratynlyklary berjaý bolýar?

12—16-njy abzaslar

4. Isanyň aýdan alamaty näme aňladýar?

5. Isa gyşda betbagtçylykdan halas bolmak barada aýdyp nämäni düşündirdi?

48-nji bap

1—8-nji abzaslar

1. «Täze gökler» we «täze ýer» näme aňladýar?

2. Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşaýşyň nähili boljakdygyny aýatlar we suratlar arkaly düşündir.

9—15-nji abzaslar

3. Ebedi ýaşamak üçin Mukaddes Ýazgylardan bilim almak näme üçin wajyp?

4. Hudaýyň täze dünýäsinde ebedi ýaşamak üçin, bilim almakdan başga ýene-de näme etmeli?

5. Şu kitaby okasak, ebedi ýaşaýşa gowuşmaga nädip kömek eder?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş