Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/07 sah. 7
  • Bildirişler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Bildirişler
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 1/07 sah. 7

Bildirişler

◼ Baýdak aýyndan ýa-da iň bolmanda Nowruz aýynyň dördünden başlap etrap gözegçisi «Täze dünýäde kim ýaşamaga mynasyp?» diýen jemagatçylyk nutgy bilen çykyş eder.

◼ Biziň edebiýatymyz hytaý diliniň iki ýazuw görnüşinde çap edilýär. Gonkongyň we Taýwanýanyň ýaşaýjylary «hytaýça» (SN) belgili adaty ýazuwda okaýarlar. Hytaý dilinde okaýan beýleki okyjylar bolsa «hytaýça ýönekeýleşdirilen» (CHS) belgili ýazuwy halaýarlar. Adamyň okaýan ýazuwy kanton, mandarin we beýleki dialektde gepleýändigine bagly däl. Şol sebäpli adamyň haýsy ýazuwda okamagy halaýandygyny bilmek wajyp. «Bütin halklaryň adamlary üçin hoş habar» diýen broşýuranyň 37, 38-nji sahypalaryna seret.

◼ Ýatlama agşamy Gurbansoltan aýynyň 2-sinde, Başgüni, gün batandan soň geçiriler. Muňa ýygnaklar öňünden taýýarlyk görmeli. Nutk gün batmanka okalyp başlansa-da, nyşanlary gün batmazyndan öň geçirmeli däl. Ýaşaýan ýeriňizde günüň haçan batýandygyny ýerli habarlardan biliň. Her ýygnak Ýatlama agşamyny aýratyn geçirse gowy bolar, emma muny etmeklik hemişe mümkin bolmaýar. Eger-de birnäçe ýygnak bir Patyşalyk Zalyny ulanýan bolsa, onda bir ýa-da birnäçe ýygnak şol agşamlyk üçin başga jaý gözlese gowy bolar. Mümkin boldugyndan, her programmadan soň azyndan 40 minut arakesme edilse ýagşy bolar, sebäbi hemmeler Ýatlama agşamyndan soň pikir alyşsa peýdaly bolar. Şeýle-de maşynlaryň gelip-gitmegine hiç zat päsgel bermez ýaly, olary goýmak, esasanam, ýolagçylary düşürende we äkidende kynçylyk döremez ýaly aladasyny etmeli. Ýaşulular maslahaty ýerli ýagdaýy göz öňünde tutup, nämeler edilse gowy boljakdygyny çözmeli.

◼ Ýygnaklaryň kätibi we uzak ýerdäki toparlaryň jogapkär doganlary, ýygnakdaky her bir pioneriň «Pioner gullugy üçin arzasynyň» bardygyny bilmeli.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş