Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/07 sah. 3—sah. 6 abz. 7
  • Hoş habary wagyz etmegiň usuly

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hoş habary wagyz etmegiň usuly
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Sözbaşylar
  • ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ
  • MYNASYPLARY GÖZLÄŇ
  • IKILENÇ IDEG
  • MUKADDES ÝAZGYLAR OKUWY
  • GYZYKLANÝANLARY ÝEHOWANYŇ GURAMASYNA UGRUKDYRMAK
  • MUKADDES ÝAZGYLARA ESASLANAN EDEBIÝATY ULANMAK
  • RESMI DÄL ÝAGDAÝDA GÜWÄ GEÇMEK
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 1/07 sah. 3—sah. 6 abz. 7

9-njy bap

Hoş habary wagyz etmegiň usuly

ISA Mesih Ýehowanyň wekili hökmünde tabşyrygyna örän çynlakaý garaýardy. Ol Hudaýyň Patyşalygy barada yhlasly wagyz edip, ähli şägirtlerine gowy görelde görkezdi. Şeýle-de ol adamlaryň özleriniň gelmegine garaşman, olaryň öýüne baryp, hatda märekäniň arasynda wagyz edip ders berýärdi (Mat. 9:35; Luka 8:1). Isa adamlar bilen ýekelikde gürrüňdeş bolýardy, şägirtlerine ýygy-ýygydan aýratynlykda öwredýärdi, käwagt bolsa märekäniň öňünde çykyş edýärdi (Mat. 13:36; Mar. 4:10—13; 6:35—44; Ýahýa 3:2—21). Ol adamlara ruhlandyryjy we umyt beriji sözleri aýdýardy (Luka 4:16—19). Isa her hili ýagdaýda-da, aç we ýadaw bolsun güwä geçýärdi (Mar. 6:30—34; Ýahýa 4:4—34). Isanyň mukaddes gullugy baradaky maglumatlar bizi onuň göreldesine eýermäge höweslendirmeýärmi? Elbetde, biz hem resullar ýaly Isanyň göreldesine eýeresimiz gelýändir (Mat. 4:19, 20; Luka 5:27, 28; Ýahýa 1:43—45).

Geliň, takmynan 2000 ýyl mundan öň Isa Mesihiň başlan işini mesihçileriň şu günler nädip dowam edip biljekdiklerine seredeliň.

ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ

Ýehowanyň häzirki Güwäçileri öýden-öýe hoş habary guramaçylykly wagyz etmegiň wajypdygyna düşünýärler. Olar şeýle usul bilen Patyşalyk baradaky habary wagyz edip, gowy tanaldylar. Olaryň gazanan gowy üstünlikleri Ýehowanyň merhemetini we bereketini alandyklaryny subut edýär. Ýehowanyň Güwäçileri bu usuly paýhasly ulanmak bilen gysga wagtyň içinde millionlarça adamlara hoş habary ýetirip, gowy üstünlikler gazandylar (Mat. 11:19; 24:14). Biz öýden-öýe wagyz etmek bilen Ýehowa we goňşymyza bolan söýgimizi görkezýäris (Mat. 22:34—40).

Ýehowanyň Güwäçileri üçin öýden-öýe wagyz etmeklik täzelik däl. Bu usul Isanyň resullarynyň günlerinde hem giňden ulanylýardy. Pawlus resul adamlaryň öýüne baryp okadýandygy barada ýazypdy. Ol efesosly ýaşululara öz gullugy barada şeýle diýdi: «Meniň Aziýa gelen ilki günümden bäri... peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrman... güwä geçip, aç-açan hem öýden-öýe size ders berdim». Şeýdip, ol «hem ýehudylara, hem-de greklere Hudaýa toba we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmek üçin güwä geçdi» (Res. iş. 20:18, 20, 21). Şol döwürde ähli adamlara hoş habary tiz ýetirmelidi. Sebäbi Rim imperatorlary ýalan taňrylara sežde etmekligi goldaýardy, adamlaryň köpüsi bolsa «gaty dindardy». Olar «dünýäni, onuň içinde bolan bütin zatlary ýaradan Hudaýy... adamlaryň ählisiniň toba etmegini buýurýany» tapmalydylar (Res. iş. 17:22—31).

Şu günler adamlara hoş habary wagyz etmek has-da wajyp. Bu dünýäniň soňy ýakynlaşyp gelýär. Ähli adamlaryň durmuşy howp astynda. Şol sebäpli bu dünýäniň soňy gelmänkä bar güýjümizi gaýgyrman wagyz etmeli. Biz muňa düşünip, hakykat bilimine suwsaýanlary tapmak üçin öýden-öýe yhlasly wagyz edýäris. Isanyň we resullaryň günlerinde bolşy ýaly, şu günlerem öýden-öýe wagyz etmeklik üstünlikli geçirilýär. Şeýle wagyz etmek bilen gullukdan şatlyk taparys (Mar. 13:10).

Siz ýagdaýyňyza görä, öýden-öýe köpräk wagyz etmäge jan edýärmisiňiz? Muny etmek üçin siz her bir pursatdan peýdalanýan bolsaňyz, onda şatlyk tapýandygyňyza we lezzet alýandygyňyza ynanýarys (Ezek. 9:11; Res. iş. 20:35). Mümkin, siziň ýarawsyzlygyňyz, köp adamlaryň diňlemeýändigi ýa-da hökümet tarapyndan çäklendirilen sebäpli öýden-öýe wagyz etmek aňsat däldir. Belki, size nätanyş adamlar bilen gürrüňe başlamak aňsat däldir, şol sebäpli her sapar öýden-öýe wagza gideniňizde, rahatsyzlyk ýagdaýyň hötdesinden gelmeli bolýansyňyz. Ruhdan düşmäň, dogan-uýalaryň köpüsi şeýle kynçylyklara duçar bolýarlar (Çyk. 4:10—12).

Isa şägirtlerine «dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýip, wada berdi (Mat. 28:20). Isanyň şol wadasy şägirtleri şu günler hem şägirt taýýarlamak işde berkidýär. Biz Pawlus resulyň Filipililer 4:13-de aýdyşy ýaly mert bolmaly. Ol şeýle diýdi: «Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn». Her hepde ýygnak bilen öýden-öýe wagyz etmek üçin güýjüňi gaýgyrma. Başga doganlar bilen wagyz etseň şatlyk taparsyň hem-de adamlar bilen gepleşmegi we Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýaty hödürlemegi öwrenersiň. Kynçylyklaryň hötdesinden geler ýaly we hoş habary batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin imanyňy berkitmek barada doga et (Luka 17:5).

Siz adamlara hoş habary wagyz edip, umydyňyz barada gürrüň berip, ony berkidýärsiňiz (1 Pet. 3:15). Şeýle-de Hudaýyň Patyşalygyna umyt edýänleriň we etmeýänleriň uly tapawudyny görersiň. Hudaýyň Patyşalygyna mynasyp adamlary tapanyňda we mynasyp dälleriň hoş habara seslenişini göreniňde, Isanyň şägirtlerine aýdan sözleriniň hakdygyna düşünersiň (Mat. 10:11—14). Isanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, «yşygyňyz adamlaryň öňünde» parlaýandygyndan lezzet alarsyňyz. Mümkin, siz adamlara ebedi ýaşaýşa eltýän bilimi almaga kömek edip bilersiňiz (Mat. 5:16; Ýahýa 17:3; 1 Tim. 4:16).

Wagyzçylar dynç günleri we hepdäniň dowamynda öýden-öýe wagyz edýärler. Hepdäniň iş günleri adamlary öýünde tapmak kyn bolýan ýerlerde, käbir wagyzçylar agşamlaryna wagyz edýärler. Wagyzçylar adamlaryň ertir irden däl-de öýlän we agşam höwes bilen garşy alýandygyna üns berdiler. Şeýle-de siz başga usullary ulanyp bilersiňiz.

MYNASYPLARY GÖZLÄŇ

Isa şägirtlerine mynasyplary «sorap-idäň» diýdi (Mat. 10:11). Isa diňe bir öýden-öýe wagyz etmeýärdi. Ol her bir pursatdan peýdalanyp, resmi we resmi däl ýagdaýlarda-da güwä geçýärdi (Luka 8:1; Ýahýa 4:7—15). Resullar hem dürli ýerlerde wagyz edýärdiler (Res. iş. 17:17; 28:16, 23, 30, 31).

Şu günler biziň hem maksadymyz, mümkin boldugyndan, her bir adama Hudaýyň patyşalygy baradaky habary eşitdirmek. Biz Isanyň we onuň şägirtleriniň göreldesine eýerip, şägirt taýýarlamak işinde olaryň usullaryny ulanmaly, wagtyň geçmegi bilen ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň ýagdaýynyň hem-de pikiriniň üýtgeýändigini göz öňünde tutmaly (1 Kor. 7:31).

Biz diňe bir öýden-öýe däl, eýsem başga ýerlerde hem wagyz etmeli. Wagyzçylar adamlaryň işleýän ýerlerinde üstünlikli wagyz edýärler. Köp ýurtlarda köçede, seýilgählerde, awtoduralgalarda, jemgyýetçilik ulaglarynda hem-de köpçüligiň bolýan ýerlerinde wagyz edýärler. Şeýlelikde, wagyzçylar öýlerinde tapyp bolmaýan adamlara-da hoş habary ýetirýärler.

Adamlara «Garawul diňi» we «Oýanyň» žurnallaryny hödürläp hem güwä geçip bolýar. Munuň üçin siz islendik žurnaldaky temany adamlar bilen mähirli we sypaýyçylykly söhbetdeşlik geçiriň. Gyzyklanan adama beýleki edebiýatlary hem hödürläp, ýene-de geljekdigiň barada aýt. Käwagt «Hudaýa gullugymyzda» wagyz etmegiň dürli usullaryny ulanmak maslahat berilýär we dürli teklipler hödürlenilýär. Mümkin, size köpçüligiň bolýan ýerinde wagyz etmeklik ýarar, bu köpräk wagyz etmäge ýol açýar!

Şu günler mesihçilere bu dünýäniň soňy barada diňe duýdurmak we hoş habary wagyz etmek tabşyrylmady. Eýsem adamlar ýaşaýşa eltýän hakykaty kabul eder ýaly we gyzyklanýan adamlar ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolar ýaly, ikilenç ideg etmeli.

IKILENÇ IDEG

Isa şägirtlerine: «Ýeriň tä soňuna çenli Meniň güwälerim bolarsyňyz» diýdi (Res. iş. 1:8). Şeýle-de ol: «Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň... Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň» diýip, tabşyryk berdi (Mat. 28:19, 20). Ikilenç idegler Ýehowa gulluk etmekde şatlyk berýär. Hoş habar bilen gyzyklanan adamlaryň öýüne ýene-de barsaň begenerler. Siz Mukaddes Ýazgylardaky pikirleri aýdanyňyzda, olaryň Hudaýa bolan imany berkär we ruhy taýdan mätäçligine düşünmäge kömek edersiňiz (Mat. 5:3). Siz oňa amatly wagty geljekdigiňiz barada aýtsaňyz we oňa gowy taýýarlansaňyz, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamagyňyz ahmal. Ikilenç ideg etmekligiň maksady Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak. Biz hakykat tohumyny diňe bir «ekmeli» däl, eýsem ony «suwarmaly» (1 Kor. 3:6).

Käbir wagyzçylara ikilenç ideg etmek kyn bolýar. Mümkin, öýden-öýe wagyz edeniňde, hoş habary gysgaça ussatlyk bilen gürrüň berip, şatlyk tapýansyň. Emma adam bilen Mukaddes Ýazgylar barada jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin ikilenç ideg etmeklik barada oýlananyňda kyn ýaly bolup görünýändir. Ýöne siz gorkmaň. Ilkinji sapar baranyňyzda, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýaty goýup gaýdansyňyz. Şondaky temany ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz. Siz muňa öňünden taýýarlansaňyz gowy bolar. Eger size kyn bolsa, kömek eder ýaly tejribeli wagyzçylaryň biri bilen bar.

Ikilenç ideg netijeli bolar ýaly Ýehowanyň guramasy gerekli kömegi berýär. Mukaddes Ýazgylary çuňňur bilmek hem düşünmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalan. Ýehowa bil bagla we tejribeli dogan-uýalaryň maslahatyny kabul et. Şeýtseňiz, ikilenç idegleri netijeli edip, gullukda şatlygyňyz artar.

MUKADDES ÝAZGYLAR OKUWY

Hoş habaryň wagyzçysy Filipus Hudaýyň Sözüni okap oturan adamdan: «Okaýan zatlaryňa düşünýärmisiň?» diýip sorady. Ol hem: «Biri ýol görkezmese, nähili düşüneýin?» diýdi. Resullaryň işleri kitabynyň 8-nji babynda Filipus ol adamyň okap oturan aýadyndan başlap, «Isanyň Hoş Habaryny oňa wagyz etdi» (Res. iş. 8:26—36). Biz Filipusyň ol adam bilen näçe wagt gepleşendigini bilmeýäris, emma oňa hoş habary şeýle aýdyň düşündirdi welin, ol adam suwda çokundyrylmagyny haýyş etdi. Şeýdip, ol Isa Mesihiň şägirdi boldy.

Şu günler gyzyklanýan adamlaryň Mukaddes Ýazgylar barada hiç zat bilmezligi mümkin. Şol sebäpli olaryň imany berkäp, suwda çokundyrylmak üçin edilýän talaplara laýyk geler ýaly olara öňünden Mukaddes Ýazgylar okuwyny birnäçe hepde, aý, bir ýyl ýa-da birnäçe ýyl geçmeli bolýar. Siz akýürekli adamlara Isanyň şägirdi bolmaga sabyrly we söýgi bilen kömek etseňiz, sylag alarsyňyz. Sebäbi Isanyň özi: «Bermek almakdan bagtlydyr» diýdi (Res. iş. 20:35).

Mukaddes Ýazgylary öwretmek üçin Ýehowanyň Güwäçileriniň ýörite çap eden edebiýatyny ulansaňyz, okuwy geçirmek aňsat bolar. Siziň bilen bile Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçen doganlaryň göreldesine eýerseňiz we ýygnakdaky tejribeli doganlardan kömek sorasaňyz, Mukaddes Ýazgylar okuwyny üstünlikli geçirmegi öwrenersiňiz hem-de adamlara Isa Mesihiň şägirtleri bolmaga kömek edersiňiz.

Eger size Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga we geçirmäge kömek gerek bolsa, ýaşululara we Mukaddes Ýazgylar okuwyny üstünlikli geçirýän imandaşlaryňyza ýüz tutmaga çekinmäň. Şeýle-de gulluk duşuşygynda «Hudaýa gullugymyzdaky» teklipler esasynda taýýarlanan hödürleri wagyzda ulanyp bilersiňiz. Ýehowa bil baglap, bu mesele barada doga etseň, gowy netije gazanarsyň (1 Ýahýa 3:22). Şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaş. Mümkin boldugyndan, maşgalaň bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenmekden başga-da, azyndan bir Mukaddes Ýazgylar okuwyny yzygiderli geçirmegi maksat edin. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip, siz gullugyňyzdan şatlyk taparsyňyz.

GYZYKLANÝANLARY ÝEHOWANYŇ GURAMASYNA UGRUKDYRMAK

Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip, adamlara Isa Mesihiň şägirdi bolmaga kömek edenimizde, olar Ýehowa Hudaý barada bilim alyp, ýygnaga gelýärler. Ýygnaklar Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmek maksady bilen gurnalan. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama Ýehowanyň guramasy bilen tanyşmaga we onuň bilen işleşmäge kömek etsek, ol ruhy taýdan berkär. Bu zatlary olara öwretmek wajyp.

Bu aýdylanlary iş ýüzünde etmek üçin, şu maksat bilen ýazga geçirilen wideofilmleri we çap edilen broşýuralary ulanyp bolýar. Şeýle-de käbir peýdaly maglumatlary bu kitabyň 4-nji babyndan tapyp bolar.

Gyzyklanýan adam bilen Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň edip başlanyňda, Ýehowanyň şu günler ýer ýüzünde islegini amala aşyrmak üçin guramasyny ulanýandygyny göz ýetirmäge kömek et. Ýehowanyň Güwäçileriniň Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin ulanýan esbaplarynyň gymmatyny hem-de olary Hudaýa özüni bagyş eden meýletinçileriň taýýarlaýandygyny we ýaýradýandygyny düşündir. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamy kitap öwrenilýän duşuşyga çagyr. Ony dogan-uýalar bilen tanyşdyr, Patyşalyk Zalynda duşuşyklaryň nädip geçirilýändigini düşündir. Olary duşuşyklara barmaga höweslendir. Ony etrap we welaýat kongreslerinde başga dogan-uýalar bilen tanyşdyr. Şeýle duşuşyklarda olar Ýehowanyň gullukçylary hökmünde mesihçileri tapawutlandyrýan söýgini görerler (Ýahýa 13:35). Gyzyklanýan adamlar Ýehowanyň guramasyny näçe gymmat saýsa, şonça-da Ýehowany gowy tanar.

MUKADDES ÝAZGYLARA ESASLANAN EDEBIÝATY ULANMAK

I asyryň mesihçileri Hudaýyň Sözüniň yhlasly wagyzçylarydy. Olar Mukaddes Ýazgylary özbaşdak öwrenmek we ýygnak duşuşyklarynda ulanmak niýeti bilen göçürip alýardylar. Olar başga adamlara-da hakykat sözüni okamagy höweslendirýärdiler. Şeýle golýazmalar örän az bolany üçin gymmatlydy (Kol. 4:16; 2 Tim. 2:15; 3:14—17; 4:13; 1 Pet. 1:1). Şu günler Ýehowanyň Güwäçileri döwrebap çap edýän enjamlarda, millionlarça Mukaddes Ýazgylary we ýüz millionlarça Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary, ýagny kitapçalary, broşýuralary, kitaplary hem-de žurnallary ençeme dillerde çap edýärler.

Hoş habary wagyz edeniňde «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» berýän köp sanly edebiýatlaryny doly ulan (Mat. 24:45). «Hudaýa gullugymyzda» her aýda nähili edebiýatlary ýaýratmalydygy barada habar berilýär. Şeýle-de siz her aý žurnal ýaýradylýan günleri ýa-da başga günlerde-de žurnallary ýaýradyp bilersiňiz.

«Sadyk hyzmatkär», ilki bilen, Hudaýyň maşgalasyny wagtly-wagtynda ruhy iýmit bilen üpjün edýän bolsa-da, Ýehowanyň el açyklygyndan görkezme alyp, Hudaýyň bilimine suwsaýanlara hem bolelin ruhy iýmit berýär. Siz Ýehowanyň Güwäçileriniň edebiýatlaryny okap öwrenen zatlaryňyzy başga adamlara gürrüň bermek isleýänsiňiz (Ýew. 13:15, 16). Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlaryň kömegi bilen hatda ýaňy wagyzçy bolanlaram hoş habary gowy wagyz edip bilerler.

RESMI DÄL ÝAGDAÝDA GÜWÄ GEÇMEK

Isa sözüne gulak asýanlara: «Siz dünýäniň yşygysyňyz... Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar» diýdi (Mat. 5:14—16). Şägirtler Isanyň göreldesine eýerip, Hudaýyň ýolundan ýöremelidiler. Isa: «Men dünýäniň nurudyryn» diýdi. Ol diňleýän adamlar üçin «ýaşaýyş nury» bolup, mesihçilere görelde görkezdi (Ýahýa 8:12).

Şonuň ýaly Pawlus resul hem bize görelde görkezdi (1 Kor. 4:16; 11:1). Ol Afinada her gün bazarda sataşan adamlara wagyz edýärdi (Res. iş. 17:17). Filipidäki mesihçiler onuň göreldesine eýerýärdi, Pawlus olary «egri hem azgyn nesliň» içinde ýalpyldaýan yşyk bilen deňedi (Fil. 2:14). Şu günler biz hem amatly ýagdaý dörände sözümiz bilen we iş ýüzünde hoş habary wagyz edip, Patyşalyk barada hakykaty ýalpyldadýarys. Hakykatdan-da, biziň dogruçyllygymyz we päkligimiz köp adamlardan tapawutlanýandygymyzy görkezýär. Biziň gowy göreldämizi görýän adamlara hoş habary gürrüň bersek, olar biziň başga adamlardan näme üçin tapawutlanýandygymyzy bilerler.

Ýehowanyň Güwäçileriniň köpüsi iş ýerinde, mekdepde we gündelik işleri bilen meşgul bolanlarynda hoş habary wagyz edýärler. Bir ýere gideniňizde size ýoldaş bolan adama gürrüň berip bilersiňiz. Munuň üçin siz adaty gürrüňi Mukaddes Ýazgylara gönükdirmäge ýa-da amatly pursatdan peýdalanyp, gürrüň açmaga taýyn bolmaly.

Hoş habary adamlara güwä geçmek bilen Ýehowany şöhratlandyrýandygymyzy we onuň adyna hormat goýýandygymyzy unutmasak, şonda bize wagyz etmek aňsat bolar. Şeýle-de biz akýürekli adamlara Ýehowa barada bilim almaga, oňa gulluk etmäge we Isa Mesihe iman edip, ebedi ýaşaýşa umyt etmäge kömek edýäris. Bularyň ählisi Hudaýa ýaraýan mukaddes gullukdyr (Ýew. 12:28; Ylh. 7:9, 10).

Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris sahypa 92—102

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş