Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/07 sah. 2
  • Gulluk duşuşygynyň tertibi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gulluk duşuşygynyň tertibi
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Sözbaşylar
  • Türkmenbaşy aýynyň 8-inde başlanýan hepde
  • Türkmenbaşy aýynyň 15-inde başlanýan hepde
  • Türkmenbaşy aýynyň 22-sinde başlanýan hepde
  • Türkmenbaşy aýynyň 29-ynda başlanýan hepde
  • Baýdak aýynyň 5-inde başlanýan hepde
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 1/07 sah. 2

Gulluk duşuşygynyň tertibi

Türkmenbaşy aýynyň 8-inde başlanýan hepde

9-njy aýdym.

10 min. Ýerli bildirişler. Türkmenbaşy aýynyň 22-sinde başlanýan hepdede boljak gulluk duşuşygyna taýýarlanar ýaly hemmelere «Gansyz bejeriş — medisina garşy däl» diýen wideofilmi görmekligi haýyş et. 4-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyr. Şol sahnalaryň birinde: «Men işli» diýip, sözümizi bölenlerinde nähili jogap bermelidigini görkez. («Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňi nädip açmaly we dowam etmeli» diýen kitapçanyň (rusça) 11, 12-nji sah. seret).

15 min. «Ýazgylary her gün öwrenýäris» diýen broşýura peýdaly. 2007-nji ýylyň «Ýazgylary her gün öwrenýäris» diýen broşýuranyň sözbaşysyna esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. Hemmelere günde birnäçe minut Mukaddes Ýazgylardaky aýady we oňa berilýän düşündirişi okamak üçin wagt sarp etmegiň wajypdygy barada maslahatlaşyň. Birki wagyzçydan Mukaddes Ýazgylardaky aýada adatça nähili seredýändigini we olara nähili peýda berýändigini gürrüň bermegi öňünden haýyş et. Soňunda 2007-nji ýylyň ýyllyk aýadyna gysgaça seret.

20 min. Goý, hemmeler hoş habary eşitsin. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» diýen kitaba esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. (3—6-njy sah. seret).

26-njy aýdym we jemleýji doga.

Türkmenbaşy aýynyň 15-inde başlanýan hepde

20-nji aýdym.

10 min. Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzdan» gerekli bildirişler.

15 min. Sizi näme saklaýar? 2002-nji ýylyň Gurbansoltan (aprel) aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 13—15-nji sahypalaryna esaslanan ýaşulynyň çykyşy.

20 min. «Bu meni gyzyklandyrmaýar»a. Söhbetdeşlik 4-nji abzasa ýetende, diňleýjilerden ýerli ilaty näme gyzyklandyrýandygyny sora. «Bu meni gyzyklandyrmaýar» diýip, sözümizi bölenlerinde, nähili jogap bermelidigini görkezýän iki sany gysgaça hödüri sahnalaşdyr. («Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňi nädip açmaly we dowam etmeli» diýen kitapçanyň (rusça) 8, 9-njy sah. seret).

11-nji aýdym we jemleýji doga.

Türkmenbaşy aýynyň 22-sinde başlanýan hepde

28-nji aýdym

10 min. Ýerli bildirişler. Pul hasabatyny oka we sowgatlary filiala gowşurlandygyny tassykla. 4-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä, iki sany hödüri sahnalaşdyr. Olaryň birinde ikilenç ideg etmegi görkez.

10 min. Ýerli zerurlyklar.

25 min. «Ýokary hilli medisina kömegi — bu nähili kömek?» Ýaşuly çykyş edýär. Gansyz bejeriş— medisina garşy däl» diýen wideofilm esasynda söhbetdeşlige başla, makaladaky soraglary ber. Sözüň soňunda iň soňky abzasy oka we «Garawul diňinden» getirilen makalalary dykgatly öwrenmegi maslahat ber.

6-njy aýdym we jemleýji doga.

Türkmenbaşy aýynyň 29-ynda başlanýan hepde

9-njy aýdym

10 min. Ýerli bildirişler. Wagyzçylara Türkmenbaşy aýy boýunça wagyz hasabatyny tabşyrmalydygyny ýatlat.

20 min. «Siz tebigy betbagtçylyga taýynmy?»b. Ýaşuly çykyş edýär. 2005-nji ýylyň Sanjar aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» 3-nji sahypasyndaky pikirleri aýt.

15 min. Ýene geljek diýip söz beren bolsaň, sözüňde dur. 1999-njy ýylyň Ruhnama (sentýabr) aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 11-nji sahypasyna esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. Sözünde durup, ikilenç ideg eden wagyzçylardan nähili netije getirendigini gürrüň bermegi haýyş et.

17-nji aýdym we jemleýji doga.

Baýdak aýynyň 5-inde başlanýan hepde

21-nji aýdym

10 min. Ýerli bildirişler.

15 min. Men — Ýehowanyň Güwäçisi. Çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. Bu materialy ýerli ýagdaýy göz öňünde tutup paýhasly düşündirmeli. Käbir çagalar we ýetginjekler deň-duşlary üstünden güler öýdüp, özüniň Ýehowanyň Güwäçisidigini aýtmaga çekinýärler. Ýöne men Ýehowanyň Güwäçisi diýmäge düýpli esas bar. Eger mugallym seniň nämä ynanýandygyňy bilse, hormat goýup, mesihçilere ýaraşmaýan işleri etdirjek bolmaz. Seniň ahlaksyzlyk edýän deň-duşlaryň erbet işlerine goşmaga mejbur etmezler. Hemmeler seniň söýüşýänleriň duşuşygyna, mekdebiň sport bäsleşigine, sapakdan daşary geçirilýän okuwa we beýleki zatlara nähili garaýandygyňy bilerler. Şeýle-de saňa mekdepde wagyz etmek aňsat bolar hem-de wagyzda synpdaşlaryňa duşanyňda gorkmarsyň (g02-U 22.3 sah. 12). Mekdepde özüni Ýehowanyň Güwäçisi diýip tanadýan wagyzçylara nähili peýda getirýändigini gürrüň bermegi haýyş et. Birki sany gürrüňi öňünden taýýarlasaň bolar.

20 min. «Söýgi — üstünlikli wagyz etmegiň syry»c. 2003-nji ýylyň Baýdak aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalyň 23-nji sahypasyndaky 16, 17-nji abzasda berlen pikirleri aýt.

17-nji aýdym we jemleýji doga.

[Çykgytlar]

a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.

b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.

c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş