«Meni bu gyzyklandyrmaýar»
1 Biz hoş habary wagyz edenimizde, käbir ýerlerde şeýle jogap berýärler. Wagyz edýän ýerimizde adamlaryň şeýle sowuk-sala garamagy bizi ruhdan düşürmez ýaly näme kömek eder? Biz nädip adamlary hoş habar bilen gyzyklandyryp bileris?
2 Şatlygyňy ýitirme. Hoş habara köp adamlaryň sowuk-sala garaýandygyny ýatda saklasak, näme üçin şatlygymyzy ýitirmeris. Ewolýusiýa taglymatyny öwrenen ýa-da hudaýsyz jemgyýetde terbiýe alan adamlar Mukaddes Ýazgylaryň gadyr-gymmaty barada hiç-haçan oýlanyp gören däldir. Käbir adamlar dindarlaryň ikiýüzlüligini görüp gyzyklanmaýarlar. Ýöne käbirleri lapykeç we umytsyz bolany üçin sowuk-sala garaýalar (Efes. 2:12). Adamlaryň käbiri bolsa durmuşyň aladalary bilen başagaý bolup üns bermeýärler (Mat. 24:37—39).
3 Käbir adamlar hoş habara ters jogap berselerde, wagyzda edýän tagallalarymyz Ýehowany şöhratlandyrýandygyny bilýändigimiz üçin şatlanýarys (1 Pet. 4:11). Şeýle-de heniz hakykatyň gadyr-gymmatyny bilmeýän adamlara gürrüň berip, imanymyzy berkidýäris. Geliň, wagyz edýän uçastogymyzdaky adamlara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagy öwreneliň. Ýehowa Hudaýyň «sag elini çep elinden tapawutlandyryp bilmeýän» ninewiýalylara haýpy gelýärdi (Ýunus 4:11). Biziň uçastogymyzda ýaşaýan adamlar hoş habara mätäç! Şol sebäpli biz elimizi sowatmaly däl. Adamlar Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanar ýaly, elimizden gelenini etmeli.
4 Adamlary biynjalyk edýän zatlar barada gürrüň et. Siziň ýaşaýan ýeriňizde adamlary biynjalyk edýän meseläni orta atyp, söhbetdeşiňiziň pikirini soraň. Onuň pikirini ünsli diňläp, bu babatda Mukaddes Ýazgylardan teselli beriji aýady görkeziň. Ýerli heläkçilikden soň bir dogan öýden-öýe wagyz edende, adamlara ýürekden gynanç bildirýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Meniň olar hakda gyzyklanýandygymy görenlerinden soň, gepleşip başladylar. Şeýlelikde, şol güni köp adamlar bilen söhbetdeşlik geçirdim».
5 Adamzadyň ähli kynçylygyny diňe Hudaýyň patyşalygy çözer. Adamy biynjalyk edýän zady biljek bol. Mümkin, ol Mukaddes Ýazgylardaky umyt berýän habary diňlär. Eger diňlemese başga sapar diňlär (Res. iş. 17:32).