Ýokary hilli medisina kömegi — bu nähili kömek?
Medisinanyň doktory Maýkl Rouz: «Gansyz operasiýa razylaşýan hassa ähli bejergilerden iň ýokary hilli bejergini alýar» diýdi. «Gansyz medisina» nähili proseduralar we gansyz bejerişiň usullary degişli bolup biler? Siz bejergi we operasiýa barada doly maglumat almaly we şonuň esasynda bir netijä gelmeli. «Gansyz bejeriş — medisina garşy däl» diýen wideofilme seret. Soňra şu aşakdaky soraglar arkaly düşünjäňi barlap gör. (Bellik: Wideofilmde hirurgik operasiýalardan parçalar bolany üçin ata-eneler çagalara onuň etjek täsiri barada oýlanmaly).
1. Ýehowanyň Güwäçileri haýsy esasy sebäbe görä gan goýbertmeýärler? 2. Ýehowanyň Güwäçileri nähili bejerişi alasy gelýär? 3. Syrkaw adamyň nähili hukugy bar? 4. Näme üçin gansyz bejerişi saýlamak paýhasly we jogapkärli? 5. Gan köp ýitirilende, ilki bilen, lukman haýsy iki maksada ýetmeli? 6. Gansyz bejerişiň nähili dört prinsipi bar? 7. a) ganyň has az ýitirilmegi, b) gyzyl gan öýjükleriniň ýitirilmezligi, ç) ganyň öndürilmegini çaltlandyrmak, d) ýitirilen ganyň üstüni doldurmak üçin lukmanlar näme edip biler? 8. a) gemodilýusiýa, b) gany tygşytly saklamak ýaly proseduralary düşündir. 9. Siz gansyz bejeriş barada nähili maglumaty bilmeli? 10. Agyr operasiýalary gan goýbermän geçirip bolýarmy? 11. Lukmanlar gansyz bejerişde nähili üstünlikler gazandylar?
Wideofilmdäki käbir bejergileri almak meselesinde her kimiň özi Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna görä çözmeli. Siz çagalaryňyz we özüňiz üçin haýsy gansyz bejergini saýladyňyz? Maşgalaňyzyň Ýehowanyň Güwäçisi däl agzalary hem, näme sebäpden şeýle karara gelendigiňizden habarly bolmaly. (2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynda çykan «Hudaýa Gullugymyza», 2004-nji ýylyň Oguz (iýun) aýynyň 15-ine we 2000-nji ýylyň Garaşsyzlyk (oktýabr) aýynyň 15-ine çykan «Garwul diňi» žurnallarynyň «Okyjylaryň soraglary» diýen bölümine seret).