Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/08 sah. 6
  • Biz haýal etmelimi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz haýal etmelimi?
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Meňzeş maglumat
  • Biz haýal etmelimi?
    Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Medisinanyň wajyp ugruny düşündirýän wideofilm
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Siz gansyz bejergä taýynmy?
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Sen belli bir karara geldiňmi?
    Hudaýa gullugymyz — 2009
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 1/08 sah. 6

Biz haýal etmelimi?

Biz «Isleg bildirişi we bejeriş üçin ynanç haty» doldurmagy näme üçin haýal etmeli däl? Bu resminamany suwda çokundyrylan Ýehowanyň Güwäçileri doldurmaly. Biz «ertirki günüň näme getirjegini bilmeýäris», şol sebäpli agyr ýagdaýa düşenimizde, nähili medisina kömeginiň gerekdigini öňünden çözüp, resminamada görkezmeli (Ýakup 4:14; Res. iş. 15:28, 29). Size «Gansyz bejeriş: hassanyň hukugyny bozman kömek etmek» diýen wideofilmi ýardam eder. Bu wideofilmi görmeziňizden öň doga edip, aşakdaky soraglar barada pikirleniň. (Bellik: wideofilmde hirurgik operasiýalardan parçalar bolany üçin ata-eneler çagalara etjek täsiri barada oýlanmaly).

1) Lukmanlaryň käbirleri gan goýbermek meselesine näme üçin gaýtadan seredýärler? 2) Gansyz geçirilen üç sany agyr operasiýanyň mysalyny getiriň. 3) Bütin dünýäde lukmanlaryň näçesi gansyz bejermäge taýyndygyny aýtdylar? Olar näme üçin gansyz berjermäge taýyn? 4) Ýaňy-ýakynda geçirilen medisina barlaglary gany ulanmak barada näme diýýär? 5)  Gan goýbermek näme üçin howply? 6)  Köp lukmanlaryň gelen netijesine görä, gansyz bejermegiň näme peýdasy bar? 7) Gan azlygyň sebäbi näme? Adamyň gan azlygy haýsy derejeden pese düşmeli däl? Ony dikeltmek üçin näme etmeli? 8) Syrkawyň bedeninde gyzyl gan öýjüklerini köpeltmek üçin näme etmeli? 9) Operasiýa wagty köp gan ýitirmezlik üçin nähili usullar ulanylýar? 10) Ýaş çagalary we agyr ýagdaýdaky syrkawlary gansyz bejerip bolýarmy? 11) Syrkawy oňat bejermek üçin lukman haýsy ahlak prinsiplere eýermeli? 12) Özüňizi gansyz bejertmek barada näme üçin öňünden karara gelmek wajyp? Biz ony nädip etmeli?

Wideofilmdäki bejeriş usullaryny her kimiň özi Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna görä saýlamaly. Siz özüňiz we çagaňyz üçin haýsy medisina bejerişini aljakdygyňyzy saýladyňyzmy? Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin «Garawul diňi» žurnalynyň 2004-nji ýylyň Oguz aýynyň 15-ine we 2000-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 15-ine çykan sanlaryndaky «Okyjylaryň sowallaryndan» hem-de 2006-njy ýylyň Sanjar aýynda çykan Hudaýa gullugymyzda «Men ganyň fraksiýasy we öz ganym bilen ulanylýan bejergiler hakda nähili karara gelmeli?» diýen bölümine serediň. Bejeriş meselesinde şaýadyňyz we Ýehowanyň Güwäçisi bolmadyk maşgala agzalaryňyz, siziň gelen kararyňyzdan hem-de onuň sebäbinden habarly bolmaly.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş