Biz haýal etmelimi?
Biz «Isleg bildiriş we bejeriş üçin ynanç haty» doldurmagy näme üçin haýal etmeli däl? Bu resminamany suwda çokundyrylan Ýehowanyň Güwäçileri doldurmaly. Biz «ertirki günüň näme getirjegini bilmeýäris», şol sebäpli agyr ýagdaýa düşenimizde, nähili medisina kömeginiň gerekdigini öňünden çözüp, resminamada görkezmeli (Ýakup 4:14; Res. iş. 15:28, 29). Size «Gansyz bejeriş: hassanyň hukugyny bozman kömek etmek» diýen wideofilmi ýardam eder. Bu wideofilmi görmeziňizden öň doga edip, aşakdaky soraglar barada pikirleniň. (Bellik: wideofilmde hirurgik operasiýalardan parçalar bolany üçin ata-eneler çagalara etjek täsiri barada oýlanmaly).
1) Lukmanlaryň käbirleri gan goýbermek meselesine näme üçin gaýtadan seredýärler? 2) Gansyz geçirilen üç sany agyr operasiýanyň mysalyny getiriň. 3) Bütin dünýäde lukmanlaryň näçesi gansyz bejermäge taýyndygyny aýtdylar? Olar näme üçin gansyz bejermäge taýyn? 4) Ýaňy-ýakynda geçirelen medisina barlaglary gany ulanmak barada näme diýýär? 5) Gan goýbermek näme üçin howply? 6) Köp lukmanlaryň gelen netijesine görä, gansyz bejermegiň näme peýdasy bar? 7) Gan azlygyň sebäbi näme? Adamyň gan azlygy haýsy derejeden pese düşmeli däl? Ony dikeltmek üçin näme etmeli? 8) Syrkawyň bedeninde gyzyl gan öýjüklerini köpeltmek üçin näme etmeli? 9) Operasiýa wagty köp gan ýitirmezlik üçin nähili usullar ulanylýar? 10) Ýaş çagalary we agyr ýagdaýdaky syrkawlary gansyz bejerip bolýarmy? 11) Syrkawy oňat bejermek üçin lukman haýsy ahlak prinsiplere eýermeli? 12) Özüňizi gansyz bejermek barada näme üçin öňünden karara gelmek wajyp? Biz ony nädip etmeli?
Wideofilmdäki bejeriş usullaryny her kimiň özi Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna görä saýlamaly. Siz özüňiz we çagaňyz üçin haýsy medisina bejerişini aljakdygyňyzy saýladyňyzmy? Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin «Hudaýyň söýgüsi» diýen kitabyň 7-nji babyna we ondaky goşmaça materiala seret. Şeýle-de 2006-njy ýylyň noýabr aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» «Men ganyň fraksiýasy we öz ganym bilen ulanylýan bejergiler hakda nähili karara gelmeli?» diýen bölümine serediň. Şondan soň medisina dokumentini dogry doldurandygyňy barlamagy ýatdan çykarma. Näme sebäpden şeýle karara gelendigiň barada dokumentde görkezilen wekillerine we maşgalaňyzyň iman etmeýän agzalaryna duýdur.
[3-nji sahypadaky surat]
• Sen özüňe we çagalaryňa nähili bejergi almagy ýüregiňe düwdüň?
• Garaşylmadyk waka üçin medisina dokumentini ýanyňda göterýärmiň?