Siz gansyz bejergä taýynmy?
Adam duýdansyz we garaşylmadyk ýagdaýda heläkçilige uçrap biler (Ýakup 4:14). Şol sebäpli paýhasly adam şeýle ýagdaýa, mümkin boldugyndan, öňünden taýýarlyk görýär (Sül. tym. 22:3). Siz nähili medisina kömeginiň gerekdigini öňünden çözüp, resminamaňyzda görkezdiňizmi? Bu babatda size «Gansyz bejeriş: hassanyň hukugyny bozman kömek etmek» we «Gansyz bejerişiň görnüşleri. Ylmy-dokumental filmleriň ýygyndysy» diýen wideofilmleri ýardam eder. Olary göreniňizde aşakdaky soraglar barada pikirleniň. Wideofilmlerde hirurgik operasiýalardan parçalar bolany üçin ata-eneler çagalaryna etjek täsiri barada oýlanmaly.
1. Lukmanlaryň käbirleri gan goýbermek meselesine näme üçin gaýtadan seredýärler? 2. Gansyz geçirilen üç sany agyr operasiýanyň mysalyny getiriň. 3. Bütin dünýäde näme üçin müňlerçe lukmanlar syrkawa gansyz bejergi bermäge taýyn? 4. Ýaňy-ýakynda geçirilen medisina barlaglary gany ulanmak barada näme diýýär? 5. Gan goýbermek näme üçin howply? 6. Köp lukmanlaryň gelen netijesine görä, gansyz bejerginiň nähili peýdasy bar? 7. Gan azlygynyň sebäbi näme we ony pöpeltmek üçin näme etmeli? 8. Syrkawyň bedeninde gyzyl gan öýjüklerini köpeltmek üçin näme etmeli? 9. Operasiýa wagty köp ganyň ýitmezligi üçin nähili usullar ulanylýar? 10. Ýaş çagalary we agyr ýagdaýdaky syrkawlary gansyz bejerip bolýarmy? 11. Syrkawy oňat bejermek üçin lukman haýsy ahlak prinsiplerine eýermeli?
Wideofilmdäki bejeriş usullaryny her kim öz ynsabyna görä saýlamaly we haýsy karara gelmelidigini çözmek üçin heläkçilige uçraýançaňyz garaşmaly däl. Bu babatda size «Hudaýyň söýgüsi» diýen kitabyň 7-nji baby we ondaky goşmaça maglumat kömek eder. Şeýle-de 2006-njy ýylyň noýabr aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» «Men ganyň fraksiýasy we öz ganym bilen ulanylýan bejergiler hakda nähili karara gelmeli?» diýen bölümine serediň. Eger siz suwda çokundyrylan bolsaňyz, gelen kararyňyzy medisina resminamaňyzda görkeziň we ony hemişe ýanyňyzda göteriň.
[3-nji sahypadaky sitata]
Siz nähili medisina kömeginiň gerekdigini öňünden çözüp, resminamaňyzda görkezdiňizmi?