«Hoş Habara doly güwä geçiň»
1. Biziň aýdýan hoş habarymyza nämeler degişli?
1 Häzirki günlerde gowy habar seýrek eşidilýär, bize bolsa «Hudaýyň merhemetiniň Hoş Habaryna [doly, TD] güwä geçmek» iş ynanyldy (Res. iş. 20:24). Biz adamlara «soňky günleriň» gutarjakdygyny we «öňki zatlar aradan aýrylyp» Ýehowanyň adalatly täze dünýäsiniň boljakdygyny gürrüň berýäris (2 Tim. 3:1—5; Ylh. 21:4). Şol döwürde keselçilik bolmaz (Iş. 33:24). Ölen adamlar direlip, maşgalasyna goşular we dost-ýarlaryna duşuşar (Ýahýa 5:28, 29). Bütin ýer ýüzi ajaýyp Jennete öwrüler (Iş. 65:21—23). Bu biziň aýdýan hoş habarymyzdan diňe käbir mysallar!
2. Nähili şertler Ýatlama agşamyndan öň we soň yhlasly wagyz etmäge kömek eder?
2 Biz Nowruz, Gurbansoltan we Magtymguly aýlarynda hoş habary yhlasly wagyz ederis. Şu aýlarda dünýäniň köp ýerlerinde howa maýyl bolup, gün uzaýar. Bu wagza köp wagt sarp etmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär. Şeýle-de Nowruz aýynyň 22-sinde Ruhgüni, gün ýaşandan soň bütin dünýäde ýylyň möhüm wakasy bolan Ýatlama agşamy belleniler. Häzir köpräk wagyz etmäge taýýarlanmagyň wagty.
3. Maşgalalar nädip köpräk wagyz edip biler?
3 Kömekçi pioner bolup gulluk ediň. Siz bir, iki ýa-da üç aý kömekçi pioner bolup gulluk etmek üçin işlerimizi ýola goýup bilersiňizmi? Bu soragy ýakynda boljak maşgala okuwynda ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz. Maşgalada birek-birege gowy goldaw berilse, onuň agzalaryndan biri kömekçi pioner bolup gulluk edip biler (Sül. tym. 15:22). Bu barada doga ediň, şonda edýän tagallalaryňyza Ýehowanyň nähili ak pata berýändigini görersiňiz (Sül. tym. 16:3). Eger maşgalňyzda hiç kim kömekçi pioner bolup gulluk edip bilmeýän bolsa, onda hemmäňiz pionerler bilen gulluk edip, wagza köpräk wagt sarp etmegi maksat goýup bilersiňiz.
4. Doly iş güni işleýändigimize garamazdan, kömekçi pioner bolup gulluk etmek üçin işlerimizi nädip ýola goýup bileris?
4 Eger siz doly iş güni işleýän bolsaňyz, gowy gün tertibini düzüp, kömekçi pioner bolup gulluk edip bilersiňiz. Siz işde arakesme wagtlarynda-da wagyz edip bilersiňiz. Öýüňiziň ýa-da işiňiziň golaýyndan meýdança alyp, işden öň we soň bir sagat gulluk edip bilersiňiz. Siz artykmaç wagt tapyp biler ýaly ähmiýetsiz işleri indiki aýa geçirip, dynç günleri bolsa, gün-uzyn wagyz edip bilersiňiz. Käbir wagyzçylar bir ýa-da iki gün iş rugsadyna çykyp, wagyz edýärler.
5. Siz nädip gartaşan ýa-da saglygy biraz ýarawasyz dogan-uýalara kömekçi pioner bolup gulluk etmäge kömek edip bilersiňiz?
5 Eger siz gartaşan ýa-da saglygyňyz biraz ýarawsyz bolsa, günde bir-iki sagat wagyz edip, kömekçi pioner bolup gulluk edip bileris. Siz Ýehowadan «iň üstün gudraty» diläň (2 Kor. 4:7). Bir ýüz alty ýaşyndaky bir uýa kömekçi pioner bolup gulluk etdi. Ol mesihçi dogan-garyndaşlarynyň we ýygnakdaky doganlaryň kömegi bilen öýden-öýe wagyz etdi, ikilenç idege hem-de Mukaddes Ýazgylar okuwyna bardy we gullugyň başga-da görnüşlerine gatnaşdy. Uýa on sany Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamaga kömek etdi. Ol şeýle diýýär: «Men kömekçi pioner bolup gulluk etmäge ajaýyp mümkinçiligimiň bolandygyna örän minnetdar. Meniň ýüregim Ýehowa we onuň Ogluna, söýgüden doly guramasyna minnetdarlykdan joşýar. Men Ýehowa köp sag bolsun aýdasym gelýär!»
6. Mekdepde okaýan ýaş dogan-uýalar nädip kömekçi pioner bolup gulluk edip biler?
6 Suwda çokundyrylan ýaş wagyzçylar mekdepde okaýan bolsa-da, kömekçi pioner bolup gulluk edip biler. Siz dynç günleri gulluk etmek üçin gün tertibini doly gün işleýän wagyzçylaryňky ýaly düzüp bilersiňiz. Siz käbir günleri okuwdan öň ýa-da soň bir sagat wagyz edip bilersiňiz. Mekdep kanikularynda hem siz wagyz edip bilersiňiz. Kömekçi pioner bolup gulluk etmek islegiňiz bolsa, bu barada ata-eneňiz bilen maslahatlaşyň.
7. Ýaşulular Ýatlama agşamy döwründe dogan-uýalary gullukda nädip ruhlandyryp biler?
7 Ruhlandyrmak. Ýaşulular göreldesi bilen ýygnakdaky dogan-uýalary ruhlandyryp bilerler (1 Pet. 5:2, 3). Olar ertir irden, mekdepden we işden soň wagyz edýän dogan-uýalar üçin goşmaça wagyz duşuşyklaryny gurnap biler. Wagyz gözegçisi wagyz duşuşklary geçirilmeginiň hem-de ýörite kampaniýa aýlarynda wagyzçylaryň ýeterlikli meýdançasy we edebiýatlary bolar ýaly aladasyny eder.
8. Biz bir ýygnakda bolan wakadan näme öwrenýäris?
8 Bir ýygnagyň ýaşululary Ýatlama agşamyndan birnäçe aý öňünden wagyzçylary kömekçi pioner bolup gulluk etmäge ruhlandyryp başladylar. Ýaşulular her hepde-de ýygnakda näçe dogan-uýalaryň kömekçi pioner bolup gulluk etjekdigini bildiriş etdiler. Bu köpräk wagyz etmek isleýän wagyzçylara goldaw boljakdygyna ynandyrýardy. Ertir irden we agşam goşmaça wagyz duşuşyklary geçirildi. Şol ýygnakda Gurbansoltan aýynda ýygnagyň köp agzalary, ýagny 53 sany wagyzçy kömekçi pioner bolup gulluk etdi!
9. Näme üçin Ýatlama agşamy döwri wagyzçy bolmaga amatly wagt?
9 Başgalara wagyz etmäge kömek ediň. Tejribeli wagyzçylar täze ýa-da ýaş wagyzçy bolanlar bilen gulluk edip bilerler. Şeýle mümkinçilik Ýatlama agşamy döwründe bolýar, sebäbi şol günleri ýygnakdaky ähli doganlar köp wagyz edýärler. Siziň Mukaddes Ýazgylary öwredýän adamyňyz ruhy taýdan üstünlikler edip, Ýehowanyň dogry kadalary boýunça ýaşaýarmy? Siziň tertipli we ruhy taýdan gowy üstünlikler eden, ýöne wagyzçy bolmadyk çagalaryňyz barmy? Eger olar wagyzçy bolmak isleseler, siz-de olaryň taýýardygyny göz ýetirseňiz, ýaşulularyň birine duýduryp bilersiňiz. Ýygnagyň baş gözegçisi siziň we çagaňyz bilen ýa-da Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam bilen, iki ýaşulynyň gürrüňdeş bolmagynyň aladasyny eder.
10. Ýaşulular nädip yhlassyz wagyzçylara kömek edip biler?
10 Ýatlama agşamy döwri ýygnagyň yhlassyz wagyzçylaryna ýene-de yhlasly bolmaga amatly döwür diýse bolar. Kitap öwrenilýän duşuşygynyň gözegçileri we ýaşulular yhlassyz wagyzçylary ideg edip, bile wagyz etmäge çagyrýarlar. Eger olar köp wagtdan bäri yhlassyz bolsa, onda ilki bilen iki ýaşuly duşuşyp, olaryň wagyzçy talabyna laýyk gelýändigini kesgitlärler (km—U 11/00 sah. 2 serediň).
11. Hudaýyň adamlara bildiren iň uly «merhemeti» näme?
11 Ýatlama agşamyna taýýarlanyň. Töleg gurbany — bu Hudaýyň adamlara bildiren iň uly «merhemeti» (Res. iş. 20:24). Bütin dünýäde minnetdarlyk bildirýän millionlarça adamlar Nowruz aýynyň 22-sine Ruhgüni, gün ýaşandan soň, Isanyň Ýatlama agşamyny bellemek üçin gelerler. Biz bu wajyp baýramçylyga akgöwünli adamlary çagyrmak we olaryň gelmegine kömek etmek isleýäris. Sebäbi Ýatlama agşamy Ýehowanyň adamlara bolan merhemetini subut edýär.
12. Biz Ýatlama agşamyna kimi çagyryp bileris we olara bu baýramçylygyň ähmiýetine düşünmäge nädip kömek edip bolar?
12 Siz Ýatlama agşamyna çagyrjak adamlaryňyzyň spisogyny düzüň. Çagyran adamlaryňyzdan kimdir biri Ýatlama agşamy barada soraglar berse, siz «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitabyň 206—208-nji sahypalaryndaky «Rebbiň agşam nahary» diýen goşmaça maglumata seredip bilersiňiz. Şeýdip, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlasa bolar, sebäbi siz okuw geçmek üçin ulanýan gollanma kitabyňyzy görkezýärsiňiz.
13. Hudaýyň merhemetini boş ýere kabul etmeýändigimizi nädip görkezip bileris?
13 Minnetdar boluň. 2008-nji ýylyň Ýatlama agşamy ýakynlaşyp gelýär. Şol sebäpli, geliň, Ýehowanyň her birimize bildiren merhemeti barada oýlanalyň. Pawlus resul şeýle diýdi: «Hudaýyň merhemetini boş ýere kabul etmäň diýip ýalbarýarys» (2 Kor. 6:1). Biz Hudaýyň merhemetini boş ýere kabul etmeýändigimizi nädip görkezip bileris? Pawlus resul: «Her zatda Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümizi [hödürleýris, TD]» diýdi (2 Kor. 6:4). Şol sebäpli biz özümizi göreldeli alyp baryp we yhlasly hoş habary wagyz edip, Ýehowanyň sowgadyna minnetdardygymyzy görkezeris. Ýatlama agşamynyň döwründe köpräk wagyz etmäge we hoş habara doly güwä geçmäge ajaýyp mümkinçilik döreýär.
[3 Sahypadaky surat]
Kim kömekçi pioner bolup gulluk edip biler?
◼ Maşgalalar
◼ Doly gün işleýänler
◼ Gartaşanlar we saglygy biraz ýarawasyzlar
◼ Okuwçylar