Gulluk duşuşygynyň tertibi
Magtymguly aýynyň 14-inde başlanýan hepde
28-nji aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. Indiki hepdeden başlap kitap öwrenilýän duşuşykda «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» diýen kitaby geçip başlarys. km 2/2007 5-nji sahypadaky gün tertibi ulanyp, kitaby nähili geçmelidigini gürrüň ber. Hemmeleri duşuşyga taýýarlanmaga, yzygiderli gatnaşmaga we jogap bermäge höweslendir. 4-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany başga hödüri sahnalaşdyryň.
20 min. Patyşalyk baradaky wagyz işini ýaşaýan ýerimizde we bütin dünýäde goldaýarys. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» diýen kitabyň 12-nji babyna esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik.
15 min. «Ol ejizlere kuwwat berýändir»a. Wagt bolsa, berlen aýatlary diňleýjilerden düşündirmegi haýyş et.
26-njy aýdym we jemleýji doga.
Magtymguly aýynyň 21-inde başlanýan hepde
7-nji aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. Sowally bukjany ýerli ýagdaýa görä seret.
15 min. Siz başga dili öwrenip bilersiňiz! 2007-nji ýylyň Nowruz aýynda çykan «Oýanyň!» žurnalynyň (rusça) 10—12-nji sahypalaryna esaslanan nutk. Hoş habary wagyz etmek üçin başga dili öwrenmegi maksat goýmagyň wajyplygyny belläp geç.
20 min. «Siz Hudaýyň Sözüni goraýarmysyňyz?»b. «Gulluk mekdebi» kitabynyň 143, 144-nji sahypalaryndaky çarçuwadan pikirleri aýt.
25-nji aýdym we jemleýji doga.
Magtymguly aýynyň 28-inde başlanýan hepde
5-nji aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. Wagyzçylara Magtymguly aýy boýunça wagyz hasabatyny tabşyrmalydygyny ýatlat. 4-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany başga hödüri sahnalaşdyr.
20 min. «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» we «Sežde ediň» kitabyny wagyz gullugynda nädip ulanmaly? Bu kitaplaryň aýratynlyklaryny belläp, ýaşaýan ýeriňize görä nädip hödür edip bolýandygyny görkezýän iki sahna taýýarla (2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» 4, 5-nji sahypasyna we 2005-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda çykan sanynyň 4-nji sahypasyna seret). Berlen wagtyň çäginden çykman diňleýjilerden şu kitaplar arkaly garyndaşlary, tanyşlary bilen nädip pikir alşandygyny we nähili netije getirendigini gürrüň bermegi haýyş et.
15 min. Wagyz gullugyndan wakalar. Nowruz, Gurbansoltan we Magtymguly aýlarynda yhlasly wagyz eden kömekçi pionerler we başga wagyzçylar bilen bolan wagyzdaky gyzykly wakalary gürrüň ber. Şeýle-de wagyzçylaryň yzygiderli žurnal berýän adamlaryny ideg edende Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlandyklary barada gürrüň berer. Bir-iki sany gürrüňi öňünden taýýarlasa bolar.
22-nji aýdym we jemleýji doga.
Oguz aýynyň 4-inde başlanýan hepde
17-nji aýdym
10 min. Ýerli bildiriş we «Hudaýa gullugymyzdan» bildirişler.
15min. Ýerli zerurlyklar.
20 min. «Çagalaryňyza Ýehowany şöhratlandyrmagy öwrediň»c. 4-nji abzasy ara alyp maslahatlaşanyňda, 2005-nji ýylyň Gorkut aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» 3-nji sahypasyndaky pikirleri aýt.
16-njy aýdym we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.