12-nji bap
Patyşalyk işini goldamak
ÝEHOWANYŇ GÜWÄÇILERI «ýeriň tä soňuna çenli» hoş habary wagyz etdiler. Şeýdip, olar Isa Mesihiň soňky günler baradaky pygamberligini berjaý edýärler (Res. iş. 1:8; Mat. 24:14). Bu iş üçin Güwäçiler wagtyny, güýjüni gaýgyrmaýar. Olar Ýehowanyň öz gullukçylaryny hemişe goldaýandygyny bilýärler, şol sebäpli Hudaýyň Patyşalygynyň bähbitlerini birinji orunda goýýarlar (Mat. 6:25—34; 1 Kor. 3:5—9). Olaryň gazanan üstünlikleri Ýehowanyň olardan razydygyny we wagyz işine bereket berýändigini görkezýär.
PATYŞALYK IŞINI BÜTIN DÜNÝÄDE GOLDAMAK
Ýehowanyň Güwäçileriniň hoş habary nädip wagyz edýändigine we Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary nähili möçberde mugt ýaýradýandygyna düşünýän adamlar şeýle sorag berýärler: «Şeýle zat bolup bilermi?» Elbetde, ençeme Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary çap etmek üçin pul gerek. Şeýle-de Beýtel jaýlaryny gurup, ony üpjün etmäge serişde gerek, sebäbi ol ýerde ýaşaýan dogan-uýalar edebiýatlary çap edip, wagyz işine gözegçilik edýärler ýa-da Patyşalygyň başga bähbitlerine gulluk edýärler. Mundan başga-da missionerlere okuw geçip, köp döwletlere iberýärler. Uzak ýerdäki ýa-da uly bolmadyk ýygnaklara ýörite pionerleri belleýärler. Ýygnaklara hyzmat edýän etrap gözegçilere-de maddy taýdan pul kömegi berilýär. Şoňa görä-de, Patyşalyk işi ýerli ýagdaýda-da, bütin dünýäde-de dowam eder ýaly ençeme serişde gerek. Olar nireden alynýar?
Biz edebiýatlary mugt hödürlesek-de, köp adamlar Ýehowanyň Güwäçileriniň alyp barýan işine minnetdarlyk bildirip, bütindünýä wagyz işi üçin höwes bilen pul sowgadyny berýärler. Mundan başga Güwäçileriň özleri hem Ýehowanyň Güwäçileriniň ýerli filialyna meýletin sowgatlary berýärler. Olar bütindünýä wagyz işi üçin serişdeleriň gerekdigine düşünip, Ýehowa hakykatda sežde edilýän ýeriň gurluşygyna jomartlyk bilen sowgat bagyşlan Hudaýyň gadymy gullukçylarynyň göreldesine eýerýärler (Çyk. 35:20—29; 1 Tar. 29:9). Käwagt wesýetnama boýunça emläk bagyşlanýar, ýöne sowgatlar köplenç ýygnagyň we etrabyň wagyzçylaryndan uly bolmadyk pul görnüşinde gelýär. Umuman, bu serişdeler wagyz işini dowam etmäge ýetýär.
Ýehowanyň Güwäçileri hoş habary wagyz edýärler hem-de Patyşalyk baradaky wagyz işini pul we bar zatlary bilen yhlasly goldaýarlar. Isa Mesihiň we onuň şägirtleriniň garyplara kömek hem-de harajat üçin pul torbasy bardy (Ýahýa 12:6; 13:28, 29). Mukaddes Ýazgylarda Mesihiň we onuň şägirtleriniň gullugyny maddy taýdan goldan aýallar barada aýdylýar (Mar. 15:40, 41; Luka 8:3). Pawlus resul wagyz işine we resullaryň gullugyna ýardam edesi gelýän adamlaryň maddy kömegini minnetdarlyk bilen alýardy (Flp. 4:14—16; 1 Sel. 2:9). Ýehowanyň Güwäçileri jomartlyk bilen sowgat eden janypkeş adamlaryň göreldesine eýermäge jan edýärler. Biz sowgat arkaly akýürekli adamlara «ýaşaýyş suwuny mugt» hödürläp bilýäris (Ylh. 22:17).
ÝERLI ÝYGNAGYŇ ZERURLYKLARY BARADA ALADA ETMEK
Ýerli ýygnagyň çykdajysy meýletin sowgatlar arkaly ödelýär. Hiç hili pul ýygnanylmaýar, salgyt salynmaýar, pul dilenilmeýär. Ýygnak geçirilýän ýerlerde sowgat üçin gapyrjaklar bar we «her kim öz göwnünden çykaranyny berip» bilýär (2 Kor. 9:7).
Pul sowgatlary, esasanam, Patyşalyk zallaryny dolandyryp, ondaky alnyp barylýan işlere harç edilýär. Ýaşulular maslahaty puluň biraz bölegini bütindünýä wagyz işi üçin Ýehowanyň Güwäçileriniň ýerli filialyna ibermeli diýen karara gelmegi mümkin. Munuň üçin ýygnak kararnama kabul etmeli. Şeýdip, ýygnaklaryň köpüsi bütindünýä işi üçin yzygiderli sowgat edýärler. Wagtal-wagtal başga zerurlyklar hem ýüze çykmagy mümkin, emma ýygnagyň zerurlyklaryna hemmeler ünsli bolsa, onda sowgatlar barada ýygy-ýygydan ýatladyp durmagyň hajaty bolmaz.
SOWGATLARYŇ HASABATY
Her ýygnakdan soň iki ýaşuly ýa-da ýaşulular maslahatynyň bellän gulluk kömekçileri gapyrjaklardan pullary alyp, kwitansiýa doldurýarlar (2 Kor. 8:20). Bu serişdeler filiala iberilýänçä ýa-da ýygnagyň zerurlyklaryna ulanylýança, ýaşulular maslahaty puly saklaýarlar. Mümkin, ýygnagyň bank hasabatyny açmaly bolar. Ýygnagyň pul hasabatyny alyp barýan dogan ýygnakda okalýan her aýky pul hasabatyny ýöredýär we ýygnagyň baş gözegçisi üç aýdan bir hasabat barlagyny geçirer. Bu baradaky ýatlatma «Hudaýa gullugymyzda» yzygiderli çap edilýär.
ETRAP WE BIR GÜNLÜK ÝÖRITE KONGRESE PUL GOÝBERME
Kongresleriň çykdajylary etrap wagyzçylarynyň sowgatlary arkaly ödelýär. Kongreslerde-de ýygnakdaky ýaly sowgatlar üçin gapyrjaklar bolup, etrabyň fonduna meýletin sowgatlary berip bolýar. Etrap gözegçisi etrabyň hasabatyny ýöretmäge we onuň makullan çykdajylaryny tölemäge bir dogany belleýär.
Kongresi geçirmek üçin çykdajylar kongresiň dowamynda ýygnanan pullar arkaly ödelýär, galany bolsa etrabyň hasabatyna geçirilýär. Eger kongresiň dowamynda berlen pullar çykdajyny ödemese, emma ony ödemek üçin etrabyň ýeterlikli puly bolsa, onda ýetmezçilik barada ýygnaklara hat ýazmaly däl. Emma geçirilen ýa-da geljekki kongres üçin (meselem, jaý bronlamak üçin) etrabyň puly ýetmezçilik etse, etrap gözegçisi sowgat etmek barada ýygnaklara ýatlatmagyň aladasyny eder. Her ýygnagyň ýaşulular maslahaty bu meseläni ara alyp maslahatlaşyp, etrabyň fonduna ýygnak nähili möçberde pul berip biljekdigini çözer. Şondan soň ýygnak kararnama kabul edip biler.
Etrabyň ýaşululary kongres bilen baglanyşykly duşuşykda etrabyň puluny näme etmelidigini ara alyp maslahatlaşarlar. Şu wagtky çykdajylara, etrabyň zerurlyklaryna gerek zatlary satyn almaga we etrapda gulluk eder ýaly aýlanýan gözegçä pul harçlamak üçin karar kabul etmeli. Şeýle-de bütindünýä wagyz işi üçin sowgatlara, Patyşalyk zalynyň fonduna, ýerli Kongres zalyna ýa-da başga-da wajyp zerurlyklara degişli meseleleri çözüp bolar.
Häzirki harajatlardan başga ýaşulularyň kabul eden ähli çözgütleri üçin kararnama kabul etmeli. Kararnama kabul edilende, kesgitli puluň sany aýdylmaly we kararnamany her gezek etrabyň puly paýlananda kabul etmeli. Kararnamany hemişelik edip kabul etmeli däl we kesgitli pul aýdylmasa-da kararnama kabul edilmeli däl. Etrabyň pul serişdeleri etraba gerek bolýança, ony filiala saklamaga berse bolar.
Her etrap we bir günlük ýörite kongresden soň, etrap gözegçisi etrabyň hasabatyny barlamaly.
GARYPLARYŇ ALADASYNY ETMEK
Isa Mesihde we onuň şägirtlerinde, adatça, garyplara kömek etmek üçin pul torbasy bolýardy (Mar. 14:3—5; Ýahýa 13:29). Mesihçi hökmünde biziň hem şeýle borjumyz bar, çünki Isa: «Garyplar hemişe siziň ýanyňyzda» diýdi (Mar. 14:7). Ýehowanyň Güwäçileri bu borjuny nädip ýerine ýetirýärler?
Kä ýagdaýda ýygnagyň wepaly agzalary gartaşanlygy, kesel ýa-da başga bir betbagtlyk zerarly maddy taýdan kynçylyk çekýär. Muny bilýän ýygnagyň agzalary Ýahýa resulyň görkezmesine eýerýärler: «Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregiýukalyk etmeýän kişide Hudaýyň söýgüsi nähili galar? Eý balalar, diňe bir söz bilen, dil bilen däl-de, iş hem hakykat bilen söýeliň» (1 Ýahýa 3:17, 18; 2 Sel. 3:6—12). Hudaýa hakykatda sežde edýän adamlar maddy taýdan mätäç wepaly dogan-uýalaryň aladasyny edýärler (Ýakup 1:27; 2:14—17).
Pawlus resul Timoteosa ýazan birinji hatynda kömege mynasyp dogan-uýalara nädip ýardam etmelidigini düşündirýär. Bu barada 1 Timoteos 5:3—21-nji aýatlarda okap bileris. Maşgalasynyň aladasyny etmek her bir mesihçiniň borjudyr. Gartaşan ýa-da keselli dogan-uýalar barada, ilki bilen, olaryň çagalary, agtyklary ýa-da başga ýakyn garyndaşlary alada etmeli. Käwagt hökümet ýa-da sosial üpjünçilik tarapyndan kömek berilýär, şonuň üçin garyndaşlary ýa-da başga biri şeýle kömegi almaklyga ýardam edip biler. Kä ýagdaýda köp ýyldan bäri Ýehowa wepaly gulluk edýän dogan-uýalar ýygnakdakylaryň ählisiniň kömegine mätäç bolýar. Eger olaryň maşgalasy ýa-da garyndaşlary bolman, hökümet hem ýeterlikli derejede kömek etmese, onda ýaşulular maslahaty ýygnakdaky dogan-uýalaryň kömek etmegini sorar. Wepaly mesihçiler mätäçleri maddy taýdan goldamagy özleriniň borjy hasaplaýarlar.
Şu soňky günlerde biziň imandaşlarymyz köplenç yzarlama, uruş, ýertitreme, suw alma, açlyk ýa-da beýleki betbagtçylyklar zerarly kynçylyga sezewar bolup biler (Mat. 24:7—9). Şeýle ýagdaýda dogan-uýalara bir-birine kömek etmek kyn bolar, şonuň üçin Ýolbaşçylyk maslahaty başga ýerlerden kömek etjek doganlar bilen gatnaşygy sazlar. Bu Kiçi Aziýadaky mesihçileriň açlyk döwründe Ýahudadaky imandaşlaryna iýmit iberendigini ýatladýar (1 Kor. 16:1—4; 2 Kor. 9:1—5). Olaryň göreldesine eýermek bilen bizem doganlarymyza söýgi bildirip, Isa Mesihiň hakyky şägirdidigimizi görkezýäris (Ýahýa 13:35).
EDEBIÝATLARY ÝAÝRATMAK
Patyşalyk baradaky wagyz işinde Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary ýaýratmak wajyp orun tutýar. Adatça, kitaplaryň, broşýuralaryň we başga edebiýatlaryň üstüni doldurmak üçin ýaşulular maslahaty bir gulluk hyzmatçyny belleýärler, ýene bir gulluk hyzmatçy bolsa žurnallara jogap berýär. Wagyzçylar bu edebiýatlary alyp, gyzyklanýan adamlara hödürläp biler.
Edebiýatlara we žurnallara jogap berýän doganlar öz borjuna jogapkärli garamaly. Olar näçe edebiýatyň alnyp, näçesini çykarandygy barada hasabat ýöredýärler. Bar edebiýatlaryň sanyna we näçesiniň paýlanandygyna üns bermek bilen olar ýygnakda hemişe gerekli edebiýatlaryň bolmalydygynyň aladasyny edýärler. Mukaddes Ýazgylara esasalanan edebiýatlar hoş habary köpräk adama wagyz etmäge kömek edýär, şol sebäpli wagyzçylary gullukda edebiýatlary ulanmaga höweslendirýärler. Töwerekde ýaşaýan adamlara düýpli we guramaçylykly wagyz ediler ýaly, «Hudaýa gullugymyzda» haýsy aýda nähili edebiýatlary ýaýratmalydygy barada habar berilýär.
Mesihçiler hökmünde biz akyl we beden taýdan ukybymyzyň, başarnygymyzyň, maddy üpjünçiligimiziň, hatda ýaşaýşymyzyň hem Hudaýdan sowgatdygyna düşünýäris, şol sebäpli olary gulluga bagyş etmeli (Luka 17:10; 1 Kor. 4:7). Bar zatlarymyzy bolmalysy ýaly ulanmak bilen biz Ýehowany çuňňur söýýändigimizi we wepalylygymyzy görkezýäris. Ýürekden berilýän ähli sowgatlara Ýehowanyň şatdygyny bilýändigimiz üçin, Ony bütin emlägimiz bilen şöhratlandyrarmak isleýäris (Sül. tym. 3:9; Mar. 14:3—9; Luka 21:1—4; Kol. 3:23, 24). Maddy zatlara dogry garap, jomartlyk bildirmek bilen biz Isa Mesihiň: «Mugt aldyňyz, mugt beriň» diýen sözlerine eýerýäris. Şeýle etsek öňküden hem köp şatlyk taparys (Mat. 10:8b; Res. iş. 20:35).
Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris sahypa 127—133