Gulluk duşuşygynyň tertibi
Oguz aýynyň 11-inde başlanýan hepde
11-nji aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. 4-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyryň.
15 min. Hudaýyň Sözüniň mugallymlary hökmünde doly ýaraglanan. «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 2002-nji ýylyň Baýdak aýynyň 15-ine çykan sanynyň 24—28-nji sahypalaryna esaslanan nutk. Käbir mesihçiler özlerini ukypsyz saýyp, gyzyklanýan adamlara Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödürlemäge çekinýärler. Emma Ýehowa özüniň Sözi, mukaddes ruhy we guramasy arkaly bizi ukyply gullukçy edýär. Biziň maksadymyz diňe bir edebiýat galdyrmak däl. Biz adamlara öwretjek bolmaly (Mat. 28:19, 20). Wagyzçylary Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga we geçirmäge höweslendir.
20 min. Baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» diýen kitabyň 13-nji babyna esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik.
23-nji aýdym we jemleýji doga.
Oguz aýynyň 18-inde başlanýan hepde
9-njy aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. «Hudaýa gullugymyzdan» bildirişler.
15 min. Ýadyňdamy? «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 2007-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 15-ine çykan sanynyň 19-njy sahypasyna esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik.
20 min. «Biz güýjümizi gaýgyrman Ýehowa höwes bilen gulluk edýäris!»a Berlen wagtyň çäginden çykman getirilen aýatlary düşündirmegi diňleýjilerden haýyş et.
10-njy aýdym we jemleýji doga.
Oguz aýynyň 25-inde başlanýan hepde
2-nji aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. 4-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyryň.
15 min. Ýerli zerurlyklar.
20 min. «Siz «iş bitiriji bir [açylan gapydan]» girip bilermisiňiz?»b Bir-iki pionerden gysgaça interwýu al. Pioner bolmak üçin olar nähili özgeriş etdiler? Nähili bereket aldylar?
7-nji aýdym we jemleýji doga.
Gorkut aýynyň 2-sinde başlanýan hepde
8-nji aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. Wagyzçylara Oguz aýy boýunça wagyz hasabatyny tabşyrmalydygyny ýatlat.
15 min. Resmi däl ýagdaýda wagyz etmek hoş habary wagyz etmegiň wajyp bölegidir. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» diýen kitabyň 101, 102-nji sahypalaryna esaslanan diňleýjiler bilen söhbetdeşlik (HG Türkmenbaşy sah. 6). Resmi däl ýagdaýda wagyz etmegiň birnäçe netijeli usullaryny getir. Diňleýjilerden resmi däl ýagdaýda wagyz edende bolan gyzykly wakalary gürrüň bermegi haýyş et.
20 min. «Köp miwe beriň».c 4-nji abzasa seredeniňde, «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 2003-nji ýylyň Baýdak aýynda çykan sanynyň 21-nji sahypasyndaky «Nädip «sabyr bilen miwe berip» bolar» diýen çarçuwadan pikirleri aýt.
21-nji aýdym we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.