Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 6/07 sah. 3—sah. 6 abz. 8
  • «Baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň»
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Sözbaşylar
  • RUHY WE AHLAK TAÝDAN ARASSAÇYLYK
  • BEDEN TAÝDAN ARASSAÇYLYK
  • PEÝDALY DYNÇ ALYŞ WE GÖWÜN AÇMALAR
  • MEKDEPDE
  • IŞ WE ONUŇ BILEN BAGLY ZATLAR
  • MESIHI AGZYBIRLIGI SAKLAMAK
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 6/07 sah. 3—sah. 6 abz. 8

13-nji bap

«Baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň»

HUDAÝYŇ adyny göterýän wepaly gullukçylar hökmünde biz sözümizde we iş ýüzünde Ýehowany şöhratlandyrmaly. Pawlus resul görkezme hökmünde şeýle prinsip berdi: «Iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň» (1 Kor. 10:31). Munuň üçin Ýehowanyň dogry kadalaryny berjaý etmeli, çünki bu onuň kämil şahsyýetdigini görkezýär (Kol. 3:10). Biz Hudaýyň mukaddes halky hökmünde hemme zatda ondan görelde almaly (Efes. 5:1, 2).

Ine, Petrus resulyň mesihçilere şeýle etmegiň wajypdygyny ýatladyp aýdan sözleri: «Diýen ediji çagalar ýaly nadanlygyňyzdaky ozalky höwesleriňize uýman, Eýsem sizi çagyranyň mukaddes bolşy ýaly, ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň. Sebäbi: «Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin» diýip ýazylgydyr» (1 Pet. 1:14—16). Mesihçi ýygnagyň agzalary gadymy Ysraýyl halky ýaly mukaddesligi saklamaly, ýagny aýypsyz bolup, günäli işleri we dünýäniň ruhuny ret etmeli. Şeýdip, olar Ýehowa gulluk etmek üçin onuň aýratyn saýlan halky bolar (Çyk. 20:5).

Biz Ýehowanyň Mukaddes Ýazgylardaky kanunyny we prinsiplerini berjaý edip, mukaddesligi saklaýarys (2 Tim. 3:16). Mukaddes Ýazgylary öwrenmek bilen Ýehowany we onuň ýollaryny bilip, oňa ýakynlaşdyk. Hudaýyň halkynyň agzasy bolmak üçin Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny öwrenip, suwda çokundyrylmak ýeterlikli däl. Mukaddes Ýazgylary öwrenip, biz, ilki bilen, Hudaýyň Patyşalygyny agtarmagyň wajypdygyna we Ýehowanyň islegini durmuşymyzda birinji orunda goýmalydygyna göz ýetirdik (Mat. 6:33; Rim. 12:2). Munuň üçin täze ýaradylyşy geýmeli (Efes. 4:22—24).

RUHY WE AHLAK TAÝDAN ARASSAÇYLYK

Hudaýa özümizi bagyş edip, onuň dogry kadalary boýunça ýaşamak ýeňil däl. Bizi hakykatdan dändirmek üçin duşmanymyz Şeýtan Iblis dürli ýollary ulanýar. Dünýäniň ýaramaz täsiri we günäli höwesler ýagdaýy has-da kynlaşdyrýar. Şol sebäpli biz ruhy söweş alyp barmaly. Ýazgylarda garşylyklara we synaglara duçar bolanymyzda geň galmaly däl diýilýär. Biz dogrulyk ugrunda azar çekeris (2 Tim. 3:12). Synaglara uçraýanymyzda özümizi bagtly saýyp bileris, çünki bu Hudaýyň islegini berjaý edýändigimizi subut edýär (1 Pet. 3:14—16; 4:14—16).

Isa kämil bolsa-da, görgi görüp gulak asmagy öwrendi. Ol hemişe Şeýtanyň synaglaryna garşy durup, dünýäniň şöhratparazlygyny ret edýärdi (Mat. 4:1—11; Ýahýa 6:15). Isa olaryň täsirine düşmek barada pikir hem etmedi. Dogrulygy üçin Isany ýigrenseler-de, ol hemişe Ýehowanyň dogry kadalaryna eýerýärdi. Isa ölmezinden biraz öň, şägirtlerine dünýäden däldigi üçin ony ýigrenendiklerini aýdyp, şägirtleriniň hem dünýäden däldigi üçin ýigreniljekdigini duýdurdy. Şondan soň Isa Mesihiň şägirtleri synaglara duçar boldular, emma Hudaýyň Oglunyň dünýäni ýeňenligi olara mert bolmaga kömek etdi (Ýahýa 15:19; 16:33; 17:16).

Dünýäni ýeňmek üçin bizem Rebbimiz Isa ýaly Ýehowanyň dogry kadalaryny berjaý etmeli. Dünýäniň syýasy we sosial işlerine gatnaşmagyň deregine, onuň pese düşen ahlak kadalaryna garşy durmaly. Şonuň üçin biz Ýakubyň 1:21-däki maslahatyna çynlakaý garamaly: «Her hili hapalygy, her hili ýamanlygyň galyndysyny taşlap, özüňizde ekilen, janyňyzy gutarmaklygy başarýan sözi ýumşaklyk bilen kabul ediň». Mukaddes Ýazgylary öwrenip, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, hakykat sözüni aňymyzda, ýüregimizde yzygiderli ösdürsek, synaglara we kynçylyklara döz gelip, imanda berk durarys. Dünýäniň höwesleri näçe güýçli bolsa-da, onuň hödürleýän zatlary barada biz pikir hem etmeli däl. Näme üçin? Ýakup şägirt muňa şeýle sözler bilen jogap berdi: «Dünýä dostlugynyň Hudaýa duşmançylykdygyny bilmeýärmisiňiz? Dünýäniň dosty bolmagy isleýän adam özüni Hudaýa duşman edýändir» (Ýakup 4:4). Ine, şonuň üçin Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň dogry kadalaryny berjaý edip, dünýäden bolmaly däldigi berk maslahat berilýär!

Hudaýyň Sözünde edepsiz we ahlaksyz işlerden gaça durmak barada şeýle maslahat berilýär: «Zyna, her hili hapalyk ýa açgözlügiň araňyzda ady-da agzalmasyn. Beýle zatlar mukaddeslere ýaraşýan däldir». Biz hatda ahlaksyz, edepsiz, ýaramaz zatlara seretmeli däl we şeýle temalar barada boş gürrüňleri etmeli däl. Ahlaksyz we edepsiz güýmenjelerden gaça durmaly (Efes. 5:3—5). Şeýdip, biz Ýehowanyň arassa we dogry ahlak kadalaryny ýürekden berjaý etmegi isleýändigimizi görkezeris.

BEDEN TAÝDAN ARASSAÇYLYK

Ruhy we ahlak taýdan arassaçylygy saklaýan mesihçiler beden taýdan arassa bolmagyň wajypdygyny bilýärler. Mukaddes Hudaý gadymy Ysraýylda adamlaryň ýaşaýan ýeriniň arassa bolmagyny talap edýärdi (Kanun. 23:14). Ýehowanyň kadalarynyň talap edişine görä, olar arassa ýaşamalydy. Biziň hem daş-töweregimizde Ýehowa ýaramaýan zat bolmaz ýaly arassaçylygy saklamaly.

Mukaddes Ýazgylarda mukaddeslik we beden taýdan arassaçylygyň bir-biri bilen baglanyşyklydygy görkezilýär. Meselem, Pawlus şeýle ýazdy: «Her hili ten we ruh pisliginden tämizlenip, Hudaýdan gorkmakda mukaddesligi kämilleşdireliň» (2 Kor. 7:1). Şonuň üçin mesihçiler bedenini we egin-eşigini yzygiderli ýuwup, arassa saklamaly. Döwletleriň ýagdaýy bir-birinden tapawutlansa-da, mesihçi dogan-uýalar özüni hem çagalaryny arassa saklamak üçin, adatça, ýeterlikli sabyn we suw tapyp biler.

Wagyz edýänligimiz üçin ýaşaýan ýerimizde bizi gowy tanaýarlar. Öýümizi we daş-töweregimizi arassa saklamak bilen biz goňşulara güwälik edýäris. Arassalamaga bütin maşgalamyz gatnaşyp biler. Ylaýta-da, ärler hem-de atalar öýi we onuň töweregini arassa saklasalar, olar goňşy-golamyň hormatyna eýe bolup biler. Öýüniň arassaçylygyna seredip, ruhy meselede ýolbaşçylygy öz üstüne alýan maşgalabaşy öýüni oňat dolandyrýandygyny görkezýär (1 Tim. 3:4, 12). Aýallar we eneler, esasanam, öý-içeriniň işlerine seretmäge borçly (Titus 2:4, 5). Gowy terbiýelenen çagalar hem öz gezeginde özüni, otagyny päkize we arassa saklamaga jan ederler. Maşgala agzalarynyň ählisi arassaçylyk endiklerini ösdürseler, Hudaýyň Patyşalygynyň astyndaky täze dünýäde ýaşamaga mynasyp bolar.

Şu günler Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi ýygnak duşuşyklaryna we wagyz gullugyna maşynda gidýärler. Käbir ýerlerde wagyzda diňe maşyn ulanmaly bolýar. Şeýle ýagdaýda maşyny arassa saklap, oňa gowy seretmeli. Biziň öýümiz, maşynymyz Ýehowanyň arassa we mukaddes halkyna degişlidigimize güwä geçmeli.

Şeýle-de biziň egin-eşigimiz we daşky görnüşimiz Hudaýyň prinsiplerine gabat gelmeli. Wezipeli adamlaryň ýanyna sölite, hapysa geýnip barmaly däl. Şulary göz öňünde tutsak, onda wagyzda ýa-da ýygnak duşuşygynda ýumuş bilen çykyş edenimizde, daşky görnüşimize üns bermek nähili wajyp! Biz daşky görnüşimiz we egin-eşigimiz bilen adamlaryň Ýehowa edilýän seždä bolan garaýşyna täsir edýäris. Salykatly geýinmesek we adamlara hormat goýmasak nädogry bolar (Mika 6:8; 1 Kor. 10:31—33; 1 Tim. 2:9, 10). Şoňa görä wagza gitmekçi bolanymyzda, etrap, welaýat kongresine ýa-da ýygnak duşuşyklaryna baranymyzda, Mukaddes Ýazgylarda beden arassaçylygy we salykatly geýinmek barada näme diýilýänini göz öňünde tutmaly. Şonda Ýehowa hormat goýup, ony dyngysyz şöhratlandyryp bileris.

Ýehowanyň Güwäçileriniň islendik filialyna baranymyzda hem şu prinsiplere eýermeli. Ýadyňyzda bolsa Beýtel «Hudaýyň öýi» diýmegi aňladýar. Şonuň üçin Patyşalyk zalyna ýygnak duşuşyklaryna baranymyzda, egin-eşigimiz, saçymyza timar berşimiz we özümizi alyp barşymyz ýaraşykly bolmaly.

PEÝDALY DYNÇ ALYŞ WE GÖWÜN AÇMALAR

Biziň hemmämiz wagtal-wagtal dynç almaly. Bir gezek Isa şägirtlerine «bir çola ýere geliň-de, biraz dem-dynç alyň» diýdi (Mar. 6:31). Dynç alanymyzda wagtymyzy biraz hoş geçirsek, göwnümiz açylar. Şeýle dynç alyş işimizi dowam etmäge täze güýç berer.

Göwün açmalaryň dürli görnüşleri bolany üçin, mesihçiler olary saýlap başarmaly we Hudaýyň akyldarlygy bilen iş tutmaly. Göwnüňi açmak peýdaly bolsa-da, ol biziň durmuşymyzda birinji orun tutmaly däl. «Soňky günlerde» adamlar «lezzeti Hudaýdan köp söýýän» bolar diýip, Mukaddes Ýazgylarda bize duýduryş berilýär (2 Tim. 3:1, 4). «Dynç almalaryň» we «göwün açmalaryň» köp görnüşleri Ýehowanyň dogry kadalary boýunça ýaşamak isleýän adamlara makul däl.

Irki mesihçiler lezzeti gowy görýän dünýäniň erbet täsirine düşmediler. Gadymy Rimiň sirklerinde tomaşaçylar adamlaryň horluk çekişinden lezzet alýardylar. Adamlaryň köpüsi zorluk, gandöküşiklik we jynsy ahlaksyzlyk arkaly göwnüni açýardy, emma irki mesihçiler beýle güýmenjelerden gaça durýardylar. Şu günki göwün açmalaryň hem köpüsi şeýle zatlardan ybarat bolup, ýaramaz höwesleri kanagatlandyrýar. Biz şeýle ahlaksyzlykdan gaça durup, «ünsümizi dykgatly gezmäge gönükdirmeli» (Efes. 5:15, 16; Zeb. 11:5). Göwün açmak gadagan bolmasa-da, dünýewi adamlar we olaryň erbet täsiri köplenç howply bolýar (1 Pet. 4:1—4).

Mesihçiler ýaşaýşyň akymyny biraz üýtgedip, beden hem-de duýgy güýçlerini berkidýän güýmenjeleri we göwün açmalary saýlap bilýärler. Ýazgylardaky maslahatlara we Ýehowanyň Güwäçileriniň edebiýatyndaky paýhasly görkezmelere eýerip, olaryň köpüsi peýda aldylar.

Käwagt birnäçe mesihçi maşgalalar bile dynç alýarlar. Şeýle-de dogan-uýalary toýa ýa-da başga baýramçylyga çagyrýarlar (Ýahýa 2:2). Şeýle oturyşlyklar geçirilende, öý eýesi bolýan zatlar üçin jogapkärçiligi öz üstüne alsa paýhasly bolar. Şulary göz öňünde tutýan düşgür mesihçiler oturyşlygyň wagtyny we myhman sanyny çäklendirer. Spirtli içgiler goýulsa, onda olaryň sanynyň çäkli bolmalydygyna gözegçilik etmeli (Flp. 4:5). Eger her kim tagalla etse, mesihçi oturyşlyk peýdaly bolar we ruhlandyrar, iýmite, içgä köp üns berilmez.

Elbetde, köp adam ýygnanyşsa, ätiýaçlyk bilen hereket etmeli bolar. Şeýle oturyşlyklarda erkinlik bolsa, Hudaýyň gullukçysyna mahsus häsiýetleriň ýitmegi, iýip-içmegiň çäginden çykyp, hatda başga-da erbet işleriň edilmegi mümkin.

Myhmansöýerlik gowy häsiýet (1 Pet. 4:9). Iýip-içmäge, dynç alyp, göwün açmaga we gürrüňdeş bolmaga öýümize myhman çagyranymyzda, ýygnakdaky mätäç adamlary unutmaly däl (Luka 14:12—14). Eger biz şeýle oturyşlyga çagyrylan bolsak, onda Markus 12:31-däki maslahata eýermeli. Adamlaryň bize eden ýagşylygy üçin minnetdarlyk bildirmek hemişe ýerliklidir.

Mesihçiler Hudaýyň jomartlyk bilen berýän sowgatlaryna hem-de «iýip, içip, agyr zähmetiň süýji miwelerinden dadyp» bilýändigine begenýärler (Wag. 3:12, 13). Şeýle oturyşlyklar Hudaýy şöhratlandyrsa, öý eýesi-de, myhmanlar hem geçen zatlary gynanç bilen ýatlamaz, gaýtam, olary ruhy taýdan berkider.

MEKDEPDE

Ýehowanyň Güwäçileriniň çagalaryna dünýewi bilim peýda getirýär. Mekdepde olar okamagy, ýazmagy öwrenýärler. Kiçi we uly synplarda geçýän sapaklary olara ruhy maksatlara ýetmäge kömek edýär. Mekdep döwürlerinde olar ruhy zatlary birinji orunda goýup, «Ýaradany ýatlamak» üçin elinde baryny edýärler (Wag. 12:1).

Eger sen mekdepde okaýan mesihçi bolsaň, onda has-da oýa bolmaly. Çägini bilmeýän pitneçi deň-duşlaryň edýän işlerine goşulma (2 Tim. 3:1, 2). Şeýle ýagdaýda olaryň dünýewi täsirine düşmez ýaly köp zat edip bolar. Ýehowa hiç haçan bizi howply ýagdaýlarda goýmaz, ol gerekli goragy hökman berer (Zeb. 23:4; 91:1, 2). Şol sebäpli Ýehowanyň kömegini kabul et, çünki ol seni gorar (Zeb. 23:5).

Mekdepde dünýäniň täsirine düşmez ýaly, mesihçi ýaşlar jemgyýetçilik işleriniň getirýän howplaryny göz öňünde tutmaly. Synpdaşlaryň we mugallymlar seniň gelen kararyňa hemişe düşünmezler. Emma Hudaýy razy etmek has wajyp. Munuň üçin ynsabyňy Mukaddes Ýazgylaryň esasynda terbiýelemeli we onuň prinsiplerine garşy gelýän dünýewi bäsleşikde ýa-da milletparazlyk işlerinde gatnaşmaz ýaly berk netijä gelmeli (Gal. 5:19, 26). Mesihçi ata-eneleriň Ýazgylaryň esasynda berýän maslahatlaryna gulak asyp, gowy gürrüňdeşlikden we ýygnakda berilýän görkezmelerden peýdalansaňyz, size, ýaşlara Ýehowanyň dogry kadalaryna eýermäge kömek eder.

IŞ WE ONUŇ BILEN BAGLY ZATLAR

Mukaddes Ýazgylarda maşgalabaşy maşgala agzalaryň zerurlyklaryny üpjün etmeli diýilýär (1 Tim. 5:8). Emma olar Patyşalygyň bähbitlerine garanda, dünýewi işi ikinji orunda goýmalydygyna düşünýärler (Mat. 6:33; Rim. 11:13). Hudaýa wepalylygy saklap, iýýän, geýýän zatlaryna kaýyl bolup, olar dünýäniň aladalaryndan we baýlyga kowalaşmakdan gaça durýarlar (1 Tim. 6:6—10).

Diňe maşgalabaşy däl, eýsem, işe ýerleşýän ähli mesihçiler Ýazgylardaky prinsipleri ýadynda saklamaly. Halal zähmet bilen özüňi üpjün etmek üçin, Hudaýyň ýa-da hökümetiň kanunyna garşy gelýän işleri ret etmeli (Rim. 13:1, 2; 1 Kor. 6:9, 10). Şeýle-de ýaman ýaranlaryň howpludygyna düşünmeli. Mesihiň esgeri hökmünde biz Hudaýyň kadalaryna garşy gelýän ýa-da ruhy saglygymyza zyýan ýetirýän täjirlik işlerinden saklanmaly (2 Tim. 2:4). Dini duşmanymyz bolan «Beýik Babylyň» işlerine gatnaşmaly däl (Ylh. 18:2, 4; 2 Kor. 6:14—17).

Hudaýyň dogry kadalary boýunça ýaşap, biz dogan-uýalarymyzy öz peýdamyza ýa-da iş bilen bagly zadyň peýdasyna ulanmarys. Ýygnak duşuşygynda, kongreslerde gürrüňdeş bolmak bilen Ýehowa sežde edýäris we ruhy taýdan iýmitlenip, bir-birimizi ruhlandyrýarys (Rim. 1:11, 12; Ýew. 10:24, 25). Gürrüňdeş bolanymyzda diňe ruhy zatlar barada gepleşmeli.

MESIHI AGZYBIRLIGI SAKLAMAK

Ýehowanyň dogry kadalaryny berjaý etmek üçin, Hudaýyň halky «ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga gaýrat etmeli» (Efes. 4:1—3). Öz peýdamyzy agtarmagyň deregine, başgalaryň abadançylygyna ýardam etmeli. Elbetde, sen mesihçiler ýygnagynda dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolup, şeýle ruhuň bardygyna göz ýetirensiň. Jynsymyza, milletimize, jemgyýetdäki ornumyza, ýagdaýymyza we bilimimize garamazdan, biziň ählimiz şol bir dogry kadalara eýerýäris. Muny Ýehowanyň halkyna mahsusdygyny daşardan syn edýän adamlaryň hemmesi bilýär (1 Pet. 2:12).

Agzybirligiň wajypdygyny belläp geçmek üçin, Pawlus resul ýene bir delil getirýär: «Çagyrylaňyzda bir umyda çagyrylyşyňyz ýaly, ten bir, Ruh bir, Reb bir, iman bir, çokundyryş birdir. Hemme zadyň üstünde, hemme zat arkaly we hemmäňizde bolan hemmäniň Hudaýy we Atasy birdir» (Efes. 4:4—6). Mukaddes Ýazgylardaky Ýehowanyň beýik niýeti we häkimet baradaky esasy we çuňňur taglymatlara düşünmek üçin, bu aýatlar agzybirlige nähili tutanýerli çagyrýar! Dogrudan-da, Ýehowa halkyna egin-egne berip gulluk etmek üçin, arassa hakykat dilini öwredýär (Sef. 3:9).

Mesihçileriň ýygnak duşuşyklaryndaky agzybirlik we parahatlyk, Ýehowa gulluk edýänler üçin ruhy taýdan berkemegiň çeşmesidir. Biz Ýehowanyň: «Goýun agylyndaky süri ýaly, olary bir ýere jemlärin» diýen wadasynyň ýerine ýetendigini bilýäris (Mika 2:12). Mukaddes halk hökmünde biz Ýehowanyň dogry kadalaryna eýermek üçin parahatlygy, agzybirligi saklarys.

Ýehowanyň arassa ýygnagyna goşulýan adamlar nähili bagtly! Ýehowanyň adyny götermek üçin biz her zatdan geçmäge taýyn. Biz Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygy saklap, onuň dogry kadalary boýunça ýaşarys we başga adamlara-da muny maslahat bereris (2 Kor. 3:18).

Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris sahypa 133 —143

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş