Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/07 sah. 1
  • Akyldarlar ýaly geziň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Akyldarlar ýaly geziň
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • «Ekin meýdanlary... ormaga ýetişipdir»
    Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Beýik ruhy oraga doly gatnaşyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Biz güýjümizi gaýgyrman Ýehowa höwes bilen gulluk edýäris!
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • «Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 11/07 sah. 1

Akyldarlar ýaly geziň

1 Isa dört balykça meniň yzyma eýeriň diýende, olar oýlanyp durman, «derrew... Onuň yzyna düşdüler» (Mat. 4:18—22). Hakykaty kabul edip, gözi açylandan soň, Tarsusly Saul hem haýal etmän, «derrew... Isa... barada sinagogalarda wagyz etmäge başlady» (Res. iş. 9:18—20). Wagt hemişe berlli bir ýerde durmaýar, geçen wagty-da yzyna gaýtaryp bolmaýar. Şol sebäpli wagty «akyldarlar ýaly» sarp etmeklik wajypdyr (Efes. 5:15, 16).

2 Garaşylmadyk ýagdaý. Şu gün Ýehowa gulluk etmäge mümkinçiligimiz bolsa, ertir bolmazlygy ähtimal (Ýakup 4:14). Biziň her birimiz «wagt we tötänligiň» täsirine düşüp bileris (Wag. 9:11). Şeýle-de biziň hemmämiz garraýarys. Bu dünýäde garrylyk zerarly Ýehowa gullugymyzy çäklendirýän «ýaman günlerden» gaça durup bilmeris (Wag. 12:1). Şol sebäpli, Hudaýa özümizi bagyş etmegi uzaga çekdirip ýa-da köpräk gulluk etmäge mümkinçiligimiz bolsa-da, ony ulanmak üçin oňaýly wagta garaşmaklyk akylsyzlykdyr (Luka 9:59—62). Ybraýym ömrüniň ahyryna çenli parahat we ünjüsiz ýaşap, «oňat garrylykda soňky demi berip öldi», sebäbi ol Ýehowa doly bil baglady (Bar. 25:8).

3 Wagt gysgaldy. Biz «wagtyň gysgalandygy» üçin ony paýhasly sarp etmek isleýäris (1 Kor. 7:29—31). Bu dünýäniň ahyry golaýlaşdy. Tizden «ýeriň ekini» ýygnamak döwründe, goýun kimin adamlaryň uly ýygymyna gatnaşmaga mümkinçiligimiz bolmaz (Ylh. 14:15). Biz wagtymyzy durmuşyň aladalaryna we ünsümizi sowýan zatlara däl-de, gulluga sarp etsek gowy bolardy (Luka 21:34, 35). Geçen döwre ser salyp, hasyl ýygymyna doly gatnaşandygymyzy bilmek nähili ajaýyp!

4 Biz şatlyk berýän gulluk etmäge bolan mümkinçiligimizi elden gidirmezlik üçin, hemişe ünsli bolmaly. «Gün şu gündür» diýilýärkä», geliň Ýehowa gulluk etmek üçin elimizden gelenini etmegi berk ýüregimize düweliň (Ýew. 3:13). Şeýtsek, biz hakykytdan-da paýhasly bolarys, sebäbi «Hudaýyň islegini ýerine ýetiren, baky galar» (1 Ýahýa 2:17).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş