Wagyz üçin teklipler
«Köp adamlaryň geljege ynamy bolmansoň, gowusy häzir ýaşap galmaly diýýärler. Sizem şeýle pikirdemi? (Jogap bersin). Isa bu barada gowy pikir aýtdy». Matta 6:34-i oka we geljegimizi planlaşdyranda, çendenaşa alada etmekden nädip gaça durup bolýandygyny düşündir.
«Biziň hemmämiz dogan-garyndaşlarymyzy ýitirýäris. Siziň pikiriňizçe, olar gökden bize syn edýärlermi? (Jogap bersin). Lazar ölende, Isanyň aýdan sözlerine üns beriň». Ýahýa 11:11-i oka we adam ölenden soň ýaşaýarmy ýa-da ölüm ukusynda ýatyp, direlişe garaşýarmy diýen sowallary düşündir.
«Eger adamlar pesgöwünli bolsalar, siziň pikiriňizçe, dünýä gowulaşarmydy? (Jogap bersin). Bu häsiýet barada Isanyň aýdan sözlerine üns beriň». Matta 23:12-i oka we bäsleşikli dünýäde ýaşasak-da, pesgöwünligi ösdürmegiň wajypdygyny düşündir.
«Öňler adamlar maslahat üçin Mukaddes Ýazgylara ýüzlenýärdiler. Emma häzir olar ikirjiňlenýärler. Siziň pikiriňiz nähili?» Jogap bersin. Soňra 2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlary oka we Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna delilleri getir.