Wagyz üçin teklipler
«Siziň pikiriňizçe, eger är-aýal Mukaddes Ýazgylardaky şu maslahata eýerseler nikasyny berkidip bilermi?» Matta 5:28-i oka, soňra jogabyny diňläp, är-aýala bir-birine wepaly bolmaga kömek edýän Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri ara alyp maslahatlaş.
«Adamlaryň köpüsi şu aýda Isa barada oýlanýarlar. Onuň durmuşy size nähili täsir edýär? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylar bizi Isanyň göreldesine eýermäge çagyrýar (1 Petrus 2:21-i oka). Şeýtsek, biz has hormatly we bagtly adamlar bolarys». Munuň nähili mümkindigini düşündir.
«Adamlar asyrlar boýy «Biz näme üçin ýer ýüzünde ýaşaýarys?» diýen sowal barada oýlanýarlar. Siziň pikiriňizçe, munuň dogry jogabyny nireden tapyp bolar? (Jogap bersin). Bu soragyň jogabyny näme üçin Hudaýdan agtarmalydygyna üns beriň». Zebur 100:3-i oka, soňra Mukaddes Ýazgylaryň bize durmuşyň manysyny tapmaga kömek edýändigini düşündir.