Wagyz üçin teklipler
«Her ýyl şu wagtlar köp adamlar perişdäniň Isanyň doglandygy barada habar edendigini ýatlaýarlar. [Luka 2:14-i oka.] Siz adamlaryň agzybir ýaşajakdygyna ynanýarsyňyzmy? [Jogap bersin.] Mukaddes Ýazgylarda Isa pygamberiň ýer ýüzünde parahatlygy tizden berkarar etjekdigi aýdylýar».
«Siziň pikiriňizçe, adam maddy taýdan baýasa üstünlik gazandy diýip bolarmy? [Jogap bersin. Soňra 1 Timoteos 6:9, 10-njy aýatlary oka.] Mukaddes Ýazgylarda baýlyk ýazgarylmasa-da, üstünlik maddy baýlyga baglydyr diýilmeýär».